16:02 Alew Alatly aradan çykdy... | |
• Şu gün - 2-nji fewralda görnükli türk ýazyjysy Alew Alatly aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris. ◇ Ýazyjy hakynda Añ-düşünje we sungat dünýäsiniñ görnükli wekili Alew Alatly 1944-nji ýylyñ 16-njy sentýabrynda Türkiýäniñ Menemen şäherinde dünýä indi. Liseýi kakasynyñ işi sebäpli Tokioda okady. Ykdysadyýet we statistika boýunça bilimi Orta Gündogar Tehniki uniwersitetinden, ykdysadyýet we ekonometriýa boýunça ýokary bilimini bolsa “Fulbright” kursy bilen giden Wanderbilt uniwersitetinden aldy. Doktorlyk dissertasiýasyna Dartmut kolležinde başlan Alew Alatly ylahyýet, düşünje, medeniýet taryhy boýunça içgin gyzyklandy, emma doktorlyk dissertasiýasyny tamamlamanka 1974-nji ýylda Türkiýä gaýdyp geldi. Alatly Stambul uniwersitetiniñ Ykdysadyýet fakultetinde mugallym, Döwlet Meýilnamalaşdyryş edarasynda borçnamalaýyn ykdysatçy bolup işledi. Palestin dawasyna goşan goşantlary üçin 1986-njy ýylda Tunisde sürgünde gezip ýören Ýaser Arafat tarapyndan "Azаtlуk" medaly berildi. Ussat ýazyjy geçen ýyl "Anadolu" habarlar agentligine beren interwýusynda: "Özümi juda bagtyçüwen, nesibeli adam hasaplaýaryn. Beýle nesibe ilki harby gullukçynyñ gyzy bolup başlaýar. Hemişe tygşytly ýaşamaga mejbur maşgalanyñ çagasy bolmak gowy zat, döwlet işgäriniñ çagasy hökmünde ýygy-ýygydan eýläk-beýläk wezipä bellenip, Türkiýäniñ köp ýerini görüp bolýar. Aýratynam Türkiýäniñ gündogarynda ýaşamak, mekdebe gitmek, ol ýerdäki kynçylyklary görmek ullakan mümkinçilikdi" sözlerini ulandy. Alew Alatly edebiýat ugry boýunça 2014-bji ýylsa Türkiýäniñ Prezidentiniñ Medeniýet we Sungat boýunça ýörite baýragyna mynasyp boldy. Alatly 2018nji ýylda Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapydan düzüpen Prezidentiñ ýanyndaky Medeniýet we sungat syýasaty edarasyna agza bellendi. Alatly birnäçe wagt bäri hassahanada ýarawsyz ýatyrdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |