20:58 Ibnün Nefisden hikmetli sözler | |
IBNÜN NEFISDEN HIKMETLI SÖZLER
Sözler
Şeýtan adam oglunyň gan damarlarynda aýlanýar. Ybadatlaryň maksady köňülleri ölümli güýçlerden saplap, ebedi we belent barlyga gönükdirmekdir. Pany güýçlere baglanan köňül bilen müň ýyl namaz okasaňam, hiç hili sogap gazanyp bilmersiň. Adamlaryň bir topary ylymdan we edepden binesipdigi üçin günäkär we zalym bolýar. Alladan başga hiç kimsä eliňi serme. Akylly adam ruhuny yraz etmek üçin ylgaýar, munuň tersine hereket edeniň soňy gorpa baryp direýär. Adamlar ruhsuz bedeniň içi boş gapyrjak ýalydygyny bilýär. Beýle bolanda zowky-sapany-da, gaýgy-gussany-da, bagty-da, nägileligi-de duýup bolmaýar. Allatagala beýiklige mynasyp kimseden hiç zay gysganamaýar we mynasyp adamlara bermeli zady berýär. Adamlaryň köpüsiniň ruhany zowka we eleme aňlary çatmaýar. Ähli bar zatlar üçin bar eden bar we ol hökmany barlykdyr. Bir bilen bar, ol hemme zady bilýär. Bir seredip duran bar, ol hemme zady görýär. Iman adamy ölüme iterýär. Ylym bolsa öz janyňa kast etmäge. Ýylanmak üçin ynanmak gerek. Alym başgalardan has köp zady duýanynda ýalňyzlaşýar. Gynansak-da, adamlaryň özlerini beýgeltmek üçin iň köp ýüzlenýän zady geçmişlerini garalamak. Geçmişiň ýaralaryndan halas bolmak üçin ýadawsyz gaýrat gerek. Hudaýa gowuşmagyň iň aňsat ýoly dünýä işlerini bir ýana zyňmakdyr. Ölüm bilen birlikde jeset hem ölýär, hakyky adatdan daşary many-mazmunlar galýar we şeýdibem gowy görülýär, oňa ynanýanlar artýar. Eý bende! Içiň perişdeler we şeýtanlar bilen doly. Haýsy tarap ýeňiş gazansa, senem şo tarapa yñdarylyp gidersiñ. Adatlary bozan adatdan daşary netijeleri gazanar. Gaýyby, bilinmeýän zatlary diňe Alla bilýär. Pany dünýäniň durmuşy oýundan we güýmenjeden ybaratdyr. Ünsli bol. Jemgyýetiň başy bolan hatybyň, ymamyň we beýlekileriň maksady Haka bakan bolmanam biler. Bu ýagdaý olar ýaly adamlardan daşda durmak üçin ýeterlik sebäpdir. Dünýädäki her zerrejigiň içinde iki gapma-garşy element bar. Göwün bolsady ekmekden hiç wagt el çekmeýär. Seniň diniň diliňdäki däl-de, kalbyňdaky we durmuşyňdakydyr. Adamlara we aýratynam dünýädäkilere hal-ahwalyňy aýdyp, zeýrenip ýörme. Soňra Alla seni olaryň elinde goýar, perişan bolarsyň. Zyndanlaryň iň dary ahlagy ahlagyna gabat gelmeýän adamlar bilen bir ýerde ýaşamakdyr. Ýerini tapmak nesip meselesidir. Yslam gorkaklaryň däl-de, batyr we okgunly musulmanlaryň eginlerinde beýgelýändir. Ýagşylygyň şerti bäşdir: Çalt bolmaly, gizlin bolmaly, gözüňde beýgeldilmeli däl, yzygiderli bolmaly, ýerini tapmaly. Dil sözleýär, gulak diňleýär. Kalp sözleýär, älem-jahan diňleýär. Nämäni söýýän bolsaň, imanyňam şodur. Ownuk adamlar deňini, beýik adamlar özüni gözleýär. Zähmet çekmän baý bolanyň, kitap okaman pähimdar bolanyň, sermaýasy din bolanyň halypasy şeýtan bolar. Eger soň bir gün “käşgä...” diýmejek bolsaň, üç zady dogry saýlap-seç: işiňi, dostuňy, aýalyňy. Adamyň ahalgy gatnaşyk saklaýanlarynyň ahlagy bilen şekillenýär. Ruhy ahwalyny we mülk eýeçilik düzgünini bozýan, akyl saglygyny bulaşdyraýn islendik zat gadagan edilmeli. Jahylyýet döwründe adamlar göze görnüp duran butlara çokunýardylar. Indi samsyklaç göz öňüne getirmelere esaslanýan butlara çokunýarlar. Taryh ýagty geljek üçin göreşip, özi ýitip gidenem bolsa, adamzat üçin döş gerip orta çykanlary hiç haçanam ýatdan çykarmaýar. Dünýä hysyrdylaryna özüňi aldyrandygyň üçin Hudaýa göz ýetirme ýolundaky tagallalaryň kemelipdir. Zol jynsy gatnaşyklaryň pikirini edýän adam ahyrsoňunda magnawy gymmatlyklaryny ýitirýär, ruhunyň çuňluklarynda ýitýär we asla hakyky huzury tapyp bilmeýär. Şeýle pikirler bilen ýürekden syzylyp çykýan pähimli sesleri eşitmeýär, hakykatyň yzyndan ýöreýänler bilen bile ýöräp bilmeýär. Ömürbaky ölmän galjak bolsaň, ölmezden öň öl. Eý, hakykatlaryň ugrunda ylgaýan ýolagçy! Sen birden umydyňy ýitiräýme. Howp-hatarlary aşandan soň ýagtylyga ýetip bilersiň. Söýýän söýülýänä tarap gidýär we ýakynlaşýar. Adamyňam, ýylanyňam agzyndaky tüýküligi özüne zyýansyz bolup, başgalara zäherdir. Ikisiniňem durmuş hakykaty olardan üzňeleşmedigem bolsa, olardan saplanmandyr. Dogrusy, Allatagala älem-jahanyň bütinligidir. Islendik pygambere we welä ýaşaýan döwründe garşy çykylýar, inkär edilýär we oňa örän az adam ynanýar. Emma bakyýete göç edenden soň onyň ady ebedileşdirilýär, adamlaryň köpüsi oňa ynanmaga başlaýar, söýmäge ýönelýärler. Ibnün NEFIS (1213-1288). Toplan we terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |