12:50 Gitlere göbek atan tansçy jansyz: Emine Adalat Pi | |
GITLERE GÖBEK ATAN TANSÇY JANSYZ: EMINE ADALAT PI
Zenan şahsyýetler
Ilkinji türk tansçysy hökmünde tanalýan gözeller gözeli Emine Adalat Pi. Belli aýdymçy we aktýor Zeki Müren okap ýören ýyllary Emine Adalata aşyk bolupdyr: "Pawilýonda, baryñ añyrsynda bir zenan durdy: Gara gözli, galam gaşly, janyñy alyp gelýän nazarly: Adalat Pi. Platoniki söýgüdi bu. Men ol gözleri görmek ol bara kän gezek gitdim". Emine Adalat "Deñiz gyzy", "Uçuryma sary", "Ýanyk tüýdük" ýaly birnäçe çeper filmde-de oýnapdyr. Yrakdaky türk ilçisiniñ aýaly Fahrünnisa Zaidiñ Berlinde guran aýdym-saz şüweleñinde Adolf Gitlere-de göbek atan Emine Adalar Pi familiýasyny 14 ýaşynda agasynyñ aýalynyñ dogany Anri Pi bilen nikalaşyp alypdyr. Durmuşa çykandan soñ Germaniýanyñ gijeki klublarynda tans edipdir, göwünleri awlapdyr. Hatda Gitleriñ kömekçisi Freglaýryñ oña ölemen aşyk bolandygy aýdylýar. Gitleriñ kömekçisinden köp sanly möhüm maglumat alan Emine Adalat Pi Türkiýäniñ Wenadaky konsuly Behçet Öznaýa nemesleriñ Pariži basyp almakçy bolýandyklaryny habar beripdir. Munuñ özi diýseñ gymmatly maglumatdy, çünki hiç kim Germaniýanyñ Pariži basyp almaga het etjegine ynanmaýardy. Emine Adalat Pi şol gün Ankara til kakyp, ýagdaýdsn habardar edipdir. Türk ilçihanasy bu habary öwrenip, seresaply hereket edipdir we şol wagt Parižde gezip ýören türk raýatlaryny ýagdaýdan habarly edip, islän wagtlary howpsuz ýagdaýda Türkiýä gaýdyp gelip biljekdikleri aýdylypdyr. Bir gezek gije ýarymdan soñ iki sany nasist ofiseri Emine Adalat Piniñ ýanyna gelip, Gitleriñ Propoganda ministri we sag goly Gebbelsiñ çagyrýandygyny aýdypdyr. Emine Adalat hanym alada galypdyr, hatda gorkupdyr. Olar Gebbelsiñ howalaly rezidensiýasyna gelenlerinde, Gebbels ony gowy garşylapdyr. Gebbels Piden nemesleriñ hasabyna jansyzlyk etmegi teklip edipdir. Hatda ABŞ-na gidip, türk tansçysynyñ tüýsünde amerikan kontrrazwedkasyna aralaşmagy haýyş edipdir. Pi Gebbelse bu teklibiñ üstünde entek oýlanyp-ölçerjekdigini aýdyp, rezidensiýadan çykyp gaýdypdyr, ýöne hiç haçanam nemesleriñ haýryna jansyzlyk etmändir. 1942-nji ýyla çenli anyklap bilen her bir maglumatyny Ankara habar beripdir. 1942-nji ýylda bir howa hüjüminde äri wepat bolansoñ, ýurduna dolanyp barmagy makul bilipdir. # Kemal Özdemiriñ "Gündogaryñ göbek tansy" ("Oryantal Göbek Tansı") kitabyndan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |