17:17 Otparazçylyk dini. “Awesta”-dini kitap. “Awesta” kitabyndaky dini-hyýaly keşpler | |
OTPARAZÇYLYK DINI. “AWESTA”-DINI KITAP. “AWESTA” KITABYNDAKY DINI-HYÝALY KEŞPLER
Edebiýaty öwreniş
“Awesta” kitaby otparazçylyk dininiň mukaddes kitabydyr. “Awesta” sözi wesýetnama, nesihatnama, üýtgewsiz ýa-da jedelsiz kada-kanunlar diýen manyny berýär. Bu kitabyň dörän ýeri häzirki Türkmenistan diýlip çak edilýär. Otparazçylyk dini müňýyllyklaryň dowamynda dini ynanç hökmünde Gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Otparazçylyk dini bilen baglanyşykly ynançlar biziň şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bu din dünýä dinleriniň iň gadymysydyr. Otparazçylyk dinine Zoroastrizm diýlip at berilýär. “Awesta” kitaby otparazçylyk dininiň baş mukaddes kitabydyr. Çeşmelerde berilýän maglumatlara görä kitabyň dini däpler hem baýramçylyklar bilen bagly ýazgylary şol döwürdäki ybadathanalarda okalypdyr. “Awestanyň” ýazary otparazçylyk dinini esaslandyran Zaratuştradyr. Spitamanyň neberesinden bolan Poruşaspanyň ogly Zaratuştra ahamenit döwletiniň öňüsyrasynda, ýagny m.ö.VII asyrda ýaşapdyr diýlip hasap edilýär. Zaratuştranyň durmuşy, döredijiligi barada “Awestanyň” iň gadymy bölegi bolan Gatlarda (dabaraly dini aýdymlar) maglumat berilýär. 17 bapdan ybarat bolan “Awestanyň” bu iň gadymy böleginde berlişine görä Zaratuştra “kanunyň däl-de güýjüň” hökmürowanlyk eden döwründe ýaşapdyr. 15 ýaşynda bilim-sowat alyp, ruhanylyga ýetişen Zaratuştra öz güzerany bilen meşgul, parahat oturan halkynyň üstüne keseden çapawulçylykly çozuşlaryň häli-şindi bolup durşuny, bigünä adamlaryň nähak gyrgyna berlişini, olaryň mallarynyň sürlüp äkidilişini, emläkleriniň talanyşyny gözi bilen görüpdir. Bu zorlugyň, sütemiň, eden-etdiligiň garşysyna ýekelikde göreşiň netije bermejekdigine ymykly göz ýetiren geljekki pygamber adamlar üçin adalatly jemgyýeti gurmagyň zerurlygyna düşünipdir we onuň ugruna çykypdyr. Täze jemgyýetde adamlar durmuşy ýagdaýlaryna: garyplygyna-baýlygyna, güýçlüligine garamazdan, kanunyň öňünde deň derejede jogap bermeli bolupdyrlar. Zaratuştra şeýle jemgyýetiň esasy ýörelgelerini işläp düzüpdir. Pygamber 20 ýaşyna ýetende öz dogduk mekanyny taşlap, çet ýurtlara taglymatyny wagyz-nesihat etmäge gidipdir. Şondan 10 ýyl geçensoň, ýokardan aýdyňlyk gelipdir. Ir säher çagy Hudaýa çokunmak üçin derýanyň kenaryna gelen Zaratuştranyň öňünde birden Wohi Mana (Bahman) atly perişde peýda bolupdyr we ony Ahura Mazdanyň ýanyna alyp barypdyr. Zaratuştra şu ýerde älemde ýeke-täk Hudaýyň bardygyna, onuň hem Ahura Mazdadygyna göz ýetiripdir. Zaratuştra aýdyňlyk alansoň, onuň wezipesi hem anyklaşypdyr. Ol indi öz taglymatyny dürli halklaryň arasynda ýaýratmaga çalşypdyr. Rowaýatlarda beýan edilişine görä. Şeýle maksat bilen Zaratuştra Orta Aziýanyň we Eýranyň dürli künjeklerine, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna we Hindistana wagyz-nesihat etmäge gidipdir. Bu ýurtlarda ol köp kynçylyklary başdan geçiripdir. Ahyry onuň taglymatyny Orta Aziýanyň we Eýranyň gadymy mifik patyşalarynyň biri Wistaspa kabul edipdir. Şoň bu hökümdar Zaratuştranyň penakäri bolupdyr we onuň taglymatyny ýaýratmaga uly kömek edipdir. Zaratuştra 77 ýaşynda dünýäden ötüpdir. Ony Tura Bratarwahş öldüripdir. Zaratuştranyň ölüminden soňra üç sany ogly dünýä inýär. “Awesta” kitabynyň möçberi barada şeýle maglumatlar bar. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle dil üsti bilen geçip gelen “Awesta” ahemenitler döwründe (m.ö.V as.) hökümdar Artakserks I –iň (m.ö. 465-424) buýrugyna görä çekimli harplary bolmadyk arameý elipbiýinde ýazuwa geçirilipdir. “Awestanyň” bu nusgasy „Uly ahemenit Awestasy“ adyny alýar. Ol 21 kitaby öz içine alypdyr. Kitap 2 nusgada altyn suw çaýylan syýa bilen käbir maglumatlara görä 12 müň, käbirine görä bolsa 30 müň öküziň hamyndan ýasalan pergamentiň ýüzüne ýazylypdyr. Bu 2 kitap m.ö.IV asyryň II ýarymynda Eýrany we Orta Aziýany Aleksandr Makedonskiniň basyp almagy bilen, onuň buýrugyna görä biri ýakylypdyr, beýlekisi bolsa grek diline terjime etmek üçin Müsüre Aleksandriýa kitaphanasyna iberilipdir. Häzirki wagtda kitabyň 1324-nji ýylda Nusaýda göçürilen ujypsyzja bölegi Daniýa döwletiniň Kopengagen şäherindäki muzeýde saklanylýar. Biziň döwrümize gelip ýeten “Awesta” kitaby ençeme özbaşdak kitaplardan ybarat. Şol kitaplaryň mazmuny bütewi halda zorastrizmiň taglymatlaryny öz içine alsa-da, olaryň her birinde aýry-aýry mazmun bar. Wendidat. Bu kitap 22 bapdan ybarat bolup, onda Ahura Mazda we Zaratuştranyň aýdyşygy arkaly her hili ýaman ruhlar, döwler, olary ýeňmek, günä etmezlik ýaly dini zatlar barada gürrüň edilýär. Wisparad. Bu söz „Hudaýyň nazar salan zatlarynyň iň mukaddesi“ diýlip terjime edilýär. Bu kitap 24 bapdan ybarat. Onda ybadat edilýän pursatdaky aýdylýan dini aýatlar we dogalar ýazylypdyr. Ýasna. Bu kitap “Awestanyň” iň uly we has gadymy nusgasy hasaplanýar. Onda dini baýramlary geçirmek, dini goşgular, din bilen baglanyşykly dürli däp-dessurlar, zorastrizmiň hudaýlaryna degişli zatlar barada gürrüň edilýär. Ýaşt. Bu söz öwgi, dini aýdymlar diýen manyny berýär. Bu ýerde 22 sany şygyr berlipdir. Şol şygyrlar mifologik alamatlar arkaly zorastrizmiň hudaýlaryny taryp edyär. Mysal üçin, 5-nji ýaştda Ardwisura Anahita, 10-njy ýaştda Mitra, 13-nji ýaştda frawisiler (perişdeler) barada gürrüň edilýär. Kiçi “Awesta”. Munda Gün, Aý, Ardwusura, Warhran we başga-da birnäçe hudaýlar hakdaky ybadat ýazgylary bar. “Awesta” dualistik taglymaty öňe sürýär. Älemiň gurluşy we onda adamzat durmuşynyň ýüze çykyşy bilen bagly iki sany mizemez başlangyç onuň esasyny tutýar. Muňa laýyklykda adamlaryň durmuşynda emele gelen jemgyýetçilik gatnaşyklary biri-birine gapma-garşylykda bolan iki sany ruhy güýjüň özara gatnaşygyndan başlanýar. Olaryň birinjisi ýagtylygyň, adalatlylygyň, asyllylygyň, ähli päk we nepis zatlaryň ruhudyr. Onuň başynda ýokary taňry Ahura Mazda durýar. Ol beýik ýaradyjy edilip görkezilýär. Ol özüne alty sany ruh-kömekçi ýaradypdyr. Bu ruhlar adama hersi bir tarapdan kömek edýär. „Awestada“ ýüzlerçe, müňlerçe ruhlar bolup, olar howada doludyr diýlip bellenilýär. Ahyra Mazdanyň ogly Aşur otdur. Ol bäş sany asman ody, adamyň tenindäki ýaşaýyş-ýylylygyň, agaçada gizlenen ot, ýalyn, ýyldyrym, asmandaky ýagtylyk görnüşde ýüze çykýar. Ikinjisi nejisligiň, betpälligiň, kezzaplygyň, ölümiň we beýleki erbetlikleriň ruhudyr. Onuň başynda hem melgun Ahriman durýar. Ol älemdäki iň ýaman zatlary, arwahlary, jynlary, döwleri, erbet janly-jandarlary ýaradyp, ýere adamlara ýamanlyk etmek üçin iberýär. „Awesta“ kitabynda aýdylyşyna görä, Ahura Mazda Ýerdäki ýaşaýşyň möhletini 12 sany üç müň ýyllyk diýip kesgitläpdir. Birinji üç müňýyllykda Ahura Mazda diňe ruhlaryň dünýasini ýaradanmyş. Soňra Ahura Mazdanyň garşydaşy Ahriman peýda bolýar. „Awestada“ olaryň ekizdiginiň hem ýatlanýan ýeri bar. Ahura Mazda Ahrimana parahatçylyk teklip edýär. Emma ol bu teklibi kabul etmeýär. Şonuň üçin Ahura Mazda oňa garşy dokuz müň ýyllyk göreş yglan edýär. Ikinji üç müň ýylda Ahura Mazda ýer ýaşaýşyny ýaradypdyr. Ilki asmany, soňra suwy, ýeri, ösümlikleri we janly-jandarlary hem adamy gezekli-gezegine döredýär. Bu döwürde Ahriman ýagşylyga garşy göreşde özüne kömek etjek ýaman ruhlary döredipdir. Üçünji üç müň ýyllykda Ahriman özüniň ýaradan ýaramaz güýçleri bilen Ahura Mazdanyň ýagşylyk dünýäsine dökülýär. Onuň iberen Ajusy - ýylany ilkinji ýaradylan adam Gaýomarty we onuň wepaly hemrasy, ýoldaşy öküzi öldürýär. Gaýomartyň maşgalasyndan ýerdäki adamlar köpelipdir. Ýagtylyk dünýäsine birehim söweş arkaly ýamanlyk güýçleri ýeriň aşagyna dykmak başardypdyr. Dördünji üç müň ýyllykda Zaratuştranyň dogluşy we onuň dini wagyz edişi bilen başlanýar. On iki üç müňýyllyk geçenden soň, ýagşylyk bilen ýamanlyk güýçleriň- ruhlaryň soňky çaknyşygy bolmaly. Ýagşylyk ýeňmeli. Soňra baky durmuş başlanar diýlip „Awestada“ bellenilip geçilýär. © Izraeli-Iosif Samuilowiç Braginskiý Çeşmesi: И-И.С. Браги́нский. Иранское литературное наследие. Москва, 1984. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |