22:23 Hüjüme uçran Salman Rüşdiniñ "Şeýtan aýatlary" kitabynyñ satuwy artdy | |
HÜJÜME UÇRAN SALMAN RÜŞDINIÑ "ŞEÝTAN AÝATLARY" KITABYNYÑ SATUWY ARTDY
Edebiýat täzelikleri
Ýazyjynyñ eserleri onuñ pyçaklananyndan birnäçe gün geçensoñ, iñ köp satyn alynan kitaplaryñ sanawynyñ başyny çekýär. Salman Rüşdiniñ anna güni ABŞ-nyñ Nýu-Ýork ştatynda wagşylarça pyçaklanmagynyñ yzysüre ýazyjynyñ eserlerine bolan gyzyklanma täzeden artdy we "Şeýtan aýatlary" romany iñ köp satyn alynan kitaplaryñ sanawynda öñdäki orunlary eýeleýär. "Jadyly realizm" žanryndaky romanyñ jiltsiz neşiri "Amazon" kitap dükanynyñ biziñ döwrümiziñ çeper edebiýaty sanawynyñ birinji ornuna, senzura we syýasat kategoriýasynda ikinji orna ýerpeşdi we duşenbe güni elektron-söwda saýtynda iñ köp satylan 18-nji kitap boldy. Kitabyñ "Kindle e-kitap" wersiýasy-da ýokary satuw görkezijilerine ýetip, çeper edebiýat, senzura we syýasat ýaly birnäçe kategoriýada birinji orna göterildi. Kindle e-kitaby "Amazonyñ" iñ köp satyn alynanlar sanawynda 23-nji orny eýeledi. Rüşdiniñ beýleki eserlerine-de gyzyklanmaýar artýar. Onuñ "Gije ýarymynyñ çagalary" romany döwürdeş edebiýat we çeper eserler sanawynda 10-njy orna süýşdi. Ömrüniñ polisiýanyñ goragy astynda geçen on ýylyny gürrüñ berýän "Jozef Anton" (2012) kitabynyñ neşiri "dini takatsyzlyk we zulum" sanawynda birinji dörtlüge düşdi. "Şeýtan aýatlary" romanynyñ üstünde 1988-nji ýylda neşir edilen gününden bäri Hezreti Muhammedi (s.a.w) janlandyrma formasy sebäpli birgiden jedellere ýol açypdy. Eýranyñ öñki ulamasy Aýatolla Homeýni 1989-njy ýylda Rüşdi boýunça ölüm fetwasyny çykaryp, ýazyjynyñ kellesini alana 3 million dollar baýrak hem goýupdy. "Amazonyñ" iñ köp satylan kitaplarynyñ sanawy her sagatda seljerilýär. Hepdäniñ ahyrynda seljerilen sanawlar satuwyñ ýagdaýyny gutarnykly görkezer. Nýu-Ýorkuñ "Strand" neşirýat öýüniñ işgärleri-de Rüşdiniñ eserlerine bolan gyzyklanmalaryñ we satuwlaryñ çakdanaşa artandygyny mälim etdi. Neşirýat öýüniñ başlygy Katýa Silwernaýl AFP-ä beren beýanatynda "Dogrusyny aýtmaly bolsa, düýn bärik bolup geçenler boýunça näme diýilýändigini gürleşmek üçib gelýärler diýip pikir edýärin" diýdi. Rüşdi on ýyla golaý wagtyny britaniýaly howpsuzlyk güýçleriniñ goragy astynda geçirdi. Ýaponiýaly terjimeçi 1991-nji ýylda häzirem üsti açylmadyk agyr jenaýatda pyçaklanyp öldürildi. Norwegiýaly bir neşirýatçy 1993-nji ýylda öýüniñ öñünde birnäçe gezek atyldy, hernä "çöregi bitin eken", ölmän galdy. Rüşdi anna güni Nýu-Ýorkuñ günbataryndaky Chautauqua institutynda çykyş edip durka 10 gezek dagy pyçaklandy. Ýazyjyñ menežeri Andrew Wylie "New York Times" gazetine beren interwýusynda Rüşdiniñ howa ulagy bilen hassahana ýerleşdirilendigini, onuñ golunyñ damarlarynyñ ýolunandygyny, bagrynyñ deşilendigini, şeýle-de bir gözünden jyda düşmeginiñ ahmaldygyny aýtdy. Ýazyjynyñ Zafar ýekşenbe güni beren beýanatynda kakasynyñ dem alyş enjamlarynyñ astyndan aýrylandygyny, gürläp bilýändigini, muña garamazdan onuñ ýagdaýynyñ öwerlik däldigini aýtdy. Agyr jenaýaty amala aşyrmakda aýyplanyp, garşysyna iş gozgalan nýu-jersili Hadi Mataryñ hüjümden öñ internet arkaly Eýranyñ "Rewolýusion gwardiýaçylary" bilen habarlaşandygy aýdyldy. Hadi Matar bu aýyplamalary ret etdi. Bevan HURLEY. 16.08.2022. https://www.independent.co.uk/news | |
|
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |