01:49 Işçi güýji | |
IŞÇI GÜÝJI
Publisistika
Dünýä tehnologiýanyň saýasynda barha globallaşýar, rowaçlanýan kärler üznüksiz üýtgäp dur. Bu günki meşhur we özüne çekiji kär ertir ähmiýetini ýitirýär, hatda ol käriň özem ýitip gidýär. Onuň ýerine täze kärler ýüze çykýar. Şereketi bu ösüşden yza galdyrmaýan adamlar, hatda ösüşiň başyny çekýän adamlar puldan-da, beýleki zerurlyklardan-da möhümdir. Aýal adamyň fiziki isleglerinden sosial islegleri has güýçli bolýar, ol edýän işinden lezzet almak, özüni ykrar etdirmek isleýär. Bir tarapda, bir topar adam özüni ykrar etdirmegiň aladasynda, beýleki tarapda bolsa edaralar, kärhanalar işgär ýetmezçiliginden kösenýär. Diýmek, nädip şol ukyply adamlary ýüze çykaryp bolar, nädip olardan netijeli peýdalanyp bolar? Aslynda, bu şol ukyply adamlaryň hem, şereketleriň hem yetip bilmeýän arzuwy dälmi näme?! Kärhanalaryň, şereketleriň, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň öz öñlerinde goýýan belli bir maksatlary bolýar. Olaryň işlerini dowam etdirmekleri, maksatlaryna ýetmegi başarmaklary işledýän işgärleriniň ukyplaryna, sanyna, işiň hiline görä adam saýlap almaklyga we olaryň işlediliş terzine gönüden-göni baglydyr. XIX asyra çenli adamlaryň we halklaryň esasy baýlygy toprakdy, XIX we XX asyrda bolsa pul we fabrikler öñe çykdy. Şol sebäpli-de adama ýeterlik ähmiýet berilmedi we adamlar bilen baglanyşykly edilen işler diñe olaryň atlaryny bellige almakdan ybarat bolupdy. Bu gün bolsa şereketler işçi güýjüni netijeli peýdalanmaga, işçileriň ähli zerurlyklaryny üpjün etmäge we olaryň hünärini üznüksiz ýokarlandyrmaga çalyşýarlar. Başgaça aýdylanda, kärhanalara işgär almak, olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, iş öndürijiligini artdyrmak, wezipelerini yokarlandyrmak, iş haklaryny dogry hasaplamak, işçi bilen iş berijileriň arasyndaky sazlaşygy ýola goýmak, iş şertlerini oňatlaşdyrmak we işgärleriň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly adam hukugy bilen baglanyşykly işlere hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ynanylýar. Ýogsa, edaralar öz öñde goýan maksatlaryna ýetip bilmezler. Meselem, bir okuw jaýynyň ýa-da bir uniwersitetiň mugallymlary hünärlerini ýokarlandyrmak, bilimini artdyrmak üçin edaradan maddy we ruhy goldaw görmeýän bolsa, hatda olaryň şeýle synanyşyklarynyň öňüne böwet basylýan bolsa ol okuw jaýy, ol uniwersitet nädip üstünlik gazansyn? Ýolbaşçy wezipelerde işleýänler ýőnekeý işgärlere kembaha garaýan bolsalar, olaryň pikirlerine ähmiýet bermeýän bolsalar we aralarynda ysnyşykly gatnaşyk ýola goýulmadyk bolsa, olardan önjeýli işe we üstünlige garaşmak mümkinmi? Özüniñ şol işe mynasypdygyny iş yüzünde subut eden işgärler wagtynda ýokary wezipelere çekilmeýän bolsa, üstünlikli işleýän ukyply işgärlere mynasyp baha berilmeýän bolsa, ol adamlar öz edip biljek işlerini näderejede durmuşa geçirip biler, edarasyna näderejede peýda berip biler? Şeýle hem edara öz işgärlerine saglyk hyzmatlaryny edip bilmeýän bolsa, olary hassahanalaryň uzyn nobatlarynda garaşmaga mejbur edýän bolsa, ol işgärleriň edara üçin oňyn işler etmeklerine we gerek bolsa öz wezipelerine girmeýän işleri-de edaranyň hatyrasyna etmeklerine garaşyp bolarmy? Diýmek, döwlet edarasy-da, hususy edara-da adam bilen baglanyşykly şeýle islegleri we zerurlyklary kanagatlandyrmalydyr. Eger edaralaryň, kärhanalaryň we jemgyýetleriň esasy baýlygynyň adamlardygyny we olaryň üstünlik gazanmaklarynyň adamlara baglydygyna ynanýan bolsak, adamlara we olar bilen baglanyşykly meselelere maliýe we fiziki çeşmelere berilýän ähmiýetden has köp ähmiýet bermek gerek. Çünki maliýe çeşmeleriň we fiziki çeşmelerin ýerlikli ulanylmagy we işleriň agzybir we oñat alnyp barylmagy adamlara bagly. Şonuň üçin-de häzirki döwürde iş aşaky wezipelerde işleýänlerden iň ýokary wezipede işleýänlere çenli şahsy kämilleşmeler üpjün edilmezden, işgärlere gerekli bilim berilmezden we olaryň özlerini bütinleý işe bermeklerini üpjün etmezden edara-kärhanalaryň işleriniň hilini yokarlandyrmak mümkin däl, çünki şeýle ýerlerde bitertiplik, geleñsizlik we ynjalyksyzlyk köp bolar. Eger işgärler ýolbaşçylardan nägile bolsalar, olaryň işgärlere kembaha garaýandyklaryny, işgärleriň pikirlerini äsgermezlik edýändiklerini, haýyşlaryny kanagatlandyrmaýandyklaryny aýdýan bolsalar, ýolbaşçylar bolsa işgärleriň öndümli işlemeýändiklerini, işlerini agsadýandyklaryny we işe ukypsyzdyklaryny aýdyp, zeýrenýän bolsalar, bu şol edaranyň ýa-da kärhananyň adamlar barada az alada edýändiginiň alamatydyr. Harun AWJY, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |