19:11 Süleýmanşa | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -1:
Taryhy şahslar
▶ SÜLEÝMANŞA Indi iki ýylyñ içidir kitapçy saýtynda türkmen halkynyñ taryhynda möhüm rol oýnan meşhur şahsyýetlerimiz barada giñ göwrümli makalalar yzygiderli berlip durulýar. Belli taryhçylarymyz Jumamyrat Gurbangeldiýewiñ, Kakajan Baýramowyñ, Jumadurdy Annaorazowyñ, Baýramgeldi Çaryýewiñ, merhum taryhçy Öwez Gündogdyýewiñ we başgalaryñ giñ gerimli taryhymyzyñ dürli döwürlerinden we taryhy şahsyýetlerimizden söhbet açýan makalalary kitapçy saýtynyñ üsti bilen taryh bilen baglanyşykly iş alyp barýan käbir doganlyk ýurtlaryñ saýtlarynyñ hem içgin gyzyklanmasyna sebäp boldy. Olardan ilkinji nobatda www.altayli.net taryh saýtyny minnetdarlyk bilen görkezip bileris. Gelejekde-de, hem ýazyjy-şahyrlarymyzy, taryhçylarymyzy, hem taryhy şahslarymyzy dünýä tanatmakda şular ýaly asylly işleri utgaşdyryp dowam ederis diýen umydymyz bar. Soñky ýyllarda taryha ünsi çekmekde taryhy temalar esasynda ekranlaşdyrylýan populýar teleseriallaryñ we çeper kinofilmleriñ roly has ýokarlandy. Özüñize hem mälim bolşy ýaly "Direliş. Ärtogrul" we "Gurulyş. Osman" teleseriallary giñ tomaşaçylar köpçüliginiñ gyzgyn söýgüsini gazandy we häzirem gazanmagyna dowam edýär. Türkmenistanly teletomaşaçylar hem milli buýsanjymyza buýsanç goşan bu giñ taslamaly döwürleýin teleseriallara eýýäm birnäçe ýyl bäri höwes bilen tomaşa edip gelýärler. Şanly taryhymyza we milli gahrymanlarymyza söýgi döreden, gyzyklanmamyzy has-da artdyran şular ýaly sogaply kinotaslamalaryñ gelejekde hem höwrüniñ köp boljakdygyna hem-de bu işlere türkmenistanly ýaş höwesjeñ we halypa aktýorlaryñam ýakyndan gatnaşjakdygyna tüýs ýüregimizden ynanmak isleýäris. Saýtda esasan agzalarymyz tarapyndan berilýän taryhy temadaky ylmy makalalar köplenç rus we türk dillerinde bolansoñ, ýaş alymlar üçin peýdaly bolup, ýönekeý okyjylarmyza elýeterli bolman galýar. Netijede ol makalalaryñ reýtingi pes bolup, ýeterlik okalman galýar. Şonuñ üçinem hem türkmen dilinde, hem mümkin boldugyndan gysga mazmunly maglumatlar ýönekeý okyjylara-da peýdaly bolar diýen umydymyz bar. Şulardan ugur alyp we saýtymyzyñ okyjylaryndan gelip gowuşýan köp sanly haýyşnamalary göz öñüne tutup (dürli awtorlaryñ giñ göwrümli makalalaryndan daşgaryn) kitapçy saýtynyñ adminstrasiýasy şahsyýetlerimiz barada iñ dogry we ygtybarly maglumatlary özüne mahsus beýan edijilik uslyby arkaly iñ gysga görnüşde okyjylarynyñ dykgatyna ýetirmegi maksat edindi. Mundan beýläk saýtyñ okyjylary gyzyklanma bildiren islendik milli şahsyýetlerimiz barada türkmen dilinde maglumat okamak islese, saýtyñ adminstrasiýasyna şahsy hatlaryñ ýa-da teswirleriñ üsti bilen ýüzlenip bilerler. Biz iñ gysga wagtda söýgüli okyjylarymyzyñ haýyşlaryny bitirmek üçin elimizden gelenini ederis. Mundan beýläk awtorlardan gelip gowuşýan we öz tagallalarymyz bilen toplanyp saýtda berilýän makalalardan daşgaryn, saýtymyz tarapyndan "Taryhy şahsyýetler" tapgyrynyñ çäginde berilýän ähli makalalary şular ýaly gysga mazmunly bermäge synanşarys. Her makalany doly okap çykmak üçin okyja 2-3 minutdan köp wagt gerek bolmaz. Bu bolsa internet okyjysynyñ talaplaryna doly laýyk gelýän amatly ýeñillikdir. Okyjylar hem-ä gyzyldan gymmatly wagtlaryny tygşytlar, hemem tom-tom kitap agtaryp tapmaly maglumatlaryñ özenini iñ gysga we düşnükli görnüşde edinip bilerler. Saýtymyzyñ awtorlar kollegiýasy tarapyndan taýýarlanyp okyjylara ýetirilen bu gysga makalalary alynan çeşmesini görkezmek şerti bilen islendik saýtda paýlaşyp bilersiñiz. Unutmañ, "Rowaçlygyñ sakasy ylymdyr" we ylym-bilimi halkyñ ähli gatlagyna elýeterli etmek intellektual dünýäniñ uludan-kiçisiniñ mukaddes borjudyr. Sözümizi gaty uzaltman, makalamyzyñ özenine geçeliñ. Gysga makalalaryñ bu günki myhmany Ärtogrul Gazy Türkmeniñ pederi Süleýmanşa. Süleýmanşa diýlende köpleriñ göz öñünde "Direliş. Ärtogrul" teleserialyndaky Süleýmanşanyñ roluny oýnaýan agras ýüzli Serdar Gökhan janlanandyr. Munuñ özi onuñ Süleýmanşanyñ obrazyna juda jüpüne düşenliginden we halypa aktýoryñ ussatlygyndan habar berýär. ■ Süleymanşa kim bolupdyr? Gaýa Alpyñ ogly, Ärtogrul Gazynyñ kakasy we Osman Gazynyñ atasy Süleýmanşanyñ (takmynan 1178-nji ýyllarda doglup, 1227-nji ýyllarda aradan çykypdyr diýip çaklanylýar) doglan ýeri we wagty barada anyk taryhy maglumatlar biziñ günlerimize gelip ýetmändir. Ýöne bir zat anyk: Süleýmanşa XII asyryñ soñky çärýeginde doglupdyr we gaýy tiresiniñ kethudasy bolupdyr. Çingiz hanyñ Orta Aziýany basyp alandygy sebäpli XIII asyrda Orta Aziýadan günbatara tarap göç etmegi makul bilipdir. Ol Türküstandan 50 müñe golaý adam bilen ilki Demirgazyk Kawkaza barypdyr, ol ýerdenem Gündogar Anadola gelip, 1214-nji ýylda Erzinjan we Ahlat sebitlerine ýerleşipdir. Gaýy boýuna degişli beýleki türkmen tireleri-de Diýarbekir, Mardin, Urfa etraplaryna göçüp gelipdirler. Şu ýerde bir zada üns bermek gerek: Süleýmanşa diýlende, köplenç Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ düýbüni tutujy Gutulmyş ogly Süleýmanşa bilen bulaşdyrylýar. Bularyñ hersi aýratyn taryhy şahsyýet. Şol sanda Süleýmanşa kümmetinde Gutulmyş ogly Süleýmanşanyñ guburynyñ ýatandygy barada hem rowaýatlaryñ bardygyny belläp geçmek gerek. Süleýmanşanyñ Sungur tegin, Gündogdy, Dündar beg we Ärtogrul beg atly dört ogly bolupdyr. Sungur tegin we Gündogdy kabylalaryny yzlaryna tirkäp ata watana - Orta Aziýa dolanypdyrlar. Dündar beg bilen Ärtogrul Gazy bolsa 400 çadyrlyk maşgala bilen bile täze oturymly ýer gözlemek üçin Pasin we Sürmeliçukur töwereklerine gidipdirler. Jahana ýañ salan we alty asyrlap dünýäni dolandyran Osmanly türkmen döwletiniñ binýadyny-da, hut şu 400 çadyrlyk oba tutupdyr. ■ Süleýmanşanyñ ölümi we kümmeti Süleýmanşa gaýy boýundan birnäçe beg bilen bile Jaber galasyna gidip barýarka, ýolda, Ýewfrat derýasynda gark bolup aradan çykdy. Aradan çykansoñ Jaber galasynyñ etegindäki bir kümmetde jaýlandy. Guburyñ ýerleşýän ýeri Birinji jahan urşundan soñ Siriýa Osmanly döwletinden bölünip aýrylandygy sebäpli, Fransiýanyñ golastyndaky Siriýa mandatlygynyñ çäginde galdy. Emma Türkiýe respublikasynyñ Fransiýa bilen baglaşan Ankara şertnamasyna we Lozan şertnamasyna laýyklykda gala we kümmet Türkiýäniñ ýeri hasap edilýär. 1938-nji ýylda kümmetiñ gapdalynda žandarma punkty gurulypdyr. Netijede galany we kümmeti dolulygyna türk esgerleri gorap başlaýar. 1973-nji ýylda Siriýa hökümeti Tabka bendiniñ gurluşygyna başlandygyny we gurluşugyñ soñunda kümmetiñ köl suwy astynda galjakdygyny duýdurýar. Şonuñ üçin kümmet we žandarma punkty Halap etrabyna degişli Garagozak obasyndaky 10.096 m²-lyk täze ýerine göçürilipdir. 2015-nji ýylyñ 21-nji fewralynda türk hökümeti Siriýadaky yzy kesilmeýän uruşlaryñ zeperiniñ ýetmesinden ätiýaç edip "Şah Fyrat" operasiýasyny geçirdi we kümmet wagtlaýynça Türkiýäniñ serhedine 180 metr ýakynlykdaky Eşme obasyna göçürildi. ______________________________ [1] Giñişleýin maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/ugruna_savasilacak_turk_men_yurdu_caber_kalesi/2020-02-17-10559 @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |