01:46 Şöhratyñ agyr ýüki | |
ŞÖHRATYÑ AGYR ÝÜKI
Publisistika
Şöhrata ýetmek üçin çagalygyndan başlap, gaty köp zady ýitirmeli bolandygyny aýdan meşhur kinoaktyor Şeron Stoun kinodaky abraýyna zeper ýetirer öydüp howatyrlanýandygy üçin buddizme girendigini uzak ýyllaryň dowamynda gizläp gezipdir. Her näçe isleýän-de bolsa onun çagasy bolmandyr. Kinoda we aýdymçylykda ýokary üstünlik gazanan aktrisa Çher bolsa şeýle üstünligi enelik borjuny yerine yetirmekde gazanyp bilmändir. Çheriñ erbet yola düşen gyzy Çastiti Bono ejesiniň hemişe özüne menzeş gyz bolmagy talap edendigini we özi hakda ýeterlik gyzyklanmandygyny, ene mährini sindirmändigini aýdyp zeýrenýär. Silwester Stallone, Burt Reýnolds, Mel Gibson ýaly birnäçe tanymal adam bolsa özüni neşä aldyrmakdan saklanyp bilmändir. Bular ilki ýadymyza düşen käbir atlar. Aýdymçylyk dünýäsinden kino dünýäsine çenli ençeme adamlar götermesi çaksyz agyr şöhratyň derdini çekip ýör. Şöhrat şeýle özüne çekijidigine garamazdan, özi bilen ýalñyzlygy, gamgynlygy, dert-azary-da alyp gelýär. Köp ýyllar geçen-de bolsa tomaşaçylaryň hemişe uly şowhun bilen garşylamagyny isleýän sungat işgärleri belli bir wagtyň geçmegi bilen garaşýan zadyna gowuşmansonlar, özlerini diýseň ýalňyzlykda duýmaga başlaýarlar. Olaryň käbiri şol ýalňyzlyk sebäpli neşä ýüz urýarlar, käbirleri bolsa jemgyýetçilik ýaşaýşyndan bütinleý gaça durup dertlerinden dynmaga çalyşýarlar. Haýsy ugurda bolsa bolsun özlerini şöhrata pida edenler, özleriniñ erkinliklerini çäklendirýärler. Ýeňil ýerden gelen şöhrat şar ýaly çalt ýarylýar, şöhratyň hezilini diñe hakykatdan hem oña mynasyp adamlar görüp bilýärler. • Şöhratyñ muzdy Her bir adamyň köñlünde köp adamlar tarapyndan halanmak isleginiň ýatandygyny we şöhratyň praktiki durmuşda işleri ýeňilleşdirýän taraplarynyň bardygyny bellän žurnalist-ýazyjy Aýkut Yşyklar şöhratyň bähbitli taraplary bilen birlikde onuñ zyýanly taraplarynyň hem bardygyny nygtaýar. Yşyklar: "Şöhrata gowşanyňyzda sizi tüýs ýürekden söyenler bilen bir hatarda sizi ýigrenenler hem ýüze çykar. Öwgüli sözler bilen bir hatarda tankydy sözlere-de döz gelmeli bolarsyńyz. Şöhratyň erkinligini çäklendirýän tarapyndan bihabar kişilere köpüň söýgüsini gazanmak başda diýseň özüne çekiji gelýär. Birki ýyldan soň şöhratyň şahsy durmuşdaky erkinligi nädere jede çäklendirýändigine göz ýetiren adamlar "Käşgä şöhrat gazanmasam bolmaýarmy" diýip ökünmäge başlaýarlar. Şöhrata kowalaşýan adamlaryň ruhunda adaty adamlarda bolmadyk käbir zatlar bar. Men olaryň beýnilerinde şygyrdynyň kemterlik edýändigine ynanýaryn. Şöhrata gowşanlar özlerini adaty adamlardan artykmaç hasaplaýarlar. Olaryň käbiri sesiniň, käbiri bedeniniň, käbiri bolsa aktýorlyk ukybynyň artykmaçdygyna ynanýarlar. Hakyky ukyby bilen şöhrata gowşan hem, bagty çüwüp şöhrat gazanan hem özüni ilden ýokary tutýar. Belli bir wagt geçensoň bolsa özüni deňsiz-taýsyz hasaplamaga başlaýar. • Şöhratly gamgynlar Şöhratyñ getirýän iñ agyr derdi gamgynlyk bolsa gerek. Sungat işgärleri näçe üstünlik gazanan-da bolsalar, belli bir wagtdan soň olaryň gözüne ne şöhrat, ne-de pul, hiç zat görünmän başlaýar. Şeýle bir içleri gysýar, çekip-çydar ýaly bolmaýar. Aýkut Yşyklar sungat işgärleriniň aýna seredenlerinde özlerini hemişe 20 yaşly ýaly görmek isleýändiklerini nygtaýar. • Kadaly ýaşaýyşmy? Şöhratyñ getirýän ýene bir derdi bolsa nika bozmalar, aýrylyşmalar we ýyllarça dowam edýän nika bozmaga seredýän sud seljerişlikleridir. Şöhratlydyklaryna garamazdan, bagtly maşgala gurmagy başaran çatynjalar hem bar. Doktor Armagan Samanjy munuň syryny şeýle düşündirýär: "Şöhrata eýe bolan adam ilki. bilen ýanýoldaşynyň şöhratlydygy üçin däl-de özüni hakykatdan söýýändigi üçin durmuş gurýandygyny bilmelidir. Beýleki adamlaryň bolsa şöhratlydygy üçin söýýändiklerini unutmaly däldir. Şöhratly adam şu hakykata göz ýetiren bolsa, ýanýoldaşy bilen ysnyşykly ýaşar. Emma käbir adamlar bu hakykata akyl ýetirip bilmän täk bir zenan ýa-da erkek adama bütin ömrümi harçlap bilmerin diýen düşünje bilen hereket edip başlaýarlar, şeýlelikde, öz ýanýoldaşyny erkinligini çäklendirýän bökdençlik hasaplap, ondan dynmagyň kül-külüne düşüp başlaýarlar". Madonna Angliýanyň "Esguire" žurnalyna beren beýanatynda şeýle diýýär: "Konsertlerden soň, onça şowhunly çapaklardan soň özümi aýdyp bolmajak derejede ýalňyzlyk gurşap alýar. Iller joşgunly, şadyýan dynç alyşda durmuşyň hözirini görýärkäler, men otagymda tussag ýaly oturmaly bolýaryn". Edil şunuň ýaly sözleri Emel Saýyn hem aýdypdy. Şeýle ýagdaýy prezidentlik döwründe başdan geçiren Atatürk hem ömrüniň ahyrynda özüni diýseň ýalňyz duýýandygyny. içiniň gysýandygyny ýygy-yygydan aýdýar ekeni. Arzu ÝAGMURLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |