11:47 Suratkeş Annaguly Hojagulyýewiñ döredijiligi | |
SURATKEŞ ANNAGULY HOJAGULYÝEWIÑ DÖREDIJILIGI
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Annaguly Hojagulyýew 1947-nji ýylyñ 9-njy aprelinde Ahal welaýatynyñ Gökdepe etrabynyñ Babarap obasynda eneden bolýar. 1960-1965 - Şota Rustaweli adyndaky Türkmen Döwlet çeperçilik uçilişesiniñ (Häzirki Türkmenistanyñ Döwlet çeperçilik akademiýasynyñ ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň žiwopis bölüminde) okaýar. 1965-1970 - Moskwanyň ýokary çeperçilik-senagat uçilişesinde (häzirki S.T.Stroganow adyndaky Moskwanyň döwlet çeperçilik-senagat uniwersiteti) interýer we enjamlaşdyryş fakultetiniñ mebel-haşam matalar bölüminde okaýar. - 1976 - Suratkeşler birleşiginiñ agzasy; - 1985 - Ýugoslawiýa Respublikasynda syýahatda bolýar. - 1993 - Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri - 1998 - Eýran Yslam Respublikasyna döredijilik iş sapary bilen gidýär. - 2009 - “Türkmenistanyñ Halk suratkeşi” diýen hormatly ada eýe bolýar. Hojagulyýew Annaguly Eýeberdiýewiç Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “amaly haşam sungaty” kafedrasynda birnäçe ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Halypa Annaguly Hojagulyýew türkmen gobeleniniñ özboluşly ussadydyr. Ol "Baýramçylyk“ atly ilkinji işini 1974-nji ýylda Rigada geçen gobeleniñ bütinsoýuz sergisinde görkezýär. Türkmen gobelen suratkeşleriñ döredijiliginiñ ýañy dörän tapgyrynda, olaryñ eserlerinde stanok nakgaşçylygyň hem-de plakat taslamalaryň belli bir täsirleri duýulýar. A.Hojagulyýew gobelende düzülen kadalardan, esasan hem gobeleniñ berk göniburçly şekilinden gaça durupdyr. "Ýagty gelejek üçin“ gobelende taryhy temany çözmek üçin suratkeş dokmaçylyga mahsus usullary, fakturany: seçegi, dokalan gatyñ deñ bolmadyk kert gyralaryny ulanýar. Şu esasda ol gobelen taslamasynda birsyhlylykdan hem-de guraklykdan üstün çykýar. Onuň 1979-njy ýylda döreden "Likbez“ atly eseri milli reñk sazlaşykda ýerine ýetirilip, eginleri donly, başlary börükli üç türkmen zenany öýüň içinde şekillendirilýär. Zenan keşpleri romb şekilli böleklerden düzülip, bu pişme şekiller gobeleniñ tutuş erkin giñişligini hem doldurýar, taslamanyñ ýokarky bölegini hem tamamlaýar. Suratkeş bu usuly soñky eserlerinde-de peýdalanýar ("Çaý başynda“ eseriñ iki nusgasynda (1976, 1980-1981), "Baýramçylygyñ öñ ýanynda“ (1980). Ýokarda agzalan işleriñ ählisi A.Hojagulyýewiñ döredijiliginde aýratyn orny eýeläp, suratkeş olara mahsus goýy-gyzyl, goñur, goýy-gök reñk sazlaşygyny döredijiliginiň ähli tapgyrynda diýen ýaly peýdalanýar. Türkmen gobeleninde A.Hojagulyýew ilkinji bolup "Kompozisiýa“ (1984) atly haşam abstrakt eseri döredýär. Suratkeş eseri reñk tegmilleriñ hem-de göwrüm ritmleriñ özara gatnaşygynda gurup, arassa reñkleriñ (ak, gyzyl, gara, sary, gök, mawy) arabaglanyşyk meselesini çözýär. Ol bäş-sekiz reñki garyşdyrmazdan baý reñk öwüşgünleri döretmäge çalyşýar. Bu meseläni A.Hojagulyýew fowistleriñ, Matissiñ, Falkyñ döredijiliklerini öwrenmek hem-de haşam-monumental sungatyñ dürli akymlary bilen gyzyklanmak arkaly on iki ýyldan soñ çözýär. 1989-njy ýylda Aşgabatda geçirilen sebitara sergide görkezilen, indiwiduallygy we awtorçylyk aýratynlygy, milliligi ýüze çykmadyk işleriñ birmeñzeşligi suratkeşi haýran edýär. Şondan soñra suratkeş öz ünsüni türkmen halk el işine (milli egin-eşige, bejergä) ugrukdyrýar. Milli dokmaçylyk däplerini hem-de esaslaryny özleşdirmeklige suratkeşe çeper elli aýaly Sülgün Hojagulyýewa öz täsirini ýetirýär. 1981-nji ýylda öñki Tagta-Bazar etrabynyñ Kirow adyndaky kolhozynyñ kluby üçin suratkeş öz aýaly bilen bilelikde "Çopanlar“ atly gobeleni döredýär. Ussatlar bu eserde milli zenan baş atgyjy "ýaşyl kürtäniñ“ goýy reňkli ýerlikdäki bejergisiniñ haşam usulyny peýdalanýar. Ussatlara gobeleniñ nusgawy tehniki ýerine ýetirilişi haşam keşbiñ täsin täsirliligini gazanmaga mümkinçilik berýär. Gyzyl, ak, sary, goñur ýaly açyk reñkleriñ gara ýerlikde görkezilmegi eserde aýratyn bir ruhubelent hem-de dabaralylyk häsiýeti döredýär. Türkmen halk sungatynyñ reñk görüş medeniýetine uly sarpa goýup, suratkeşler öz döredijiliginde milli däplere eýerýärler. Iki ussadyñ döredijilik birleşmesi esasynda 1981-1990-njy ýyllarda on ikiden gowrak eser döredilýär ("Altyn güýz“ (1981), "Gündogar“ (1983), "Gelinler“ (1984), "Wagt“ (1985), "Öýlenjek ýigit we gelinlik“ (1986), "Arzuw“ (1987), "Kebelek“ (1988), "Är-aýal“ (1989) bu işleriñ her birinde suratkeşler belli bir keşp-göwrüm meseleleri çözýärler. "Gündogar“ (1983), "Wagt“ (1985) ýaly gobelenler batyrgaý synaglar bilen tapawutlanýarlar. Olarda gobeleniñ tekiz ýüzi faktura alamatlar bilen baýlaşdyrylýar. A.Hojagulyýewiñ eserlerde erteki kimin, hyýaly göz öñüne getirmeleri görkezmek islegi onuñ "Gündogar“ eserinde ýüze çykýar. Miweli agaçlaryñ gülleýşini ýada salýan nepis, gülgüne-benewşe reñkleriñ ümezi gobeleniñ ýüzünde görkezilen şekilleri gaplap alýar. Onuñ añyrsyndan gadymy şäheriñ köçelerinden ýöräp barýan adamlar, eli küýzeli, pasyrdaýan ýalykly gyz, oýa batyp barýan ýolagçy, arabaly ýaşuly, dutarynyñ tarlaryny kakýan bagşy, bürenjek astynda ýüzüni gizleýän gözel, haýdap barýan ussa görünýär. Gobeleniñ tutuş ýüzi şekilleriñ ritmi, aýlaw, bir-birine ýumşak geçýän çyzyklaryñ üsti bilen janly hereketlendirilýär. Bu hereket ktaslamanyñ aşaky bölegindäki seçekde has hem güýçlendirilýär. A.Hojagulyýew bu eserinde şahyranalygy, şähdaçyklygy tassyklaýar. Suratkeşiñ "Wagt“ gobeleni niýeti boýunça üzñe manyly bolup, durmuşyñ çalt akymyny hakynda oýlandyrýar. Bu ýerde görkezilen agdarylan küýzelerden möwç urýan akym çalt geçip barýan wagty añladýar. Biziñ seredip geçen işlerimiziñ ählisi suratkeşiñ döredijiliginiñ birinji tapgyryny häsiýetlendirýär. Elbetde bu döwürde suratkeş öz şahsy stilini gözleýär hem-de dikeldýär. Suratkeş döredijiliginiñ täze tapgyrynda türkmen keşdeleriniñ däplerine ýüz tutýar. A.Hojagulyýewiñ ýokary professionallygy oña gabarasy uly bolmadyk işleri, formalar taýdan täsin, şeýle-de interýer üçin niýetlenen monumentaldan haşam eserleri döretmäge mümkinçilik berýär. Jaýlaryñ içki bezegi üçin A.Hojagulyýew aýaly bilen "Arzuw“ (1987), "Çagalyga syýahat“ (1988) atly gobelenleri döredýär. Bu eserlerde A.Hojagulyýewler täsirli keşp meseleleri çözüp, ýene-de türkmen keşdeleriniñ däplerine ýüz tutýarlar. Suratkeşler "Arzuwda“ sary çyrpynyñ, "Çagalyga syýahatda“ ýaşyl kürtäniñ nagşy we reñk gurluşyny peýdalanýarlar. Bu eserlerde güller, agaçlar, guşlardyr, haýwanlar şekillendirilýär. Ussatlar öz eserlerinde dünýäni çaga kimin sada kabul etmegi şöhlelendirmek pikirini öñe sürýärler. Gyzyl, ak, sary, mawy ýaly açyk, ýiti reñkleriñ garañky ýerlige çürt-kesik ters getirmek bilen hem suratkeşler çaga göwniaçyklygyny nygtamak isleýärler. Däp bolup gelýän nagyş äheñleri şahsy taýdan üýtgetmek bilen sýužeti açyk görkezmeklik eseriñ manysyny we duýgy täsirini baýlaşdyrýar. 1980-nji ýyllaryñ ortalarynda A.Hojagulyýewiñ döredijiliginde düýpli özgerişmeler bolup geçýär. Indi ol gobeleniñ faktura hem-de reñk aýratynlyklaryna, umumy keşp gurluşyna başgaça garaýar. Ol köp reñklilikden ýüz öwrüp, gobelenleri üç, bäş reñkleriñ sazlaşygynda çözýär. Reñkleri hem suratkeş arassa, hiç-hili öwüşgünsiz peýdalanýar. Bu bolsa onuñ işlerinde belli bir täsirliligi hem-de bezemenligi döredýär. A.Hojagulyýew faktura alamatlary we seçekleri indi peýdalanmaýar. Onuñ nusgawy tekiz öýdümde ýerine ýetirilen gobelenleri berk sudurlara (gönüburçlyk, inedördül) eýe bolýarlar. Tekiz dokmanyñ iñ gowy däplerinde suratkeş "Durmuş bagy-meniñ ülkäm“ (1987) atly gobeleni ýerine ýetirýär. Eserde guşlaryñ, haýwanlaryñ, ösümlikleriñ hem-de kebelekleriñ şekilleri jikme-jik görkezilýär. Sowuk reñklerden (gök, mawy, benewşe) düzülen çylşyrymly reñk öwüşgüni gyzyl, ak, ýaşyl reñkleriñ ýiti asman ýagtysy bilen janlandyrylýar. Bu hem eseriñ towly hereketini hem-de onuñ taslamasynyň keşp gurluşynyñ hereketliligini güýçlendirýär. Suratkeş eserde dünýäniñ baky gymmatlyklaryny, onuñ gözelligini, adam bilen tebigatyñ sazlaşygyny tassyklaýar. "Meniñ kakam“ (1985), "Öýlenjek ýigit we gelinlik“ (1987) atly gobelenlerde Hojagulyýewler käteler türkmen milli bejergilerde, haly önümlerde gabat gelýän arassa duýguly sada şekillerden ugur alýarlar. "Öýlenjek ýigit we gelinlik“ eseriñ simmetriki taslamasy bilen haşam teswirlenen adam şekilleri hereketlilik duýgusyny oýarýar. Eserde ulanylan arassa reñkleriñ uly tegmilleri haşam taslamany janlandyryp oña ýagty baýramçylyk äheñi hem-de şekillere aýratyn bir tekiz häsiýeti berýär. Şu häsiýetli gobelenlerde Hojagulyýew ilkinji gezek türkmenleriñ "guramasynyñ“ däp bolup gelýän tehnikasyny peýdalanýar. 1980-nji ýyllaryñ ortalarynyñ, 1990-njy ýyllaryñ eserlerinde etnografiki häsiýetli tematika üns bermek bilen Annaguly Hojagulyýew häzirki döwrüñ professional amaly-haşam sungatynyñ milli däpleri gorap saklap, ösdürmek meselelerine çuññur düşünýändigini äşgär edýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlara tälim bermek bilen bu gymmatlyklary gorap saklamaklygyň ugrunda zähmet çekýär. Annaguly Hojagulyýewiñ eserleri Türkmenistanyñ häzirki zaman sungatynyñ özboluşly häsiýetlerini ösdürmekde, halk dünýägaraýşynyñ ahlak we gözellik esaslaryny aýan etmekde aýgytly orun tutýar. # GundogarNews © 2013 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |