12:40 Jokrama yssy... Şäher merkezleri dem aldyranok | |
ŞÄHER MERKEZLERI DEM ALDYRANOK. JOKRAMA YSSYLAR DÄL, BETONLAŞMALAR DOWZAHA DÖNDERÝÄR
Publisistika
Global maýlamalardan gözbaş alýan jokrama yssy howa bütin dünýäni gurşap aldy. Şäher merkezlerindäki başly-barat gurluşyklar we tokaý zolaklarynyñ azalmagy gyzgynlygy çakdanaşa derejede duýmagymyza sebäp bolýar. Hernä oba ýerler bu babatda ganymat. Synañ bir ýerini ýakmak üçin daşarda birküç sekunt durmak ýeterlik. ABŞ-nyñ Finiks şäherindäki Arizona Ýanyk merkeziniñ başlygy Kewin Foster gönüden-göni gün şöhlesini alýan asfaltyñ we betonyñ howanyñ aşa gyzan günlerde 82° ýaly ýokary gyzgynlyga ýetip bilýänini aýtdy. Şeýle gyzgynlyga ýeten ýere ýalñyşybam galtaşmak teniñi ýakyp taşlamak bilen birlikde gaty erbet netijelere ýol açyp bilýär. "Reuters"-iñ habar bermegine görä, meteorologlar şäheriñ iýul aýynda bassyr otuz günläp 43°-dan geçýän gyzgynlykdan ýaña gowrulandygyny aýtmagynyñ yzysüre bu hepde täzeden Finiksde gyzgyn howa akymynyñ gelmegine garaşylýar Ýewropada şu tomus ýokary gyzgynlyk rekord derejä ýetdi we dünýäniñ köp ýerinde gyzgyn howa akymlarynyñ awgust aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar. Şol aşa gyzgynlygy Ýewropada bolşy ýaly Türkiýede-de duýýarys. • Asfalt örtügine galtaşylanda ýanyk emele gelýär Finiksdäki jokrama yssy sebäpli lukmanlar asfalta ýa-da beton ýere düşüp, howanyñ gyzgynlygyndan ýañ gyzgyn örtüklere galtaşanlaryñ ýanygyny bejermäge başlandyklaryny we şu tomusda şeýle hadysalaryñ kök gabat gelendigini aýdýar. Tipiki taýdan has salkyn ýer gabygynyñ gyzgynlygyna eýe seýilgähler we ösümlik örtükli zolaklar howanyñ salkynlaşmagyna ýardam edýär. Ýer we ösümlik örtügi gün şöhlesini şäher jisimlerinden has gowy işläp, has az gyzgynlygy özüne kabul edip alýar. Ýer gabygynyñ gyzgynlygy daşky gurşawdaky zolagyñ näderejede maýlajagy babatda aýgytlaýjy rol oýnaýar. Ýagny aşa gyzgynlygyñ derejesi-de aslynda şäher içinde raýondan raýona üýtgeýär. • Jokrama yssy hasam beter edýär Gyzgynlygyñ akymy gelip guýýan wagtynda gün energiýasynyñ ep-esli mukdary şöhlesine uçran ýer gabygyna siñýär we daşyna serpikýär. Bulam gyzgynlygyñ belli-beter artmagyna sebäp bolýar. Şeýle gyzgyn ýer gabyklary soñabaka gyzgynlygy gurşap alýan howa geçirip, howanyñ umumy gyzgynlygyny ýokarlandyrýar. Şäher ýerlerde tipiki taýdan has az şöhle alýan we gün energiýasyny has az özüne siñdirýän beton üçek we beton trotuar ýaly örtük serişdeleri bar. Şonuñ üçin şäherlerde gyzgynlyk hemişe ýokary bolýar. Şäherler ulaldygyça ýer gabygy has köp asfaltlanýar ýa-da binalar mermer bilen örtülýär. Bulam ösümlik örtügi bilen birlikde çyglylygyñam soñuna sogan ekýär. Gök otluk meýdanlar ýa-da gumak ýerler ýaly käbir geçireññeç we çygly örtükler has az gyzgynlygy özüne sorup alýar, aslfalt ýa-da beton ýaly beýleki gurluşyk serişdeleri gün energiýasynyñ 95%-ne çenli özüne sorup bilýär we bulam soñabaka töweregindäki atmosfera ýaýylýar. • Howanyñ ýagdaýy boýunça maglumatnamalar we duýulýan gyzgynlygyñ tapawudy Termometriñ 38°C görkezýän günlerinde bu gyzgynlygy köplenç meteorologlar ýer gabygyndan bir metr ýokardaky howany ölçäp aýdýar. Emma bu gyzgynlyk asfalt ýa-da beton örtüklerde 65°C-den has ýokary gyzgynlyga ýetip we bulam deri ýanyklaryna sebäp bolup bilýär. Şol gyzgynlyk derejesiniñ tapawudyny bilmek we şikes almalaryñ öñüni almak üçin degişli işleri geçirmek gerek. • Şäher gyzgynlygyñ ojagy (городской остров тепла) Şäherleriñ gurluşyk ýagdaýy ilatyñ gyzgynlygy nähili duýjagyny kesgitleýär. Şäherlerde tebigy we geçireññeç gabyklaryñ (otluk we gumak ýerler ýaly) ýerini jaýlar we ýollar ýaly bu ýagdaýyñ düýbünden tersine bolan gurluşyklar tutýar. Bu ýagdaý klimaty öwrenijileriñ "şäher gyzgynlygynyñ ojagy" diýip atlandyran şäherlerde ýakyndaky oba ýerlere garanda ep-esli mukdarda has ýokary gyzgynlyklara uçraýan zolaklar döredýär. • Okuw jaýlary we hassahanalar gyzgynlyk ojagynyñ penjesinde Bular şol bir wagtyñ özünde adamlaryñ gür ýaşaýan ýerlerinden emele gelýär. Ýewropa bileleşiginjñ Daşky gurşaw boýunça agentliginiñ berýän habaryna görä, Ýewropada şäherlerdäki okuw jaýlarynyñ we hassahanalryñ ýarsyna golaýy şäher gyzgynlyk ojagynda ýerleşýär we klimat üýtgeşmesiniñ täsirleri ýaramazlaşdykça garawsyz galan ilatyñ saglygyna howp salýan gyzgynlyklara uçradýar. • Agşamlaryna gyzgynlygyñ tapawudy hasam ulalýar ABŞ-nyñ Daşky gurşawy goramak boýunça agentliginiñ berýän habaryna görä, bir million ýa-da ondanam köp adamyñ ýaşaýan şäherinde ýyllyk howanyñ ortaça gyzgynlygy töwregindäki zolaklardan 1-3°C -danam gyzgyn bolup biler. Açyk we ümsüm gijede gyzgynlygyñ tapawudy oba ýerlere garanda 12°C-ä ýetip bilýär. NASA-nyñ "Landsat-9" emeli hemrasy tarapyndan surata düşürilen termal gyzylañyrsy fotosuratlar ýer gabygynyñ gyzgynlygyny görkezýär. Has gyzgyn gabyklar tipiki taýdan oturymly ýerlere gabat gelen bolsa, ösümlik örtügi bilen gurşalan ýerler oña garanda sowuk. Şäherleýin gyzgynlygyñ ojagy birnäçe faktoryñ jemlenmegi bilen emele gelýär. Gök zolaklar we ösümlik örtügi ewapotranspirasiýa arkaly ýer gabygynyñ gyzgynlygyñ pese düşürilmeginde aýgytlaýjy rol oýnaýar, ösümlikler suwy daşky gurşawdaky howa goýberip, ojakdaky gyzgynlygy gowşadýar. Şeýle-de şäherleýin geometriýa öñüni alyşy gurluşyklary bilen agşamlaryna gyzgynlygy saklaýar. Gündizine alynýan aşa gyzgynlyklar şeýdip içerde galýar we gijelerine-de aşa gyzgynlyk sebäpli problema öñküligine galýar. Şol sanda şäher ýerleri tebigy ýer gabygyna garanda has köp gyzgynlygy özüne çekip alýar. Bulam gyzgynlygy hasam ýokarlandyrýar. Şular ýaly faktorlara dogry düşünip, has salkyn we ýaşamaga amatly şäherler döretmek, aşa gyzgynlygyñ döredýän "dowzahynda" dem almagy añsatlaşdyryp biler. Termal hemranyñ surata düşüren görnüşleri şäherleriñ termal profillerini ýerli peýzaža bagly ýagdaýda has gyzgyn we has salkyn gyzgynlyklaryñ ýaşalýan zolaklaryny orta goýýar. Seýilgähleriñ şäherleriñ gyzgynlygynda döredýän tapawudy şäher-gurluşyk bilen ýokary gyzgynlyklary azaltmaga ýardam edýän gök zolaklaryñ arasyndaky aýgytlaýjy sazlaşygy görkezýär. Kiçeñräk gök zolaklaram tapawut edip bilýär. Gresiýanyñ paýtagty Afinyda şäher taslamaçylary "jübi seýilgählerini" döredip, bu boýunça oñyn işleri alyp barýar. Afiny şäheriniñ munisipalitetiniñ başlygy Kostas Bakoýannis "Maksadymyz gök zolaklary döretmek, gyzgynlygyñ derejesini pese düşürmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak we şäherde täze dem alyş nokatlaryny döretmek" diýdi. "OKSIJEN" gazeti, 01.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||