09:55 Kitapsöýüjileriň kluby | |
KITAPSÖÝÜJILERIŇ KLUBY
Edebiýat täzelikleri
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda kitap söýüjileriň kluby hereket edýär, onda onda okamakdan aňrybaş köp peýda almak bilen, prozany halaýanlar kitaplary täzeçe kabul etmegi öwrenýärler. Her aýda klubyň ýolbaşçysy gatnaşyjylara elektron hat ugradýar, ol türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde okamak üçin bir kitaby saýlap almagy teklip edýär. Kitap saýlanyp alnandan soň, hepdede bir gezek okyjylara şol kitap boýunça birnäçe ýumuşlary ýerine ýetirmek teklip edilýär. Bu bilimleriň ýönekeý barlanylmagy däldir. Her bir ýumuş — bu eserde beýan edilen wakalary döredijilikli pikirlenmekdir. Romanyň ýa-da powestiň dünýäsine çuňňuraralaşmakdyr. Soraglar klubyň gatnaşyjylaryny tankydy pikirlenip we özüňi başgalaryň ýerine goýup, çylşyrymly ahlak dilemmalaryny çözmäge itekleýär. Meselem: okyjy baş gahrymanyň ýerine bolan bolsa nähili hereket ederdi? Ol ikinji derejeli gahrymanlaryň hereketlerine nähili baha berýär? Ol eserde beýan edilýän dünýade ýaşamak islärmidi? Gahrymanlaryň belli bir şertlerdäki ol ýa-da beýleki hereketleri kabul ederlikmi? Şuňa meňzeş akademiki däl çemeleşme klubyň gatnaşyjylaryna duýgy intellektini ösdürmäge, beýleki adamlaryň duýgylaryna we niýetlerine gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Şunuň ýaly tejribe ýaşlara kyn günlerde kömek etmelidir, bu olara çylşyrymly durmuş ýoluny saýlamaly bolanda, dünýägaraýşy düýbünden başgaça bolan adamlar bilen gatnaşyk saklamaly bolanda kömek etmelidir. Eseriň dili we onuň ýazylan medeniýeti uly ähmiýete eýedir. Daşary ýurt dilinde ýazylan kitaplary okamak arkaly başga bir ýurt barada köp zatlary bilip bolýar, dünýäniň başga şekili agalyk edýän jemgyýetiň agzasy hökmünde özüňi duýup bolýar. Bularyň ählisi dünýagarýşyňy giňeldýär, adaty zatlara başga nukdaý nazardan seretmäge mejbur edýär. Kitap klubyny esaslandyryjy we onuň ýolbaşçysyTMDDI-nyň hytaý dili mugallymy Agagül Amirkulowa, ol rus we iňlis dillerini hem kämil bilýär. Biz onuň bilen institutda kitap söýüjileriň jemgyýetiniň nähili dörändigi, munuň onuň üçin näme ähmiýete eýedigi barada gürrüň etdik. — Kluby döretmek pikiri nähili peýda boldy? — Men mydama kitaplary halaýardym. Okamak meniň üçin bilimiňi giňeltmegiň we fantaziýalar dünýäsine çümmegiň bir usulydy. Ýöne käwagtlar men özümekitaba bolan söýgümi paýlaşýan adamlar bilen aragatnaşygyň ýetmeýändigini duýýardym. Ine şonda men: «näme üçin kitap klubyny döretmeli däl?» – diýen karara geldim. Meniň kitaplary ara alyp maslahatlaşjak we olar baradaky öz oýlanmalaryny paýlaşyp boljak pikirdeşleri tapasym geldi. Meniň şeýle hem durmuşy meseleleri çözmäge kömek edip biljek, şeýle hem medeni dürlüligi öňe sürüp biljek okaýan adamlaryň jemgyýetini döredesim geldi. Men biziň kitap klubymyzyň ösmegini dowam etdirjekdigine we adamlaryň ylham tapyp, dost tutunyp biljek ýeri bolar diýip, umyt edýärin. Men kitap klubynyň ösmegi üçin öz tagallalarymy dowam etmäge taýýar we biziň jemgyýetimize ösmäge kömek edip biljek täze pikirler we taslamalar üçin mydama açyk. — Sizi bu işe näme ruhlandyrdy? — Haçanda men ÝUNESKO-nyň “Dünýä dilleri” kluby barada eşidenimde, mende kitap söýüjiler klubyny döretmek pikiri peýda boldy. Bu taslama intellektual dürlüligi öňe sürýär we adamlara beýleki ýurtlaryň dilini we medeniýetini öwrenmäge kömek edýär. Bu bolsa maňa okamaklyga we dilleri öwrenmeklige nädip köp adamy çekip boljakdygy barada pikirlenmäge mejbur etdi. Men kitap söýüjiler klubynyň döredilmegi bu maksada ýetmegiň ajaýyp ýoly bolar – diýip, düşündim. Şeýle hem men Kýoln, Mehiko we Iuresalim ýaly dünýäniň ajaýyp kitap paýtagtlary barada köp eşitdim. Bu meni has hem ruhlandyrdy we men özümiň ak mermerli şäherim Aşgabadyň dünýäniň kitap paýtagty boljakdygy barada arzuw edýärin. Meniň kitap söýüjiler klubymyň meniň şäherimde medeniýetiň we bilimiň ösmeginde möhüm orun eýelejekdigine umyt edýärin we ol adamlaryň ylham tapjak, dost tutunjak we dürli medeniýetlerden bolan adamlaryň dürli dillerde gepleşjek ýeri bolar diýip, umyt edýärin. — Siziň üçin çeper edebiýaty okamak diýmek näme diýmek? Çeper edebiýaty okamak bu meniň üçin başganyň durmuşy we pikiri bilen meşgullanmak mümkinçiligi, täze dünýä çümmek we dürli duýgylary başdan geçirmek diýmekdir. Bu maňa ylham berýär we meniň durmuşym üçin hem täze pikirleri ündeýär. — Klubyň nähili maksatlary yzarlaýandygyny, onuň wezipesini kesgitlemäge synanyşyň? Biziň kitap söýüjiler klubymyzyň wezipesi jemgyýetiň arasynda okamak medeniýetini we intellektual dürlüligi ýaýratmakdyr. Biziň maksadymyz — adamlara öz aňynyň çäklerini giňeltmäge, täze nukdaýnazarlary açmaga we medeni derejesini ýokarlandyrmaga kömek etmekdir. Biz şeýle hem kitaplaryň ara alnyp maslahatlaşyljak ýerini, pikir alşylyp we umumy gyzyklanmasy bolan dostlary tutunyp boljak ýer bolan okaýan adamlaryň jemgyýetini döretmäge ymtylýarys. — Klubyň agzalary barada biraz gürrüň beräýseňiz? Olar nähili adamlar? Başgalardan nähili tapawutlanýarlar? Biziň kitap söýüjiler klubymyzyň agzalary — biziň institutymyzyň talyplary we mugallymlarydyr. Olar okamany örän halaýarlar we dürli diller we medeniýetler bilen gyzyklanýarlar. Olar isleglerine görä üç diliň birinde: türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde okaýarlar. Bu olara täze dilleri we medeniýetleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Olar şeýle hem özleriniň täze pikirlere açykdygy we klubyň beýleki agzalary bilen aragatnaşyk saklamak we pikir alyşmak islegi bilen tapawutlanýarlar. Olar biziň ara alyp maslahatlaşmalarymyzyň işjeň gatnaşyjylarydyr we öz okaýan kitaplary baradaky pikir alyşmaga we täsirlerini paýlaşmaga hemişe taýýar. — Klubyň işjeňligindäki has aýdyň we duýguly pursaty beýan edip bilersiňizmi? Klubyň işjeňliginiň çägindäki iň aýdyň we duýguly pursat onuň agzalarynyň ilkinji duşuşygy boldy. Kitap kluby wirtual bolanlygy üçin, men onuň köp agzalary bilen tänyş hem däldim, ýöne olaryň ýumuşlara berýän jogaplary olaryň şahsyýeti hakynda belli bir göz öňüne getirme berýärdi. Şol sebäpli men şahsy tanyşmaklygyň öň ýanynda bular bilen örän gyzyklandym. Men olary ilkinji gezek görenimde, hamana olary öňden tanaýan ýaly duýgyny başdan geçirdim, köne dost ýaly duýdum. — Söhbetdeşligiň soňunda — soraglar: audiokitapmy ýa-da «kitabyň daşy»? — Kitabyň daşy. — Prozamy ýa-da poeziýa? — Proza. — Sazyň astynda okamagy halaýaňyzmy? — Hawa. © Maksat BUGRAÝEW. | |
|
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||