17:04 Kitap okamagyñ peýdasy | |
KITAP OKAMAGYÑ PEÝDASY
Psihologiýa
1. Pikirlenişi ösdürýär. Kitap okamak pikirlenişiňe oňaýly täsir edýär. Adam okan wagty maglumatdaky aýdyljak bolýan zada düşünjek bolup, köp pikirlenýär. 2. Ýadawlygy aýyrýar. Sözleýiş diliniň ýazylyşy adamyň aňyna täsir edip, bedeni ýadawlykdan halas edýär. Aýratyn-da, fantastiki çeper eserler ýatmazdan öň okalsa, gowy netije berýär. 3. Sözlük goruny ösdürýär. Dürli žanrda ýazylan eserler okalanda gündelik durmuşda ulanylmaýan sözlere gabat gelinýär. Eger-de käbir sözler siz üçin nätanyş bolsa, onda onuň manysyny sözlükden gözläp oturmagyň zerurlygy ýokdur. Käwagt onuň manysyna okan mahalyň hem düşünip bolýandyr. Kitap okamak diňe sözlük goruňy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, sowatlylygy hem artdyrýar. 4. Ýatkeşligi gowulandyrýar. Geçirilen soňky barlaglara görä, okamak beýnini dürli kesellerden goraýar we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa ýatkeşligiň gowulanmagyna getirýär. 5. Özüňe bolan ynamlylygy artdyrýar. Okamak biziň has-da ynamly bolmagymyza ýardam edýär. Kimdir biri bilen söhbetdeş bolanymyzda nämedir bir zat baradaky pikirimizi paýlaşmak bilen, özümize bolan ynamymyzy görkezýäris. 6. Döredijilikli çemeleşmäge ýardam edýär. Käbir adamlar bir wagtda birnäçe döredijilikli pikirleri ýöretmäge ukyply bolýarlar. Beýle pikirler köp kitap okanyňda amala aşýar. Kitap okaýan halatyň birnäçe pikirleri aňyňda aýlamak mümkindir. 7. Ukyny gowulandyrýar. Eger-de her gün gije uklamazyňyzdan öň okamagy endik edinseňiz ukyňyzyň rahatlygy bilen birlikde ertirine dynç alyp oýanarsyňyz. 8. Beýniniň işjeňligini gowulandyrýar. Kitap okan mahalymyz beýan edilýän keşpleri, lybaslary, daş-töweregiň görnüşini özümizçe hyýalymyzda suratlandyrýarys. Şeýle-de esere düşünmek üçin köp zatlara aň ýetirmeli bolýarys. Şonuň üçin okamak adamda ýady we logiki yzygiderliligi ösdürýär. 9. Ünslüligi güýçlendirýär. Kitap okanyňda başga zatlara däl-de, eseriň mazmunyna üns bermeli bolýar. Şeýle ýagdaý anyk netijä gelmäge, ünsüňi bir ýere jemlemäge ýardam edýär. Bu başarnyk durmuşda ýüze çykýan beýleki ýagdaýlar üçin hem peýdalydyr. Taýýarlan: Güljahan HEZRETGULYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||