22:23 "Söýgä" esaslanýan bilim we terbiýe | |
"SÖÝGÄ" ESASLANÝAN BILIM WE TERBIÝE
Pedagogika we edep-terbiýe
Söýgi bu biziñ barlygymyzyň maýasy we ýaşaýşymyzyň gözbaşydyr. Söygi bu ynsan tebigatynyñ iñ beyik duýgusydyr. Ynsan söýgi bilen ýaşaýar we söýgüsizlik zerarly aradan çykýar. Ynsanyň kämillik derejesiniñ ýokarlanmagynda söyginiñ täsiri örän ýokarydyr. Bu mesele, ýagny ynsanyñ kämilleşmegi oña berilýän bilim-terbiýäniñ many-mazmuny bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuñ üçin hem biz ynsanlar özümizi söygi bilen bezemelidiris, ata-eneler ýüregindäkı mähir-muhabbeti çagalaryna siñdirmeli, maşgala söýgi howasyndan dem almaly, mekdeplerde söýgi aýdymlary aýdylmaly, çagalaryň añyna söýgi duýgusy guýulmaly. Maddy zatlar birinji plana çykarylan, ruhy duýgynyň bolsa unudylan häzirki döwründe söýgä esaslanýan bilim we terbiýäni alan adamlar hem de milletler öz adamçylyk sypatlaryny we milliliklerini saklamagyñ hötdesinden gelýärler. Şeýle milletleriñ gazanýan üstünlikleriniñ düýbünde ýatan hakykat bolsa olaryñ ýaş nesliñ söýgi, mähirlilik howasy astynda ösüp ýetişmeklerini, maddy zerurlyklary bilen bir hatarda ruhy zerurlyklarynyň hem doly üpjün edilmegini gazanmaklarydyr. Hut şonuñ üçin hem häzirki döwrüñ bilim usulyyetlerinde-de söygä, mähirlilige esaslanylyar, ene-atalar çaga üçin söygi gahrymanlary hökmünde görkezilýär, mekdepler söygi ojaklary hasaplanyar, mugallym bolsa söýginiñ yol görkezijisi hökmünde şöhlelendirilýär. Amerikada ýedi ýaşly çaganyñ kakasynyñ tüpeñi bilen ýoldaşyny atyp öldürmegi, Türkiýede bir ýetginjegiñ söýen gyzyna gowuşmak üçin ilki mugallymyny, sonra özüne päsgel beren ýoldaşlaryny gözüni gyrpman atmagy ýaly faktlar şeýle çagalaryň alan bilim-terbiyeleriniñ söýgüden mahrumdygyny görkezýär. Çagalaryň çilim çekmäge, spirtli içgileri içmäge, neşe maddalaryny ulanmaga baş goşmaklary ýaly ýaramaz hadysalar maşgalany, mekdebi, bütin jemgyýeti we döwleti birahat edýän problemalar dälmidir eýsem? Eýsem-de biz ululara bolan hormat düşünjesiniñ taryha siñip giden, maşgalanyň dargaýan, ene-atanyň garrylar öýlerine tabşyrylýan, ahlaksyzlygyñ ahlaklylyk hasaplanýan, milli ruhuñ we medeniyetiñ poslamaga başlan döwründe ýaşamaýarysmy? Ynha, bu zatlaryň ählisiniñ sebäbi çagalara berilýän bilim-terbiýäniň söýgä esaslanmaýandygy we bilim-terbiýäniñ adamlary ýeterlik derejede kämilleşdirmeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Söýgi bu bilim-terbiyäniñ ruhudyr. Söýgüsiz bilim-terbiýäniñ içi boşdur. Eger-de biz bu ruhy çagalarymyza berip bilsek, olary söýgi ruhy bilen terbiýelesek, onda biziñ geljegimiz parlak bolar. Bu işde bolsa hiç kim çetde galmaly däldir. Ene-atalar öz işleri barada oýlanyşlary ýaly, çagalary barada-da pikir etmelidirler, olary urman, sökmän terbiýelemelidirler, olara uly ähmiyet bermek bilen dogry ýoly görkezmelidirler. Haçan-da çagalar mekdebe baranlarynda bolsa olar bilen mugallymlar ýakyndan gyzyklanmalydyrlar, olaryñ gowy adamlar bolup ýetişmekleri hakynda pikir etmelidirler. Olarda gowy häsiýetleriñ kemala gelşine yzygiderli gözegçilik edip, zerur halatynda munuň üçin mekdep derejesinde çäre görmelidirler. Mekdepde mugallymlaryň çagalara bilim bermek bilen bir hatarda olaryň terbiýeleri bilen hem gyzyklanmaga borçludygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Olar çagalaryň kynçylyklaryny, isleglerini, haýyşlaryny çekinmän aydyp bilmeklerini gazanmalydyrlar. Ýagny çaganyň öýde ene-atasyndan alýan mähir-söýgüsini mekdepde mugallymyndan alyp bilmegi hökmany ýagdaýa öwrülmelidir. Mugallym çagalara zor bilen bilim bermäge synanyşmaly daldir, olarda öz islegleri bilen öwrenmek endigini oýarmalydyrlar. Okadyş usullary mejbury ýagdaýda bolsa, öwredilýän zatlar zorluk bilen öwredilse, onda çaga hiç zat öwrenmez. Çaga özüni mugallymyna yakyn duymalydyr. Şeýle ýagdaýda "Ynsan söýenine meñzär" diyen ýörelgeden ugur alyp, çagalar hem öz mugallymlaryna meñzemek islärler, onuň aýdan zatlaryna gulak asarlar, diýenini ederler. Elbetde, çagalara aýdýan zatlaryny mugallymyň özüniñ hem berjaý etmelidigi öz-özünden düşnüklidir. Eger şeýle bolmasa, onda çaga mugallymynyň diýenine ynanmaz, mugallymyñ aýdýan zatlary çaga täsir etmez. Hut şu zatlary göz önünde tutup, biz ene-atalar we mugallymlar, gelin çagalarymyzdan mährimizi, söýgimizi gaýgyrmalyñ! Olary hemişekiden-de has köpräk söýeliñ, has gowy göreliñ, olara köpräk mähir bereliñ! Öwredyän zatlarymyzy söýgi-mähir bilen öwredeliñ! Geljegimiziñ goragçylary bolan çagalarymyzy söýgi ruhy bilen ulaldalyñ, ösdüreliñ! Ismet AKYN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |