HOW ENE HAKYKATY
Günbatarda ylym we tehnikanyň ösmegi bilen günbatar medeniýetiniň mirasy beýleki ähli halklara täsir edendir. Din, ilkinji ynsan, aýalyň omy ýaly birgiden meselelere günbataryň dini we ynanç-ygtykatynyň esasy çeşmesi bolan Mukaddes kitaba (Towrat, Zebur we Injiliň jemi) görä baha berlipdir. Biz bu ýazgymyzda dürli sebäpler bilen adamzadyň ilkinji enesi bolan How ene hakyndaky Gurhanyň garaýşyny size ýetirmegi makul bildik. Bu meselede asyl maksadymyz bir dini beýlekisinden has beýgeltmek ýa-da kiçeltmek däldir. Aslyýetinde beýik we belent bolan hakykatlar hemişe beýik we belentdir. Asyl mesele häzirki günlerimizde nesillerimize dogry bolan hakykatlary ýetirmekdir.
Kitaby Mukaddesiň Tekwin babynda Allanyň Adam ata we How enä bir agajyň miwesini gadagan edenligi, ýöne has soňra ýylanyň How enäni, How enäniň bolsa Adam atany aldandygy aňladylýar. Allatagalanyň ýazgarmagy sebäpli, Adam ata How enäni günäkärleýär. Ol: «Ýanyma iberilen şol aýal meni aldap, agajyň miwesinden berdi, menem iýdim» diýýär. Allatagala bolsa
How enä şeýle ýüzlenýär: «Azabyny we göwreliligini artykmajy bilen köpeltjekdirin, güýçli agyry we sanjy bilen çaga dograrsyň, sen äriňe bagly bolarsyň we ol seniň hojaýynyň bolar.» Adam ata bolsa: «Aýalyň sözüni diňläniň we ondan iýme diýip buýran agajymyň miwesinden iýendigiň üçin toprak seniň ýüzüňden lagnata galdy, mundan beýläk ömrüň dowamynda ondan diňe zähmet we azap çekip iýersiň» diýýär.
Gurhanda bolsa hadysa şeýle düşündirilmeýär. Gurhany kerim gadagan agaçdan datmak günäsini Adam ata degişli aňladýar (Bakara, 37). Hatda How enäni şol günä işe itekleýäniň Adam atadygy nygtalýar (Taha, 117-120). Bu ýagdaý degişli aýatlardan How enäniň şol bir günäni edenligi mälim bolýar (Taha, 121). Şonuň üçin bilelikde toba edýärler (Araf, 19-23). Galyberse-de, yslam «ilkinji günä» ýaly bir günäni aýala ýöňkemeýär, şol sebäpli ony ýazgarmaýar we adamzady jennetden ýere inderen bir sebäp hökmünde hem görmeýär.
How enäniň aldawçy we mekir suratlandyrylyşy asyrlaryň dowamynda aýal hakynda ýalňyş pikirleriň döremegine täsir edendir. Şol sebäpli, köplenç, aýala ynanylmaýar we pes derejedäki bir barlyk hökmünde seredilýär. Hatda aýalyň aýbaşy haly, göwreli bolmagy we çaga dogurmagy onuň eden günäsiniň ebedi jezasy hökmünde kabul edilipdir.
Adamzady jennetden kowduran How ene düşünjesi aýaly tutuş adamzadyň günälerinde jogapkär hasaplapdyr. Çünki ilkinji günä How enäniň sebäp bolup, Adam ata bilen birlikde eden günäsi, nesilden nesle geçýär we her doglan çaga bu günä bilen dünýä inýär. Isa Mesih hem, bu günäni ýuwmak üçin özüni gurban edýär. Şol sebäpli How ene, ýagny, aýal Isa aleýhissalamyň ölümine hem jogapkär görülýär.
Geliň, indi bolsa Gurhanyň aýala goýýan hormatyna we berýän bahasyna göz aýlalyň.
«Ynanan erkekler bilen aýallar biri-birleriniň welisi, ýagny hossary, dost-ýarydyr. Olar ýagşylygy emir eder, erbetlikden sägindirer, namaz okar, zekat berer, Alla we onuň resulyna tagat kylarlar. Ynha, olara Alla rähmet eder, Alla, elbetde, ezizdir we häkimdir, ýagny, her bir zady hikmet bilen ýaradandyr» (Toba,71).
«Erkek ýa-da aýallardan her biri ýürekden ynanyp, ýagşy bir iş etse, oňa iň gözel bir durmuşy bagş ederis we oňy iň ajaýyp görnüşde sylaglarys» (Nahl, 97).
Hawa, bu barada ençeme aýat getirmek mümkin. Jemläp aýtsak, Gurhan erkek bilen aýaly biri-birinden tapawutlandyrmaýar. Aýaly hiç wagt şeýtanyň adamlary aldamak üçin bir serişdesi hökmünde görmeýär. Aýalyň wezipesi diňe çaga dogurmak däldir. Aýal hem erkekler ýaly salyh amal etmek bilen jogapkärdir. Gurhan aýallaryň hemmesiniň namysyny goramanlygy ýaly meseleden söz açmaýar. Gaýta, tersine, Paragunyň aýaly we Bibi Merýem ýaly ençeme aýalyň namysyny goraýandygyny buýsanmak bilen aňladýar.
Hawa, gyz-oglan çagasynyň tapawudy, aýalyň bilim-terbiýesi, şaýatlygy, kasam edişi, şertnama baglaşmagy, mülk edinme hukugy, nika-talak haky, enelik sypaty, miras hukugy ýaly ençeme meselede yslamyň aýala berýän hak-hukuklary häzirki günlerimizde bütin dünýäde täzeden şöhlelenip başlandy. Ylymlar ösdügiçe, yslamyň aýala goýýan hormaty we berýän bahasy, gün geçdigiçe, has aýdyň görünýär.
Pedagogika we edep-terbiýe