16:30 Haýma ene | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -3:
Zenan şahsyýetler
▶ HAÝMA ENE Gelip çykyşy boýunça Horezmşalar nesilşalygynyñ melikesi Haýma ene ("Döwlet ene" hem diýlipdir) Osmanly türkmen döwletiniñ binýadyny tutan merdana türkmen begi Ärtogrul Gazynyñ ejesidir. 150 bölümlik "Direliş. Ärtogrul" teleserialynda obrazy türk aktrisasy Hülýa Darjan tarapyndan janlandyrylan gahryman ene Haýma hatyn kim bolupdyr? Haçan we nirede ýogalypdyr? Haýma enäniñ guburynyñ üstüne kim kümmet galdyrypdyr? Geliñ, alty asyrlyk gojaman çynaryñ düýp enesi bolan osmanly türkmen zenanynyñ gahrymançylykly ömür ýoluna gysgaça ser salalyñ. • Haýma ene kim bolupdyr? Ady taryhy çeşmelerde Süleýmanşanyñ aýaly, Ärtogrul Gazynyñ ejesi, Osmanly türkmen döwletiniñ ilkinji hökümdary Osman Gazynyñ-da enesi diýip agzalýan Haýma ene ýaşan döwrüniñ agyr kynçylyklaryny, nijeme muşakgatlary başdan geçimeli bolupdyr. Haýma - osmanly türkmen dilinde çadyr diýmekligi añladýar. Şoña görä hem Haýma ene - "çadyr enesi", ýa-da "otag enesi" diýmekdir. Döwlet ene diýilmeginiñ manysy-da şundan gelip çykýar. Adamsy Süleýmanşanyñ Ýewfrat derýasynda gark bolup ýogalandan soñ gaýy tiresiniñ başyna geçen Haýma ene seljukly türkmen soltany Alaeddin Keýkubadyñ gözükdirmesi bilen ilki Ankaranyñ Garajadag diýen ýerinde, soñra Söwütdir Domaniçde goş ýazdyrypdyr. Gaýy obasynyñ begi Ärtogrul Gazy bolsa-da, Haýma enäniñ sözi ýerde ýatmandyr. Onuñ aýdany-aýdan, diýeni-diýen ýerinde bolupdyr. Gahryman ene Ärtogrul Gazyny öwüt-nesihatlarydyr başdan geçiren durmuş tejribeleri bilen diýseñ gowy terbiýeläp ýetişdiripdir. Diñe Ärtogrul beg däl, töweregindäki goñşy türkmen obalarynyñ begleri-de başlaryna iş düşse Haýma enäniñ gapysyny kakypdyrlar. Sebäbi ol Süleýmanşanyñ başdaş aýalydy. Türkmen begleri köpi gören merdana aýalyñ berýän maslahatlaryna eýermegi özlerine kiçilik bilmezdiler. Şonuñ üçin taryhçylar Haýma enä göýä bir dana filosof hökmünde garaýarlar. Haýma enäniñ gyzyla gaplaýmaly dogaýy öwütleri il-günüñ ykbalyna jogapkärçilik çekýän ýolbaşçylar üçin häli-häzirlerem güýjüni gaçyrman gelýär. Ol Osmanly imperiýasyny esaslandyryjy Osman Gazyny hem hut özi terbiýeläp ýetişdiripdir. Ýaýlalardaky arça agajynyñ ýognas şahalarynda sallançak gurap, Osmany üwräpdir. Onuñ ýaşan ýerindäki "Beşik arçasy" ("Sallançak arçasy") häzir Domaniç etrabynyñ Domur obasyndadyr. Nijeme haý-haýly ýyllary başdan geçiren arça hamala ömrüni tamamlan Osmanly imperiýasy bilen ykbaldaş ýaly bir gapdala agdarylyp, jansyz "jeset" ýatyr... • Haýma enäniñ ölümi we kümmeti Göreşlerden doly ömür sürüp mazaly garran Haýma ene bir gezek ýaýladan dolanyp gelýärkä ýarawsyzlyk tapynyp aradan çykýar. Onuñ çeken abyrsyz zähmeti we ýadawsyz göreşi barada söhbet açýan ýazuw çeşmeleri azam bolsa, Osmanly döwletiniñ döremegindäki hyzmaty ummasyzdygy görnüp duran zat. Ärtogrul Gazy ejesini Çarşenbe obasynyñ bir çetindäki depäniñ üstünde jaýlaýar. Ärtogrul beg her ýyl Çarşenbe obasyna gelip, çadyr gurupdyr, ejesiniñ mazaryna zyýarat edipdir. 1892-nji ýylda Soltan Abdylhamyt II Haýma enäniñ üstüne häzirki kümmeti saldyrypdyr. Haýma enäniñ kümmeti häzir Domaniçiñ Çarşenbe obasynda ýerleşýär. __________________________________ * Giñişleýin maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/dowletin_enesi_hayme_ene/2019-10-18-8646 @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||