22:37 Soltan Jelaleddin - gaýduwdyzlygyñ nusgasy | |
SOLTAN JELALEDDIN - GAÝDUWSYZLYGYÑ NUSGASY
Taryhy şahslar
Türkmen müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhynyň dowamynda ululy-kiçili ençeme döwletleri gurup, watansöýüjilikde, edermenlikde we gaýduwsyzlykda nusga alarlyk şahsyýetleri kemala getiren halkdyr. Şeýle nusgalyk şahslaryň biri-de soltan Jelaleddindir. Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Taryhda uly orun eýelän meşhur serkerdeleriň ömür ýoly baradaky ýazylanlar hem olaryň watansöýüjiliginiň beýik nusgasyny aýan edýär. Jelaleddin Türkmeniň ady hem bu töwereklere giňden ýaýrandyr. Ol merdana, batyr, gaýratly we edenli türkmen serkerdesidir» diýip, soltan Jelaleddini uly hormat bilen ýatlaýar we ýaş nesillere Watany söýmekde ondan görelde almagy ündeýär. Soltan Jelaleddin Anuşteginler nesilşalygynyň (1097 — 1231) iň soňky hökümdarydyr. Ol nesilşalygyň taryhynyň iň bir kyn döwründe hökümdarlyk edip, Watana wepadarlygyň, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, ynsanperwerligiň, jomartlygyň, geçirimliligiň ajaýyp nusgasyny görkezen şahsyýetdir. Anuştegin (Nuştegin hem diýilýär) ilkibaşda Bilgetegin atly seljuk emiriniň gullugynda bolupdyr. Onuň aslynyň Garjystandanlygy üçin oňa Anuştegin Garja diýlipdir. (Garjystan Murgap derýasynyň ýokarky akymyndaky daglyk sebit bolup, onuň günbatarynda Hyrat, gündogarynda Gur, demirgazygynda Merweruz we günortasynda Gazna ýerleşýär. Başgaça, Garşystan hem diýlipdir). Anuştegin özüniň akyl-paýhasy bilen ýokary hormata eýe bolup, Mälik şanyň köşgünde köşk emeldary derejesine mynasyp bolupdyr. Bu wezipä diňe ynamdar adamlar bellenilipdir. Şondan soňra ol Horezme şihne (dikme) edilip bellenilýär. Orta asyr çeşmelerinde Anuşteginiň aslynyň oguzlaryň begdili taýpasyndandygy anyk nygtalýar. Bu barada Reşideddin Fazlulla (XIII) we Hafyz Ebru (XV), Ýazyjy ogly Aly, Salar baba, Abulgazy ýaly taryhçylar öz taryhy eserlerinde ýatlap geçipdirler. Mahmyt Kaşgarly hem (XI) begdili taýpasyny türkmen taýpalarynyň arasynda ýedinji ýerde ýerleşdiripdir. Mundan başga-da, bu taýpanyň häzirki günümize çenli türkmen tireleriniň arasynda öz adyny saklap galmagy hem aýdylanlara goşmaça subutnama bolup biler. Jelaleddin Menguberdiniň doglan wagty käbir çeşmelerde 1199-njy ýylda diýlip aýdylsa hem bu sene takyk däldir. Jelaleddin soltan Alaeddin Muhammediň (1200 — 1220) iň uly ogly bolup, onuň Aýçiçek atly aýalyndandyr. Jelaleddiniň senenamasyny ýöreden, onuň kätibi hem Nusaýyň häkimi Muhammet ibn Ahmet Nesewi soltan barada şeýle ýatlama ýazýar: «Ol gysga boýly, garaýagyz ýigitdi, zybany türkmendi, ýöne parsça hem bilýärdi. Onuň batyrlygy barada aýdylanda bolsa, ýokarda beýan eden söweşlerimiz hem ýeterlik delildir. Ol şir kimin garadangaýtmazdy, söweşijileriň iň gaýduwsyzydy. Geçirimlidi, gaharlanmaýardy, paýyş sözleri aýtmazdy. Agrasdy, köp gürlemeýärdi, gülmezdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Adalaty söýerdi, emma onuň ýaşan eýýamy pitneleriň tutaşan döwrüne gabat gelendigi sebäpli, onuň häsiýetine öz täsirini ýetirdi. Ol raýatlaryna ýeňillik islärdi, ýöne ol döwletiň synýan döwründe häkimiýet başyna geçensoň, döwlet binýadyny saklamak üçin häsiýetiniň berkligini görkezmäge mejbur boldy». Jelaleddin Horezmşa ýaşlykdan harby tilsimleri öwrenip, deň-duşlarynyň arasyndan özüniň batyrlygy bilen saýlanypdyr. Onuň söweşjeň ukyby we gaýduwsyzlygy, taryhçylar Reşideddiniň we Juweýniniň aýtmagyna görä, mongollar bilen Alaeddin Muhammediň goşunynyň arasynda bolan ilkinji çaknyşykda hem ýüze çykypdy. Bu söweş Otrar wakasyndan öň, 1216-njy ýylda Çingiz hanyň ogly Juçynyň baştutanlygyndaky goşun bilen bolup geçýär. Söweşde mongollar soltan Alaeddin Muhammediň duran ýeri bolan goşunyň merkezine hüjüm edip, olary asgynladýarlar. Soltanyň goşunynyň üstüne ýeňliş howpy abanan mahaly sag ganata serkerdelik edýän Jelaleddin birnäçe atlylary bilen ýardama gelip, batyrlyk bilen uly garşylyk görkezip, mongollary yza çekilmäge mejbur edýär. Kerwen wakasy sebäpli, iki tarapyň arasynda uruş ody tutaşandan soň, mongol basybalyjylarynyň musulman ýurduna gelýändigini eşiden soltan Alaeddin Muhammet serkerdelerini jemläp, harby mejlisi çagyrýar. Bu harby mejlisde şazada Jelaleddin alym Şyhabeddin Hywaky bilen bir hatarda, ähli goşuny bir ýere jemlemelidigini we Syrderýanyň sag kenaryna geçip, uzak ýoldan ýadap gelýän duşmany suwa goýbermän, zarba urmalydygy hakyndaky pikiri öňe sürýär. Emma soltan Muhammet bu garaýşy kabul etmeýär. Jelaleddin birnäçe gezek kakasy bilen şu ýagdaý barada jedelleşýär. Ýöne kakasy her gezekde hem ogly bilen razylaşmaýar. Alaeddin Muhammet uly ogly şazada Jelaleddini öz tagt mirasdüşeri edip bellän hem bolsa, soňra ejesi Türkan hatynyň täsiri astynda Kutubeddin Ozlagy tagt mirasdüşeri edýär. Türk alymy Ybraýym Kafeogly muny Türkan hatynyň Jelaleddiniň ejesi Aýçiçegi halamaýandygy, Kutubeddin Ozlagyň ejesiniň Türkan hatynyň tiredeşi bolandygy üçin diýip belläp geçýär. 1220-nji ýylyň dekabr aýynda Alaeddin Muhammet Hazar deňziniň Abeskun deňizýaka şäherine golaý bir adada (Aşyr adasy diýlip çaklanýar) aradan çykmazyndan öň, mirasdüşerlikden aýran ogly Jelaleddini ýene-de tagt mirasdüşeri diýip yglan edýär we öz gylyjyny onuň biline dakýar. Jelaleddin iki dogany Ozlag şa we Ak şa bilen Gürgenje — soltanlygyň paýtagtyna gelýärler. Olaryň ýanynda ýetmişe golaý atly bar eken. Ilat olary dabaraly ýagdaýda garşylapdyr. Şol ýerde soltan Jelaleddiniň ýanyna kakasynyň goşunyna degişli bolan esgerleri gelip goşulyp, olaryň sany ýedi müňe ýetýär. Olaryň aglabasy Türkan hatynyň taýpasy — baýat taýpasyndandy. Olar Ozlag şaha mirasdüşerlikden aýrylmaga razy bolany üçin nägilelik bildiripdirler we öz aralarynda Jelaleddine garşy dildüwşüpdirler. Mundan habardar bolan Jelaleddin 1221-nji ýylyň başynda agyr şertlerde 300 türkmen atlysy bilen Garagumuň içinden 16 günlük ýoly bir hepdede geçip, Nusaýyň etegine gelýär we şol ýerde ýerleşen 700-den gowrak mongol atlysyny görüp, ýadawdyklaryna garamazdan, gapyllykda üstlerine çozup, olary derbi-dagyn edýär. Bu mongollar bilen bolan söweşde Jelaleddiniň ilkinji ýeňşi hasaplanýar. Bu ýeňiş halkyň arasynda ynam, ruhubelentlik döredip, onuň töweregine çar tarapdan esgerleriň ýygnanyşmagyna täsir edýär. Netijede, onuň ýanynda esasy bölegi türki halklardan bolan köp sanly goşun jemlenýär we hut şol ýylda (1221) Perwan söweşinde soltan Jelaleddin mongollaryň 30 müňlük goşunyny derbi-dagyn edýär. Bu söweş hakynda Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda şeýle ýatlaýar: «Gadymda bina edilen Horezm şalygynyň hökümdarlarynyň biri Jelaleddin soltanyň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky rehimsiz söweşijilere nähili zarba urandygyny bilýänsiňiz. Bu halkymyzyň buýsançly taryhydyr». Jelaleddin özüni diňe başarnykly goşun baştutany hökmünde tanatman, eýsem, ýekelikde hem uly söweşjeň ukyba eýedigini subut eden ýigitdir. Atamälik Juweýni onuň ýeke özüniň bäş sany keseki ýurt esgerine garşy söweşip, olaryň hötdesinden gelendigini ýatlaýar. Emma ýüzbe-ýüz söweşlerde ençeme gezek üstün çykan türkmen serkerdesi 1231-nji ýylda Miýýafarykynda (Türkiýanyň häzirki Silwan şäheri) hyýanatçylykly öldürilýär. Köp taryhçylaryň bu mert, gaýduwsyz serkerdäniň ölümini ýatlasy gelmändir. Sebäbi soltan Jelaleddin Horezmşa ýeňşiň nyşanydy. Ibn Esir ol barada «Soltan Jelaleddin mongollary ýeňen we musulman ymmatyny birnäçe ýyllap mongollaryň talaňçylygyndan goran ýeke-täk serkerdedi. Jelaleddin Horezmşanyň ýeňşi ähli musulmanlaryň ýeňşi boldy. Megerem, onuň ýaly serkerde az-az bolsa gerek» diýip, buýsanç bilen ýatlaýar. Hatda Damaskyň hökümdary Mälik Eşref Eýýuby Jelaleddin bilen öz arasynda bolan gapma-garşylyga garamazdan, onuň ölüm habaryny eşidende, gynanyp: «Alla kasam bolsun! Jelaleddiniň wepat bolmagy bilen mongollar biziň ýurtlarymyzy aňsatlyk bilen eýelärler. Jelaleddin Horezmşa göýä biz bilen äjit-mäjitleriň arasyndaky bent kimindi» diýýär. Taryhçy Juweýni hem soltan hakynda «Atyň eýerini tagt, atynyň ýapynjasyny düşek, sowudy geýim, tuwulgasyny täç edinip geýen hökümdardyr» diýip, jaýdar belleýär. Soltan Jelaleddiniň adyna zikgelenen pullarda «Es-sultan el-Agzam Jelal ed-dünýä weddin» (Beýik soltan — diniň we dünýäniň şöhraty) diýen ýazgy bolupdyr. Oňa Soltan, Hakan, Şahynşa we Horezmşa lakamlary hem berlipdir. Soltan Jelaleddiniň wepat bolandan soňra yzynda Watany duşmandan goramak ugrundaky alyp baran göreşini dowam etdirjek zürýady galmadyk hem bolsa, onuň watansöýüjilikli ýoluny ýegeni, Müsür soltany Seýfeddin Mahmyt Kutuz dowam etdirýär. Onuň baştutanlygyndaky goşun 1260-njy ýylda häzirki Palestinanyň Aýny-Jalut diýen ýerinde mongol goşunyny derbi-dagyn edipdir we bu beýik ýeňişden soň mongol agalygy synmak bilen bolýar. Hormatly alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, taryhda öçmejek yz galdyran beýik türkmen şahsyýetlerimiziň ömür beýany bilen bagly gymmatly golýazmalaryň nusgalary daşary ýurtlaryň ylmy merkezlerinden we kitaphanalaryndan getirilip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynyň üsti ýetirilýär. Şolaryň arasynda soltan Jelaleddine bagyşlanyp ýazylan Muhammet ibn Ahmet Nesewiniň «Soltan Jelaleddin Menguberdiniň ömür beýany» atly golýazmasynyň Pariž hem-de Britan nusgalary hem saklanýar. Golýazma häzirki wagtda institutyň alymlary tarapyndan arap dilinden türkmen diline terjime edilýär. Nurmuhammet GYLYÇDURDYÝEW. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |