19:06 Goñur alp | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -9:
Taryhy şahslar
▶ GOÑUR ALP Goñur alp Osman Gazynyñ iñ wepaly egindeşleriniñ biridir. Iññän edermen ýigit bolan Goñur alp Osman Gazynyñ ähli gazasyna gatnaşypdyr. "Gurulyş. Osman" teleserialynyñ tomaşaçylaryna gyzykly bolar diýip, onuñ gahrymançylykly ömri, taryhdaky orny barada gysgajyk maglumatlary taýýarladyk. Ady agzalan teleserialda onuñ keşbini türk aktýory Eren Wurdem janlandyrýar. ■ Goñur alp we onuñ gahrymançylykly ömür ýoly Goñur alp Osman Gazynyñ iñ meşhur, iñ wepaly, iñ ynamdar jigitleriniñ biri bolupdyr. Ol Osman Gazynyñ ähli gazalaryna gatnaşanam bolsa, ady diñe Orhan Gazynyñ döwründäki Gojaili (häzirki Kojaeli) we Akýazy ýörişlerinde agzalýar. Osmanly türkmen döwletiniñ az wagtyñ içinde çaltlyk bilen güýçlenmeginiñ astynda Osman Gazynyñ heniz ýaş ýetginjekkä özüne ýoldaş edinen we her awa gideninde ýanyndan aýyrmadyk Goñur alp, Akja goja, Abdyrahman Gazy, Samsa çawuş, Aýkut (Aýgud) alp ýaly birnäçe merdana ýigitleriñ gujur-gaýraty ýatyr. Goñur alp Demirgazyk-günbatar Anadolyda yzygiderli gaza we göç operasiýalaryny geçiripdir. Birnäçe wizantiýaly tekfurlary türkmen gylyjynyñ öñünde amana getiripdir. Ol gaýylaryñ tire düzgüninden döwlet gurluşyna geçmesinde aýgytly rol oýnan gazylaryñ biridir. Osman Gazynyñ iñ ýakyn egindeşi bolan Goñur alp Osman Gazy aradan çykansoñ, oniñ ogly Orhan Gazynyñ tabynlygyna girip, gaza operasiýalaryny dowam etdiripdir. Orhan Gazynyñ buýrugy bilen demirgazyga ýönelip göç hereketleriniñ başyny başlapdyr. Dowamly hereketleriñ netijesinde Adabazar (häzirki Adapazary), Akýazy, Mudurny, Düzjäni, Konrapany eýeläpdir. Has soñra Abdyrahman Gazydyr beýleki türkmen alplary bilen güýç birikdirip Aýdosy-da ele geçiripdir. Harby taktikalaryñ ussady bolan Goñur alp Geýwe, Alpsuwy, Garajabüş sebitlerini hem türkmen topragyna öwürmegi başarypdyr. Ol şu sebitlerde Akja goja we Abdyrahman Gazy bilen bilelikde wizantiýalylar tarapyndan Regio Tarsiýa ady berilen Ak oba (häzirki Akowa) hem göç operasiýasyny gurnapdyr. ■ Goñur alpyñ ölümi Gaýylaryñ iñ uly arzuwlarynyñ biri we Osman Gazynyñ wesýeti bolan Bursany eýelemekde-de uly işleri bitiren Goñur alpyñ iñ soñky gatnaşan gazasy Bursa ýörişi boldy. Bursanyñ eýelenen ýyly Goñur alp hem aradan çykypdyr. Onuñ mazarynyñ nirededigi anyk belli däl. Emma Düzje taraplardadygy çak edilýär. Häzir Düzjäniñ Konuralp (Goñur alp) etrabynda onuñ kümmeti we Söwütde Ärtogrul Gazynyñ mazarynyñ ýakynynda simwoliki gubury bar. Muña garamazdan olaryñ ikisi-de Goñur alpyñ hakyky mazary däldir. Jaýy jennet bolsun. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |