20:38 “Magtymguly” diýip adym tutsalar" | |
"MAGTYMGULY" DIÝIP ADYM TUTSALAR"
Magtymgulyny öwreniş
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda-berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýarys. “2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady Magtymgyly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen bagly Karara” gol çekilmegi hem munuň subutnamasyna öwrülip, biz talyp ýaşlary, şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýmagy, kalbymyzda egsilmez şatlyk döretdi. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň biz ýaşlara goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Bu şanly senäni ýokary derejede belläp geçmek, biz talyp ýaşlar şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp, birnäçe çärelere uly taýýarlyk görüp başladyk. Şahyryň adyny göterýän seýilgähine gidip, ol ýerde mugallymymyz, topardaşlarymyz bolup, şahyryň kitaplaryndan goşgularyny okap, öz öwrenýän dilimizde, koreý dilinde okap, terjime edip, has-da dana şahyrymyzyň döredijiligine uly gyzyklanmamyz artdy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi-mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda yaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp işlerine gözli şaýat bolmak, biz talyp ýaşlar üçin çäksiz bagtdyr. Selbi ÖWEZJUMAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |