21:08 Reñkler bolmadyk bolsa... | |
REÑKLER BOLMADYK BOLSA...
Haýwanat dünýäsi
Reñksiz dünýäde ýaşaýşyñ neneñsi boljakdygy barada, heý, oýlanyp gördüñizmi? Töwerek-daşyñyzdaky adamlaryñ, asmanyñ, deńizleriñ, daglaryñ, baglaryň, gülleriñ, haýwanlaryñ, saçyñyzyñ, gözüñiziñ reñki bolmasa nahili bolardy? Ýer yüzündäki we asmandaky dürli-dürli reñklere öwrenişendigimiz sebäpli dünýäni reñksiz göz önüne getirmek juda kyn bolsa gerek. Degre-daşyña seredeniñde ähli janly-jandarlaryñ özboluşly reñkiniň bardygy hem-de ol reñkleriñ özara sazlaşýandygy gözüñe ilýär. Aslynda, biziñ jisimleri reñkli görmegimiz olardan serpilip çykýan ýagtylyga bagly. Her zadyñ gurluşynda onuñ reñkli görünmegini üpjün edýän reñk bölejikleri bar. Bu reñk bölejiklerine pigment diýip at berilýär. Günden gelýän şöhleler şol reñk bölejiklerine baryp yza serpikýär we biziñ gözümize gelip ýetýär. Reñk bölejikleri haýsy reñki yzyna serpikdirýän bolsa, biz jisimleri şol reñkde görýäris. Mysal üçin, ýaprak özüne gelýän ýagtylykdan diñe ýaşyl reñki yzyna serpikdirýänligi sebäpli ol ýaşyl reñklidir. Erik bolsa sary reñki serpikdirýänligi üçin sary görünýär. Asmanyñ we Ýer ýüzüniñ esasy reñkleri bolan gök hem-de ýaşyl reñkleriñ adamyñ gözüni rahatlandyryjy häsiýeti bar. Ine, şonuñ üçinem ýaşyl meýdanlarda gezim etmek, şol ýerlere gezelenje gitmek ýa-da deñzi synlamak biziñ göwnümizi göterip, şähdimizi açýar. Ösümlüklerdäki ýaşyl reñki emele getirýän bu reñk bölejikleri olaryň ýaşamagynda hem möhüm orun eýeleýär. Hlorofil diýlip atlandyrylýan bu bölejiklerde fotosintez hadysasy bolup geçýär. Munuñ netijesinde ösümliklere zerur bolan kislorod hem-de energiýa öndürülýär. Al-elwan bolup oturan güller biziň ünsümizi çekişi ýaly, başga janly-jandarlaryñ hem ünsüni çekýär. Muña mysal hökmünde mör-möjekleri görkezmek bolar. Mör-möjekler reñkini halan gülleriniñ tebigy usulda tozanlanmagyna sebäp bolýarlar. Özleriniñ bolsa bu zatlardan habary hem ýok. Haýwanat dünýäsinde hem birnäçe reñk ýaşaýşyñ dowam etmegine işjeñ gatnaşýar. Käbir haýwanlaryñ derisinde daşky gurşaw bilen diýseñ sazlaşykly reńkleriń we şekilleriñ bardygy sebäpli olary aýyl-saýyl etmek kyn düşýär. Guran ot-çöpleriñ arasynda bukulyp ýatan ýolbarsy görmek örän kyndyr. Sebäbi onuñ reñki guran ot-çöpüñ reñkine örän çalymdaşdyr. Topar bolup duran zebralaryñ bir-birine gatlyşýan akly-garaly zolaklary bolsa, ýolbarslary kyn güne goýýar. Ösgün otlaryñ arasynda ýapyrylyp ýatan çitany hem saýgarmak örän kyndyr. Çünki, çitanyñ derisindäki ýüzlerçe gara menekler onuñ bedeniniñ takyk görünmeginiñ önüni alýar. Ýapraklaryň arasynda duran çekirtgäni, öz reñki üstüne gonup oturan gülüniñ reñki bilen çalymdaş möjejigi ýa-da bolmasa daşky gurşawa görä reñkini üýtgedýän kelpesäni birbada görüp bilmeýäris. Elbetde, olaryñ duşmanlary hem olary birbada görüp bilenoklar. Birnäçe deñiz jandary hem özleriniñ ýiti hem-de özüne çekiji reñkleri bilen özleriniñ zäherlidiklerini habar berýärler. Şeýdip olaryñ öz-ä ölmän galýar, duşmanlary hem zäherlenip ölmekden halas bolýar. Kebelekleriñ reñkler arkaly goranyşlary hem bizi haýran galdyrýar. Käbir kebelekleriñ ganatynda äpet göze çalymdaş şekiller bardyr. Kebelek ganatyny açan wagty, şol "gözler" edil baýguşyñ gözi ýaly bolup görünýär. Reñkler howpsuzlygy üpjün etmek bilen bir hatarda iýmitlenmäge hem kömek berýär. Meselem, deñiz çarlagynyñ jüýjesi ajygan mahaly enesiniñ çüñkündäki gyzyl nokatjyklary çokup ugraýar. Ene guş hem onuñ ajyganyny bilip, awuñ ugruna çykýar. Mundanam başga, birentek haýwan öz çagasyny ýa-da höwrüni reñkinden tanaýar. Görşüñiz ýaly, älem-jahan müñ dürli al-elwan reñkler bilen ýaradylypdyr. Her bir reñke özboluşly dil berlipdir. Reñkler dünýäniñ görküne görk goşýar, adamlara peýda berýär, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine bolsa dürli öwüşgin çaýýar. Ýaşaýyş serişdesi bolup hyzmat edýär. Wepa GARLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |