20:43 Ol ilki bilen kommunistdi | |
OL ILKI BILEN KOMMUNISTDI
Ýatlamalar
Nazym Hikmetiň doglan gününiň 75 ýyllygyna Gazetiň iň bir ýönekeýje işgäri-de elmydama dünýä wakalaryndan habarly bolýar. Kyrkynjy ýyllaryň ahyrlarynda Nazym Hikmet baradaky howatyrly maglumatlary ilden öň okanymyzda şeýle ajaýyp şahyryň, ýanbermez watançynyň, dünýä parahatçylygy ugrunda mert göreşijiniň gujur-gaýratyna haýranlar galýardyk. Öňli-soňly elli ýyl möhletlik türmä höküm edilip, şonuňam on üç ýylyny oturyp çykan belent mertebeli adamynyň egsilmez ruhy güýji ýer ýüzüniň sap ýürekli ynsanlaryny tolgundyrýardy. Türk halkynyň wepaly ogly Nazym Hikmeti azat etmek ugrunda halklaryň raýdaşlyk göreşi şol ýyllar möhüm halkara hereketine öwrülipdi. Dünýäniň progressiw güýçleri onuň tarapyny çalýardy. Meşhur şahyrlar Hikmete bagyşlap goşgular döredýärdiler. Türkiýäniň ähli zähmetkeşleri öz söwer ogluna azatlyk talap edýärdi. Türk ýaşlary ýörite listowka çykaryp, inda “Nazym Hikmeti türmeden boşatmak ugrundaky göreş milli garaşsyzlyk, demokratiýa hem parahatçylyk ugrundaky göreşdir!” diýip ýazýardylar. Stambulda bolsa ýörite “Nazym Hikmet” atly gazet neşir edilip, onda şahyryň azat edilmegi ugrunda halkara hereketiniň barşy beýan edilýärdi hem okyjylar onuň döredijiligi bilen tanyşdyrylýardy. Ahyry, 1950-nji ýylyň iýunynda Nazym Hikmetazatlyga çykaryldy. Sap ýürekli adamlaryň yhlasy ýerine düşdi. Eýsem-de bolsa, türk häkimiýetleriniň ony birsyhly yzarlaýandyklary baradaky habarlar gazetlerde peýda bolýardy. Şahyr watanyny terk etmeli bolýar. Ol 1951-nji ýylyň 29-njy iýunynda Moskwa gelýär. Nazym Hikmet Sowetler ýurduny hemişelik Watan tutunýar. Biziň ýurdumyzda şahyryň täze durmuş ýoly başlanýar. Dünýä belli şahyryň şeýle muşakgatly hadysalary, howsalaly pursatlary başyndan geçirenini göz öňüne getireniňde, boýy-syraty äpet garaýagyz pyýada hakydaňda janlanýardy. Men ony pälwan sypatly, üýtgeşik bir adamdyr öýderdim. Beýle däl ekenligine Nazym Hikmet Aşgabada gelende göz ýetirdim. Ol daýanykly, ak ýüzli, gyrçuw murtly, çekgesinden çal sepip ugran orta ýaşlaryndaky açyk göwünli, alçak bir adam eken. Ol Berdi agamyz bilen, Gara Seýitliýew bilen gujaklaşyp görüşýärdi. Olar köneden tanyşdylar. Ol hemmeler bilen doganlarça gujaklaşýardy. Beýik Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli türkmen topragyna syýahat etmegi özüne uly bagt hasaplaýanyny ýanjap, ol türkmen ýazyjylaryny uly toý bilen gaýta-gaýta mübärekleýärdi. Şondan öň men onuň döredijiligi bilen-de, duyrmuş ýoly bilen-de beýle bir çynlakaý gyzyklanmandym. Aşgabatda, Magtymgulynyň watany Garrygalada, soňra Moskwada beýleki türkmen ýazyjylary bilen bilelikde onuň bilen bolan duşuşyklar salyhatly, pähimdar adamynyň durmuşy barada ençeme maglumatlary öwrenmegime höwes döretdi. ...1902-nji ýylda Salonikide (Selanikde) Hikmet Nazym begiň maşgalasynda bir ogul dünýä inýär. Bilimdar hem şahyr atasynyň hatyrasyna oňa Nazym adyny goýýarlar. Hakykatdanam, ýaşajyk Nazym hem şahyrana setirleri sazlaşdyryp başlapdyr. Ol ýedi ýaşyndaka goňşy köçede bolan bir ýangyny goşgy setirleri bilen şeýle beýan edipdir: Ýanýar ol, ýanýar ol... Hem hyňranýar ol... Ha-ha! Aýdyň, bu ne aýylganç gülki?.. Ýowuz duşman – ot uzadyp gollarynda Hiç kimi gaýgyrman ýanjakdyr belki?.. Nazym başlangyç bilimi Stambulda alýar. Ol ýaş başyndan surat çekmäge-de türgenleşýär. Bu ugurdan oňa hudožnik ejesi tälim berýär. Soňra ol fransuz dilini öwrenýär. 1916-njy ýylda ol Harby-Deňiz uçilişesine girýär. Şonda belli şahyr Ýahýa Kemalyň sapak bermeginde okuwçylar edebi žurnal hem çykarýan ekenler. Nazym hem şahyrçylyk zehinini şol žurnala goşgy ýazmakdan açyo başlaýar. “Ýaraly ahwalat”, “Ýagmyr”, “Üç ölüm”, “Gar kuwwat”, “Biz hem deňiz”, “Oýan, Patma” atlandyrylan hem-de başga birnäçe goşgularyny ol türk klassyk poeziýasynyň ruhunda ýazmak bilen, soňabaka jemgyýetçilik temasyndan eserler döredip, öz watanyna aralaşan kese ýerlileri ýigrenç bilen näletleýär. Nazym Hikmet ir wagtlarda – 1925-nji ýylda Moskwada Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetini gutarýar. Soňra ol öz iline partiýa işine gidýär. Emma Türkiýede ony yzarlap başlaýarlar. Ol ýene-de Moskwa gelýär. 1928-nji ýylda gaýtadan watanyna dolanýar hem-de çeper döredijiliginiň daşyndan möhüm jemgyýetçilik işlerini alyp barýar. Şahyryň otuzynjy ýyllarda döreden goşgulary, poemalary hem-de Stambulyň teatrlarynda goýlan pýesalary öz döwrüniň iň bir derwaýys meseleleri hakynda söhbet açyp, zähmetkeş halkyň agysyna aglaýardy, begenjine şadyýana ses goşýardy. Diňe bir türk halkynyň gaýgy-aladasyny deň çekişeni bilenem çäklenmän, Nazym Hikmet şol ýyllarda öjügip başlan dünýä faşizmini gahar-gazap bilen näletleýärdi, ispan watançylaryny jan-dilden goldaýardy. Ol 1937-nji ýylda respublikan Ispaniýa kömek komitetini-de döredipdi. Emma rewolýusioner şahyryň tutumly matlaplaryna, joşgunly hyjuiwyna uzak ýol bermediler. Häkimiýetler ony ahyry demir gözenegiň aňyrsyna atdylar. Emma şahyr şonda-da ejizlemedi. Ol türmede hem ýyllarboýy döretmegini, göreşmegini dowam etdirdi: Ýok, öküziň şahynda däl bu Dünýä, Ol biziň ellermiziň üstünde durýa. Hawa, şahyr öz ömrüni elmydama joşgunly göreşlerde, ýadawsyz zähmetde geçirdi. Ahyr soňunda sowet graždany bolansoňam, Nazym Hikmet ýöne bir şahyrlygy bilen çäklenmän, eýsem söweşjeň publisist, dramaturg, parahatçylyk ugrundaky göreşiň jarçysy bolup çykyş etdi. Ol Ýewropa medeni jemgyýetiniň kongresiniň delegaty bolupdy. Bütindünýä parahatçylyk Sowetiniň işine işeňňir gatnaşypdy, sowet ýazyjylarynyň gurultaýlaryna delegat saýlanypdy. “Men özümi ilki bilen kommunist, onsoň türk, şondan soň ýazyjy hasaplaýaryn” diýip, ol sowet ýazyjylarynyň III gurultaýynda sözlän sözünde aýdypdy. Bu sözler onuň tutuş durkuny, Sowet Soýuzyna bolan minnetdarlyk duýgusyny bütin aýdyňlygy bilen aýan edýär. Türk halkynyň beýik oglunyň, rewolýusioner şahyryň, ýanbermez kommunistiň adamzat üçin döreden baý edebi mirasyny birin-birin seljerip çykmak çaklaňja bir makalanyň çäginde asla mümkin däl. Eýsem-de bolsa, onuň eserler ýygyndylarynyň tom-tom kitaplar bolup, dünýäniň köp halklarynyň dillerinde neşir edilýänini, biziň türkmen okyjylarymyzyň-da Nazym Hikmetiň ölmez-ýitmez eserlerini ürç edip okaýandyklaryny aýdyp geçmek gerek. “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” diýip, ata-balarymyz aýdypdyrlar. Şolar aýtmyşlaýyn, Nazym Hikmet ýatdan çykanok. Tutuş türkmen halky ony hemişe ýagşylykda ýatlaýar. Dünýä meşhur Nazym Hikmeti ilkinji duşuşykda göz öňüne getirişim ýaly, özüm hem oňa belet kärdeşlerim hakda aýtsam welin, onuň sadalygy, onuň adamkärçiligi, onuň göwnaçyklygy kalbymyzda mäkäm ornaşyp, beýik Magtymgulymyz barada, türkmen halky barada aýdan hoşniýetli sözleri heniz-henizlerem gulaklarymyzda ýaňlanyp dur: “...Magtymguly meniň hem şahyrym. Onuň dili meniň hem dilim. Ol meniň-de ussadym. Onuň bir öwreden ullakan zadyny has-da nygtasym gelýär. Ol-da öz halkyň azatlygy üçin göreşmek. Şeýtmeýän şahyra şahyram diýmek bolmaz. Ähli kişä özüni aldyran, mylaýym sözli Magtymgulynyň şöhraty, goý, ýene-de artsyn. Men size uzak ömür sürmegi arzuw edýärin, eziz doganlar!” Wagt biçak çalt geçýär. Altmyşynjy ýyllarda Moskwada günde-günaşa görüp ýören Nazym agamyz aramyzda bolan bolsa, bu gün ýetmuiş bäş ýaşynyň toýuny toýlardy. Arman, şahyr dünýäden ir ötdi. Nazym Hikmet 1963-nji ýylyň 3-nji iýunynda aradan çykdy. Ýyllar geçer durar. Taryh öz sene ýazgyly sahypalaryny galňadar barar. Eýsem-de bolsa, beýik adamlar nesilden-nesle ýatlanar ýörerler. Dünýä belli şahyr Nazym Hikmetem şol beýik Adamlardandyr! Kakaly BERDIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 19.01.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |