22:21 Paýtagtymyzyň eteklerinde ýerleşýän ýadygärlikler | |
PAÝTAGTYMYZYÑ ETEKLERINDE ÝERLEŞÝÄN ÝADYGÄRLIKLER
Taryhy ýerler
Dünýä medeniýetiniň altyn sahypalarynda at alan Parfiýa şalygynyň galyndylary bolan Nusaý galasy bu gün dünýä jahankeşdeleriniň hem özüne çekýär. Gadymy siwilizasiýalaryň nokatlarynyň naýbaşylarynyň biri bolan Änew we Parfiýa medeniýetleri dünýä siwilizasiýasynyň iň irki gatlagyndaky medeniýetleriniň gelip çykyşyny öz içine alýar. Biziň eramyzdan öň 6-njy müňýyllyklara degişli bolan Änew medeniýeti paýtagtymyz Aşgabat şäherini etekläp oturan Änew şäherçesinde şeýle-de dünýäniň iň irki medeniýetleri gazylan ojaklardan tapylan tapyndylaryň dünýäniň iri siwilizasion merkezlerine degişli Aşgabadyň daş-töwertegindäki taryhy ýerlerimiziň bu günki gün syýahatçylary hem-de bilermenleri özüne çekýändigi bilen düşündirilýär. Parfiýa şalygy hem bu medeniýetleri, ýagny irki medeniýetleri öz içine alýar. Şeýle gözel galyndylaryň içinde Nusaý galasynyň gözelligi haýran edýär. Aşgabadyň eteginde oturan bu ajaýyp köne taryhy ýer taryhyň iň gözel ýerleri öz içine alýar. Umuman taryhy ýerler özboluşly adamzady bir täsin hala salýar. Bu halyň içinde taryhy ýerlere özüň aýlananyňda hem göz ýetirýärsiň. 2024-nji ýylyň Türki halklaryň medeniýet merkezi diýip, Änew şäherçesi yglan edilmegi hem bu gözel taryhy nokatlary öz içine alýar. Şol taryhy zolaklaryň biri-de ýüpek ýoluynyň ugrunda ýerleşýän ahal welaýatynyň, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň territoriýasyna girýän Parfiýa medeniýetiniň iň irki ösüşlerini öz içine alýan gadymy Nusaý galasydyr. Nusaý galasy paýtagtymyzyň eteginde ýerleşip, özüniň medeni aýratynlyklaryny soňky döwürlerden alýan hem bolsa, ol ýerden tapylan tapyndylaryň has irki medeniýetlere degişlidigini, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda medeni gatnaşyklaryň yzygiderli bolandygyny subut edýän hadysadyr. Nusaý galasy özüniň ýerleşýän meýdany bilen 14-15 gektar töwereklerini hem öz içine alýar. Gala emeli beýiklikde ýerleşip, galanyň umumy süňňi pagsadan edilendir. Diwarlaryň düýbüniň galyňlygy 8-9 metrden ybarat bolan bu gala Arşakitleriň köşk-ybadat jaýlary bolan. Bu ýerde döwlet diwany, ybadathana hazyna hem-de köşk baştutanynyň maşgalasydyr, ýakyn adamlary ýaşapdyrlar. Nusaý galasynyň meýdançasyndan tapylan pil süňkünden edilenritonlaryň tapylmagy, şeýle-de äpet küýzeleriň önümçilik üçin ulanylmagy esasynda, hasaplamalaryň ýüze çykmagy, ösen ykdysady hem-de söwda aragatnaşygynyň dünýäniň çar künjüne uzan ýollar bilen baglanyşygynyň bardygyny subut edýän hadysalaryň biridir. Reňklenen özboluşly çekerler, ol ýerlerde goýlan resminamalaryň tapylmagy şeýle-de her bir keramiki düzümde ýerleşdirlen içerki ykdysady birligi subut edýän maglumatlar bu ýerde söwdaaragatnaşygynyň has ykjam bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Şirmaýydan edilen ritonlardaky şekiller bolsa, sahnalaşdyrylan görnüşde bezelip, skifleriň parfiýa patyşalygyny ýer ýüzünde tanadan täsin haşamlarda görkezmek üçin ýörüte buýruk berilen bolmagynyň mümkindigini kesgitleýän maglumatlar bilen gabat gelýär. Özüniň gülläp ösen döwründe Ortaýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli aralygy alan skifleriň, ýagny Parfiýanlaryň şol döwürde ykdysady hem syýasy taýdan göreldeli gujurly döwleti gurup, döwrüň syýasy wakalaryny hem-de söwda aragatnaşygyndaky ykdysady meseleleri esasan sungata siňdirmegi bu adamzadyň bakylygy sungatda görýändigini ýene bir gezek subut edýän hadysadyr. Gadymy Nusaý galasynyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän giň otaglarda şol döwürde ýüze çykarlan hazynalaryň, ýagny giden ritonlar otagynyň barjamlylyk döwrüne degişlidigini subut etmesi bolsa, bu toprklarda gadymýetden ýaşamaga oňaýly, şertleri amatly ýerleriň bolandygyny, şeýle-de dünýäniň syýahatçylaryny hem- de alymlarynyň ünsüni häzirki döwre çenli özüne çekip durandygyny subut edýän hadysalaryň naýbaşysydyr. Köpetdagy etekläp oturan sergin howaly, bol suwly Nusaý galasy uzaklardan seredeniňde gözelligiň hudaýy bolan Rodogunanyň keşbinde saňa bir zatlary aýdyp berýän ýaly. Gözelligiň hem-de hasyllylygyň baky nyşanyna öwrülen, ýylyň ähli paslynda ýam-ýaşyl sonarly sährada kebelekler aýdym aýdyp,bahar günleri Rodogunany raksa çagyrýan ýaly. Galalaryň gatlarynyň arasyna aýlanyp ýörkäň,seniň iýniňi jümşüldediji dymyşlykda aýdylmadyk aýdymlar, çözülmedik matallar, görülmedik we üsti açylmadyk maglumatlaryň bardygyna bir dem gulak asýandygyň bilen özüňi köşeşdirmek isleýärsiň. Ýyllar ýyllaryň yzyndan sapyp geçip barýar. Haýbatly galalaryň bu gün saňa bir zat gürrüň berjek bolýan ýumşak dilinde ata-baba bu topragyň gudrat-keremli iýnişlerdigini subut edýän güýç seni şu watanyň, şu topragyň oglydygyň üçin buýsandyrýar. Nusaý taryhy ýadygärliginiň aýrylmaz baglanşygy bolan dünýä siwilizasiýasynda ýer alýan beýik medeniýetleri özünde saklaýandygy nijeme asyrlar bäri subut edilýär. Şeýle ajaýyp gözellikleriň – taryhy sahypalaryň içinde bir-birine garyşýan medeniýetleriň ölmez-ýitmezligi Nusaý galasynyň şu günki güne çenli saklanyp durandygyndan hem bellidir. Mahbuba GAFUROWA, Türkmenistanyň Injener tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |