20:16 Oral gatnaşyk ýoly bilen jynsy meýlini kanagatlandyrmagy halaýanlar üçin ýakymsyz fakt | |
ORAL GATNAŞYK ÝOLY BILEN JYNSY MEÝLINI KANAGATLANDYRMAGY HALAÝANLAR ÜÇIN ÝAKYMSYZ FAKT
Medisina
Belkäm, siz köplenç weneriki keseller diñe jynsy organlar arkaly ýaýraýandyr öýdýänsiñiz. Eger şeýle bolsa, ýalñyşýarsyñyz. Hususanam bu bakteriýalar aýal-gyzlar üçin hasam howply! Bil sowuklamasy keseli diñe jynsy organlar arkaly ýaýraýandyr öýtmäñ. Milliardlarça bakteriýany özünde saklaýan agzymyz bil sowuklamasy mikroby (gonoreýasy) üçin iñ amatly we sessiizje reserwuardyr! Hiç bir däri-derman tär etmeýän bu kesel bütin dünýäde oral seks arkaly ýaýraýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “super gonoreýa” ady berlen bu täze kesel görnüşine garşy ätiýaçly bolmagymyzy duýdurýar. Çünki, mälim bolşy ýaly muny bejermek mümkin däl. Aýal keselleri, dogluş we çaga boýunça hünärmen, medisina ylymlarynyñ doktory Betül Görgen bil sowuklamasynyñ oral sekse dahyly barada şu aşakdaky maglumatlary berdi: • ORAL SEKS ARKALY GEÇÝÄR Her ýyl dünýäde 78 milliona golaý adam bil sowuklamasyna ýolukýar. Kanagatlanarsyz bejergiler netijesinde antibiotiklere garşy goragy güýçlenen bu täze kesel oral seks amala aşyrylanda agyzyñ içine aralaşýar, netijede adaty agyz infeksiýasynyñ alamatlary peýda bolýar. Oral gonoreýany kesgitlemek we bejergisi kyn bolandygy üçin adaty infeksion bejergiler ýeterlik bolman galýar, bu bolsa bakteriýanyñ hasam güýjemegine getirýär. Bu bakteriýalary kesgitläniñ bilenem oral infeksiýalaryñ bejergisi aşa kyndyr. Antibiotikler gan aýlanşygyna geçýär, emma agyz böleginiñ gan bilen üpjünçiligi az bolýar. Agyzdaky bejerilmedik infeksiýalar jynsy organlara geçip, erkeklerde ýumurtgalarynda we göbekasty-gasykda agyry peýda bolup biler. Aýratynam bu bakteriýalar aýal-gyzlar üçin hasam howply. • DÜRLI DERMAN GÖRNÜŞLERINE GARŞY MUTASIÝA GEÇIRIP BILÝÄR Bu bakteriýa hemişe diýen ýaly bizden akylly hereket edip bilýär, özüne garşy öndürilen her bir derman serişdesine garşy goragyny güýçlendirip bilýär. Oña garşy iñ gowy derman serişdeleri hasaplanýan siprofloksasin we azitromisin hem indi ony bejermekden ejiz gelip başlady. Ýaponiýada, Fransiýda we Ispaniýada bu bejergi tär etmeýän üç supergonoreýa wakasy ýüze çykdy. Hiç bir antibiotik tär etmeýän bakteriýa ylym dünýäsini howatyrlandyrýar. Bu ýagdaý supergonoreýalaryñ bejerip bolmajagyny añlatmaýar. Emma lukmanlar adamlarda doly we dogry synagdan geçmedik "ýarlyksyz" bejergä ýüz urmaga mejbur bolup bilerler (meselem, ýokary dozada antibiotik ýa-da agyr derman serişdelerini ulanmak ýaly). Üstesine bilmedik dermanlaryñyzy ulanan ýagdaýyñyzda nähili mukdarda ulanmalydygyny bilip bilmersiñiz. Netijede belli bir wagtdan soñ bakteriýalar şol ulanan dermanlaryñyza garşy goragyny güýçlendirip bilýär. • ÜÇ TÄZE DERMANYÑ ÜSTÜNDE IŞLENÝÄR Alymlar supergonoreýa garşy ulanyp boljak üç sany täze derman serişdesiniñ üstünde işleýärler. Bulardan başga häzir super bakteriýalara garşy ulanyp bolaýjak derekli hiç zat ýok. Şol sanda derman öndüriji kärhanalaryñam bu täze bakteriýa garşy täze derman serişdelerini öndürmek üçin ýeterlik gorunyñ ýokdugyny nygtap geçmek gerek. Çünki bu dermanlaryñ peýdalanyş möhleti-de onçakly uzyn däl. Bakteriýa derman serişdesine garşy goragyny güýclendirende dermanyñ formulasyny-da üýtgetmeli bolýar. Şol sebäpli bu kesele garşy haýsydyr bir dermany öndürjek bolubam duranoklar. • ÝYLDA 78 MILLION ADAM ÝOLUKÝAR Ýöne bu bakteriýa barha artýar we halk saglygyna howp salýan problema öwrülýär. Gonoreýa dünýäde her ýyl 78 milliona golaý adama ýokuşýar. Soñky ýyllarda bu görkeziji HIV keseli gorkusynyñ azalmagy bilen baglanşyklylykda prezerwatiwden peýdalanmagyñ azalandygy sebäpli artýar. Şol bir wagtyñ özünde şowsuz bejergiler we adamlaryñ syýahat etmek arkaly, bu keseli başga ýurtlara ýaýratmagy-da esasy faktordyr. Derman-däri tär etmeýän bakteriýalar soñky ýyllarda köp ýurtlarda, hususanam Hindistanda, Hytaýda, Indoneziýada, Günorta Afrikada, Kanadada we ABŞ-da barha artýar. Statistiki görkezijileriñ dogry ýöredilmeýändigi sebäpli Afrikadaky ýa-da Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar hakyndaky maglumatlaram kanagatlanarly däl.” Çeşme: Mahmure / "Hürriyet" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |