23:08 Sakgardan çykan suratkeş | |
SAKGARDAN ÇYKAN SURATKEŞ
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Döredijilik adamlary hil-hil bolýarlar. Biri bardyr, öz sözüni aýdyp, öz ýüzüni görkezibem ýetişen däldir weli, eýýäm şöhratpazlygyñ girdabyna gaýyp düşendir. Ülpetleri ol hakynda öwgüli makalalary ýazha-ýazdyrlar. Ýöne ähli zada ölçegli bolan Tañry oña zehin däl-de, zehinjik berendigi üçin, haý-haýly makalalaryñ bitirýän goşy ýokdur. Biri bardyr, bütin düýrmegi bilen döredijilige berlendir. Ol hakyky türkmendir: agrasdyr, az sözlüdir, sadadan gelen buýsanjañdyr. Hiç wagtda: "Ony etdim, muny beýtdim" diýmez. "Menem güýjümiñ ýetdiginden işlän bolup ýörün" diýer. Emma ol işlän bolýan däldir, işleýändir. Balkanabatly suratkeş Ýolmämmet Annaýew hem şeýle adamlaryñ hilinden. Ol Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynyñ Sakgar obasynda dünýä inýär. Aga-gara düşünmänkä, aýal dogany bilen hem atadan, hem eneden mahrum bolýar. Ýetim doganlara olaryñ kakasynyñ inisi Nury aga hossar çykýar. - Sakgar obasynyñ edil gadymy ertekiden çykyp gelen ýaly ajaýyp keşbi bar. Niräñe seretseñ, göwnüñi göterýän gözellik. Şol gözelligi çaga gözi bilen ak kagyza geçirýärdim. Çekilýän suratlar ýöntemje bolsalar-da, olar meniñkidi. Çekýärdim, bozýardym, ýene täzeden çekýärdim... Soñ-soñlar bulut-buluda, gül-güle, owlajyk-owlajyga... meñzedi gidiberdi - diýip, Ýolmämmet geçen günleri ýatlaýar. Gözelligiñ bendisi bolan ýetginjek Garrygaladaky internat bilen hoşlaşyp, Aşgabada sary ugraýar. Çeperçilik uçilişesine okuwa girýär. Onuñ zehininiñ kämilleşmeginde G.Mämiýewa, A.Çaryýew, meşhur suratkeş A.Hajyýew uly aladalary edýärler. Uçilişede okuwçylaryñ žiwopis, skluptura, grafika, teatr bezegleri boýunça ýerine ýetiren işleriniñ, eskizleriniñ sergileri ýygy-ýygydan guralardy. Ýolmämmet 3-nji kursda okaýarka sergä "Sumbaryñ nary" diýen işi bilen gatnaşdy. Dynç alyş döwründe dörän kartina ony synlanlarda oñat täsir galdyrdy. Mugallymlaryñ maslahaty boýunça ol şol temany diplom işi edip aldy. Onuñ "Nar ýygymy" diýen işi ýokary baha mynasyp bolupdy. Çeperçilik uçilişesini tamamlandan soñ, ony şol wagtky Krasnowodsk raýonynyñ Oglanly şäherçesindäki mekdebe surat mugallymy edil işe iberýärler. Ol ýerde ýaş hudožnik oba adamlarynyñ durmuşyndan söhbet açýan eserleriñ birnäçesini döredýär. Soñra ol goşun gullugyna çagyrylýar. Biz onuñ ussahanasynda otyrys. Kartinalar dört diwary-da tutup durlar. Suratkeşden ses-üýn çykanok. Belki-de bu onuñ maña kartinalary içgin synlamaga, oýlanmaga maý berdigidir. "Garrygala söweşi" diýlip at goýlan kartina XIX asyrda bolup geçen ganly wakany beýan edýär. Gökleñleriñ, ýomutlaryñ, tekeleriñ edermen ýigitleri meşhur Nurberdi hanyñ ýolbaşçylygynda "demi daşy eredýän" agyr goşunly duşmanyñ merkini beripdiler. Jüpüne düşen reñkleriń sazlaşygy, berk kompozision gurluş şol gowgalt döwri göz öñünde janlandyrýar, şu günleriñ gadyryny bilmäge çagyrýar. Ýolmämmet Annaýewiñ döreden eserleriniñ içinde dini temadan söhbet açýanlary agdyklyk edýär. - Uzak ýyllaryñ dowamynda dine ýigrenç bilen garalmagy netijesinde öwezini hiç zat bilen dolup bolmajak hata goýberildi. SSSR döwründe bize hemişe: "Din adamy göwnüçökgünlige iterýär" diýip öwretdiler. Güp ynandyk. Türkmen halky Garaşsyz, erkin döwletli boldy. Halk "dini galyndylar" diýen kemsitme däl-de, dinu ajaýyplyklara dolanyp geldi. Meniñ pikurimçe-hä, ol gözellige, ruhy päklige, berlen ömrüñ manysy hakynda çuññur pikir ýöretmäge itergi berýär. Ol soñky ýyllarda edil magnit ýaly özüne çekýär. Etsem-petsemlerim ep-esli bar. Saglyk bolup dursa, assa-ýuwaş gyrmyldabereris - diýip, suratkeş aýtdy. 1988-nji ýylda Türkmenistanyñ Suratkeşler bileleşigune agzalyga göterilen Ýolmämmet Annaýew soñky ýyllarda "Sakgar obasy", "Balkan daglary", "Näme üçin?"; "Şywlan baba", "Awtoportret"... ýaly kämil eserleri döretdi. Şeýle-de, balkanabatly suratkeşler A.Hydyrow bilen welaýat merkezinde bilelikdäki sergilerini gurady. Ol Balkanabatda birnäçe gezek özbaşdak sergileri gurady. Tomaşaçylar ýazgylar kitabynda suratkeşiñ adyna minnetdarlyk sözlerini uly höwes bilen ýazýarlar. Ýolmämmet Annaýewiñ sungat döredijiligi öwrenilmäge we giñden tanadylmaga mynasyp. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |