21:08 Jereniň degişmeleri... | |
JERENIŇ DEGIŞMELERI...
Degişmeler
Biri yssyda der basyp gelýär diýýär. Onuň gelýän köçesiniň gyrasynda kiçijik ýap akyp ýatyrmyşyn. Onsoň ýaňky yssa çydap bilmän, özüni şol suwa urupdyr. Şol pursatda, nireden çykany belli däl, bir polisiýa işgäri peýda bolýar. Ol ''Suwa düşmek gadagan'' diýen ýazgyny göreňzokmy? Näme üçin gadagan'' edilen ýerde suwa düşýärsiňiz?'' diýýär. Onda ol adam: ''Men suwa düşemok, aňyrdan akyp gelýän'' diýipdir. * * * Asmandaky ýyldyzlaryň berýän maglumatlaryna görä, baýramçylyk güni, ýagny, Täze ýyl gijesi äriniň aýalyna sowgat getirmänligi sebäpli, käbir hojalyklarda kiçijik ''çaknyşyk'' bolar diýlip çak edilýär. Şonuň üçin haýsy erkek kişi It ýylynda doglan bolsa, öýünde görünmezligi maslahat berýäris. * * * Bir adam aýalyna hiç üns berenok diýýär. Aýaly hem äriniň ünsüni çekjek bolup ýüzüne protiwogaz geýýär. Adamsy işden gelýär welin, aýaly: ''Mende näme üýtgeşiklik bar?'' diýen. Onda äri: ''Näme gaşyňy ütdüňmi?'' diýip aýalyndan sorapdyr. * * * Bir gün ýigrimi-otuz sany aýal maslahat edip: ''Şu erkeklerden bizar bolduk, geliň, gowusy, şulardan aýra ýaşap göreliň'' diýip, toplumy bilen alys bir ýerde mekan tutupdyrlar. Bir gün geçýär, bir hepde geçýär, bularyň şeýlebir içi gysýarmyş weli, näme etjeklerini bilmeýärler. Şol wagt olaryň golaýyndan bir erkek adam geçip barýarmyşyn. Ony gören aýallar derrew ol adamy tutaklap, öýlerine getiripdirler, oňa söz beripdirler. Onda ol adam: ''Erkekler bir deňiz, aýallar hem balyk. Deňziň balyksyz bolmaýşy ýaly, erkekler hem aýalsyz oňup bilenok. Şonuň üçin-de deňizsiz balyk hem ýok'' diýipdir. Şok wagt aýallaryň içinden biri: ''O näme üçin deňizsiz balyk ýok. Elbetde, bar'' diýen. Onda ol adam ''Men kakadylan balyklaryň gürrüňini edemok, janly balyklar hakynda aýdýaryn'' diýipdir. Jeren DURDYÝEWA | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |