07:58 "Iliadadan" bölek: derýanyň boýundaky söweş | |
"ILIADADAN" BÖLEK: DERÝANYŇ BOÝUNDAKY SÖWEŞ
Edebiýaty öwreniş
Uzyn-uzak gurakçylykdan soň daglaryň jülgelerindäki gurap giden tokaýlara ot düşer-ä, sümme tokaýlar jaýyrdap-jaýyrdap ýanar-a, köwsarlaýan şemal ot belasyny çar tarapa sowrar-a – ine, edil şonuň ýaly Peleý ogly Ahilles hem jyn ýaly tüweleýläp, guduz açan ýaly çar tarapa okdurylyp, ýazzy beren duşmanlary naýza bilen gyr-ýapyr edýärdi. Gara zemin gyzyl gana ýuwulýardy. Ýa-da harman sowurýan daýhan tekizden tegelek döwek meýdanynda daş maňlaýly öküzleri goşlap döwek döwer-ä, aram-aram molaýan öküzleriň toýnagynyň astynda ak sümmüller owram-owram bolup, dänelerini dökerler-ä – ine, edil şonuň ýaly Ahillesiň atlarynyň toýnagy astynda duşmanyň tuwulgalary we sowutlary depgilenip ýenjilýärdi. Söweş arabasynyň okudyr tirligi at toýnaklaryndan we tekerlerden ýagyş kimin pürkülýan gana sümmülbaý ezilipdi. Emma elleri ganly merdana Peleý ogly başy ölümli bendeleriň arasynda şöhratyny hasam artmaga ymtylyp, ýene öňe dyzaýardy. Gaçyp barýan troýalylar nurana akymly Skamandr derýasyna, müdimi Zews tarapyndan ýaradylan şol kümişsow girdaply derýa ýetenlerinde, Peleý ogly olary ikä böldi: olaryň ýarysy dek düýnüň özünde kuwwatly Gektoryň aheýleri gyran-jyrana salyp kowalan ýoly bilen başly-barat gaçdylar, emma taňryça Gera olaryň öňüne garaňky duman ýollap, öňlerini gabsady. Duşmanlaryň beýleki ýarysy bolsa kümüşsow girdaply, derin akymly derýanyň kenaryna gelip dykyldylar, suwuň içine pagşyldap-pagşyldap düşdüler, uwlap-bagyryp girdabyň içinde her ýana urundylar. Otluk meýdany ýangyn gaplap alanda çetirtgeler gaçyp göge galarlar-a, bulut kimin kowçumlanyp derýänyň kenaryna gelerler-ä, ýangyn hasam golaýlanda soňly pursatda jan howluna derýanyň içine bökerler-ä – ine, edil şonuň ýaly Peleý oglundan gaçyp barýan duşmanlar howsala düşüp, atlary we esgerleri bilen birlikde derýanyň däli siline özlerini atdylar, olaryň ahy-nalasy girdabyň güwwüldisine garyşdy. Nazarkerde Ahilles şu ýerde saklanyp, äpet naýzasyny ýylgyna söýedi, özi bolsa diňe jan alguwjy gylyjy bilen ýaraglanyp, jyn kimin öňe okduryldy: ýüreginde erbet pygyl bardy. Troýalylary ýaňadandan gylyç bilen gyr-ýapyr edip başlanda daş-töweregi duşmanlaryň nalasy gurşap aldy. Olaryň ganyndan tolkunlar al öwüsdi. Ummanyň ownuk-maýda balyklary äpet läheňi görenlerinde howsala düşerler-ä, ondan heder edip hersi bir köwege gaçyp özlerini gizlärler-ä, läheň bolsa olardan tutup ýetişenini iýer, tutmadygyny goýar-a – ine, edil şonuň ýaly Ahillesiň elinden gutulan troýalylar kuwwatly derýanyň kert kenarynyň gowaklaryna duwlandylar. Olary gyrmakdan elleri ýadan gahryman Ahilles bolsa özüniň merhum dosty asylly Patroklyň ruhuna gurban bermek üçin gaçgaklaryň içinden on iki ýigidi saýlap, diriligine tutdy. Ýaş sugun ýaly gorkudan titreýän ol juwanlary suwuň içinden süýräp çykaryp, Ahilles olaryň öz sowudyndan goparyn kemerleri bilen ellerini arkalaryna mäkäm baglady. Ýesirleri gämä äkitmek üçin öz mirmidonly nökerlerine tabşyran, emma henizem duşman ganyna teşne Ahilles ýene-de olaryň kastyna düşüp, derýanyň içine bökdi. Birdenem ol tolkunlaryň içinden çykyp gelýän ýaş Likaony gördi. Ol Dardanlar neslinden bolup, Priamyň kiçi ogullarynyň biridi. Bu çagany Ahilles öňem bir gezek ýesir tutupdy. Patyşa atasynyň üzüm bagynda at arabasynyň gapdal germewini örmek üçin çybyk ýonup otyrka, bukdaklap baga giren ýyndam aýakly Ahilles ony tutup, gyk-bagyna seretmän alyp gaçypdy. Öz çalt ýüzýän gämileriniň birinde oglanjygy Patrokl bilen Lemnosa iberip satdyrypdy. Ony Ewneý patyşa satyn alypdy. Ewneýiň dosty, goja Priamyň aşnasy, Imbros patyşasy Geýetion oglanjygy köp pul berip alyp, azatlyga çykarypdy, emma sag-aman galmagy üçin uruş gidýän Troýa goýbermän, Arisbe adasyna ýaşamaga iberipdi. Emma ýetginjek basym ol ýerden gaçyp, Troýa dolanyp gelipdi. Atasynyň öýünde on bir gün dostlary bilen meýlis edipdi, emma, ine, on ikinji gün taňrylar ony ýene-de gyk-bagyna bakman Aidiň ýerasty patyşalygyna ibermegi üçin Ahillesiň eline getirip berdiler. Häzir ýetginjegiň ne başynda tuwulgasy, ne-de egninde galkany bardy, hatda elinde naýzasy hem ýokdy. Derýadan çykyp barýarka bularyň hersini bir ýana zyňyp, ölümiň öýünde kenara özüni kenara atypdy. Häzirem ýadawlykdan dyzlary saňňyldap, zordan ýöreýärdi. Ony beýle ýagdaýda gören asyldar Ahilles geň galyp, öz içinden şeýle pikir öwürdi: “Eý, taňrylar, bu meniň gözüme görünýän gudrat näme? Eger şu oglan öwrülip gelýän bolsa, meniň elimden ölen ähli troýa ogullary hem täzeden direlip, ýerasty patyşalykdan gaýdyp gelseler gerek! Lemnosa satylan ýesirleri ömürboýy yzyna getirmän saklaýan däli deňziň tolkunlary bu oglanjygy saklap bilmedimikä? Hany bakaly, goý bu gezek ol meniň näýzamyň neşderini dadyp görsün. Ondan soň iň gerçek ärleri hem goýbermän saklaýan zeminiň goýnundan gaýdyp gelermi ýa ýokmy – şony bilesim gelýär”. Ahilles şulary pikirlenip, garaşyp duruberdi. Gorkudan ýarym öli, ýarym diri bolup gelýän Likaon ýakynlap gelýän gara täleýden we ölümden sypsa razydy, ol munuň üçin Peleý oglunyň aýaklaryny gujaklamaga taýyndy. Ýyndam aýakly Ahilles uzyn naýzasyny oglanyň üstüne inderende Likaon ylgap gelip, onuň öňünde dyza çökmäge ýetişdi. Ýetginjegiň arka ýanyndan şuwlap sowa geçen naýzanyň ynsan ganyna teşne neşderi zarňyldap ýere çümdi. Bir eli bilen janhowluna Ahilliň dyzyny gujaklap, beýlekisi bilen naýza çyr-çytyr ýapyşyp, goýbermän saklap oturyşyna ýetjinjek oňa ýalbaryp bir söz diýdi: “Dyzyňy gujaklap ýalbarýaryn, Ahilles, rehim et! Ýadyňa sal, atamyň üzüm bagyndan tutup getiren günüňde sen maňa öz çadyryňda duz-çörek beripdiň, bile duz iýeniň janyna gyýylarmy? Soňra meni atamdan we dostlarymdan jyda düşürip, Lemnosa äkidip satdyrdyň: men saňa ýüz öküziň bahasyny gazandyrdym. Häzir meni goýberseň, onuň üç esse zyýadyny alardyň! Ýesirlikde şunça jepa çekip, Troýa gelenime ýaňy on iki gün bolanda, şum täleýim meni ýene seniň elleriňe berdi. Ýaňadandan seniň eliňe berýän bolsa, megerem, men ýaradan Zewse şeýle ýigrenji bolarly. Enem Laofoýa meni ömrüzaýa edip dogrupdyr. Ol goja Altyň gyzydyr, Satnion derýasynyň boýundaky beýik galaly Pedas şährinde edermen leleg iliniň üstünden şalyk sürýän Alt patyşanyň gyzy. Onuň gyzy, Dardan oglunyň aýallarynyň biri enem şa Priama iki perzent dogurdy, indi ikimizi hem sen öldürýärsiň! Biziň ordamyzyň öň sapynda söweş eden doganym asyldar Polidoryň sen eýýäm naýza bilen janyny aldyň, indi şol täleý meniňem başyma geldi! Bilýärin, taňrylar şuny islän bolsa, inde eliňden gutulmaryn. Her niçigem bolsa men öz sözümi aýdaýyn, sen hem bir düşün: seniň asyldar, ýürekdeş dostuňy öldüren Gektor meniň süýtdeşim däl, onuň öjüni menden çykarma ahyryn!” Ine, şa Priamyň şahana ogly Likaon edermen Ahillese şeýle sözler bilen ýüz tutdy, emma ondan buz ýaly sowuk şu jogaby eşitdi: “Sen maňa töleg barada näme samahyllaýarsyň, eý akly çaşan! Heniz Patrokl ýagty jahanyň lezzetini görýärkä, Troýanyň ogullaryna merhemet etmek maňa-da hoş ýakýardy: sizi diri tutup, pula satyp, töleg baryny aldym. Emma indi siziň hiç biriňize rehim ýokdur! Troýanyň şu diwarlarynyň eteginde taňry siziň haýsyňyzy meniň elime berse, diri galjagyňyz bolmaz. Ölüm size, ölüm, troýalylar! Gäberiň! Aýratynam Priamyň ogullary, siziňki indi diňe ölümdir! Howa, şeýle, ezizim, senem ölmeli bolarsyň. Ýogsa-da, sen näme beýle eňreýärsiň? Senden ýüz esse zyýada Patrokl ölmedimi näme, onsoň sen kimmişiň? Meniň özüme-de bir seret, nähilidigimi görýärmiň? Şeýle nazarkerde sypatym bar, patyşa atam bar, taňryça enem bar. Emma şonda-da täleýiň elinden gutulmak ýok. Ölüm bir gün maňa-da geler: ertir geler, öýlän geler, agşam geler, garaz, geler. Iru-giç söweşleriň birinde duşman ýa naýza bilen, ýa peýkam bilen meniňem janymy alar...” Bu sözlerden soň Likaonyň dirilikden tamasy üzülip, eňki gitdi. Naýzany goýberip, ellerini ysgynsyz sallap, dyzyna çöküp oturdy. Ahilles gylyjyny sogrup alyp, ony ýesir oglanyň ýaýjyk süňküniň edil ýokarsyndan saplady: tä dessesine çenli çümen gylyjyň iki ýüzli tygy göwräniň uzaboýuna, iç goşuna çenli gitdi. Likaon ganyny saçalap ýüzin ýykyldy, ak ýüzi gara palçyga garyldy. Zemin gyzyl gana boýaldy. Ahilles merhumyň injiginden tutup, başyndan aýlap, derýanyň içine zyňdy-da, oňa gyjyt berip, güle-güle şeýle diýdi: “Ýat şol ýerde balyklar bilen! Ýaraňdaky gany balyklar hezil edip ýalasynlar! Seniň jesediňi eneň tabytda goýup aglamaz, seniň maslygyňy däli derýa äkidip, ummanyň düýbüne taşlar. Ummanyň balyklary üýşüp gelip, gara tolkunlaryň goýnunda şazadanyň ak bedenini çekelärler. Ine, şeýdip, tä galaňyz ýumrulýança siz gyrlarsyňyz, troýalylar! Siz gaçyp gyrlarsyňyz, men kowup gyraryn! Nurana akymly Skamandr derýasynyň kuwwatly tolkunlary hem sizi halas edip bilmez. Siz san-sajaksyz gäwmişleri derýa sadaka beriberiň, bozduman aýakly bedewleri derýanyň içine diri-diri kowup, gurban ediberiň, peýdasy näme? Baryňyz meniň elimden zabun ölüme duçar bolarsyňyz! Dostum Patroklyň ölümi üçin meniň bilen haklaşarsyňyz! Meniň ýoklugymda gara gämileriň ýanynda niçeme aheý ogullaryny paýhyn edeniňiz üçinem haklaşarsyňyz!” Onuň bu sözlerine gahary gelen Skamandr derýasy oý-pikir bilen tolkunyp başlady: Peleýiň telbe oglunyň nädip öňüne geçmeli, troýalylary bu beladan nädip halas etmeli? Şol arada Ahilles derýadan çykyş barýan Pelegon ogly Asteropeýi öldürmek üçin uzyn naýzasyny häzirläp, oňa bakan okduryldy. Bu pälwansypat ýigit giň akymly Aksiý derýasynyň Akessamen gyzy Periboýadan bolan neslindendi. Kenara aýak basandan soň Asteropeý her elinde bir naýzany bulaýlap, haýbat bilen Ahillesiň garşysyna çykdy. Skamandryň nurana akymlarynda negözel juwan ýigitlere aman bermän öldüreni üçin Ahillese gahar edýän derýa peonly serdaryň ruhuny oňa garşy öjükdiripdi. Ilki bolup ýyndam aýakly Ahilles Asteropeýe hemle urdy: “Eý, garşyma çykmaga het eden başy ölümli bende, sen kimlerden bolarsyň? Meniň garşyma diňe betbagtlaryň çagasy çykýandyr, kim şol betbagtlar?” Muňa Pelegonlaryň jeňbaz ogly jogap berdi: “Eý, Peleýleriň goçak ogly! Meniň aslymy sorap nätjek? Men mes toprakly alys Peoniýa ýurdundan geldim. Äpet naýzaly peonlaryň serdary men. Priam şanyň ýurduna gelenime on iki gün boldy. Meniň nesilbaşym – giň akymly Aksiý derýasy. Zeminiň gözel goýnuny gandyrýan sahawatly derýa. Ol Pelegony dünýä beripdir, şol naýzabazdan hem men örňäpdirin. Hany, indi döwüşeli, Ahilles!” Ol şeýle diýensoň ýyndam aýakly Ahilles özüniň peliýa dagdanyndan ýasalan naýzasyny duşmanyň üstüne goýbermek üçin salgany şoldy welin, Pelegonlaryň ogly ondan öňürdip, goşa naýzasyny onuň üstüne birden goýberdi: ol iki elini hem deň ulanýardy. Naýzalaryň biri gelip Ahillesiň galkanyna uruldy. Naýzanyň mis neşderi taňrylaryň peşgeşi bolan keramatly galkanyň altyn gaşyndan geçip bilmän, şol ýerde galdy. Beýleki naýza Ahilliň sag tirsegine gyltyz degip, gara ganyny çüwdürse-de, artyk zeper ýetirmedi. Gahrymanyň ganyna teşne naýza neşderi ahmyr bilen zarňyldap zemine çümdi. Şondan soňra Ahilles hem özüniň dagdan naýzasyny Asteropeýe gönüläp, bat bilen zyňdy. Emma duşmandan sowa geçen naýza derýanyň kert kenaryna degip, deň ýarysyna çenli topraga çümdi. Onsoň Peleýiň ogly gylyjyny gynyndan çykaryp, öňe okduryldy. Asteropeý Ahillesiň ýere çümen naýzasyny sogrup almak üçin oňa ýapyşyp, elleri ap-ak bolýança dyzady. Üç synanyşygy başa barmandan soň ol Ahilles gelýänçä naýzany egreldip döwmekçi boldy. Emma bu gezek ol naýza elini ýetirmänkä ýetişip gelen Ahilles gylyjyny salyp, onuň gedem ruhuny jisminden jyda kyldy. Pelegon oglunyň göbeginiň golaýyndan giren gylyç onuň garnyny ýaryp, iç goşlaryny ýere döküpdi. Hyrryldap ýatan Asteropeýiň göreçlerini basym garaňkylyk gaplady. Peleý ogly onuň döşüne aýagyny diräp, zerbap sowutlaryny sypyryp alýarka, oňa gyjyt berip, güle-güle şeýle diýdi: “Ýat indi topraga garylyp! Beýik derýadan döräniň bilen sen gudraty güýçli Zewsiň ogullary bilen meýdana çykyşarmyň? Sen giň akymly derýadan döräniňe buýsansaň, men ähli yns-jynsa emr ediji Zewsden döränime buýsanýaryn! Men Eakyň neberesinden mirmidonlaryň hökümdar patyşasy gahryman Peleýden örňedim, Eak bolsa Zewsden örňän. Zews deňze guýýan kuwwatly derýalaryň ählisinden güýçli bolsa, Zewsiň nesilleri hem ähli derýalaryň nesillerinden güýçlidir! Ine, seniň ýanyňda – kuwwatly derýa! Goý, ol saňa kömek etmäge synanyşsyn! Emma Zews bilen kim güýç synanyşyp biler? Derýalaryň aýylganç kuwwatly taňrysy Aheloý hem, zemindäki ähli derýalaryň, çeşme-çaýlaryň, guýularyň gözbaşy bolan ümmülmez çal Umman hem ýyldyrym inderiji Zewse garşy çykyp bilmezler. Ol Olimpden gazaply nazaryny salanda, peýkamlary we gümmürdisi barçany titredip, amana getirýär!” Şeýle diýip, Ahilles özüniň äpet naýzasyny zeminden sogrup aldy-da, duşmanyň meýdini ony öldüren ýerinde – ýalpak kenarda taşlap girdi. Meýidiň üstünde bulanak tolkunlar oýnaýardy, onuň töwereginde mygyrdaşýan balyklardyr leňňeçler merhumyň böwreginiň ýagyny açgözlük bilen gemirýärdiler. Ahilles bolsa gyrlyşygy dowam etdirmek üçin peonlaryň yzyndan kowup gitdi. Olaryň atly urşujylary Peleý oglunyň jan algyç goludyr eýmenç gylyjyndan heläk bolan öz serdarlaryny görenlerinde howsala düşüp, Skamandryň kenaryny syryp gaçyp barýardylar. Ýyndam aýakly Alilles olaryň yzyndan ýetip, eniýleriň serdary Fersilohy, Midony, Astipili, Fraziýi, Ofelesi we Mnesi öldürdi. Peleý ogly olaryň ýene-de köpüsiniň başyna ýetmekçidi, emma gazaba münen Skamandr öz nurana akymlarynyň düýbünden ynsan sesi bilen oňa ýüzlendi: “Eý, Ahilles! Bilýärin, güýç-kuwwatda-da, atarman-çaparmanlykda-da ölümli bendelerden kän artykmaç-zyýada sen! Taňrylar mydam seniň arkaňda! Emma Zews ähli troýalylary gyrdyrmak üçin seniň eliňe beren bolsa, iň bolmanda bu işi meniň nurana suwumda etme sen! Olary meniň suwumdan kowup çykar-da, düz meýdanda gyrgyna ber! Meniň hanam jesetden dolup, dykyn alyp barýar, indi öz suwumy deňze eltip guýmagyň ugruny tapamok. Sen bolsa adamlary ajal ýaly gyryp ýörsüň. Maňa beri ezýet etme, eý, ynsanyň piri!” Ýyndam aýakly Ahilles oňa derrew jogap gaýtardy: “Goý, seniň diýeniň bolsun, eý, Skamandr, Zewsiň ýaradany! Men troýalylary gyrmagy bes ederin. Emma haçan bu gedemleri öz galasyna eltip dykanymdan soň bes ederin! Gektor bilen darkaş gurup, güýç synanyşanymdan soň bes ederin! Şonda ýa ol meni durzar, ýa-da men ony durzaryn. Gyrlyşyk, ine, şonda bes ediler”. Şeýle diýdi-de, ol jyn ýaly tüweleýläp, ýene-de troýalylaryň üstüne eňdi. Onda derýa öz girdaby bilen güwwüldäp, taňry Apollona nalyş etdi: “Eý, Kronionyň ogly, kümüş kemanyň eýesi, sen Zewsiň emrini ýerine ýetireňokmy? Tä iňrik garalyp, zemin tümlüge bürenýänçä troýalylar bilen bolup, olary goramagy Zews saňa buýurmadymy näme?” Peleý ogly bolsa şol wagt suwda urunýan troýalylary paýhynlamak üçin kert kenardan derýanyň ortasyna böküpdi. Emma indi derýa gazaplanyp, çarp urýardy. Nurana akymlar äpet tolkuna öwrülip, Ahillesiň üstüne eňterildi. Onuň öldürip, suwuň içine taşlan münder-münder jesetlerini derýa öz düýbünden çykaryp, kenara taşlaýardy, dirileri hem öz kenarynyň gowaklarynda gizläp, burum-burum akymlary bilen penalap saklaýardy. Ahillesiň üstüne bolsa däli tolkunlar sürnüp, kowçum-kowçum eňterilýän gomlar onuň galkynyna şeýle bir urulýardy welin, ol her gezek zordan ýykylman saklanýardy. Ahyry bolmansoň ol gol-pudagyny giňden ýaýradyp ösen ýogyn we äpet bir garagajyň şahasyna ýapyşdy, emma agaç köki bilen sogrulyp, kenary hem özi bilen opuryp gaýtdy-da, akymyň öňünde keserip, köpri ýaly bolup ýatyberdi. Ahilles onuň üstüne towsup, derýadan çykdy, ýyndam aýaklary bilen düzlük ýere ümdüzine gaçyp gutulmaga çalyşdy. Bolsa-da derýa taňrysy hem ony sypdyrarly däldi: Ahillesi togtadyp, Troýanyň ogullaryny gyrgynçylykdan halas etmek üçin ol gara gerişli äpet gomy onuň üstüne goýberdi. Emma gahryman Ahilles edil kuwwatly bürgüt kimin, perrendeler içinde iň kuwwatlysy we iň çakgany bolan al-asmanyň şol gara perli algyry kimin iki bökende naýza zyňym aralyga towsup düşdi. Döşündäki mis ýalpyldyly sowudyna berkidilen ýarag-esbaplaryň ala-şakyrdy sesi ýaňlanyp gitdi. Ahilles her tarapa towsup gaçsa-da, gara gerişli äpet gom onuň yzyndan galanokdy. Çünki başy ölümli bende näçe ýyndam bolsa-da, taňrylar ondan rüstemdir. Ahilles käte saklanyp yzyna seretmäge synanyşýardy: onuň söbügine düşenler haýsy taňrylarka? Ýa-da indi asmandakylaryň ählisi onuň kastyndamyka? Emma sähel badyny gowşatdygy Skamandryň äpet gomy onuň üstüne eňterilýärdi, eginlerine urulýardy. Peleý ogly gahardan dişini gysyp, näçe haýdasa-da, derýanyň güýji onuň aýaklarynyň ysgyn-mydaryndan artykmaçdy. Suw onuň basjak ýerindäki topragy köwüp, dabanynyň aşagynda zemini hem ýuwup-ýalmap barýardy. Ahilles ahyrsoňy belent asmana ýüz tutdy: “E-ýa, atam Zews! Taňrylaryň arasynda meni şu derýanyň belasyndan halas etjek bir merhemetlisi ýokmudy? Şundan gutulsam, başga zatdan gorkym ýok, soň näme bolsa şol bolsun! Özümem Olimpdäkileriň hiç birisinden nadyl däldirin, diňe käbäm enemden göwnüm galdy. “Sen Troýanyň diwarlarynyň eteginde Apollonyň peýkamyndan wepat bolarsyň” diýip, näme üçin taňryça enem meni aldady? Iň bolmanda Gektoryň elindenem ölmedim men! Troýalylaryň iň gerçegi bilen döwüşip ölsem, gahryman bolup dünýäden giderdim, oňa-da bu baky şöhrat bolardy. Häzir meniňki çigit ýaly at-abraýsyz ajal boldy: bir doňuz çopanynyň güýzüne joşan derýadan geçmekçi bolup, silde ölen çolugyndan parhym bolmady-la!” Ol nalyşyny gutaranda, taňry Poseýdon bilen taňryça Afina ynsan keşbinde onuň öňünde peýda boldular, golundan tutup, ikisi iki ýerden köşeşdirdier. Ilki bilen zemini titrediji Poseýdon sözledi: “Eý, merdana Peleý ogly! Hiç zatdan heder etme, hiç zady gaýdy hem etme! Zewse tabyn bolan ölmez-ýitmez taňrylardan şu ikimiz – men we, ynha, Afina Pallada – mydama seniň arkaňdadyrys! Häzir bu derýadan ýeňilmek seniň kysmatyňa ýazylan. Ol tizden köşeşer, ynha görersiň. Eger sen bize ytagat etmekçi bolsaň, biziň saňa berjek dana maslahatymyz şu: tä troýalylaryň döwi pes gelip, olaryň diri gaçanlaryny gala diwarlaryna gysjak günüňe çenli söweş-gyrlyşykdan gaça dur! Şondan soň Gektoryň janyny alyp, aramgähiňe dolanyp gel. Biz onuň bilen başa-baş döwüşde arzuwlaýan ýeňşiňi saňa bagyş ederis!” Şuny Ahillese mälim edip, ölmez-ýitmezler öz mekanlaryna döndüler. Taňrylaryň hoş habaryndan ruhlanan Peleý ogly häzir ganat baglap uçýan ýalydy. Düzlükdäki möwç urýan suw indi onuň topugyndanam däldi. Suwda bolsa ajap zynatly ýarag-esbaplar, negözel juwan jigitleriň jesetleri kowçum-komçum ýüzüp barýardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |