20:55 Sagdynyň "Bossanyndan" | |
SAGDYNYÑ "BOSSANYNDAN"
Sözler
«Okyp bildim Sagdynyň men “Bossanny"...» Magtymguly Pyragy, “San bolsam” Gündogar edebiýatynyň ägirtleriniň biri Sagdy Abdyllamüşerrifüddin ibn Müslih eş-Şirazi (1213-1292 ýý.) ömrüniň üçden birini ylym almaga, üçden birini syýahata we üçden birini ybadata sarp edipdir. Ençeme alymlary ýetişdiren asylly nebereden bolan Sagdy bilim almaga Şirazda başlap, ylmyny Bagdatdaky Nyzamyýýe medresesinde dowam etdirýär, ol ýerde öz zamanasynyň beýik şahsyýetleri bilen tanyşýar. Durmuşy mydama sapak beriji, oýlandyryjy we gyzykly başdan geçirme hökmünde kabul eden bu şahsyýetiň iň söýýän pişesi ynsanlar bilen söhbet etmek we jahankeşdelik bolan. Käbä ençeme gezek gidipdir. Köňli telwasly şahyr Kaşgardan we Hindistandan Häzirbegjana we Magruba (Marokka) sary köp ýollary külterläpdir, günorta-gündogar Anadolyny (Rumy) gezipdir. Özüniň ajap zybanly wagyzlary bilen nanyny gazanýan gezende derwüşiň ykbaly hem-de teşne bilesigelijiligi ony ilden-ile aşyrypdyr. Onuň başdan geçirenleri giden bir dessan: ine, ol hajylar bilen Mekge ýolunyň şatlyklaryny hem, hunabalaryny hem deň paýlaşyp barýar; Balhdan Bamyýana barýan ýolda ony galtamanlar talaýarlar; Damaskyň ulamalary bilen ol ýiti jedele girişýär we soňundan olar bilen dostlaşýar; Kengan çölünde hupbat dartyp, ýabany haýwanlara ýaran bolýar; şol ýerde ony haçparazlar ýesir tutup, Tripoli galasyna garym gazmaga ýollaýarlar; halaply bir begzada on dinar berip, ýesiri azat edýär we oňa öz gyzyny ─ betgylyk, şermende, şerraý, şum zenany nikalap berýär. Ýemen ilinde Sagdy özüniň ýalňyz ogluny jaýlaýar, hindi şäheri Somnathada bolsa ol indus ruhanylarynyň pirimlerini paş edip, özi zordan gaçyp gutulmaly bolýar. Dünýäniň dört künjüne uzaýan ýollarda Sagdy özi kimin müňlerçe gezendeleri görýär. Olaryň içinde alymlaram, kanunçylaram, şahyrlaram bar. Ylmyň, hakykatyň, gözelligiň yşgynda olar Andalusdan Buhara, Bagdatdan Kardowa ýol söküp, ýurt aşýarlar. Hoş söhbeti, şirin zybany, jöwher paýhasy üçin olar her baran ýerinde sarpalanýar. Görlüp-eşidilmedik ülkelere hyruçdan dolup-daşýan edermen we ezber deňizçileriň düşlegi bolan müňlerçe gämili benderlerde Sagdy telim dilli, saýry-saýry lybasly gündogar mähellesini synlap, tutuş medeni dünýä seýran eden ýaly bolýar: «Oman aýlagyna gezime çykdym Giň kenara, çäksiz ummana bakdym; Mähelle hyň berýär synlasaň küjäň ─ Türk hem bar, rumly hem, arap hem ajam...» Howa, dünýäni seýran edip, ömrüniň soňky böleginde Şiraza gaýdyp gelen Sagdy bir çola ýerde gurduran tekgesinde ýerleşýär we şol ýerde tä ölýänçä wagtyny ybadat edmek, okap-ýazmak we zyýaratçylary kabul etmek bilen geçirýär. Ençeme beýik şahsyýetler oňa hormat edip, tagzyma gelipdirler. Iňňän kiçigöwünli, sada ýaşan bu gojany daş-töweregindäki halk ýagşyzada pir hasap edipdir. Birkemsiz beýan ediş ussatlygyna eýe bolan Sagdynyň edebi usuly örän sada ýaly görünse-de, oňa öýkünmek hiç kime aňsat başartmandyr. Onuň “Bossan” we “Gülüstan” atly meşhur eserleri yslam dünýäsiniň ähli medreselerinde okalypdyr, ýorumlanypdyr we köp dillere terjime edilipdir. Aşakdaky parçalar şahyryň “Bossanyndandyr”. ۞ Her kes öz kuwwatynyň derejesinde ýük göterýär. Garynja üçin çekirtgäniň aýagy hem agyr ýükdür. ۞ Amalsyz söz adam üçin örän gowşak daýançdyr. ۞ Kim kaksa kaksyn, jomatdyň gapysy hökman açylýandyr. ۞ Bir kimsäniň günäsine gahar edeniňde, ony jezalandyrmadan öňünçä ýagşy pähim et. Çünki badahşan laglyny döwmek aňsatdyr, läkin döwlenden soňra gaýtadan seplemek mümkin däldir. ۞ Aradan ençeme wagt geçýänçä ynsanyň iç tarapy mälim bolmaz. ۞ Ýürek – syryň zyndanydyr. Syry bir gezek gaçyrdyňmy, gaýdyp özüni zynjyra baglatmaz. ۞ Günäsi bolmadyk adam batyrgaý gürlär. Bazarda barlagçyny görende aljyraýan täjirleriň terezi daşynda bir nogsan bardyr. ۞ Eger mert bolsaň, mertligiňden söz açma. Sen öz-özüňi nä gadar gowulardan saýdygyňça, şonça-da erbetlerden bolarsyň. ۞ Gurduň kellesini halkyň goýunlaryny parçalandan soň däl-de, öňünçä kesmek gerekdir. ۞ Alla üçin gowy, halk üçin erbet bolup öten akylsyzlara eden ybadatlarynyň miwesi nesip etmez. ۞ Mömin bol, takwa bol, emma Muhammet Mustapadan aňry geçjek bolup jan etme. Garalyg-a beýlede dursun welin, hetdenaşa aklygam göwnejaý däldir. ۞ Hojaýyn irden deprek sesine oýandy. Garawulyň gijesi neneňsi geçdi, onuň nä peňine? ۞ Bir duşmanyňdan üstün çykan mahalyňda onuň göwnüne artykmaç degiji bolma. Şonsuzam onuň öz derdi özüne ýeterlikder. ۞ Ýolda gep urmak däl-de, ädim urmak lazym. Ýol ýörelmänden soň gep-gürrüňiň manysy galmaz. ۞ Iller harman galdyryp ýörkä, wagtynda tohum ekmedik adam, gör, nähili biçäredir?! ۞ Edil derisini boýnuna ýygyrýan bolsalaram hak bende hergiz dostunyň duşmanyna dost bolmaz. ۞ Saçyň bir tary ýüpek kirişdenem ejizdir. Emma köpelip çogdumlansa zynjyrdanam mäkäm bolar. ۞ Güýçlä sabyr et ki, bir gün ondan kuwwatly bolarsyň. Ketjalyň şerini gowulyk bilen başyňdan sow. Gaýrat ediber. Gaýratyň bilegi ahyrsoňy kuwwatyň elinden üstün çykýandyr. ۞ Kuwwatlylaryň ýüküni ejizler çekýän bolsa, patyşaga süýji uky haramdyr. ۞ Eger iýiň-içip ýatmakdan başga zady bilmeýän bolsa, adam haýwandan nämesi bilen belent bolup biler? ۞ Ýoluny urduran betbagt atly dogry ýörän pyýadadan gijä galar. ۞ Öz-özüne zelel eden ahlaksyz kişi ynsanlara ýamanlyk edenlerden ybalydyr. ۞ Öz ahlagyň baradaky hakykaty duşmanyň dilinden bilersiň; dostuň gözüne her edýäniň gowudyr. ۞ Hassa şeker bermek külli günä bolar, çünki oňa peýda etjek – ajy dermandyr. ۞ Ýüzi turşy adamyň ynsany tankyt edişi polady ýumşak, hoş gylykly dostlarynyňka garanda has ajaýypdyr. ۞ Saňa ýagşylyk isleýän bendeler – “Ýoluňda şeýle-şeýle çukur bar” diýip duýdurýanlardyr. Ýoluny urdurana “Berekella, şu barşyň gowy” diýmek – zulmuň barypýatanydyr. ۞ Bolgusyz kişiler bilen söweşmekden çekin. Damjalaryň üýşüp, sil bolanyny men kän görendirin. ۞ Hiç kime gaşyňy çytmajak bol! Her näçe ejiz bolsa bolsun, duşmanyň dost bolup galmasy has ýagşyrakdyr. ۞ Duşmany dostundan köp bolan kişiniň duşmany şat, dosty mat bolar. ۞ Ýüzüjilikde näçe edermen bolsaňam el-aýagyň ezberligini diňe bedeniň çyplakka ulanyp bilersiň. Diýmek, şöhratparazlyk, gedemlik we ikiýüzlilik possunyny egniňden çykaryp zyňmalysyň. Çünki possuny bilen suwa giren kişi ýüzmekden ejiz galar. ۞ Öwüt almakdan geçen kişä öwüt bermesene, eý akly çaşan! Jylawy elinden gaçyran biçärä “Oglum, atyňy dogry sür!” diýilmeýär ahyryn. ۞ Adam özünden ökde, özünden üstün kişä duşanyny amatly pursat saýmalydyr. Özüň ýaly bilen meşgullansaň, wagtyň özüň üçin bihuda geçer. Özi ýalylar bilen tirkeşmegi diňe özünden göwnühoşlar halaýandyrlar. ۞ Söýgüsine sadyk kişiler – öz janyna gyýyp bilýänlerdir. Ýüreksiz adam öz-özüne aşykdyr. ۞ Görünim bilen, lap bilen uly bolup bolmaz, dawa bilen, kümsüklik bilen beýik bolup bolmaz. Kiçigöwünlilik beýikligiňi artdyrar, gedemlik bolsa seni ýere serip taşlar. ۞ Alladan çekinýän günäkär görünim edip ýören derwüşden kän gowudyr. ۞ Ýüregi owum-döwüm edileniň sözleri sowuk çykar. ۞ Duşmanyň derisini mylaýymlyk bilen ýüzüp bilersiň. Gaty-gaýym söz aýtdyňmy – dostuňam eýýäm saňa duşmandyr. ۞ Datly sözüň öňünde ulular ýumşar, kiçiler baş eger. Üstünlik datly dil bilen gazanylar. Gyzma tebigatly kişi elmydama ezýet çekýändir. ۞ Adamyň erbet tebigaty ony dowzaha dartýar. Ýagşy hüý bolsa jennetdendir, şonuň üçinem ol jennete sary ýol görkezýär. ۞ Suwsan wagtyň derýanyň kenaryndan ýyly suw iç-de, ýüzi turşynyň buz ýaly gül şerbetini içme. Ýüzünden gar ýagyp duran adamyň nanyny datmak-da haramdyr. ۞ Bedasyllara garşy bedasyllyk etseňem bolman durjak däl. Läkin özüň ynsan bolsaň itlik etmek teý eliňden gelenok-da. ۞ Sabyr ilki-ilkiler saňa zäher ýaly bolup görner. Emma tebigatyňa kök salandan soň bala öwrüler. ۞ Pöwhe kişi gedemlik satar; çünki ululygyň ýumşaklykda bolýandygyna onuň akly çatmaz. ۞ Haýbat bilen şaglap gelýän sil ýokarydan ýere başaşak düşer. Çyg damjasy kiçijik we ejizdir, şol sebäpli asman ony mähir bilen çoýup alar-da, arşa göterer. ۞ Öwgi-taryp ýüpüni biliňe baglap, gurruk guýa inme. Gowsy Hatam kimin öwgä sagyr bol-da, özüň barada diňe aýyplaryňy diňle. ۞ Duşmanyň sözi näçe ýokuş degse-de, oňa dykgat et we onuň aýyplan işlerini etme. Säwliklerimi aç-açan özüme görkezen kişini men özüme iň gerekli sözleri sözleýän adam hasaplaýaryn. ۞ Sen özüňden söz açma ki, goý, seni beýlekiler öwsünler. Ýok, özüňi öwýän bolsaň welin, muny beýlekilerden tama etme. ۞ Ynsan bolmak isleýän adam öňünçä nebsiniň köpegini sem eder. ۞ Bir özi on adamyň ýerine gürläp oturan nadandan uzak dur. Alym kişiler kimin bir sözle-de, dür sözle. ۞ Oturanlaryň aýyplaryndan söz açsaň, aýdan gepiň dogry-da bolsa özüň erbet saýylarsyň. ۞ Garaz, bu dünýäde adam adamyň ýa elinden, ýa dilinden zelel görmän galmaz. Il-günüň diline düşen kişi üçin bolsa ýeke-täk çäre – sabyr edip çydamakdyr. ۞ Iliň aýyplary bilen gürrüňini edýän adam seni hem iliň ýanynda guwanç bilen agzaýandyr öýtme. ۞ Birine ýarasa-ýaramasa-da sen peýdasyna ynanýan sözüňi aýt. Ol sözüňi bu gün diňlemedik nadan ertir puşman eder. ۞ Paýhas gulagyndan gaflat pamygyny çykarmalysyň ki, ölüleriň nesihatyny diňläp bileriň ýaly. ۞ Üsti-başı tämiz, emma ahlagy kirli adamyň dowzah gapysyny açmak üçin açara mätäçligi ýokdur. ۞ Bir aýlyk orazasyny tutmadyk, emma elinden haýyr-sogap gelýän kişi tutuş ýyl agyz beklän, emma bu dünýäniň malyna çokunýan betnebisden gowudyr. ۞ Ajal ýeten güni sowudyňy deşjek ok ajalyň ýetmänkä köýnegine-de degmez. ۞ Belende galyp, mertebä ýetenimde-de, pese gaçyp laýa batanymda-da, men bulary Ahmetdenem görmedim, Mahmytdanam; herne başa geleni Allatagalanyň işi saýdym. ۞ Sen öz gaýgyňy saglygyňda çek. Yzyňda galjak garyndaşlaryň öz gaýgysy ýeterlikdir, öleni alada edip ýörmezler. Puly, nygmaty berjek bolsaň şu wagt ber, çünki olar häzir eliňdedir we öleniňden soňra olar seniň erk-ygtyýaryňdan çykjakdyr. ۞ Güneşler, Aýlar we ülkeler entek-entek kän zamanlar parlap ýalkym atarlar, emma sen tä kyýamata çenli mazar ýassygyndan başyňy götermän ýatarsyň . ۞ Şu wagt günäleriňden gork ki, kyýamat güni adam oglundan gorkyň bolmasyn. ۞ Ynanaý: ataşyň bilen köňüller daglyka, kyýamatda ýagşylyk ýüzüni görmersiň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |