19:11 Şygyrýetiň syrlary / edebi seljerme | |
ŞYGYRÝETIÑ SYRLARY
Edebiýaty öwreniş
Öz senediniň syrlary barada oýlanan şahyrlaryň ikisiniň şygryýetiň asyl manysy hakda öňe süren teklibi üns bereniňe degýär. Olaryň biri Kolrij: «Şygryýet kämil derejede düzgünleşdirilen iň gowy sözlerdir» diýýär. Teodor de Banwil bolsa: «Şygryýet ýasalanok-da, döredilýär. Şonuň üçin hem ol taraşlanmagyna mätäç däl» diýip, oňa garşy çykýar. Olaryň ikisi hem biziň aňymyza sözüň üsti bilen täsir edýän kanunlara esaslanypdyr. Eserinde ulanýan sözlerine täsir edýän ähli kanunlary göz öňünde tutmagy başarýan adam hakyky şahyrdyr. Şol kanunlaryň diňe käbirini bilýän söz ussady kyssaçydyr. Diňe sözleriň manymazmunyny we olaryň özara gatnaşygyny göz öňünde tutmagy başarýan hem edebiýatçydyr. Şol kanunlaryň sany we toparlary şygryýetiň nazaryýetini hasyl edýär... ...Şygryýetiň nazaryýeti dört bölümden ybarat. Fonetika goşgynyň ses aýratynlygyny, ritmini, ýagny sesiň beýgelişini, dürli sesleriň hilini we özara baglanyşygyny, goşulmalary hem-de rifmanyň ses aýratynlygyny öwrenýär. Stilistika sözüň gelip çykyşy, ýaşy, ol ýa-da beýleki grammatik kategoriýa degişliligi, durnukly söz düzümindäki orny arkaly, şonuň ýaly-da, deňeşdirmäniň, metaforanyň... üsti bilen edýän täsirini elekden geçirýär. Kompozisiýa şygra siňdirilen pikirleriň, duýgularyň, keşpleriň biri biriniň ýerini çalşyşyny öwrenýär. Goşgynyň bentleriniň gurluşyny öwrenmek hem kompozisiýanyň paýyna düşýär. Sebäbi şahyryň pikiriniň hereketine bendiň ýetirýän täsiri uludyr. Eýdologiýa bolsa, poeziýanyň mowzuklarynyň we şol mowzuklara şahyryň gatnaşygynyň jemini jemleýär. Goşgynyň ýazgydy Daýhan ekin ekýär, gurluşykçy jaý gurýar. Başga kärdäki adamlaryň hem işi özüne ýetik. Şahyr näme bilen meşgul? Ol näme üçin çalt ýatda galýan goşgy setirleri arkaly dürli ösümlikleriň ösüş şertlerini beýan edenok?.. Näme üçin ol diňe ejizlän halaty liranyň kömegi bilen ýagşy duýgulary oýarandygyny boýun alýar? Eýsem, haýsy jemgyýetde bolsa-da tapawudy ýok, şahyryň öz orny bolmazmy? «Sungat durmuşa hyzmat etmelidir» diýýän garaýşyň tarapdarlary şular ýaly soraglary berýärler. Olaryň arkasynda bolsa, Fransua Koppe, SýulliPrýudom, Nekrasow ýaly ägirtler direnişip dur. «Sungat diňe sungat üçindir» diýýän garaýşyň tarapdarlary bolsa, olara çürtkesik garşy çykýarlar. Olar: «Biz Aý dogan ýaly goşgular ýazýarysmy ýa-da biziň ýazan zadymyza alarwahyň özem düşünenokmy – tapawudy ýok. Biz ähli zatdan erkin. Biz kimdir birine ýa-da haýsydyr bir maksada gulluk etmek islemeýäris» diýýärler. Şeýle diýip hem olar Werlen ýaly şahyrlary öňe tutýarlar. Birnäçe asyrlar bäri köşeşmeýän bu jedeliň soňy geljege meňzänok. Ýokarky garaýyşlaryň ikisi bilen hem gürrüňsiz ylalaşmak mümkin däl. Birinji garaýşa gulluk edýänler sungata bozuk zenanyň ýa-da esgeriň ornuny tutdurjak bolýarlar. Ikinji topar bolsa, sungat diňe öz hudaýyna gulluk etmelidir diýýär. Meniň özüm-ä şol garaýyşlaryň ikisinden birini saýlamaly diýseler, olaryň birinjisini görkezerdim. Sebäbi onda sungata bolan hormat, onuň özenine düşünmek has güýçli... Meniň pikirimçe, sungat öz etini iýmek bilen oňman, haýsydyr bir maksada gulluk etse ýagşy... Goşgudan edilýän talap Her bir goşgynyň döreýşi bilen janly organizmleriň döreýşiniň arasynda meňzeşlik bar. Şahyryň kalby daşky dünýäden itergi alanyndan soňra hem geljekki eseriniň sulbasyny uzak wagtlap bejerip, beslemeli bolýar. Eseriň kemala gelmeginde bar zadyň – Aýyň ýiti şöhlesiniň hem, duýdansyz eşidilen owazyň hem, okalan kitabyň hem, gül ysynyň hem täsiri uly bolýar. Köneler dymma şahyra hormat goýupdyrlar. Sebäbi ol hamyla aýaly ýatladypdyr. Iň soňunda şahyr çaga dogurýan aýal ýaly ejir çekip, goşgusyny kagyz ýüzüne geçirýär. Şol pursat ol sungata dahylsyz oýlardan daş durup, kalbyndaky taýýar goşgusyny ýylanyň pähimi bilen kämil görnüşe geçirip bilse, onda şol goşgy Süleýman patyşanyň şöhraty ýaly ebedi şöhrata eýe bolýar. Şeýle goşgy, «Iliada» ýaly, ýaşamagyny bes edeninden soň hem adamlarda mukaddes terpenme döredýär. Ýürekde göterilmedik goşgular hem bolýar. Olar diňe başky täsiriň netijesinde döreýär. Edil şonuň ýaly esasy mowzuk gerekmejek anyk beýan etmeleriň içinde ýitip gidýän goşgular hem bar. Şeýle goşgular keşpler dünýäsiniň kemisleridir. Olaryň aýryaýry bölekleriniň kämilligi hem gözüňi dokundurmaýar. Gaýtam, küýki adamyň ajaýyp gözleri ýaly gama batyrýar... Goşgynyň geňtaň jandar ýaly spirtli çüýşe gapda saklanmazlygy ýa-da kürsä«çüýlenen» näsag ýaly çalamydar ömür sürmezligi üçin, onuň söýgi we ýigrenç döretmegi üçin nähili talaplara döz gelmegi gerek? Men gysgaça: «Ähli talaplara» diýip jogap bererdim. Goşguda pikirdir duýgy bolmaly. Iň bir liriki goşgy-da pikirden mahrum bolsa, jansyz görünýär. Duýgudan mahrum epiki ballada bolsa, içgysgynç toslama meňzeýär. Puşkin öz liriki goşgularyny, Şiller öz balladalaryny ýazanlarynda şu hakykyta göz ýetiripdirler. Olardan başgada, goşga bar zady ýerbeýer ýaş bedeniň göze ýakymlylygy, Gün şöhlesine agarýan heýkeliň anyklygy, sadalyk (diňe sada eseriň geljegi bar), geçen asyrlaryň şatlykdyr gaýgysyny göz öňünde tutýan inçelik gerek. Şolardan hem beter goşguda stildir hereket bolmaly. Stilde Hudaý özüni duýdurýar, şahyr bolsa, oňa heniz özüne-de mälim bolmadyk durkuny goşýar. Şeýdip döredilen goşgular şahyryň gözüniň reňkiniň ýa-da eliniň şekiliniň nähilidigini çaklamaga mümkinçilik berýär. Goşgynyň hereketi diýip bolsa, sözleriň, çekimli we çekimsiz sesleriň, ritmiň beýgelmeginiňdir peselmeginiň özara sazlaşygyny göz öňünde tutýaryn. Şol sazlaşyk goşgyny okaýan adamy edil liriki gahryman ýaly dem almaga, şahyryň öz duýýan zadyny duýmaga mejbur edýär. Şeýdip hem daşa çykarylan pikir hakykata öwrülýär... Goşgynyň terjimesi Goşgyny terjime etmegiň üç ýoly bar. Birinji ýola öwrenje terjimeçiler eýerýär. Olar, köplenç, terjime edýän şahyrlaryna mahsus bolmadyk ölçegden, rifmalaryň düzüminden, öz sözlüklerinden peýdalanýarlar. Terjime edýän goşgularyny öz isleglerine görä gysgaldýarlar ýa-da uzaldýarlar. Ikinji ýola eýerýän terjimeçiler hem başdakylardan känbir tapawutlananok. Olar diňe öz hereketlerini delile getirjek bolýarlar. Mysal üçin, olar: «Eger terjime edilýän şahyr rusça ýazan bolsa, edil meniňki ýaly ýazardy» diýýärler. Bu tär, esasanam, ХVIII asyrda ýörgünli bolupdyr. ХIХ asyrda bu tär inkär edildi. Ýöne onuň täsiri şu günler hem duýulýar. Üçünji ýola, ýagny, iň kyn ýola eýerýänler terjime edýän goşgularynyň daş keşbini bolşybolşy ýaly saklamaga ymtylýarlar. Geliň, şol terjimeçileriň göz öňünde tutýan zatlaryny anyklamaga synanyşalyň. Goşgynyň döremegine esasy sebäpkär bolýan zat keşpdir. Keşpleriň sany çäkli bolýar. Köplenç, şahyr özünden öň döredilen keşpleri peýdalanýar. Şahyryň şahsyýeti şol keşplere gatnaşygynda ýüze çykýar. Şahyr terjime edende, esasy ünsi keşplere däl-de, terjime edilýän şahyryň şol keşplere bolan gatnaşygyna bermeli. Mysal üçin, gadymy pars şahyrlary bägüli janly zat hökmünde göz öňüne getiripdirler. Orta asyr pars şahyrlary üçin bolsa bägül söýginiň we owadanlygyň nyşany eken. Puşkiniň bägüli diňe adaty bir güldir... Terjimeçi bentleriň we setirleriň sanyny hökman saklamalydyr. Şolaryň biri saklanmasa, terjime edilýän eseriň aýratynlygyny saklap bolmaýar. Stil meselesinde terjimeçi awtoryň poetikasyndan ugur almalydyr. Her şahyryň nazaryýet taýdan esaslandyrylan öz sözlügi bolýar. Mysal üçin, Uorswort goşguda diňe gepleşik diliniň ulanylmagynyň, Gýugo sözleriň göni manysynda ulanylmagynyň, Werlen bolsa, sözleriň ýönekeýliginiň we onuň erkin ulanylmagynyň tarapdary. Şonuň ýaly-da, terjime edilýän şahyryň ulanýan meňzetmeleriniň häsiýetini hem gözden salmaly däl. Mysal üçin, Baýron anyk keşbi howaýy keşp bilen deňeşdirýär. Şeýle deňeşdirmä mysal edip, Lermontowyň «Howa arassadan näzik, çaganyň posasy ýaly» diýýän setirini görkezmek bolar. Şekspir howaýy keşpleri anyk keşplere deňeýär we ş. m... Goşgularda gaýtalanmalar, hereketiň ýeri we orny, mysallar kän duşýar. Şolary janyňteniň bilen saklamaga çalyşmaly. Rifma hakdahä aýdyp oturasy iş hem ýok. Terjimeçä goşgynyň owazyny terjime etmek has kyn düşýär. Ýöne hernäçe kyn hem bolsa, terjimeçi adyna eýe boljak bolsaň, terjime edýän goşgyň owazyny hem saklamaga çalyşmaly... Nikolaý GUMILÝOW. Rus dilinden terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |