12:38 Gazadaky uruş we Eýranyñ bähbidi | |
GAZADAKY URUŞ we EÝRANYÑ BÄHBIDI
Publisistika
Tähran amerikan diýdimzorlugyna garşy durmagy maksat edinýär. Uruş Ysraýyly öz içine almak bilen çäklenmän, Waşingtony-da gönüden-göni goşulmaga iterip biler / Fotosurat: AP Halkara deñlemelerde ýa tegelek stoluñ başyna geçip oturmaly ýa-dq stoluñ üstünde bolmaly. Üçünji ýoly ýok. Işleriñ sensiz ýöremegine idin bermeli däl. Bu ýagdaý eýran režiminiñ halkara arenadaky we hususanam Gaza sektorynda palestin-ysraýyl urşunyñ bolup geçýän sebitleýin arenadaky ähli wakalara ilteşikli hakyky pozisiýasyny añladyp biljek söz. Bu sözi Eýranyñ öñki Daşary işler ministri Muhammet Jewad Zarif birnäçe gün öñ Tähranda intelligensiýanyñ wekilleri we ylmy-barlagçylar bilen geçiren duşuşygynda agzap geçdi. Şindi Eýranyñ Gazada bolup geçenlerdäki roluny we ABŞ bilen käbir günbatarly ýurtlaryñ Eýranyñ munda haýsydyr bir rolunyñ ýa-da eliniñ bardygyny ret etme babatdaky hötjetligini bir ýana goýalyñ. Gürrüñi bu uruşyñ we emele getirip biljek netijeleriniñ añyrsyna geçip, duýgularyñ we bitarap bolmak ýa-da bolmazlyk prinsipine baglylygyñ bolmandygy nokadyna getireliñ. Hakykatda palestinaly raýatlaryñ Baptist hassahanasyny nyşana alan gyrgynçylyk bilen ýetjek derejesine ýeten adam ýitgilerini hasaplap durka, bitarap bolup galmak kyn. Göz öñüne tutýanymyz, Eýranyñ bu uruşyñ netijelerinden gazanýan artykmaçlyklary bilen baglanyşykly. Bir gezek Eýran bilen ABŞ-nyñ arasyndaky dartgynlylygyñ ýetjek derejesine ýeten wagtynda ýokary wezipeli eýranly ýolbaşçydan bu dartgynlylygyñ netijelerini we hususanam Tähtanyñ Basra aýlagynyñ çäklerinde amerikan söweşjeñ uçarly gämisiniñ fotosuratlaryny köpçülige ýaýratmasynyñ yzyndan Eýranyñ amerikan güýçleri bilen çaknyşmagyñ ugrundadygyny soradym. 2007-nji ýylyñ aprel aýynda ýolbaşçylaryñ biri maña Eýranyñ düýp maksadynyñ amerikan zulumyna garşy çykmakdygyny aýtdy we howalaly sözler bilen: - Biz ysraýyl butuny kül-uşak etmek isleýäris. Gürrüñsiz, harby ulgamyñ başdan geçiren aljyraññylygy garaşylyşyndan bas beter boldy. Ysraýyl ýolbaşylygy üstünden eýýäm on gün geçendigine garamazdan munuñ depressiýasyny aşyp bilmedi. Ýakyn geljekde munuñ ýaramaz täsirleriniñ hötdesinden gelmegi-de oña kyn düşüp biler. Hususanam harby ulgam bilen ysraýyl jemgyýetiniñ arasynda, ulgamyñ öz içinde we harby-syýasy ýolbaşçylygynda gaçan duw-dagyn bolan ynamyñ täzeden dikeldilmegi babatda... Bu duw-dagynlyk Tähranyñ gözläp ýören zady bolmagy mümkin. Muny oña "Hamas" hereketiniñ Tähran bilen hyzmatdaşlyk edip ýa-da etmän amala aşyran harby operasiýasy üpjün etdi. Galyberse-de Eýranyñ öñki ministr Muhammet Jewad Zarifiñ sözleri bilen aýdanda, Eýranyñ sebitiñ geljegune dahylky haýsydyr bir gepleşik stolynda ýer edinmegini üpjýn etdi we ony Ysraýylyñ sebitdäki rolunyñ arymagyna nähili we haýsy ýollar bilen garşy durjakdygyny pikir etmekden halas etdi. Ysraýyl eýelik edýän roluny Azerbaýjan respublikasy ýaly Eýrana iñ golaý ýerde ýerleşip, ony gurşap alan we strategiki bähbitlerine howp abandyrýan käbir ýurtlar bilen açan hyzmatdaşlyklary arkaly harby we howpsuzlyk derejesi bilen bir hatarda Tel-Awieiñ birnäçe arap ýurdy bilen baglaşan ylalaşyklary we Saud Arabystany bilen arasyndaky haýsydyr bir ýakynlaşmanyñ Eýrany kabul etmäge mejbur edip biljek deñeçerliklerde emele getirjek üýtgeşmeler ýoly arkaly syýasy derejede ulaldypdy. Tähran we onuñ ýolbaşçylygy nukdaýnazaryndan stoldaky bu ýeri aýyrmak üçin gerek zat - Gazada Ysraýyl bilen "Hamasyñ" arasyndaky bolup geçýän uruşda atyşygy bes etmegiñ we harby operasiýalary soñlandyrmagyñ öñüni açyp biljek ylalaşyga gelmek üçin basyş emele getirýär. Tel-Awiwiñ muny kabul etmegini üpjün etmek Tähran üçin ýeñişiñ ýarysydyr. Bu ýagdaý özi bilen ýarany "Hamasyñ" palestin meselesiniñ bolup biläýjek haýsydyr bir çözgütden daşda tutulmagynyñ öñüni alar. Ýeñişiñ beýleki ýarysy-da, Tähranyñ aýgytlaýjy we kesgitleýji pursatlarda köplenç görkezip biljek derejesinde peýdakeşlik we bähbitparazlyk bilen syýasy ylalaşyklar ýoly arkaly gazanylyp bilner. Şundan ugur alyp, eýran häkimiýetiniñ we harby ulgamynyñ wakalary mundan beter bulaşdyrmak islemän biler. Ýogsam bu ot-ýalyn we uruş Gaza frontunyñ ýany bilen sebitdäki başga taraplara bakan giñemegine getirer, beýle ýagdaýda Eýranam mundan çetde galyp bilmez. Eýranyñ Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyñ çyzan deñlemesi, belki-de, Eýranyñ uruşyñ gerimini giñeltmezlik we gelip ýeten derejesinde duruzmaga synanyşma isleginiñ iñ gowy görkezijisidir. Abdullahiýanyñ Gaza elden gidende we "Hamasyñ" tepbedi okalanda Eýranyñ Tährany fosfor bombalaryndan gorap bilmejegini oýlap çyzan bu deñlemesi Eýranyñ baş aýatollasynyñ 2012-nji ýylda çyzan deñlemesine juda meñzeýär. Olam Damaskyñ goragynyñ Tährany goramak bilen deñdigini we Damaskyñ elden giden ýagdaýynda Tährany gorap bolmajagyny pikir edip, Eýranyñ Damask režiminiñ peýdasyna harby taýdan goldaw bermäge şert döredipdi. Režim eýran gurşawynyñ sebitdäki sözde ýarany hökmünde "Hamas" hereketine gorag we goldaw bermäge synanyşanda, bu gurşawyñ onuñ Tährandaky ýolbaşçylygy bilen bir hatarda Beýrutyñ günorta etegindäki ýolbaşçylygy we liwanly "Hizbullahyñ" baş sekretary Hasan Nasrallah bu uruşa girmezlik we liwan frontyny açmazlyk üçin özlerine pugta erk etdiler. Bu uruşda atyşygy bes edip bolsa, uruşyñ geriminiñ giñän ýagdaýynda gazanyp biljeklerinden has köpüni gazanyp biljekdiklrrini, çünki uruşyñ gerimi giñese netijeleriñ nähili bolup gutarjagyny çaklap bolmajagyny pikir edýärdiler. Bu uruş Ysraýyl tarapy bilen çäklenmän, Waşingtony-da gönüden-göni goşulmaga iterip biler. Eýranyñ baş aýatollasynyñ sişenbe güni amerikan hökümetine ýüzlenip eden çykyşyndaky duýduryşyny-da bu deñlemä deredip düşünip bileris. Eýranly lider Waşingtonyñ konflikt liniýasyna gönüden-göni girmeginiñ yzyndan Gaza gönükdirilen bombalama operasiýalarynyñ dowam etmesiniñ netijeleri boýunça duýduryş berdi. Bu duýduryş arkaly beriljek bolunan signal şudy: Wakalaryñ barha ýaramazlaşmagy ýa-da sebitiñ ýerinden gozganmagy ABŞ-nyñ Ysraýylyñ asudalygyny goramak üçin edýän tagallasynyñ peýdasyna bolmaz. Sabyr-takatyny we çydam güýjüni ýitirmäge başlan halklary aýaga galdyrmajak bolsa, Waşingtonyñ Gazadaky harby operasiýalary soñlandyrmak üçin iş geçirmegi gerek. Tersine bolanda, Ysraýylyñ geljekki ömri düýpli howp astyna girer. Hasan FAHS. žurnalist. Penşenbe, 19.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |