19:51 Pygamberimize aşyklaryñ sowgady | |
PYGAMBERIMIZE AŞYKLARYÑ SOWGADY
Pedagogika we edep-terbiýe
Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen başlaýaryn Hemme öwgüler merhemeti soňsuz Allaha bolsun! Allahyň rahmeti we salamy iki jahanyň ýaradylmasynyň sebäpkäri bolan Muhammet aleýhis salama we onuň maşgalasyna hem-de sahabalaryna bolsun! Gadyrdan doganlar! Pygamber aleýhis salamyň aşyklaryndan käbirleri biz ejiz gula ýüz tutup: «Biz Pygamber aleýhis salamy şat edip, begendirip bileris» – diýdiler. Biz hem kalby «Resulallah» diýip urýan doganlarymyzdan haýyr-doga alyp, olaryň haýyşyny bitirmek üçi ähli sünnet alymlarynyň we pirleriniň käbirleriniň ýazan kitaplaryndan, has dogrusy gül bukjasyndan birnäçe gül almaklygy makul bildik. Şeýlelikde. Şu «Älemleriň Serwerine aşyklaryň sowgady» atly kitaby siz ezizleriň dykgatyna ýetirmegi Allanyň kömek bermegi bilen başardyk. SALAT WE SALAMYŇ MANYSY «Salat» sözi Kuranda örän köp ýerde gabat gelip, dürli manylara eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, «Istigfar aýtmak, doga-dileg etmek, namaz okamak we okatmak, öwrenmek we hormat etmek, goldaw bermek we ýardam etmek» ýaly manylarda gelýär. Şeýle-de Allahyň bir adamy ýagşylyk bilen gurşamagy, Allahyň rahmeti we bereketi ýaly manylary hem bardyr. Gysgaça aýdylanda bolsа, Allahdan rahmet, perişdelerden istigfar, müminlerden bolsa, haýyr doga-dileg etmek manysynda gelýär. Yslam sözi bilen bir kökden gelen «Salam» sözüniň: «Salamatlyk, esenlik, howpsuzlyk, ynam, rahatlyk, parahatlyk, saglyk, gowy netije we halas bolmak» ýaly manylary bar. Salam Allahdan birine parahatçylyk, asudalyk, ynam dilemek we dostlukly gatnaşyk üçin teklip bermekdir. Ýagny salam beren adam: «Allahyň salamy, rahmeti we bereketi siziň üstüňize bolsun! Allah siziň bilen bile bolsun! Men musulman, menden size we hiç hili erbetlik ýetmez» diýmek isleýär. Sebäbi salam şol bir wagtyň özünde dogadyr. Bir musulmanyň başga bir musulman üçin haýyr-doga etmegidir. Çünki bir adam birine salam bermek bilen onuň kalbynyň rahatlanmagyny, şatlygyny we rahatlyga ýetmesini isleýän diýmekdir. Seýle-de Allahyň gözel atlarynyň biri «es-Seläm»-dir. Jennete-de «Darus-Seläm» diýilendir. Jennetdäkiler biri-biri bilen garşylaşanlarynda ilkinji sözlenjek sözleri «salam» boljakdyr. SALAT DOGA DIÝMEKDIR Salat «doga», salawat bolsa, köplük sanda «dogalar» manysyndadyr. Hezreti Pygamber sallallahu aleýhi weselleme edilen dogalara salawat diýilýär. Kurany Kerimiň «Toba» süresiniň: «Olara salat et. Çünki Seniň salatyň olar üçin huzura sebäpdir» – diýen 103-nji aýaty-da bu manyda gelýändir. Aşakdaky hadysy-şerif hem bu babatda ulanylypdyr: «Allahym! Ebu Ewfahyň maşgalasyna salat et!». Rowaýata görä, hat-da bit aýal Resulullah sallallahu aleýhi weselleme: «Eý, Allanyň Resuly! Maňa we ýanýoldaşyma doga et» diýipdir. Pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellem: «Allah saňa we adamyňa salat etsin!» – diýipdir. Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň özüne salat okaýanlara garşylyklaýyn okan salaty-da bu manydadyr. Hakykatdan hem Ol sallallahu aleýhi wesellem bu barada şeýle diýipdir: «Kim Maňa salatu-salam iberse, şol wagt Allahu Tagala ruhumy bedenime getirýär we Men hem oňa salatu-salam bilen jogap bererin». Biz Resuly-Ekrem sallallahu aleýhi weselleme salat we salam aýtmak bilen hem Oňa, hem-de özümize doga edýändiris. Ýagny: «Eý, Allahyň Resuly! Seni ýatlaýarys we Sen hakda pikir edýäris. Allaha Seniň yzzatyňy we hormatyňy beýgeltmegi üçin doga-dileg edýäris. Eý, Habybullah! Bizi-de nurly halkaňa al we ymmatyň arasyna goş!» – diýip, onuň ummasyz rehimdarlygyna we şepagatyna sygynmak isleýäris. Ýagny: «Dahilek ýä Resulullah» – diýýäris. SALATU-SALAM ILÄHIBIR EMRDIR Salat we salam Allahyň emridir (buýrugydyr). Ilähi ahlak bilen ahlaklanmakdyr. Allahyň ededini etmekdir. Çünki Alla Tagala Habybyna salat aýdýar, şol bir wagtyň özünde-de, müminlere-de emr edýär: «Allah we Onuň perişdeleri Pygambere salat aýdýarlar. Eý, iman edenler! Siz hem oňa salatu-salam aydyň» – diýen aýaty-kerimedäki bu emr barada birnäçe hadyslarda hem getirilendir. Bu emri ýerine ýetirmek Allahyň emir eden işini ýerine ýetirmek hasaplanylýar. Gul Allahyň eden bir işini etdigi bolýar. Sebäbi Allanyň gullaryna birnäçe, dürli buýruklary bardyr. Meselem: «Namaz okaň, agyz bekläň, haj ediň!» – diýip buýrupdyr. Emma özi bularyň hiç birini-de etmez, ýöne onuň şeýle bir buýrugy bar bolup, ony gullaryna buýurmanka ilki bilen özi edýär, soňra perişdeleriňe emr edýär we iň soňunda möminleriň etmeklerini buýurýar. Bu emr bolsa, salatu-salamdyr. Tagzym dogasy kimlere ediler? Nähili ediler? Pygamberler, weliler, salyhlar we alymlar Allahyň ýanynda gadyr-gymmatly adamlardyr. Hak Tagalanyň olara aýratyn ähmiýet berşi ýaly, biziň hem olara aýratyn ähmiýet bermegimiz, tagzymda-da bolmagymyz we atlary gelende hormat bilen ýatlamagymyz wajypdyr. Bu dogalar bilen olara hormat goýdygymyz bolar. Emma tagzym dogalary degişlilikde üýtgäp biler. Meselem: beýik Allahyň ady ýatlananda: «Jelle Jelaluhu» – diýip, ýeter-ýetmez kem sypatlardan tenzih (arassalamak) we takdyr (ulaltmak) bilen tagzym ediler. Pygamberlere bolsa, salat we salam beriler. Meselem: Hezreti Pygamberimiziň mübärek ady gelende: «Sallallahu aleýhi we sellem» diýiler. Ýene-de adynyň öňünde «seýýidinä» sözüniň aýdylmagy hem edepdendir. Başga tarapdan sahabalar üçin Allahyň razylygy we magfyreti islenilip, olaryň atlary gelende: «Razyýallahu anhu» – diýiler. Öwlüýäler üçin: «Kuddise sirruhu» – diýlip, doga ediler. Yslamyň beýikleri, ulamalar üçin: «Rahimehullah, Rahmetullahi aleýh» – diýiler. Ýokarda bellenilişi ýaly, tagzym jümleleri sypatlara görä, ýagny degişlilikde tapawutlanýandyr. Ilkinji döwürden bäri salatu-salam diňe Pygamberler üçin aýdylypdyr, Hezreti Pygamberiň maşgalasyna we sahabalaryna aýratynlykda salatu-salam aýtmak dogry hasaplanylmandyr. Emma Resullullaha tabyn edilip, Onuň bilen bilelikde maşgalasyna we sahabalaryna salatu-salam aýtmak dürs hasaplanypdyr. Hat-da mustahap hasaplanypdyr. SALATU-SALAM NURDUR Salatu-salam bir nurdyr. Gabry, haşry, Syrat köprüsini ýagtylandyran bir nurdur. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: «Maňa aýdan salawatyňyz siziň üçin Syrat köprüsinde nur we yşyk boljakdy» – diýip buýrupdyr. Başga bir rowaýatda şeýle diýlipdir: «Maňa aýdylan salatu-salam Syratyň üstünde nurdur. Kimde-kim Maňa juma güni 80 gezek salatu-salam getirse, Keremli Hak onuň 80 ýyllyk günäsini bagyşlar». Ondan başga-da, Syrat köprüsinde aýagyň hereketsiz galmagyndan we typmagyndan saklar. Salatu-salam aýdana aýratyn bir nur beriljekdir. Şeýlelik-de, ol nar ähli (dowzahy) bolmaklygyndan halas bolup, nur ähli bolar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şu hadysy-da oňa delildir: «Syratyň üstünde galan, hurma ýapragy ýaly, titir-titir titreýän bir adam gördüm. Şol wagtda Maňa aýdan salawatlary gelip, ony bu ýagdaýdan halas etdi». Hawa, salatu-salam aşyklaryň halasgäridir. Salawat salawat aýdany howp- hatardan gorar. Gabyrda we haşyrda kömekçi bolar. Arşyň kölegesine girmeklige ýol açar. Aşakda getirilen hadys bolsa, subutnama hökmünde ýeterlikdir. Pygamber aleýhis salam şeýle diýipdir: «Düýn gije Meni haýran galdyran bir waka gördüm. Bir adam Syrat köprüsiniň üstünde ýykylyp-sürçüp durýardy. Şo pursat onuň Maňa aýdan salawatlary gelip, elinden tutup, Syrat köprüsinden geçirdi». YMAM ŞAFYGYNYŇ SALAWATY Ispyhany rahmetullahi aleýh şeýle diýipdir: «Resuly Ekrem sallallahu aleýhi wesellemi düýşümde gördüm. Ondan agasynyň ogly Idris eş-Şafygy (Ymam şafygy) barada soranym-da, şeýle diýdi: «Men onuň hasaba çekilmezligi üçin Hak Tagaladan haýyş etdim». Men hem: – Eý, Resulallah sallallahu aleýhi wesellem! Bu derejä ol nädip mynasyp boldy? – diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: – Çünki ol Maňa şeýle bir salawat getirerdi welin, hiç kim Maňa onuň ýaly salawat getiren däldir. Ondan: – Ey, Resulallah! О salawat haýsydyr? – diýip soradym. Hezreti Pygamber sallallahu aleýhi wesellem: – Ymam Şafygynyň ömrüniň dowamynda okan salawatyňyň gowusy şudur – diýdi. «Alla:humme salli alä: seýýidinä: Muhammedin kullemä: zekerehuz zä:kiru:ne we salli alä: seýýidinä: Muhammedin kullemä: gafele an zikrihil ga:filu:n». Маnysy: Eý Allahym! Serwerimiz Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi weselleme Seni zikir edenleriň zikir eden, gapyl bolanlaryň bolsa, gapyl bolan wagty ýaly, salatu-salam et! Şu manyny-da aýtsa bolýar: «Allahym! Serwerimiz Hezeti Muhammet sallallahu aleýhi weselleme Ony ýatlaýanlaryň her ýatlaýyşyça we ony ýatlamakdan gapyl bolanlaryň sanyça, Ona salawat eyle». Ebul-Abbas ibn Mündil Imam Şafygyny aradan çykandan soňra gören biriniň Allahyň özüni nähili ýagdaýda garşylanlygyny soranda, onuň jogabyna bu salawaty dowamly okamagynyň sebäbi bilen Allahyň özüni bagyşlandygyny aýdandygy barada habar beripdir. SALAWATY-ŞERIFE OKAMAGYŇ SOGAPLARY «Delailül-Haýrat» kitabynyň ýazmagyna we Süleyman Jemel rahimehullahyň aýtmagyna görä: Allahu Tagala ýakyn bolmak isleýänler üçin Resulullah sallallahu aleýhi weselleme salawat aýtmak möhüm bolan wezipeleriň iň möhümlerindendir. Muny birnäçe tarapdan görkezip bolar (düşündirip bolar): 1) Allahu Tagalaga Habyby (söýgüli dosty) arkaly ýetmek. Hakykatdan hem Allah jelle jeläluhu: «Maide» süresiniň 35-nji aýatynda: «Oňa wesile (sebäp) gözläň» – diýip buýurandyr. Allah jelle jeläluha gowuşmak üçin Resuly-Ekrem sallallahu aleýhi wesellemden has uly we has ýakyn sebäp tapylmaz. 2) Allahu Tagala bize Resulyna salawat aýtmagymyzy emr edipdir we bizi muňa höweslendiripdir. Muny edenlere-de uly sogaplar wada edipdir. Diýmek, Rahman bolan Allahyň razylygyna gowuşdyrjak, bereket getirjek, dogalary kabul etdirjek, iň beýik derejelere göterjek, kalbyň parçalaryny ýamajak we iň uly günäleri bagyşlatjak iň uly amal Allahu Tagalanyň söýgülisine salawat aýtmakdyr. Allahu Tagala Musa aleýhis salama şeýle wahy edipdir: «Eý, Musa! Sen Meniň saňa sözüň diliňe, kalbyndan geçen pikiriň kalbyňa, ruhuň bedeniňe, görüş yşygynyň gözlerine ýakynlygyndan has ýakyn bolmagymy isleýärmisiň?» – diýip, wahy edende, ol: «Hawa, eý, Rabbim!» – diýdi: şonda Allahu Tagala: «Beýle bolsa, Muhammede köp salawat oka» – diýip buýrandyr. 3) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Allahu Tagalanyň söýen bendesidir we Onuň ýanynda örän gadyr-gymmatlydyr. Allahu Tagala perişdeleri bilen birlikde Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme salawat aýdýandyr. Şeýle bolýan bolsa, Ony söýüp, Oňa hormat goýup, Оnuň hakyny ödemek bilen meşgul bolmak we Allahyň hem-de perişdeleriň salawatyňa esaslanyp, Oňa salawat getirmek iň gerekli möhüm wezipedir, ýagny parzdyr. 4) Resulullah sallallahu aleýhi, weselleme salawat aýtmagyň gazandyrjak sogaplary hakynda birnäçe hadysy-şerifler bolup, olaryň arasynda salawaty-şerifi okan adamyň dünýä we ahyrýete degişli haýyrly islegleriniň amala aşmagyna sebäp boljakdygy buşlanylýar. 5) Allahu Tagalanyň biziň üstümizde bar bolan dünýä we ahyrýet bilen bagly sansyz we soňsuz nygmatlarynyň bize gowuşmagynyň ýeke-täk sebäbiniň Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bolandygyna görä, оnuň bizde haky çäksizdir. Diýmek, biz her demimizde oňa salawat aýtmakdan gapyl bolmaly däldiris. 6) Salawaty-şerife okamagyň ynsanyň içki dünýäsini nurlandyrmak we ynsanyň mertebesini belent tutmak babatyndaky täsirleri-de görülendir. Hat-da Ymam Senusy we şeýh Zerruky rahimehumallahyň aýtmaklaryna görä, salawat şeýh (pir) tapmaýan kişä tarykat ýolunda edep beriji pir hökmündedir. 7) Salawaty-şerifi okamaklygy dowam etmegiň, ynsandaky erbet hästiýetleri ýakýan, eýesine nuranalyk gazandyrýan we ruhaniýýeti güýçlendirýän güýçli bir täsir we gyzgynlyk goýýanlygy-da habar berlendir. Ibni Ferhun el-Kurtubi rahimehullah Resulullah sallallahu aleýhi weselleme salawat okamaklygyň 10 keramatyny (peýdasyny) aşakdaky ýaly beýan edipdir we her birini subutnamalary bilen nygtapdyr: 1. Meliki-Jebbar Alla Tagalanyň salaty. (Allahu Tagalanyň salat we rahmetine mynasyp bolmak). 2. Nebiýýi-Muhtaryn şepagaty. (Seçilip alnan Pygamberiň şepagatyna mynasyp bolmak). 3. Melaike-i Ebrara ittibag. (Gadyr-gymmatly perişdeleriň edenini etmek. Sebäbi olar hem salawat aýdýarlar). 4. Mynapyklara we kapyrlara garşylyk. (Sebäbi olar salawat aýtmazlar). 5. Günäleriň we ýalnyşlyklaryň aýrylmagy. 6. Arzuw-islegleriň amala aşmagyna kömek. 7. Zawahir we esrari tenwir. (Daşky we içki älemleri nurlandyrmak), 8. Darul-bewardan nejat. (Jahennemden halas bolmak). 9. Darul-karara duhul. (Ebedi ýerleşme ýurdy bolan jennete giriş). 10. Rahymy Gaffar. (Alla Tagalanyň bagyşlamagyna mynasyp bolmak). «Hadaikul-enwar wes-salaty wes-selami alen-Nebiýýil-Muhtar» atly kitapda, bir ynsanyň Resulallah sallallahu aleýhi weselleme salawat aýtmak arkaly gazanjak peýdalary aşakdaky ýaly beýan edilendir: 1. Alla Tagalanyň Resulallah sallallahu aleýhi weselleme salawat aýtmak baradaky buýrugyna boýun bolmak. 2. Resulallah sallallahu aleýhi weselleme salawat getirmeklik Allahu Tagalanyň eden işini etmeklik ýalydyr. 3. Perişdeleriň eden işini ýerine ýetirmek. 4. Resulallah sallallahu aleýhi weselleme 1 gezek salawat okan adama Allahu Tagala 10 salamatlyk, bereket we rahmet bagyş eder. 5. Jennetdäki derejesi 10 esse beýgeldiler. 6. 10 sogap ýazylar. 7. 10 günäsi aýrylar (pozylar). 8. Dogasynyň kabul bolmagy güýçli umyt ediler. (Aýratyn-da iki salawatyň arasynda edilen doganyň kabul boljakdygy rowaýat edilendir). 9. Resulallah sallallahu aleýhi wesellememiň şepagatyna naýyl bolmak (eýe bolmak). 10. Günäleriň bagyşlanmagyna we aýyplaryň örtülmegine sebäp bolmak. 11. Guluň möhüm bir derdiniň gowylanmagyna sebäp bolmak. 12. Resulallah sallallahu aleýhi weselleme ýakyn bolmaklyga (sebäp) bolmak. 13. Sadakanyň ýerini tutmak. 14. Hajatlaryň görülmegine sebäp bolmak. 15. Allahu Tagalanyň we perişdeleriniň salawat okaýan adamyna salawat okalmagyna sebäp bolmak. 16. Salawat aýdanyň ruhy dünýäsiniň (magnewiýatynyň) tämizlenmegine wesile bolmak. 17. Guluň ölmesinden owwal Jennet bilen buşlanmagyna sebäp. 18. Kyýamat gününiň gorkunçlyklaryndan halas edýän sebäp. 19. Resulallah sallallahu aleýhi wesellemiň salamyna mynasyp bolmak. 20. Unudylan zatlaryň ýada düşmegine sebäp bolmak. 21. Salawat aýdylan mejlisiň hoşboý ysly bolmagyna, mübärek bolmagyna we kyýamat gününde puşmanlyk etdirmejegine wesile bolmak. 22. Garyplygyň aýrylmagyna sebäp bolmak. 23. Resuly Ekrem sallallahu aleýhi wesellem ýatlananda salawat okan adamdan husytlyk häsiyetiniň uzaklaşmagy. 24. Resuly Ekrem sallallahu aleýhi wesellem ýatlananda salawat aýtmaklygy terk eden adama edilen: «Burnuň sürtilsin!» diýlen betdogasyndan halas bolmak. 25. Eýesini Jennet ýoluna dogrular, terk edeni bolsa azaşdyrar. 26. Alla Tagalanyň Resuly sallallahu aleýhi wesellemi atlarynyň ýatlanylmadyk mejlisleriniň erbet ysyndan halas eder. 27. Alla Tagala hamd etmek we Resuly Ekrem sallallahu aleýhi weselleme salawat okamak bilen başlanan sözler we işler soňuna çenli amala aşar. 28. Salawat aýtmak Syrat köprüsinden aňsat geçmeklige ýardam eder. 29. Salawat aýtmaklyk guly Pygamberine jepa (ezýet) bermekden halas eder. 30. Salawat aýtmak Alla Tagalanyň guly Ýer we Gögüň arasynda öwmesine sebäp bolar. 31. Allahu Tagalanyň rahmetine sebäp bolar. 32. (Maddy-we magnawy) bereketiň sebäpkäridir. 33. Resuly Ekrem sallallahu aleýhi weselleme bolan söýgüniň artmagyna we dowamly bolmagyna wesile bolýar. 34. Resuly Ekrem sallallahu aleýhi wesellem özüne salawat aýdýanlary söýer. 35. Salawat aýtmak guluň dogry ýola düşmegine we kalbynyň direlmegine sebäpdir. 36. Salatu-salam bilen meşgul bolmak, salawat оkаýanyň Resulallah sallallahu aleýhi weselleme görkezilmegine we ýanynda ýatlanylmagyna sebäp boljakdyr. 37. Ölüm we Syrat köprüsinde aýaklaryň taýmaklyk gorkusyndan aman bolar. 38. Allahu Tagalanyň iň uly nygmaty bolan Resulallah sallallahu aleýhi weselleme ymmat bolmak bagtyna şükür etmek bolar. 39. Salawat aýtmak, Allahu Tagalanyň zikrini, şükrüni we yhsanyny (gowulygyny) bilmeklige kömek eder. 40. Salawat getirmek guluň eýesiniň isleginiň barabaryndadyr. Şeýlelik bilen ol kä Pygamber üçin, käte özi üçin doga etdigi bolar. Bu-da uly bir peýdadyr. 41. Resulallah sallallahu aleýhi weselleme salawat aýtmak bilen gazanyljak iň beýik peýdalaryň biri, Älemleriň Serweriniň söwer keşbiniň ynsanyň içine nagyşlanmasydyr. 42. Nebiýýullah sallallahu aleýhi weselleme salawat aýtmaklygy köpeltmek şeýhlik (pirlik) derejesine deňdir, ýagny pirleriň ahlagy bilen ahlaklanmakdyr. 43. Jennetde hüýrleri, köşkleri artdyrar. 44. Gul azat edeniň sogaby ýaly sogaby bar. HÜJJETUL-YSLAM YМАМ GAZALY RAHIMEHULLAHYŇ SALAWATY Ymam Gazaly rahimehullah bu salawaty Kutbu Aýderus rahimehullahdan rowaýat edendir. Käbir şeýhlerimiz bolsa, bu salawatyň Abdulkadyr Geýlany Kuddise Sirruha degişli bolandygyny aýdypdyrlar. Bu salawaty okan adamyň kalby şeýtan waswasalaryndan goranýar. Bir kişi ýassy namazyndan soňra «Yhlas», «Felak» we «Nas» sürelerini üç gezekden okasa we bu salawat bilen Resulallah sallallahu aleýhi weselleme salawat aýtsa, düýşünde Resulallah sallallahu aleýhi wesellemi görer. Ol salawat budur: «Alla:hummejal efzale salawä:tike ebedew we enmä: berakä:tike sermedew we ezkä: tehiýýä:tike fazlew we adeden alä: eşrafil halä:ikyl insä:niýýeti we mejmäyl haka:ikyl i:mä:niýýeti weturit tejelliýýä:til ihsä:niýýeti wemehbitil esra:rir rahmä:niýýeti wearu:sil memleketir rabbä:niýeti wä:sitati ykdin nebiýýi:ne wemukaddimi jeýşil murseli:ne weka:idi rakbil enbiýä:il mukrami:ne we efzalil halky ejmay:ne ha:mili liwä:il yzzil aglä: we mä:liki ezimmetil mejdil esnä: şä:hidi esra:ril ezeli we muşä:hidi enwä:ris sewä:bikil uweli we terjemä:ni lisä:nil kydemi we menbäyl ylmi wel hilmi wel hikemi muzhiri sirril ju:dil juziýýi wel kulliýýi we insä:ni aýnil wuju:dil ulwiýýi wessufliýýi ru:hi jesedil kewneýni weaýni haýä:tid dä:raýnil mutehakkyky biäglä: rutebil ubudiýýetil mutehalliky biählä:kyl meka:mä:til istifäiýýetil hali:lil agzami welhabi:bil ekrami seýýidinä: muhammed ibni abdilla:h ibni abdil muttalibi we alä: sä:iril enbiýä:i wel murseli:ne wealä: ä:lihim wesahbihim ejmay:ne kullemä: zekerakez zä:kiru:ne we gafele an zikrihimul ga:filu:ne». SEÝÝID AHMED BEDEWI KUDDISE SIRRUHUNYŇ SALAWATY Meşaýihiň (şeýhleriň, pirleriň) aýtmagyňa görä, bu salawat her namazyň soňundan 7 gezek okalmaly. Ýüz sapar okamak bolsa, «Deläilül-Haýrat» diýen salawat kitabyny 33 sapar hatm edene deňdir: «Allarhumme salli wesellim we bä:rik alä: seýýidinä: wemewlä:nä: muhammedin şejeratil äslin nu:raniýýeti we lem atil kabzatir rahmä:niýýeti we efzalil hali:katil insä:niýýeti we eşrafis su:ratil jismä:niýýeti we mägdinil esra:rir rabbä:niýýeti wehäzä:inil ulu:mil istifä:iýýeti sa:hibil kabzatil asliýýeti welbehjetis seniýýeti werrutbetil aliýýeti menid dera:jetin nebiýýu:ne tahte liwä:ihi: fehum minhu we ileýhi we salli we sellim we bä:rik aleýhi we alä: ä:lihi we sahbihi adede mä: halekte we razekte we emette we ähýeýte ilä: ýewmi teb'asu men efneýte we sellim tesli:men kesi:raw welhamdu lillä:hi rabbil a:lemi:ne». SEÝÝID ABDÜSSELAM IBNI BEŞIŞ KUDDISE SIRRUHUNYŇ SALAWATY Ibni Abidin rahimehullahyň aýtmagyňa görä, bu salawat ertir we agşam namazlaryndan soňra 1 ýa-da 3 gezek okalýar. Muny okamaklyk arkaly gazanylýan syrlary we nurlary diňe Allah Tagala biler. Bu salawaty okamak bilen gazanyljak Ilähi medetleriň, we Rabbany fetihleriň hakykatyny-da Allahu Tagaladan başgasy bilip bilmez. Bu salawaty dogrulyk we yhlas bilen okamaklyga kişiniň göwni açyk we işi aňsat bolar. Allahu Tagalanyň goragy astynda bu kişi görüner-görünmez ähli apat, bela we hassalykdan goranar. Ähli duşmanlaryndan üstün çykar. Allahu Tagalanyň we Resuly sallallahu aleýhi wesellemiň deň derejede hümmetleri bilen her bir işinde ugrukdyrylar we kömek ediler. Emma peýdasy we bereketi sadakat, yhlas we takwalyk bilen okamaklyga dowam etmek şerti bilen bolar. Salawat budur: «Alla:humme salli alä: men minhu şekkatil esra:ru wel feleka:til enwä:ru we fihir tekatil haka:iku we tenezzelet ulu:mu ä:deme feagjezel halä:ika we lehu tezaeletil fuhu:mu felem ýudrikhu minnä: sä:bikuw we lä:hikuň feriýäzul meleku:ti bizahri jemä:lihi munikatuw we hiýä zul jeberu:ti bifeýzy enwä:rihi mutedeffikatuw welä: şeý-e iliä: we huwe bihi menu:tun iz lewlel wä:sitatu lezehebe kemä: ky:lel mewsutu salä:ten teliku bike minke ileýhi kemä: huwe ähluhu. Alla:humme innehu sirrukel jä:mi'ud dellu aleýke we hijä:bukel ägzamul ka:imu leke beýne ýedeýke. Alla:humme elhikni: binesebihi: we hakkykni: bihasä:bihi: wearrifni: iýýä:hu magrifeten eslemu bihä: min mewä:ridil jehli we ekra'u bihä: min mewä:ridil fezli wähmilni: alä: sebi:lihi: ilä: hazratike hamlem mähfu:fem binusratike wekzif bi: aläl bä:tyli feedmäahu wezujje bi: fi: biha:ril ehadiýýeti wenşurni: min ewhalit tewhi:di weägrikni: fi: aýni bahril wahdeti hattä: lä: era: welä: esmäa welä: ejide welä: uhisse illä: bihä: wej'alil hijä:bel agzame haýä:te ru:hi: weru:hahu: sirra haky:ikati: we haky:katetu: jä:mia awä:limi: bitähky:kyl hakkyl ewweli ýä: ewwelu ýä: ä:hiru ýä: za:hiru ýä: bä:tynu! Ismag nidä:i: bimä: semigtu bihi: nidä:e abdike zekeriý:ä wenşurni: bike leke weeýýidni: bike leke wejmag beýni: we beýneke we hul beýni: we beýne gaýrike alla:h alla:h alla:h innel lezi: feraza aleýkel kurä:ne lera:dduke ilä: mea:dir rabbenä: ä:tinä: min ledunke rahmetew we heýýi'lenä: min emrinä: raşeden innalla:he we melä:iketehu: ýusallu:ne alen nebiýýi ýä: eýýuhel lezi:ne ä:menu: sallu: aleýhi we sellimu: tesli:mä». DÜSUKY KUDDISE SIRRUHUNYŇ SALAWATY Nebhani rahimehullah şeýle diýipdir: Hakykat we şerigat derýasy bolan Ybrahym Düsuky kuddise sirruhunyň bu salawaty, iň ýokary salawatlardandyr. Men bu salawaty-şerifäniň fazyletine degişli aýratyn bir düşündirişe gabat geldim. Ýöne Kutbu Jelil Ybrahym Düsuki kuddise sirruhu we Ahmed ed-Derdiri kuddise sirruhunyň şu salawaty wirdiniň (gündelik wezipesiniň) başyna saýlap seçmesi bu salawatyň fazylatynyň ululygyna delil bolmasy ýeterlikdir. Salawat budur: «Alla:humme salli alez zä:til muhammediýýetil laty:fetil eha:diýýeti şemsi semä:il esra:ri we mazheril enwä:ri we merkizi medä:ril jelä:li we kutbi felekil jemä:li. Alla:humme bisirrihi: ledeýke we biseýrihi: ileýke ä:min hawfi: we akyl asrati: we ezhib huzni: we hirsy: we kun li: we huzni: ileýke minni: werzuknil fenä:e anni: welä: tej-alni: meftu:nem binefsi: mahju:bem bihissi: wekşif li: an kulli sirrim mektu:mi ýä: haýýu ýä: kaýýu:m». ULUL-AZM SALAWATY Ahmet es-Sawi rahimehullahyň beýan etmesine görä, bu salawat, ijmalen (dolulygyna) we tafsilen (bölekleýin) (Ulul-Azm bolan 5 Pygamberi we aralarynda ýaşap geçen nebi we resullary zikir edip) ähli Pygamberleri içine alanlygy üçin hem-de örän fazyletliligi üçin 3 gezek okamak «Delailül-Haýratyn» salawat kitabynyň ählisini okamaklyga deňdir. Bu fazyleti «Delailül-Haýrat» salawat kitabyna şerh (açyklama) ýazan alymlary eseriň ýazary Ebu Abdullah Muhammet Ibni Suleýman El-Jezuly eş-Şerif el-Huseýni rahimehullahdan rowaýat edendir: «Alla: humme salli we sellim we bä:rik alä: seýýidinä: muhammediw we ä:deme we nu:hiw we ibra:hi:me we mu:sa: we y:sa: we mä: beýnehum minen nebiýýi:ne wel murseli:ne salewä:tulla:hi we sela:muhu: aleýhim ejmäy:n». SALATÜL-MELÄIKE SALAWATY Bu salawatda perişdeleriň Pygamberlerden öň zikir edilmegi, olaryň derejelerine däl-de, döredilişlerine görädir. Ýagny Ähli Sünnete göra, nebiler we resullar perişdelerden üstündirler. Dört perişdäniň aýratyn ýatlanmagy abraýlaryna we syýasatlaryna görädir. Ýagny, Jebraýyl aleýhis salam wahynyň emini, Mikaýyl aleýhis salam suwlaryň hem-de ryzkyň emini, Ysrafyl aleýhis salam suruň emini, Ezraýyl aleýhis salam bolsa, ruhlaryň kabzy bilen (jan almak bilen) wezipelendirilendir. Arşy göterýän perişdeler dünýäde 4 sany bolup, olar kyýamat gününde 8 sany boljakdyrlar. Nurdan ýaradylan perişdeler ýaradylan mahluklaryň iň köpüdir. Deňizde we düzde bar bolan hemme mahluklar olar bilen deňeşdireninde gara öküziň arkasyndaky ak gyl ýalydyr. Salawat budur: «Alla:humme salli we sellim we bä:rik alä: seýýidinä: jibri:le we mi:kä:i:le we isra:fi:le we azra:i:le we hamaletil arşi we alel mela:iketil mukarrabi:ne we alä: jemi:yl enbiýä:i welmurseli:ne salewä:tulla:hi we selä:muhu aleýhim ejmay:n». | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |