14:00 Mertebe | |
MERTEBE
Magtymgulyny öwreniş
Türkmen edebiýatynyň wekili asyrlar boýy öwrenilse-de häzire çenli poeziýasy jedelli we gyzykly şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz guwanjydyr, buýsanjydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salmak bilen ol bu günki gün adamzadyň iň iri global meselelerine öz asyrynda näme diýipdir. Türkmen halkynyň arzuw eden Garaşsyz ýurdunda beýik şahyryň toý- baýramy bellenilýär. Türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny arzuw eden şahyryň arzuwy amala aşyp, ýer ýüzünde türkmen döwletiniň dabaralanmagy Magtymgulynyň arzuw eden eýýäminiň gelendigini subut edýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem ähli halklaryň edebiýatynyň ruhy hazynasy bolmak bilen, ol diňe bir ýeke ruhuň gyzgynlygyny däl- de eýsem özünde dünýä edebiýatynyň altyn hazynalarynyň hem gyzgynlygyny bir güzere salyp, ony poeziýanyň dili bilen täzeden okyjysyna ýetirmegi başaran- günümizde iň modern, taryhymyzda iň jedelli hem- de nusgawy, ruhundan älemleriň açaryna barýan ýoly saýlap bilen şahsyýetdir. Onuň döredijiliginde ylmyň, ruhy dünýäniň täze açyşlarynyň sany sanardan köp. Onuň döredijiligi diňe bir ýa- da iki asyrda öwrenilmäge mynasypdyr. Onuň döredijiligine hormat goýýan halklaryň alymlary bilen bilelikde öwrenilmegi, onuň ajaýyp keşbiniň sungatda döredilmegi ýene- de müňýyllyklara ýadygär galjak gözel bir syrly keşp hökmünde gaýtalanmajak keşbi türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň edebiýatynda şuglalandyrar. Magtymgulynyň ynsan köňlüne ýüzlenmesinde ýene-de birnäçe setirlere duş gelmek bolar. Ol köňlüň binýatlaryndan söz açýar. Ol köňle hormat goýýar we şol hormatyň yşgynda ony täzeden tutaşdyryp gaýnadýar. Munuň özi onuň hiç wagt gyzyklanmadan düşmejek, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrelendigini subut edýän hadysadyr. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda geçirilýän konferensiýalar, maslahatlar, döredijilik çäreleri her ýyl bellenilýär. Türkmen halky öz taryhyny aýap saklamak bilen birlikde, öz beýik şahsyýetine goýýan sarpasyny mertebesini belende galdyrýar. 2024-nji ýylda geçirilýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý dabarasy buýsandyrýar. Gülçemen KAKYŞOWA, Ogulhally JEPBAROWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |