19:49

Näme üçin musulman ýurtlary ylmy ösüşden yzda galdy?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 418 | Добавил: Gurgencli | Теги: Faruh Allaýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Musulmanlar üçin gaty kemsidiji, gözgyny kartina. Özem anyk sanlar bilen görkezilýär.

Awtor, elbetde, bu ýagdaý üçin yslam dinini günäkärlänok. Gaýtam öz wagtynda yslam ýurtlarynyň ylmyň, tehnologiýanyň we gaýry ösüşleriň kerwenbaşysy bolandygy bellenilýär.

Onda häzirki ýagdaýa gelinmeginde nähili faktorlar rol oýnapdyr? Muňa getirip biljek faktorlar köp. Emma iň ýiti we gazaply jedelleri oýarýan soraglar:

"Şu yzagalaklyga yslam dininiň özündäki bir zat sebäp bolýarmy? Ýa bu berbat ýagdaýa yslam dininiň dahyly ýokmy? Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýa-Pasifik ösen döwletleriň diňe ylmy we tehnologiýasy alnyp ornaşdyrylsa musulman döwletleri şolar arkaly, emma yslamyň binýadynda ösüp bilerlermi? Ýa-da ösüş üçin şol ösen jemgyýetleriň sosial sistemasy, mentalitedi, ygtykaty ýaly gymmatlyklaryny hem ornaşdyrmak gerekmi? Munuň üçin yslamy reformasiýa etmek ýa-da jemgyýeti dünýewileşdirmek zerurmy?"

Garaz, soraglar köp, göwnejaý jogap bolsa tapylanok.

0
2 Babay  
1481
Ýokardaky soraglaryň köpüsine "Почему одни страны богатые, а другие бедные" diýen kitapda jogap bar. Günbatar bilen Osman imperiýasyny deňeşdirip, Osman imperiýasynyň näme üçin Günbatardan yza galanynam görkezýär. Garaz, gyzykly taryhy-syýasy-ykdysady kitap, okaryn diýseňiz.
Awtor ýylda Yslam döwletlerinde öndürilýän içerki önümiň näçe göteriminiň daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan öndürilýänligini görkezip, onam öndürilýän içerki önümiň umumy paýyndan aýyrsa, belki, netije munça-da bolmaz.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Sag boluň, okap göreris.

0
4 dovletmyratnurmedov  
496
Mukaddes Kuranyn dünýä inen ilkinji aýaty "oka" diýip baslaýar.
Hadys: "sallançakdan mazara çenli ylym öwrenin" diýilýär.
Hakykatdanam orta asyrda yslam dünýäsi ylymda we bilimde, medenýetde in önde barýan ýurtdy. Yslam dünýäsinde çykan kitaplar häzirki moderin ylmynyň häzirki ýagdaýa grlmesinde uly rol bar. Himýada, matematikada, astronomiýada, medisinada we başgada ylmyn beýleki gornüslerinde esasy musulman alymlaryň açyşlary bar. Ýewropada kitaplary terjime edilip okadylan. Emma häzir ýagdaý gaty göz gyny.

0
5 dovletmyratnurmedov  
496
Häzirki ösen ýurtlaryň ylymda ösenliginiň esasy sebäpleri ynynç ygtykatlary däl. Ýagny, hristýan, buddis ýada ateist bolanlyklary däl. Biziňem musulman bolandygymyz üçin däl. Alla tagalla dünýä ýüzündäki ähli zatlary sebäplere baglap goýan. Gynansagam (!) "Alma biş, agzyma düs" bolanok. Herekede bereket. Okamaly, öwrenmeli, doretmeli, kreatiw bolmaly basga ýol ýok. Şul zatlara pul gerek. Olam musulman ýurtlarynda ýeterlik ýok. Barlarynda-da ýeterlik derejede ünüs berilenok. Ýada erkleri oz elinde däl.
Gizlin zat däl, ýagny hristýan ýewropanynam, jöhütlerinem musulmanlara garşyn gizlin-açyk dusmançylygy bar.

0
6 Narcissus  
1589
Yslamyň orta asyrda ylymda-bilimde aşa ösmeginiň sebäbi ol döwrüň araplarynyň ylyma we öwrenmäge aç bolmagy. Muňa "Yslamyň altyn döwri" ýa-da "Yslamyň altyn asyry" diýilýär, esasanam greklerden gaty köp eser terjime edip öz dillerine gazandyrdylar. Emma soň ol göni barýan çyzyk ýoldan çykdy, muňa Gazalynyň täsirem gaty uly, özi hem aýdýar gaty şübhelidigini, soňra Allanyň onuň kalbyny açyp dogry ýoly görkezendigini. We ynsanlary ylyma-bilime däl-de, esasy işi ybadata gönükdirmelidigini, birinji ýoluň dini ynançdygyny aýdýar, şeýdip hidaýata ýetmelidigini nygtaýar. Bu birinji täsir, emma doly sebäp däl, Ahmet Arslanyňam aýdyşy ýaly, şeýle-de bu döwür hökman tamamlanaýmalydy, Gazalynyň zarbasy bolsa-da aşa köp däl. Ýuwaş-ýuwaş adamlar ylyma bolan bilesigelijiliginden mahrum bolup başlady.

Ýene-de Mongollaryňam täsirini görmedik bolmaly däl, netijede beýleki döwletler halklary öz tarapyna çekjek bolsa Mongollar diňe gyryp geçýärler, hemme zada şeýle garşylyk berdiler. Kitaphanalary ýakyp kül etdiler. Ýagny şeýlebir zyýanlary uludy welin umumy alanyňda medeniýetiň 100 ýyl yza gitmegine sebäp boldular.

Şuwagtky ýagdaý hasam möhüm we gaty aýylganç. Adamlaryň aglabasy dinine eýe çykyşy ýaly ylyma eýe çykmadylar, öwrenmediler, hereket etmediler, üýtgemediler, esasy zadam, hiç okamadylar.
Iki sany atoma sezewar bolan, tehnologiýada yza galan Ýaponiýa şeýlebir hereket edip, işläp yhlas etdi welin ynanyp bolmajak derejede çalt ösdi, Amerika talyp ugradyp möhüm zatlary öwrendiler, we şuwagt tehnologiýanyň atasy hasaplanjak ýagdaýda ösüşe eýe boldular, Ýaponiýa, Hytaýdan soň Amerika karz berýän iň uly ikinji ýurt. Hakykatdanam haýran galaýmaly bir millet. Olar durmadylar, ýeňilmediler, hereket etdiler, yhlas etdiler, zähmet çekdiler, şeýdibem yza galaklygyny ýeňmegi başardylar. Emma Yslamyň agalyk edýän köp döwletleri muny başaryp bilmedi, ylym-bilim barada hiç alada etmediler. Şeýlelik bilen öňdebaryjylygy yza galaklyga öwrüldi.

Mahlasy, uly mesele. Gaty sebäp kän. Bilim ulgamyny ýola goýmagy başaryp bilmeli.

0
7 Persey  
397
Hiç bir musulman akyl we kreatiwlik taýdan beýleki din wekillerinden pesde däldir. Hat-da artyk bolmasa, kem däldir. Emma çagalykdan öz zehinini yzarlap, şony ösdürýän we giňeldýän häsiýeti çagalaryň aňyna guýmakda passiwlik bildirýär. Ýene aýdyp otursaň aýdara zat kän welin, edil bu ýerde ýazarlyk däl.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]