14:55 Gadymy Gündogar dessanlary | |
GADYMY GÜNDOGAR DESSANLARY
Edebiýaty öwreniş
Gündogar halklarynyň gadymy dessanlarynda din, milli aýratynlyklar we gahrymançylykly wakalar beýan edilýär. Esasy gahrymanlary köphudaýlylyk dininiň taňrylary we Günüň nurundan, suwuň köpürjiginden ýaradylan, bir gurduň (möjegiň) çagasy bolan ýa-da agajyň “garnynda” kemala gelip dogan ynsanlar bolan birnäçe dessanlar, göräýmäge edil erteki ýaly. Emma olaryň esaslarynda milletiň kemala gelmeginiň, ösmeginiň bütin taryhy ahwaly ýatyr. Dessanlar milletiň din, gahrymançylyk we beýleki aýratynlyklaryny öz içine alýan hekaýatlar bolup, olar grek edebiýatynda mifler ýa-da eposlar diýlip atlandyrylýar. Asyrlardan – asyrlara dilden-dile geçip gelen dessanlary yslamdan öňki we yslamdan soňky dessanlar diýen iki topara bölmek mümkin. Yslamdan öňki dessanlara “Ýaradylyş”, “Saka”, “Şu”, “Hun-oguz”, “Göktürkmen” we “Dokuz oguz – on uýgur türkmenleri” dessanlary girýärler. “Saka” dessany biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda ýaşan Turan hökümdary Alp Är Tunga hakyndadyr. Bu hökümdaryň ady pars çeşmelerinde Afrasýab diýlip tutulýar. Ol hakynda XI asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarlynyň“Diwan-e lugat-et Türk” diýen işinde, Ferdöwsiniň “Şanamasynda”, Ýusup Balasagunlynyň “Kutadgu bilig” diýen eserinde ýazylypdyr. “Şu” dessany bolsa biziň eýýamymyzdan öň IV asyrda Isgender Zülkarnaýyna garşy söweşen Balasagunyň hökümdary Şu hakyndadyr. “Hun-oguz” dessanlaryna “Oguz kagan” dessany hem degişli bolup, olarda Oguz hanyň we hunlaryň hökümdary Mete hanyň taryhy ýollary yzarlanýar. Bu dessanyň uýgur harplary bilen ýazylan bir bölümi Parižiň milli kitaphanasynda saklanýar. Bu bölüm yslamdan öňki döwre degişli rowaýatdan ybarat bolup, ol 1996-njy ýylda Reşit Rahmeti Arat tarapyndan neşir edilýär. Dessanyň yslamdan soňky döwre degişli rowaýaty bolsa XIII asyr taryhçysy Reşideddin tarapyndan pars dilinde döredilen “Jamiü-t Tewaruh” atly eseriniň “Tarih-i Oguz we Türkan” bölüminde berlipdir. Hywa hany Abulgazy Bahadur han hem XVII asyrda bu dessany türki dilde beripdir. Taryhçylar Mesudynyň we Jüweýniniň eserlerinde-de bu dessanlar barada maglumat berlipdir. “Atilla” dessanynda biziň eýýamymyzyň V asyrynda Ýewropa ýurtlarynda döwlet guran edermen türkmen ýigidi Atilla baradadyr. Gündogar we Orta Ýewropa häkim bolan hun hany Atilla bilen baglanyşykly rowaýatlar slawýan, german, fransuz we finlandiýaly halklaryň halk döredijiliklerine täsir edipdir. Atillanyň jynazasynda aýdylan agynyň terjimesi VI asyrda ýaşan wizantiýaly taryhçy Jordanes tarapyndan ýazuwa geçirilipdir. XV asyrda ýaşan şahyr Enweriniň “Dessurnama” atly şygyr bilen ýazan taryhynda osman türkmenleriň atasy hökmünde Oguz-Tümen han kabul edilýär we onuň Hun hökümdary Metedigi aýdylýar. “Dokuz oguz – on uýgur türkmenleriniň dessanlary” bolsa biziň eýyamymyzyň VIII asyrynyň ortalarynda Uýgur döwletini guran oguz-türkmen begleri hakyndadyr. Bu dessanlar “Döreýiş” we “Göç” dessanlaryny öz içine alýarlar. “Göktürkmen” dessanlaryna “Bozgurt” we “Ergenekon” dessanlary degişli bolup durýar. Göktürkmenler Manjur ýaýlalaryndan Garadeňiz ýakalaryna, Hindistana çenli uzalan uly bir döwletiň eýesi bolupdyrlar we biziň eýýamymyzyň VI asyryndan VIII asyryň ortalaryna çenli hökümdarlyk edipdirler. Iň gadymy ýazuw ýadygärlikler bolan Orhon-Ýeniseý ýazgylary hem bu döwletiň milli medeniýetli, berk gurluşly ýurt bolandygyndan habar berýär. “Bozgurt” dessany gadymy Hytaý çeşmelerinde iki rowaýat halynda bellidir. Bu çeşmelerde bu iki rowaýaty tassyklaýan başga maglumatlar hem bar. Dessanyň esasy ýok bolmak howpuna uçran göktürkmenleriň täzeden dikelip köpelmeginde bir Bozgurduň - Ene gurduň uly orun eýelemegidir. Birinji rowaýatyň mazmuny şundan ybaratdyr. Hunlar bilen bir taýpadan bolan göktürkmenler Hun ýurdunyň çägindäki So diýen ülkeden çykdylar. Baştutanlarynyň ady Ga-Pan-Pudy (biziň pikirimizçe, Gapanbu, ýagny “bu-gapan” manysynda). Onuň on alty sany inileri bar eken. Olaryň biri hem gurtdan dogupdyr. Bir gurt (ýagny, totem – oňon) çagasy bolan bu ýaş ýigit ýele we ýagyşa hökümini ýöredýän eken. Göktürkmenleriň üstüne duşman çozup, onuň hemme doganlaryny öldüren wagty diňe bu ýigit halas bolupdyr. Onuň iki sany aýaly bolupdyr. Birisi ýaz hudaýynyň, beýlekisi bolsa gyş hudaýynyň gyzy eken. Bularyň her haýsyndan bir ogly bolýar. Uly oglunyň, ýagny ýaz hudaýynyň gyzyndan bolan oglunyň ady No-tu-lu-şe bolupdyr. Haçan-da Ga-Pan-Pu aradan çykanda, halk No-tu-lu-şeni özlerine han saýladylar. Han bolan No-tu-lu-şe Türkmen adyny aldy. Onuň on aýaly bardy. Bu aýallaryndan bolan hemme çagalary öz ejeleriniň adyny alýarlar. Bulardan ejesiniň ady Asena bolan Aşine atly ogly No-tu-lu-şeden soňra hanlyk sürdi we onuň halkyna “aşine” taýpasy diýlip at berildi. Gadymy Hytaý çeşmelerinde göktürkmenleriň aşine taýpasy barada ikinji bir rowaýatyň mazmuny bolsa şeýledir: Hunlaryň bir bölegi Hazar (Kaspi) deňziniň ýakalarynda oturýardy. Olar aşine taýpasy diýlip atlandyrylýardy. Aşine taýpasy goňşy halklaryň biri tarapyndan ýok edilýär. Bütin taýpadan diňe bir ýaş ýigit diri galýar. Onuň gözleri ýanyp duran, syratly, görkli- görmekli, eginlek uzyn boýly, umuman, türkmene mahsus sypaty bar eken. Duşmanlar bu ýigidi öldürmäge dözmeýärler. Ýöne onuň aýaklaryny we gollaryny kesip, gamyşlyga taşlaýarlar. Duşmanlar ýigidi taşlap gidensoňlar, bir urkaçy gurt Taňry tarapyndan iberilen) onuň ýanyna gelýär we onuň kesilen ýerleriniň ganyny ýalap-ýalap diňdirýär. Ýigide seredip başlaýar. Oňa iýmek-içmek getirip berýär. Ýagşy gutulansoň, onuň bilen är-aýal bolup ýaşaşyp başlaýar we ondan göwreli bolýar. Ondan-mundan gelen habarlara görä duşman hany bu ýigidiň ölmän galanyny bilýär. Ol ýigidi tapyp, öldürmekleri üçin adamlaryny bu gamyşlyga gönderýär. Bu howpy duýan gurt ýigidi arkasyna alyp, deňziň (Kaspi deňziniň) gündogaryna tarap gaçýar we Altaý daglaryna gelýär. Her tarapy gaýalar bilen gurşalan bu ýerde on sany çaga dogurýar. Doglan on oglanyň hemmesi ynsan sypatynda bolup, örän akyllylygy, ugurtapyjylygy bilen tapawutlanypdyrlar. Bu on oglan bu daglyklaryň arasynda ulalyp ýetişýärler we öýlenýärler. Köpelip, örňäp, her birinden bir taýpa döreýär. Bularyň biri hem aşine taýpasydyr. Aşine bütin doganlarynyň içinde iň akyllysy bolany üçin olara hökümdar bolýar. Aslyny unutmazlyk üçin öýüniň gapysynyň üstünde ýüzüne gurt kellesi çekilen baýdagy asýar. Birnäçe ýyldan soňra Aşine kowmuna Asençe diýen biri hökümdar bolýar. Bu hökümdar bütin kowmuny daglyk ýerden çykarmagy başarýar. Göktürkmen dessanlarynyň iň ähmiýetlisi “Ergenekon” dessanydyr. Onda jemgyýetçilik, medeni durmuşlarynda bolup geçen özgerişler barada möhüm maglumatlar berilýär. Mundan başga-da Oguz handan miras galan söweş däpleriniň, berk düzgün-nyzamlylygyň göktürkmenlerde hem dowam edendigi nygtalýar. Mysal üçin, ýaşaýan ýerleriniň daşynda duşmandan goranmak üçin hendek gazmaklary Oguz handan galan kadadyr. Türkmenlerde has soňlar hendekleriň ýerlerini binýady berkden tutulan beýik galalar tutupdyr. Taryhda türkmen döwletine şalyk eden zenan Tumaryň hem ogluny duşmanyň şeýle aldawa salnandygy hakynda maglumat bar. Dessanyň gysgaça mazmuny şundan ybarat. Göktürkmenleriň hökümrowanlyk eden döwürlerinde olaryň döwletleri daşky duşmanlaryň çozuşlary, içki oňşuksyzlyklar zerarly birnäçe gezek dargap, birnäçe gezek hem täzeden dikeldilipdir. Göktürkmenleriň güýji örän zor, söweş ussatlyklary ýeterlik eken. Şonuň üçin hem olaryň duşmanlary göktürkmenleri hile bilen ýok etmegi ýüreklerine düwýärler. Bir gün göktürkmenleriň üstüne gelen duşmanyň az bölegi ýeňlen bolup, ähli çadyrlaryny, goş-golamlaryny taşlap gaçýarlar. Göktürkmenler hem olar gorkup gaçandyr öýdüp, yzlaryndan kowýarlar. Ep-esli gidensoňlar, duşmanyň gaçyp barýan goşuny yzlaryna öwrülip, bular bilen uruşmaga başlaýar. Duşmanyň bukuda duran köp sanly goşuny hem olara kömege gelýär. Deňi-taýy bolmadyk söweş başlaýar. Emma duşmanyň sany agdyk gelýär. Netijede, göktürkmenler ýeňilýärler. Duşmanlar olaryň ýurduny talap, ýer bilen ýegsan edýär. Uly adamlarynyň ählisini gylyçdan geçirýärler, kiçilerini gul-gyrnak edip, alyp gidýärler. Şeýlelikde, göktürkmenleriň uly hem-de kuwwatly döwletleri synýar. Ýurduň hökümdary Ilhan köp ogully, garyndaş-dogany zyýada bolupdyr. Bu söweşde onuň ogullaryndan diňe Kaýan, garyndaşlaryndan bolsa ýegeni Tokuz maşgalalary bilen diri galypdyr. Olar hem duşmana ýesir düşüpdirler. Emma on gün geçenden soň, öz aýallaryny hem ýanlaryna alyp gaçmagy başarýarlar. Olar göktürkmenleriň gadymy ýurt ýerlerine gelýärler. Duşmanyň sürüp äkiden mallaryndan öz ýaýlalaryna gaçyp gelen mallardan (at, düýe, öküz, goýun) süri toplaýarlar. Soňra bular nirä gitmelidigi hakynda geňeş edýärler we adam-garasyz, ynsan jemendesiniň aýagy düşmejek daglara gitmegi makul bilýärler. Olar belent daglaryň jülgelerine suwakary yzarlap gidipdirler. Bir belent dagyň üstüne çykyp synlaýarlar. Görseler, bu dagyň dört tarapy hem daglar bilen jebis gurşalyp, şu gelen darajyk, hat-da diňe bir düýäniň ýa-da atyň zordan sygyp, ýöräp biljek ýollaryndan başga bu ýere gelip bolunjak hiç bir ýoluň ýokdugyny görýärler. Bu ýer olaryň göwnüne ýaraýar we şu jülgede ýurt tutunmagy ýüreklerine düwýärler. Bu jülgäniň içi şeýle bir giň. Özi hem ýaşamak üçin örän amatly ýerdi. Akar suwly çeşmeler, miweli we saýaly daragtlar, bol haýwanly awlaglar bu ýerde ýaşamaga örän uly mümkinçilik berýär. Göktürkmenler bu ýeri Ergenekon diýip atlandyrýarlar. Kaýan bilen Tokuz bu ýerde köp ýaşapdyrlar. Olaryň çagalary bolup, ösüp-örňäpdirler. Kaýanyň perzentlerine Kaýat diýip at beripdirler. Olar Tokuzyň çagalaryndan köp bolupdyrlar. Tokuzyň perzentlerini iki hili atlandyrypdyrlar: Tokuzlar we Durulganlar. Dört ýüz ýylyň dowamynda bu jülgede bulardan örňän halk örän köpelipdir. Olar aýry-aýry umaklara (umak-süňk), uruglara bölünipdirler. Maly- dünýäleri hem köpelip, bu jülgä sygmandyrlar. Göktürkmenler agzybirligi, asuda ýaşamagy söýýän halk bolupdyrlar. Emma olaryň köpelmegi, mallarynyň hem çendenaşa zyýada bolmagy zerarly jülge dolup-daşyp, ýaşamaga ýer gytçylygy döräpdir. Beýle köpeliş bulara howp salyp başlaýar. Şonuň üçin hem olar bu jülgeden çykmagyň geňeşini edýärler. Şonda olar şeýle diýýärler: “Atalarymyzdan eşidipdik, Ergenekonyň daşynda-da giň ýerler, oňat ýurtlar bolmaly. Gadym zamanda ol ýerler biziň ýurdumyz ekeni. Tatar başlyklaýyn özge iller gelip, biziň urugymyzy gyryp, ýurdumyzy elimizden alan ekeni. Taňra şükür, indi bu eýýamda biziň başymyza olar ýaly agyr ýagdaý düşmez. Duşmandan gorkup, dag içinde gabalyp otyrys. Gowusy, daglaryň arasyndan ýol gözläp tapalyň-da, bu ýerden göçüp gideliň. Ergenekonyň daşynda kim biziň bilen dost bolan bolsa, olar bilen görşeliň, duşman bolsa göreşeliň”. Bular bu maslahaty makul bilýärler. Soňra daglaryň arasyndan geçer ýaly ýol gözleýärler, emma hiç bir ýol tapmaýarlar. Ilki gelen ýollary hem dag gaýasy ýykylyp baglanan eken. Olaryň arasynda bir demirçi ussa dagyň bir gaýasynyň demre meňzeýändigini, şol ýerde köp ot ýakylsa, demriň erejekdigini we ýol açyljakdygyny aýdýar. Onuň diýenini makul bilip, ol ýere odun, kömür üýşürýärler. Gaýanyň üstüni, gapdallaryny olardan dolduryp ýakýarlar. Hakykatdan hem, demir eräp, bir ýükli düýe sygjak ýol açylýar. Göktürkmenler bu ýol bilen Ergenekondan çykýarlar. Göktürkmenler bu güni, sagady belläp alypdyrlar we şol güni mukaddes hasaplap, her ýyl baýram edip belläpdirler. Käbir alymlar bu güni häzirki Nowruz güni diýip hem belleýäler. Nowruzda oduň ýakylmagyny hem göktürkmenleriň “Demir baýramy” diýip bellän bu baýramçylygynda uly ot ýakmaklary bilen baglanyşdyrýarlar. Muňa mysal hökmünde türk alymy Abdulhaluk M.Çaýyň “Türk ergenekon baýramy – Newruz” atly işini alyp bileris. Bu günüň mukaddes hasaplanýandygy hakynda dessanda şeýle diýilýär: “Hudaýyň gudraty bile dag gyzandan soň, demir gaýa eräp akyberipdir. Dag böwsülipdir. Ýükli düýe geçer ýaly ýol açylypdyr. Şol keramatly günüň keramatly sagadynda Göktürkmenler Ergenekondan çykypdyrlar. Olar şol aýy, şol güni gowy belläp alypdyrlar. Şondan soňra şol keramatly gün göktürkmenler üçin uly baýram bolup galypdyr. Her ýyl şol gün gelende, uly toýlar tutulypdyr. Bu toýlarda bir bölek demir alyp, otda gyzdyrypdyrlar. Soňra-da gyzdyrylan demri ilki Göktürkmeniň hany gysaç bilen tutup, sandalyň üstünde goýup, çekiç bilen urupdyr. Ondan soňra beýleki türkmen begleri, ähli il-ulus ýaňky hereketi gaýtalap, baýramçylyk başlapdyr”¹. Bular Ergenekondan çykanlarynda, hanlary Kaýan hanyň neslinden bolan Börte Çene eken. Ol ähli ýurtlara habar iberip, özleriniň gelenini habar beripdir. Özlerine hormat goýanlara hormat goýupdyrlar. Halamadyklara garşy söweşipdirler. Bu söweşlerde göktürkmenler hemişe ýeňiş gazanypdyrlar. “Ergenekon” dessanyndaky wakalar göktürkmenleriň başyndan geçiren hupbatly günlerinden habar berýär. Dört ýüz ýyllap ata-baba mesgenlerinden jyda düşen adamlaryň hasratyndan habar berýär. Ata Watanyndan aýra düşmek ynsan üçin iň agyr hasratdyr. Göktürkmenler we olaryň “beýik göçi” hakynda “Awestada”, Ferdöwsiniň “Şanamasynda”, Abulgazy Bahadur hanyň “Türki şejeresinde”, Reşideddiniň “Jami„ü-t Tewarihinde” we beýlekilerde bellenip geçilýär. Bu agzalanlaryň soňky ikisinde hatda “Ergenekon” dessany barada hem gürrüň edilýär. “Ergenekon” dessany XIII asyrda taryhçy Reşideddin tarapyndan pars dilinde ýazga geçirilipdir we onuň “Jami„ü-t Tewarih” atly kitabynda berlipdir. Has soňra, XVII asyrda Hywa hany Abulgazy Bahadur hanyň “Türki şejeresinde” hem bu dessanyň ýazysy berlipdir. Abulgazy onda Reşideddiniň işinden peýdalanypdyr. “Ergenekon” dessanynyň bu kitaplara alynmagy onuň uly hem meşhur asyl nusgasynyň bolanlygyndan habar berýär. Dessanda ady tutulýan Kaýan meşhur gaýa türkmen taýpasynyň adydyr. Tukuz adynyň hem uýgurlardaky dokuz oguz türkmenleriniň bolmagy mümkindir. Çeşmesi: S.Garryýew. Türkmen eposy, dessanlary we Gündogar halklarynyň epiki döredijiligi. Aşgabat, 1982. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |