23:11 Gözli ata rowaýaty / poema | |
GÖZLI ATA ROWAÝATY
Poemalar
• A w t o r d a n: Ýitirilen ýodalar, undulan däpler Hakynda gür berýär köne kitaplar. Şol kitaplañ açylmadyk gatlaryn, Sünnäläp ýazylan zerli hatlaryn, Sahaplap taryha salýaryn nazar, Pikirlerim geçmiş sary uzalýar. Öwrebip halkymyñ geçen ýoluny, Dinini, däbini hem ykbalyny, Açmaly biz indi olañ syrlaryn, Bize miras goýan her setirlerin, Dana sözlerine etmeli togap, Geljekki nesiller sorasa jogap. Bermeli olara ähli mirasy, Geçen atalaryñ siñen yhlasy, Jemlenipdir milli hazynamyzda, Biz ony öwrenip öz aramyzda, Geljekden geljege alyp gitmeli, Soñky nesil hakda pikir etmeli. "Aslyñy unutsañ geljegiñ dargar" Diýip atalarmyz nesilne sargan. Täzesi pes bolar könesi ýoguñ, Çagaragyñ dargar, döwülse uguñ. Onuñ üçin ýatlap ötenlermizi, Panydan bakyýa gidenlermizi. Unutmaly däldir biziñ neslimiz, Eger ýatdan çykarylsa aslymyz, Onda biziñ geljegimiz puç bolar, Şu gün öwrenmesek erte giç bolar. Il-halkyñ gamyny edenler hakda, Danalañ danasy pederler hakda, Taryhda yz goýan ägirtler hakda, Ussada baş egen şägirtler hakda, Gözli ata hakda, atalar hakda, Duýgulary jemläp bu gün gursakda, Beýan etjek ähli bilýän zadymy, Olar arşa galdyrypdyr adyny. Şolaryñ tarapyn almakçy dile, Okyjym, gulak goý, diñläli bile. Ötenlermiz hakda kiçijik dessan, Ine, şeýleräjik başlanýar kyssam. ■ ÜÇ SANY DERWÜŞ HAKYNDA "Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet. Ýa Ýaradan, Biribar, Bize özüñden medet" Diýip, ýola çykan üç sany derwüş, Rumustandan Türküstana şaýlandy. Olar neslindendi Osman halyfyñ, Atalarmyz edipdirler tarypyn. Olar agtyklary Süleýman atañ, Biri Goçgar, biri Hasan atlydy, Üçünjisi onuñ ady dakylan, Süleýman atlydy, dili datlydy. Kän ýollardan, kötellerden aşdylar, Köneürgençde Şir Kebire* duşdular. Oña sopy bolup biraz gezdiler, Beren ylmyn, sapaklaryn aldylar. Soñra niýet edip Türküstan sary, "Hoja Ahmet" diýip, ýola düşdüler bary. Amyderýañ suwuna hem düşdüler, Gyzylgumuñ epgeginden geçdiler. Hoja Ahmet Ýasawyñ gaşyna baryp, Baş egip durdular, golun gowşuryp, "Biz seniñ öñüñde baş egýäs, ussat, Rumdan bärik geldik ylmyña suwsap. Niýetimiz sizden sapak almakçy, Sopuçylyk tärin gowy bilmekçi. Bir Hudaýa hyzmat etmek pälimiz, Din ýolun ýöretmek biziñ kärimiz. Bilmeýän zadymyz kän heniz biziñ, Şoñ üstün ýetirer ylmyñyz siziñ. Diýen niýet bilen kän ýollar söküp, Huzuryñyza geldik kynçylyk çekip". Diýip ýüzlendiler Hoja Ahmede, Şeýdip başladylar uly söhbete. Hoja Ahmet Ýasawy diñläp bulary, Diýdi: "Indi süýşüñ biraz ileri. Aýdyñ aslyñyzy, kimiñ nesli siz? Men bilmeli nämä has höwesli siz". Derwüşleñ ulusy Hasan söz alyp, Özi hakda gürrüñ berdi uýalyp. Inileri Goçgar, Süleýman hakda, Birme-bir gür berdi, durmady çakda. Şeýdip sopy bolup geziberdiler, Ylmyñ gazanyndan süzüberdiler. Bulañ yhlasyna hem zehinine, Haýran galdy köpi gören Hoja Ahmet. Öz ýanyndan Biribara ýalbardy: "Ýa Hudaýym, sen bulara kömek et. Bularyñ zehini yhlasy bilen, Geljekde yslamyñ ýoly ýagtylýar. Şeýle zehinliler köpeliberse, Meniñ zähmetim hem ýerine düşer. Men ynanýan bu sopulañ her biri, Geljekde yslama kän goşant goşar". Diýen ynam bilen Ahmet Ýasawy, Irmezden öwretdi yslam ýoluny. Käte-käte sopularyny ýygnap, Öwdi olañ ýanynda Rum sopularyny. Emma göwni ýetmän käbirleriniñ, Rumly sopulara dodak çöwürdi. Bu ýagdaýa göz ýetiren Hoja Ahmet, Öz ýanyndan edip ýördi kanagat. Emma bir gün dolup sabyr käsesi, Synaga çagyrdy bar sopusyny. Olar ýygnanyşyp gelen mahaly, Tüýnükden zyñdy-da öz hasasyny, Şony tapyp geliñ" diýip buýurdy. Sopulañ barysy hasa gözlese, Hasan sopy welin pikir hem etmän, Piriniñ ýanyndan hiç ýere gitmän, "Hasa bu ýerlere düşmedi pirim, Ony gözläp tapyp bilmez hiç birem". Diýip jogap berdi pirine garap, Şol mahal sopular gapydan garap, Diýdiler: "Pirimiz, tapmadyk hasañ, Iñ gowusy başga birini ýasañ". Ýuwaşja ýylgyryp diýdi Hoja Ahmet, "Hasany tapandyr meniñ Hasanym". Hasan diýdi: "Hasa Balkana düşdi". Sopularyñ huşy başyndan uçdy. Şondan soñra Hasan sopyñ adyny, "Gözli" diýip tutdy goja Hoja Ahmet. Bu sopulañ dabarasy dag aşyp, Hywa iline-de gelip ýetipdir. Şeýlelikde, muny bilen Şir Kebir, Hoja Ahmede batyl okun atypdyr. Hoja Ahmede aýan bolýar bu habar, Howañ ýüzi gamaşypdyr ýagyp gar. Diýipdir ol: "Goçgar sopy, süz hany, Bu jahanda saña näler görünýär". Goçgar sopy arassalan howany, Hasan seredende Günbatar taýa, Diýen: "Bir gyzyl ot ýalbyrap gelýär, Pirimiz, ümzügi hut siziñ taýa". Onýança Süleýman göteren pirin, Gyzyl ot lowurdap oñ ýerine düşen. Garbap alyp lowlap gelen ol ody, Süleýman yzyna zyñyp ýetişen. Batyl okuñ yza gaýdyp gelýänin, Görüp Şir Kebir hem köp başga düşen. "Goçgarym ýok süzmäge, Hasanym ýok görmäge, Süleýman ýok götermäge, Batyl okdan gutarmaga?" Diýip, ýatlap öñki sopularyny, Ahmyr edýär batyl okun atanna. Kämillige ýeten sopularyny, Atarypdyr çar tarapa Hoja Ahmet. Diýipdir ol: "Goçgar sopy mekanyñ, Nirededigini bilmekçi bolsañ, Haýal etmän ýet şu goçuñ yzyndan". Diýip gara goçy öñüne salan. Goç Goçgardan uzak arany açman, "Niredesiñ Arkaç" diýip ýol alan. Arçman obasyna gelende welin, Goç butnaman duran ýerinde duran. Şeýlelikde Goçgar atañ mekany, Arçman çeşmesiniñ boýlary bolan. Emma gynansak-da, muña çäre ýok, Goçgar ata baky nesilsiz galan. Kazasy dolanda il-ulus ony, Çeşmäñ başyndaky baýyrda jaýlan. Şondan bäri şol baýyry ýassanyp, Bak rahat ýatyr Goçgar atamyz. Zyýarata baran her bir adama, Hemaýat ýetirýär - ýokdur hatamyz. Çeşmäniñ şypaly suwundan dadan, Hem-de oñ guburyna zyýarat eden, Saplanýandyr ähli derdi-beladan, Süññi ýeñläp, sagalýandyr bar adam. Süleýman sopyny bugra mündürip, Diýipdir: "Ugruna goýber haýwany, Şol gider oturar, gider oturar, Çöken ýeri bolsun öýüñ eýwany". Pirin oña beren pendine uýup, Bugra päsgel bermän, ugruna goýup, Süleýman saklaman onuñ badyny, Dilde sena edip piriñ adyny, Öz ýanyndan oña alkyşlar aýdyp, Hiñlenip barýardy yzyna gaýdyp. Bugrany säpjedip Süleýman ata, Golaýlapdyr Üstýurtdaky Goñrata. Emma birden bugra çöküp dyzyna, Ne öñe ýöräpdir, ne-de yzyna. Şol bagyryp oturanmyş janawer, Diýipdir Süleýman: "Geläýdik, meger". Düýäniñ bagyrýan sesin eşidip, Çar tarapdan oña adamlar gelen. Süleýman atanyñ mekany bolan, Şol ýere-de "Bakyrgan" diýip at galan. "Gözli" lakamyny alan Hasana, Hoja Ahmet diýipdir: "Bar-da Balkana, Diniñ ýolun ýöret, yslamy golda, Ýurt tutunyp, bol sen ile görelde". ■ GÖZLI ATANYÑ ÖÝLENMEGI Hoja Ahmet Ýasawyñ patasyn alan, Hem-de öwütlerden gulagy ganan. "Balkan" diýip, ýola düşen Gözli ata, Ine birden, golaýlaşýar ilata. Ýazlaga çykypdyr çarwa ilaty, Dyzyña ýetip dur ýazyñ ter oty. Owlak, guzy bökjekleşýär çar ýanda, Göwnüñi göterýän ýaşyl meýdanda. Ýanlyk ýaýyp duran çarwa gyzyndan, Suw diläpdir derwüş sypat ýolagçy. Suw deregne çal beripdir çarwa gyz, Suwsuzlykdan ganypdyr-da epip dyz: "Çeşmesine bereket! Sag boluñ, uýam! Ömrüñde ak zady dökmegin, uýam!" Diýip, sagbollaşyp gidipdir myhman, Çarwa gyz bir ýerde kanagat tapman, Ýanlyga seretse ýagmyşyn sary, Muña haýran galan görenleñ bary. Ýanlyk ýaýyp duran çarwa gözeli, Gazak begi Janybegiñ gyzy eken. Özem atasynyñ ýeke balasy, Hüýr sypatly, gözelleriñ uzy eken. Han eşdip haýran galypdyr muña, Diýipdir: "Näm boldy, aýdyñ siz maña!" Gyz bolan wakany beýan edipdir, Han oýlanyp, çuñ pikire gidipdir. Şondan soñra ol derwüşiñ yzyndan, Çagyrmaga tizden atly gidipdir. Atly ýetip ol derwüşiñ yzyndan, Hanyñ çakylygyn oña aýdypdyr. Derwüş añyp hanyñ etsem-petsemin, Çakylykçy bilen yza gaýdypdyr. Han gülüp garşylan ýañky derwüşi, Diýipdir: "Özüñ-ä täsin bir kişi. Kaýyl seniñ basan aýak yzyña, Haýyş edýän eýe bol sen gyzyma". "Men bir sada derwüş, ol hem han gyzy, Beýle zada razy bolarmy özi? Men närazy edip bilmen naçary, Bu zatlar olaryñ özüne bagly. Şonuñ üçin onuñ özünden sorañ" Diýen wagty han gyzyny çagyran. Han diýipdir: "Ýalñyz balam, perzendim, Men seni şu kişä mynasyp gördüm". Gyz geplemän añyrsyna bakypdyr, Gözünden bir katra ýaş hem akypdyr. "Atam meni laýyk gördi bir gendä" Diýip, ýañky gözel gidipdir ünjä. Gyzyñ pikri aýan bolanda Gözlä, Diýipdir: "Eý, gözel, dilen-dä, sözl-ä!" Emma gyzyñ ýüzi bäri bakmandyr, Ýagşydan, ýamandan bir söz çykmandyr. Sebäp gyzyñ yza öwrülen boýny, Öñki ýerne garşy etmändir hyýal. Gözli ata turupdyr-da ýerinden, Ýuwaşjadan tutup gyzyñ ýeñinden, Bärisine bakmagyny sorapdyr, Gyzyñ doñan boýny birden eräpdir. Atasyna bakyp diýipdir gyzy: "Näme diýseñ, atam, men şoña razy". Emma Gözli ata diýipdir hana: "Deñ bolman duş bolmak bolmaz ynsana". Gyzyñ meni bir gedaýa deñ gördi, Özün belent saýyp, ýüzün öwürdi. Şonuñ üçin gedaý bolup gyzyñyz, Ýedi gapa dilegçilige barsyn. Şu şertimi berjaý etse, eger-de, Ondan soñra razylygyny bersin". Şeýdip, Aksuluw gyz ýedi gapydan, Dilegçilik edip, günäsin ýuwan. Şondan soñra Gözli ata goşulyp, Bagtly gelinleñ birisi bolan. Bu gazak gyzynyñ dilegçiligi, Atalara "gedaý" lakamyn beren. Janybeg han şagalañly toý tutan, Toýuñ dabarasy çar ýana ýeten. Bagşy-sazandalar üýşüp gelipdir, Toýa gelenleriñ göwnün alypdyr. Pälwanlar ýygnanyp göreş tutupdyr, Mergenlerem altyn gabak atypdyr. Öñbaýraga goýberlipdir atlylar, Ýeñiji bolupdyr has gaýratlylar. "Gökböri" ýaryşy has hem gyzypdyr, Ýaryşanda çyn bedewler ozupdyr. Halat-serpaý paýlapdyrlar gelene, "Gutly bolsun" diýilipdir alana. Dürli tagam gazanlarda gaýnapdyr, Gyz-gelinler şadyýana oýnapdyr. Ýedi günläp dowam eden dabara, Çar tarapdan myhman bary gelipdir. Şeýlelikde, Janybeg han öz gyzy, Aksuluwy Gözli ata beripdir. Nika gyýypdyrlar kazy-kelanlar, "Bagtly boluñ!" diýipdirler gelenler. Toý sowlupdyr, märeke-de dargapdyr, Janybeg han giýewsine sargapdyr: "Aksuluw gyz bolsa meniñ süýegim, Senem indi bolduñ meniñ giýewim. Ähli malym, hazynama eýe bol" Diýip, tabşyrypdyr giýeswine ol. Gözli ata gaýynyna ýüzlenip: "Aladañyz üçin Tañry ýalkasyn, Biribaryñ berenine kaýyl men, Kän ülkäni söküp gezen saýyl men. Öz zähmetim bilen özümi ekläp, Güzerany dolap, maşgala saklap, Balkanda ýurt tutup, ile goşuljak, Özüm zähmet çekip hözirin görjek. Ine, meniñ öñde goýan maksadym, Bu işlere pata berdi ussadym. Şonuñ üçin bize rugsat beriñ, Indi Balkan taýa menem ýol alsam". Janybeg han diñläp onuñ sözüni, Diýdi: "Aýry ýaşap tutsañ özüñi, Muña ähli uly ilem guwanar, Her kim azabynyñ rehnetin görer. Äkit ýanyñ bilen Aksuluw gyzy, Käte-käte ýatlap dursañyz bizi, Gelip käte saglygñyzy bildiriñ, Men siz bilen elmydama birdirin. Baryñ işiñizi Alla oñarsyn, Täze ýurt düşümli hem gutly bolsun!" Diýip, ýola saldy Gözli atany, Gözün ýaşlasa-da onuñ hatyny. "Mert bol, kempir, gözüñe ýaş getirme, Gaýtam begen bu günlere ýetenñe. Özbaşdak öý tutsa ýeke-ýalñyzyñ, Diýmek dowam eder seniñ hem yzyñ. Agtyk getir ynha hä diýmän gyzyñ, Guwan, kempir, asla ýaşlama gözüñ. Gonak bolup barsak erte bulara, Gyzyñ örñäp gidip tutsa dabara. Şatlanarsyñ şonda gelip heýjana, Töweregiñ dolar gider toýhana". Diýende kempiri gözün güldürip, Alladan bagt diläp, golun galdyryp, Diýdi: "Ýoluñyz ak, ýoldaşyñyz Hak, Baryñ balalarym, hoş görüşýänçäk". Şeýdip, ýola düşdi, täze maşgala, Öz keşigñi özüñ çekmek başga-la. ■ GÖZLI ATANYÑ BALKANA GELMEGI Şeýdip, Gözli Ata Aksuluw bilen, Balkan sary boldy ýola rowana. Ýalñyz perzendine ak bagt diläp, Ak ýola atardy atadyr, ene. Birnäçe gün ýol ýöränsoñ Gözli ata, Geliban ýetdiler dag etegine. Hoja Ahmet Ýasawyń atan hasasy, Dagyñ gaýrasynda ýatyrdy, ine. Gözli ata togap edip hasany, Ýük ýazdyrdy, onuñ düşen ýerinde. Oraça dikdiler, öýli bolundy, Sähelçe wagtdanam toýly bolundy. Golaýyna il-günüñ üýşmegi bilen, Gözli atañ şöhraty belende galdy. Gözli atañ dabarasy dag aşyp, Belli boldy tutuş Balkan iline. Bir ýyl geçip-geçmän täze çatynja, Ak bäbegi göterdiler eline. Deñäp ak bäbegi yslam nuruna, Nury diýip at goýdular oglana. Janybege alyp gitdi söýünjä, Ol bir süri mal berdi agtygna injä. Uludan toý tutdy, märeke üýşdi. Her kim toýa islän gatanjyn goşdy. Şeýdip Gözli ata Balkan ilinde, Bagtyn tapdy, yslam dinin ýöretdi. Yslam taglymatyn sada dil bilen, Jemagata düşündirdi, wagz etdi. Aýagy tesbili, eli tesbili, Ýadamany, ýaltanmany bilmedi. Yslamyñ ugrunda halallyk üçin, Gijesini gündiz edip ylgady. Nura aýak bitip, dil açan wagty, Gözli atañ ýene bir ogly boldy. Hezreti Omaryñ sarpasyn saklap, Omar diýip at goýdular duşuryp. Omaryñ yzyndan ýene bir ogul, Dünýä indi üç ýyl geçip aradan. "Nähili at goýsak?" diýip ýüzlendi Gözli ata gutlap gelen märekä. "Pygamberleñ yzyn götersin" diýip, Ybraýym dakdylar onuñ adyna. Üç ogully bolan Gözli atamyz, Eýe boldy indi "öwlat" adyna. Aksuluw gelniñem adyny indi, Ýerli ilat Aksil diýip tutýardy. Olam ýadap-ýaltanmany bilmezden, Dertli hassalara kömek edýärdi. Üç oguldan soñra dünýä indiler, Ýene-de iki gyz, ikisem eziz. Olañ ulusynyñ ady Akbibi, Beýlekisi gözel görkli Aýsuluw. Şeýdip dowam etdi bulañ durmuşy, Agzybir ýaşady, bitindi başy. Gözli ata din ýoluny ýöredýär, Aksil ene il derdine em edýär. Ogullar ulaldy, gyzlar ýetişdi. Ogullarny öýli-işikli etdi. Gyzlarny çykardy, abraý gazandy, Her haýsy bir öýüñ eýesi boldy. Agtyk gördi nesiline guwandy, Il-günüñ sylaýan adamsy boldy. Şeýdip Gözli ata 110-a bardy, Aksil ene 80 ýaşa ser urdy. 60 ýyllap bile ýaşan döwründe, Kän wakalar geçdi bulañ başyndan. Bulañ rowaýata öwrülen ömri, Hem agzybir ýaşan 60 ýyl döwri. Hakyndaky rowaýatlañ käbirin, Okyjym, geljekfe men gürrüñ birin. ■ PEDER PENDI Gözli ata ogullarny ugradýar, Bir iş bilen üçüsibem birbada. Olaryñ aklyny hem paýhasyny, Barlap görmek üçin geler arada, Olaryñ geläýjek ýoluny peýläp, Çuw ýalañaç ýatyberýär güneýläp. Görüp kakasynyñ bolup ýatyşyn, Beýlesine bakyp gülen Ybraýym. Omar gelip, onuñ bolşuny görüp, Ýapyşdyran onuñ üstüni gaýym. Nury gelip bolan ýagdaýy görüp, Hem kakasyn alyp içerik salyp, Bu wakanyñ sebäbini sorapdyr, Gözli ata ogullarna ýüzlenip, Hersiniñ bu günki eden işine, Özüçeräk şeýle baha beripdir. "Nurym, seniñ akyl-huşuñ goýalyp, Ylymdanam kemsiz paýyñy aldyñ. Geljekde eý oglum, señ neberäñden, Ýetişer her ýerde dürli pähimdar. Biziñ yzymyzy dowam etdirjek, "Gaýtarmyş" at aljak är sizden dörär. Seniñ nesliñ görelde bor köplere, Neberäñiz ýaýrar gider köp ýere. Omarym, seniñ-ä sowadyñ kemräk, Onuñam üstüni ýetirmek gerek. Agañdan nusga al, maslahat sora, Seniñem neberäñ ýaýrar köp ýere. Batyr, pälwan, molla-işan kişiler, Köp bor oglum seniñ nesilleriñde. Aýdymçy, sazanda, şahyr-da dörär, Daýhanyñ bir çigdi müñ bolup gögär. Diliñizi erbet gybatdan saklañ, Yslamyñ ýoluny üýtgetmän haklañ. Ybraýymym, heniz başyñ ýaş seniñ, Gedemlikden saklan, wesýetim meniñ. Seniñ nesilleriñ geljegi aýry, Ýaşar oglum, agalaryñ neslinden. Agalaryñ nesli örñäp, köpelip, Olaryñ bir ujy has gaýra gider. Señ nesilleñ örñese-de, eý oglum, Olardan bölünip has aýra gider". Şeýdip ogullarnyñ geljegini hem, Öñünden kesgitläp bilipdir ata. Onsoñ neneñ oña "öwlat" diýmejek, Aýdany bolup dur ýazlan dek hata. Nur atadyr, Omar atanyñ nesli, Eziz diýarymda bar hemme ýerde. Emma Ybak atañ nebereleri, Aýry ýaşaýarlar dagdan ilerde. Gözli atañ wesýetleri haklanyp, Onuñ aýdan sargydyny edýärler. Nur atalar märekede ýolbaşçy, Omar atalar-da hyzmat edýärler. Ulusy uly dek, kiçi kiçi dek Bir-biregiñ sarpasyny tutýarlar. Her ýyl hatyralap hatyra güni, Ony ýatlap aýat-töwir edýärler. ■ JEMLEME Gözli ata ýaşan uzak ömründe, Döredipdir ençe-ençe gazaly. Halypasy Hoja Ahmet Ýasawyñ, Gazallary ýaly olañ özeni. Şygyr ummanynda Gözli atamyz, Iki tahallusda gazal ýazypdyr. Olañ biri Hasan Aşyky bolsa, Ikinjisi Gul Gedaýy bolupdyr. Onuñ gazallary asyrdan-asra, Dilden-dile geçip bize gelipdir. Jähr çekilende üýşende millet, Ýasawynyñ gazallary ýañlanan. Ýasawydan soñra onuñ şägirdi, Gul Gedaýyñ gazallary diñlenen. Yşk hakynda, söýgi hakda ýazanda, Hasan Aşyky diýip tanadan özün. Waspyny ýetirip mukaddes söýgiñ, Şeýle tahallusda jemläpdir sözün: Adym Hasan Pygamberleñ nesli men, Yşkdan başga mukaddes zat islemen. Hasan Aşyky men, Haka aşyk men, Şygyr ummanynda gaýnap joşup men. Söze-de, saza-da goýýaryn sarpa, Adym ýatdan çykmaz arkama-arka. Nesillerim dowam eder yzymy, Ýetirerler pikirlermiñ yzyny". Diýip geljegine umytly garan, Gözli atañ neberesi giñ ýaýran. Olardan döräpdir söz ussatlary, Geçmişden-geljege dolan atlary. Belli bolup şu günlere ýetipdir, Onuñ aýdanlary dowam edipdir. Öwmäge mynasyp eden işleri, Goý, olaryñ aman bolsun başlary. Rowaç bolsun olañ tutan ýollary, Wasp edýärin menem bu gün olary. Özümem atalañ şu günki nesli, Gezen ýerlerimde ýylyñ dört pasly, Atalañ taryhyn öwrenip gelýän, Atalar hakynda kän zady bilýän, Gojalaryñ beren gürrüñin diñläp, Olaryñ baryny bir ýere jemläp, Ile ýetirmegi edinip maksat, Hyjuwdan dolanda bu gün bu gursak, Okyjym, men saña ýetirýän şuny, Senem okap çykararsyñ bir many. Meniñ zähmetime baha berersiñ, Hem-de öz aslyñ göz ýetirersiñ. Eger-de özüñde atalar hakda, Maglumatyñ bolsa habar berersiñ. Belki-de geljekde üstün ýetirip, Täzeden işlämde men bu eseri, Seniñ maglumatyñ goldaw bir maña, Minnetdarlyk aýdýan öñünden saña. Jemlemekçi şu nokatda kyssany, "Abat bolsun ýurdumyzyñ asmany". Diýen arzuw bilen hoşlaşýan indi, Häzirlikçe sözüm tamama geldi. ___________________________________ *Şir Kebir - Gözli atanyñ döwürdeşi. © Myrat GOŞAÝEW. | |
|
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |