23:51 Kyrk sekiz ýylyñ on ýaşly çagasy: Hanzala | |
KYRK SEKIZ ÝYLYÑ ON ÝAŞLY ÇAGASY: HANZALA
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Hanzala on ýaşyndaky bolşy bilen bütin dünýäniñ perwaýsyzlygyna garşy çykýar. Palestin goranyşynyñ simwoly bolan Hanzala karikaturalarynyñ awtory suratkeş Naji-el Ali hakda gysgajyk maglumat Kyrk sekiz ýyllap 10 ýaşynda galan Hanzala tegelek kyrk sekiz ýyllap dogduk depesi Palestina dolanyp barýança wagt onuñ üçin säginen ýagdaýda. Jümle-jahana arkasyny öwrüp duran, üst-başy kirli, aýakýalañaç çaga aktiwist biperwaý adamlaryñ, basybalyjylyga sesini çykarmaýan halklaryñ, Ysraýylyñ we ähli kolonizator düşünjeli döwletleriñ garşysyndaka ýurtlaryndan zor bilen kowlan, başga ýurtlarda basyş gören bosgunlaryñ, kyn ýagdaýa düşen adamlaryñ ýanynda durýar. Nämüçin ol bize arkasyny öwürýär? Bu soraga Naji el-Ali "Araplaryñ sylag-hormaty dikeldilende, araplar azatlyklaryny we adamkärçilikleruni gaýdyp alanlarynda" diýip jogap berýär. Ellerini arkasyna gowşuryp durmagynyñ sebäbini bolsa, El-Ali şeýle düşündirýär: "Bize amerikan usulynda çözgütleriñ hödürlenýän döwründe Hanzalanyñ ellerini arkasyna goýup durmagy ony inkär edýändigini añladýar". Dünýäniñ iñ zehinli karikaturaçylaryndan biri bolan palestinaly Naji-el Ali döreden Hanzala obrazy bilen jümle-jahana seslendi. Onuñ döreden Hanzala obrazy palestin watan goragynyñ simwolyna öwrüldi. Emma bu karikaturany özlerine howp hasaplaýanlar Hanzalany ýetim goýdy. 1987-nji ýylyñ awgust aýynda Londonda köçäñ ugrunda ýöräp barýarka onuñ yzyndan yzarlap barýan ysraýyl jansyzlary onuñ janyna kast etdi. Hanzala ýetim galdy we şondan soñ bize hiçem öwrülip seretmedi. Suat ÝAHÝAOGLY. Çarşenbe, 23.05.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |