18:51 Perzendiñ ata-ene öñündäki bergi-borjy | |
PERZENDIŇ ATA-ENE ÖŇÜNDÄKI BERGI-BORJY
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Eziz ýaşlar! Ejeleriňizi depeleriňize täç ediň! Siziň ömrüňize bagt nurun çaýýan ejeňizdir, kakaňyzdyr. Durmuşyň tagamy – ata-enä goýýan hormatyň dadyr! Mukaddes Ruhnamadan Ýeriň ýüzünde ene-atadan eziz zat ýokdur. Allatagala Gurhanyň ençeme aýatynda Alla iman we tagat-ybadatdan soňra ene-ata boýun bolmagy we ýagşylyk etmegi buýrandyr. Çünki Allatagala älemi we bizi gudraty bilen ýaradyşy ýaly, hikmeti bilen bolsa dünýä gelmegimize ene-atamyzy sebäpkär kylandyr. Nisa süresiniň 36-njy aýatynda şeýle aýdylýar: «Alla ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň, soňra ene-ata ýagşylyk ediň.» Her ene çagasyny göwresinde göterip, uly kynçylyklar bilen dünýä inderýär. Kaka hem çaganyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin akylyňa-hyýalyňa-da gelmedik kynçylyklara döz gelip, halal zähmet we uly azap çekýär. Olar hemişe çagalarynyň bähbidi, saglykly we bagtyýar ýaşaýşy üçin öz bähbidinden geçip, hiç zatdan janyny gaýgyrmaýar. Ýeri gelende şirin janyny hem gurban etmegi hiç zatça-da görmeýär. Ene-atany iň köp begendirýän zat çagalarynyň bagtly ýaşaýşydyr. Çaganyň sähel ýeriniň agyrmagy olary gynandyrýar, gam-gussa batyrýar. Ene-atanyň çagasy üçin gören görgülerini, çeken zähmetini söz bilen aýtmak mümkin däl, oňa diňe ene-ata bolanlar doly düşüner. Şonuň üçin şu ýagty jahana gelmegimize sebäp bolýan ene-atamyzyň öňündäki perzentlik borjumyzy bilmelidiris. Mukaddes Ruhnama kitabynda perzendiň ene-atanyň öňündäki borjy barada şeýle aýdylýar: «Perzent ene-atasy bilen diňe edep görkezip üzlüşip biler. Edep manysy bergidir. Edepli perzent öz-özünden döremeýär. Perzent terbiyä mätäçdir. Terbiýesiz çaga baş öwredilmedik at ýalydyr. Terbiýäniň manysy çaga öňden ykrar edilen jemgyýetçilik gymmatlyklaryny siňdirmekdir we ony jemgyýetçilik ýaşaýşyna ýaramly, ukyply şahsyýete öwürmekdir.» Perzendiň ene-atanyň öňündäki bergi-borçlaryny şeýle sanamak bolar. ■ Ene-ata boýun bolmak we hormat etmek. Ene-ata hormat etmedik perzendiň Alla hem hormaty ýokdur. Ene-atasynyň hukugyny hasaba almadyk we olara garşy giden bir perzent adam sypatly wagşy haýwan ýalydyr, çagasynyň ruhy durmuşyny kepillendirmedik, ony edep-terbiýe mirasyndan mahrum eden ene-ata bolsa rehimsiz ganhor mysalydyr. Çaga öz gaýratyna ruhyýet ýoluny tapyp kanagatlanjak wagty onuň ganatyny döwen ene-atany bolsa nämä deňejegiňi bileňok. Ynsan ene göwresine düşen gününden ene-atasynyň egninde olara agyr bir ýük bolup kemala gelýär. Bu barada ene-atanyň çagasyna bolan rehim-şepagatyny wasp etmek mümkin däldigi üçin, olara hormat etmek, sarpa goýmak, gadyryny bilmek hem ynsanlyk borjy hem-de bir wezipedir. Şol sebäpli-de çaga ene-atanyň buýrugyny hökman berjaý etmeli, oňlamadyk işiňden ýüz döndermeli, diýenini kyn görmän wagtynda etmeli, ynjytmazlyga çalyşmaly. Ene-ata hormat etmezligi, boýun bolmazlygy Pygamberimiz şirkden soň iň uly günäleriň biri saýypdyr (Buhary). Mukaddes Ruhnama kitabynda bu barada şeýle aýdylýar: «Eý, türkmen perzendi! Perzendiň nähili perzentdigi – gowulygy, ýaramazlygy ata-enesine goýýan hormatynda, hyzmatynda aşgar bolýandyr. Her kim ata-enesine goýýan hormaty bilen tanalýandyr. Ata-enesini hormatlamaýan adam, hernäçe gowy diýilse-de ynanmaryn. Edebiň ýagşysy ata-eneňi sylamakdyr. Ähli edepleriň başy ata-eneňi hormatlamak, derejelemek edebidir. Ata-eneňi derejelemek olary öz derejesinde – ata-ene ornunda görmekdir, bu uly sylagdyr, çünki ata-enelikden uly dereje ýokdur.» Eger-de ene-ataň seniň anyk bilmeýän, başarmaýan ýa-da ýalňyş bir işi emr etse, tagat etmek dürs däldir. Bu barada Gurhany kerimde şeýle aýdylýar: «Biz ynsana berjaý etmeli haýyrly amal hökmünde ene-atasyna ýagşy hereket etmegini ündedik. Emma olar senden hiç hili anyk bilmedik zadyny maňa şärik goşmagyňy buýursa, onda boýun bolma!» (Ankebut 8). Bu aýatyň inmegine sebäp bolan şu wakany Sad bin Ebi Wakkas seýle gürrüň berýär: «Meniň eneme hormatym has ýokarydy, onuň bir diýenini gaýtalatmazdym. Men musulman bolamda heniz çagadym. Enem meniň musulman bolanymy eşidende. – Eý Sad! Bolşuň näme? Ýa sen bu täze dinmi taşlarsyň, ýa-da men iýip-içmerin, ahyry ölerin. Senem men sebäpli «Eý enesini öldüren» diýip aýyplanarsyň – diýdi. Menem. – Ejem jan, beýtme. Şuny berk belle, men dinimi taşlamaryn! – diýdim. Iki gün, iki gije garaşdym, ejem hiç hili iýip-içmedi. Bu gezek oňa şeýle diýdim: – Ejem jan, kasam edýän we şuny berk belle, senm ýüz janyň bolsa her birini ýeke-ýeke tabşyrsaň, men ýene-de dinimi taşlamaryn. Öz göwnüň biler, isle iý, isle-de iýme – diýdim. Ejem meniň çynymdy gyna göz ýetirensoň, hökman iýip başlady, soňra Ankebut süresiniň 8-nji aýaty indi («Tejridi Sary ). Pygamberimiz başga bir hadysynda: «Şübhesiz Allatagala size eneleriňize ytagatsyzlygy... haram kyldy» diýip aýdýar (Buhary). Pygamberimiziň «Jennet eneleriň dabanynyň aşagyndadyr,» hadyslary bilen, ene Allatagalanyň ýanynda uly mertebä eýedir we çagalarynyň söýgüsiniň we hormatynyň dörtden üçüsine mynasyp görlendir. ■ Ene-ata hemişe ýagşylyk etmek. Ene-atasynyň gadyryny bilip, olary Hakyň razylygyny gazanmaga sebäp saýanlar, bu dünýede-de, ol dünýede-de iň bagtyýar adamlardyr. Olary kemsidip, hyzmatyndan irizenler, ýigrenenler bolsa süýrenip, azap çekmäge laýyk bolan bedasyl kişilerdir. Gurhany kerimde ene-ata ýagşylyk etmek hakynda şeýle aýdylýar: «Biz ynsana ene-atasyna ýagşylyk etmegini sargadyk. Çünki enesi ony ençeme azaplar bilen göwresinde daşandyr. Iki ýyl çemesi bolsa enesinden süýt emendir. Ynsana, Maňa hem-de ene-ataňa şükür et, soňunda Maňa dolanyp geljegiňi unutma diýip tabşyrdyk» (Lokman, 14). Isra süresiniň 23-nji aýatynda bolsa, Rabbyň şeýle buýrandyr: «Alladan başgasyna ybadat etmäň, ene-ataňyza ýagşylyk ediň.» Pygamberimiz aleýhissalam bolsa: «Ene-ata ýagşylyk, wagtynda okalan namazdan soňra Allanyň iň köp halaýan amalydyr» diýip aýdýar (Buhary). Pygamberimiz urşa gatnaşjak bolup gelen bir sahabany garry ene-atasyna hyzmat etmek üçin yzyna iberýär. Şu we şuňa meňzeş aýaty kelimeler we hadysy şerifler ene-ata ýagşylyk, haýyr-sahawat etmegiň nähili möhümdigini beýan edýär. Aýratynam, Pygamberimizden: «Ýagşy söhbetdeşlik etmäge iň köp kim mynasypdyr, eý Resulyllah?» diýlip soran sahaba, üç gezek «Eneňdir» diýenden soňra, dördünjide «Ataňdyr» (Buhary), manydaky hadysdan alym Kurtubi şu netijäni çykarýar: «Ýagşylyk etmek taýyndan enäniň hukugy atanyňkydan üç esse artykdyr. Çünki ene atadan artyk bolup, göwrelilik, dogurmak we emdirmek zähmedim çekýär. Kakanyň bu üç meselede enä hiç hili kömegi degen däldir. Netijede, Alla tagat-ybadatdan soňra ene-ata ýagşylyk etmek, aýratynam, enä üns bermek, hyzmata mätäç ýagdaýa gelenlerinde möhümlerini bitirmek perzent üçin parzdyr. Mukaddes Ruhnama kitabynda perzendiň ene-ata bergisim üzmek bilen baglanyşykly şeýle aýdylýar: «Türkmen perzendi enesine käbe, atasyna kybla diýýändir. Käbe, kybla mukaddeslikdir. Eý, oglum! Ataň öňündäki bergiňi üzmek isleseň, ataňdan alanyňy ýüz esse edip gaýtar, eneň üzmek isleseň, eneňden alanyň ýüzden birini gaýtarjak bol. Ataň-eneň öňündäki bergiň – iň uly bergidir, çünki olar saňa iň uly zady, başga zatlar bilen başga hiç zat bilen ölçäp bolmajak zady – ömrüňi berendirler. Eneň-gujagynda, ataň gorawynda geçiren günleriň ömrüň iň bagtly, ýaşaýşyň iň datly pursatlary dälmidir?! Saňa seniň özüňden ýakyn, saňa seniň özüňden belet, seni seniň özüňden eziz görýän, seniň gowulyklaryna özüňden artyk guwanýan, seniň kemlikleriňe seniň özüňden beter gynanýan, özüňi özüň bagyşlamajak ýeriňde sem bagyşlap bilýän,özüňi özüň götergilemejek ýeriňde ýokary göterip bilýän adamlar bar bolsa, olar dine atan bilen eneňdir. Ata-eneňe ýagşylyk et, ýagşylyk et hem-de näçe ýagşylyk etseňem, olar bilen üzlüşip bilen et!» ■ Ene-ata ýagşylygyň görnüşi şeýledir: Gurhany kerimde ene-ata ýagşylyk etmek, «birr» we «yhsan» sözleri bilen düşündirilýär. Ene-ata «birr» we «yhsan» etmeklik, çyn ýürekden isläp ýagşylyk etmek, hukuklaryny berjaý etmek, sylag-hormat etmek manylaryny aňladýar. Perzendiň ene-atasynyň öňündäki hukuklaryny doly ödemegi mümkin däldir. Bu barada Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle aýdýar: «Perzent kakasyny gul hökmünde tapsa we ony satyn alyp azat etse, ýene-de perzentlik hukugyny doly berjaý edip bilmez» (Müslim). Başga bir hadysda bolsa şeýle rowaýat edilýär: «Bir adam enesini arkasyna alyp, Käbäni togap etdirýär eken. Şol aralyk Resulyllahy gördi we «Enäniň perzentlik hukugyny ödäp bildimmi?» diýip soraýar. Pygamberimiz aleýhissalam «Ýok, seni göwresinde daşaýarka, bir dem almak pursadyndaky zähmetiniň hakyny hem ödäp bilmediň» diýip jogap berýär» (Buhary). Diýmek, perzent ene- atanyň hukugyny näme etse-de, doly ödäp bilmez. Ynsan diňe eden ýagşylygy bilen olary razy edip, şeýlelikde, Allanyň hem razylygyny gazanan ýagdaýynda ene-atasynyň öňündäki perzentlik borjuny ýerine ýetirip biler. Şonuň üçin ömür saparynda olara ýoldaş bolmaly, agyrsa, ynjasa, gatyrganmaly däl, köňlüne gussa salmaly däl, ýanyňdaka gaty geplemeli däl... Ene-atany razy etmegiň ýollaryny Allatagala Isra süresinde şeýle beýan edýär: «Eger olardan (ene-ataňdan) her ikisi ýa- da biri garrap seniň ýanyňda bolsalar, olara hyzmat etmekden irme, sähelçe-de gödek söz aýtma, käýeme, olaryň göwnüni awlamak üçin mylaýym gürle, rehim-şepagatlylyk we pespällik bilen olara hemaýat edip, şeýle ýagşy doga-dileg edip ber: «Eý Rabbym, kiçi çagakam olar meni nähili mylaýymlyk, sere-saplyk bilen ýetişdiren bolsalar, Sen hem olary merhemetiň bilen sylagla!» (Isra, 23-24). Bu aýatda Allatagala ynsany ene-atasynyň öňünde bäş zat bilen bergili edýär. Olar: a) Ene-ata sähelçe-de gödek söz aýtmazlyk. b) Ene-ata käýemezlik. ç) Ene-ata mylaýym söz sözlemek. d) Ene-ata rehim etmek. e) Ene-ata ýagşy doga-dileg etmek. Hadysda şeýle diýilýär: «Ynsan dünýeden ötende amal depderi ýapylar, emma şu üç kişiniň amal depderi ýapylmaz, oňa dowamly sogap ýazylar. Olar: sadakaýy garyýe eden il bähbitli işleri bitiren, ýagny, metjit, ýol, körpi gurduran, guýy gazdyran, we ş.m. işleri eden adam, dowam eden ylym, ýagny, ynsanlar peýdalanar ýaly kitap ýazyp galdyran alym kişi we hemişe ýagşy doga-dileg edýän, halal ýaşaýan salyh perzentdir.» Ynsan ene-atasyna, maşgalasyna, halkyna peýdaly, wepaly perzent bolmagy üçin bu üç topardan birisi bolup biler. Mukaddes Ruhnama kitabynda hem perzent edebi, akyl edebi, söz edebi, hereket edebi, göwün edebi, we kömek edebi görnüşde düşündirilýär: «Ataň-eneň öňünde akyl edebini berjaý et! Akyl edebiniň manysy ataň-eneň gadyr-gymmatyna, tapylgysyzdygyna akyl ýetirmekden ybaratdyr. Akyl edebiniň birinji şerti-de ataň-enäň kimdigine, kimlerdendigine, öz gelip çykyşyňa akyl ýetirmek, öz nebere kökleriňi bilmekdir. Türkmençilikde şejeräňi – nesil daragtyňy oňat bilmek, ýedi arkaňa belet bolmak her bir perzendiň borjy hasaplanylýar, çünki ýedi arka – arkalylyk, asyllylyk, seniňem il sanyndadygyň güwänamasydyr... Akyl edebiniň şerti öz ýedi arkaňy düzýän adamlaryň diňe bir atlaryny däl, eýsem, ömrüni, eden işlerini, gylyk-häsiýetini bilmekden, öwrenmekden we mydama hakydaňda göterip gezmekden ybaratdyr. Perzent ata-enesiniň öňünde söz edebini berjaý etmelidir. Söz edebiniň şertleri anykdyr hem-de inçedir. Olar perzendiň akyl edebinden gelip çykýar we onuň şahsy medeniýetiniň, ekramynyň hem-de sypaýylygynyň görkezijisi bolup durýar. Söze erk edip bilmek uly sungatdyr. Söz adamlaryň biri- biri bilen gatnaşygynyň serişdesidir. Şol gatnaşyklar oňun bolsa, munuň özi söz edebiniň ýokary derejesi, ol gatnaşyklar ýaramaz bolsa-da, ol söz edebiniň perzende gowy berilmändiginiň alamatydyr. Eý oglum! Ataň-eneň ýanynda seniň sesiň olaryňkydan belent däl-de, pes hem-de mylaýym eşidilsin! Gaty geplemek hökmürowanlygyň nyşanydyr, emma sen ata-eneňe hökmürowan däl-de, olaryň hökümini ýerine ýetirijisiň! Ýuwaşy mylaýym, mylakatly, diňe manysy däl, owazy bilen-de özüne çekiji gürle! Ataň-eneň sözüni çekmelisiň! Olar bilen gürleşmek seniň üçin ýöne gep alyşmak däl-de, eýsem, halyndan habar alyşmakdyr. Ataň-eneň ýöne diliniň owazyna däl, eýsem, ýüreginiň hem paýhasynyň owazlaryna diň salmagy başar! ...Ataň-eneň ýanynda gelşiksiz, nälaýyk sözleri diliňe alma! Hoşzyban boly süýji gürleş! Eger haýsydyr bir meselede başgaça pikirde bolsaňam, öz mamladygyňy hoş sözler, delilli hem sypaýy sözler bilen düşündirjek bol! Ataň-eneňe gaty-gaýrym, zoňtar, degnasyna degýän sözleri aýtma! Hakykat zoňtar, göwne degiji hem gödek bolýan däldir. Ataň-eneň ýanynda ýumşak sözle! Seniň sözleýşiň, gep-gürrüňiň gyzykly hem özüne maýyl ediji bolsun! Ataň-eneň bilen gözüniň içine seredip, ýokardan bakyp, ýüzüňi kesä sowup gürleşme! Beren soragyny jogapsyz goýma, ýarym-ýaltalyk, men-menlik, gahar bilen jogap berme! Ataň-eneň bilen «siz» diýip gürleş! Adyny, lakamyny tutma! Ataň-eneň ýanynda gaty gülme, ýaňsyly pyňkyrma! Ataň-eneň ýanynda dymmagy başar! Asla sözüni bölme! Perzent ata-enesiniň öňünde hereket edebini berjaý etmelidir. Ata-eneňe bir kemsiz hyzmat et! Ata-enäniň hyzmatynda bolmak uly bagtdyr; Emma, näçe hyzmat etseňem, olaryň öňündäki bergileriňi üzüp bilmejekdigiňi mydama ýadyňda sakla! ...Watan bilen, ata-ene bilen üzlüşmek ýokdur, olara ölinçäň hyzmat etmek bardyr! Ata-eneň buýruklaryny, ýumşuny, tabşyrygyny ýerine ýetir! Bu işden lezzet alýan perzent kemally perzentdir. Olary bitirmejek bolup, bolar-bolgusyz bahanalar tapma, ata-ene perzendiniň bitirip bilmejek işini, oňa biabraýlyk ýa şek getirjek işi buýurýan däldir! Ata-eneň gargyşyndan, käýinjinden hem nägileliginden daşda bol! Ata-eneden razylyk alman, ýola çykma! Uzak ýoldan geleniňde, ilki bilen, ata-eneň bilen salamlaş, hallaryndan habar al! Ata-eneň ýanyňa, öýüňe gelse, öňünden çykyp garşy al! Özi gelip girýänçä, göwnübir oturmak, gyşaryp ýatmak, «Geldiňmi!» hem diýmezlik uly biedeplikdir. Ata-eneň öýden çykanda, özi «gal» diýýänçä ugrat! Mejalsyzy ýarawsyz bolsa, ýaltanma, başga birine tabşyrma-da, barýança ýoldaş bol! Ata-eneň çagyrsa, eglenmän ýanyna bar! Ilki eneň, soňra ataň ýanyna bar! Ata-eneň möhümini öz işiňi gaýra goýup, wagtynda bitir! Ýumuşçyl bol! Ataň-eneň üçin hereketde bolsaň, ömrüň bereketli bolar. Diňe çagakaň däl, ulalaňda-da, ata-eneň üçin el-aýak bol! Çünki el-aýagyňy şolardan alansyň! Perzent ata-enesiniň öňünde göwün edebini berjaý etmelidir. Ata-eneňe mähirli, mährem hem-de hamrak bol! Ata-eneň – iň oňat dostuň, iň wepaly mähribanlaryňdyr. Şatlananda, şadyýan bol! Gaýgylansa, göwünlik ber! Olar bilen ýürekdeş bol! Çünki sen olaryň ýüreginden önensiň. Olaryň ugrunda bagryň girýan bolsun, çünki sen olaryň bagryndan önensiň! Perzent ata-enesiniň ýüreginiň örki, bagrynyň bagydyr. Köp gepleýär, artyk gepleýär diýip dargursaklyk etme! Geplemegi şolardan öwrenensiň. Dertli bolsa, derdini paýlaş! Çünki bäbeklikden çagalyga, çagalykdan oglanlyga, oglanlykdan ýigitlige, ýigitlikden ululyga geçmek möwritiniň agyrysyny we yzasyny – adam ösüşiniň yzasyny olaram seniň bilen deň çekişendir. Hassalyk sebäpli jebir-jepa berse, ýüregiňizi aýrylap, günä galmaň! Bäbekkäň derdiňi özüňe däl, ata-eneňe bolandyr, olar garryka derdini sen almalysyň! Ata-enäni ynjytmazlyk aladasy her ädimiňde, her işiňde, her amalyňda berk ýadyňda bolsun! Olary ynjytjak pişelerden daşda dur. Halamajak işinden gaýt, begenjek işinden ýüz öwürme! Ata-enäniň göwnüni awlamak, ýeke gezek begendirmek – iň uly sogapdyr. Garrap, tapdan düşende, ýöremekden, gürlemekden, görmekden galanda tekge bol! Ata-eneň öz.üňe aýtmasa-da, ýüzüňden, hereketiňden, bolşuňdan seniň özüne nähili garaýandygyny bilip oturandyr. Perzent ata-enesiniň öňünde kömek edebini berjaý etmelidir. Eşigi özüňkiden oňat bolsun! Iýyäni özüňkiden oňat bolsun! Arzuwyna ýetir! Ähli geregini tapyp ber! Golda baryň, bar zadyň eýesi şolardyr! Olardan zadyňy gysganma! Ruhuna sadaka ber!» Ýagny, ýogalandan soň, adyna aýat-töwir et, sadaka ber. Çünki türkmen düşünjesine görä, merhumyň alnyna barýan aýat-doga diňe onuň öz perzentleriniň edýän dogalarydyr. Olara o dünýäde başga kişiden haraý ýokdur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |