Grower Furryñ ýazan "Hruşýowyñ ýalanlary" kitabynda SSSR-iñ KP-niñ XX kongresinde ýöñkelen ýalan-ýaşryk aýyplamalardan söhbet açýar.
SSSR-iñ ýolbaşçysy N.S.Hruşýow partiýanyñ 1956-njy ýylyñ fewral aýynda geçirilen XX gurultaýynda sözlän sözi dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni özüne çekdi.
Hruşýow bu çykyşynda partiýanyñ özünden öñki ýolbaşçysy I.Staliniñ adynyñ kultlaşdyrylandygyny, hatda onuñ hudaýlaşdyrylandygyny, Staliniñ nämynasypdygyna garamazdan aşa beýgeldilendigini, döwleti we partiýany ýeke özi öz islegine görä dolandyrandygyny, köpsanly akýürekli sosialistiñ "halk duşmany" yglan edilip öldürilendigini paş etdi.
Dünýäniñ sosialistik jemgyýetleri tarapyndan ýadyrgama bilen garşylanan bu çykyşy günbatarlylar "möhüm taryhy waka" hasaplady. Mysal üçin Londonda çap edilýän "The Telegraph" gazeti beýannama "XX asyryñ iñ täsirli çykyşy" hökmünde baha berdi.
ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäheriniñ Montkleýr uniwersitetiniñ professory Grower Furr bu kitabynda Hruşýowyñ çykyşynda sözlenen sözleri ýekänme-ýekän analizleýär, Hruşýowyñ aýdýanlarynyñ köpüsinde açykdan-açyk ýalan-ýaşryk sözleriñ bardygyny subut edýär. Netijede şu sorag ýüze çykýar: Eýsem, "XX asyryñ (belki-de ähli döwürleriñ!) iñ täsirli çykyşy" bir kezzabyñ toslamalaryndan ybaratmydy?..
Häzire çenli halka aýan edilen sowet arhiwlerini-de inçegöz elekden geçiren Furr okyjylar köpçüligine heniz mälim bolmadyk birnäçe resmi maglumatlara salgylanýar. Leniniñ "wesýetinden" 1937-38-nji ýyllaryñ tutha-tutlugyna çenli, Ikinji jahan urşundan partiýa organlarynyñ tutaryklaryna çenli ymgyr köp maglumatlary jikme-jik öwrenen Furr Hruşýowyñ çykyşy bilen birlikde başga-da birnäçe maglumaty okyjylarynyñ dykgatyna hödürleýär.
Staliniñ jesedini Leniniñ yanyndan ayryp, adaty hokumet chlenleriniñ mazarstanlygyna gocurmek barada Hrushyew teklipgirizyar we olenden soñ oz ,,dushmanyndan"sheydyp ar alyar. Beyle peslik,elbetde,sholar yaly ,,adamlara"bap gelyar. Orslaryñ doreden ,,Zhukow"atly kinoserialyna syn etseñ Hrushyewe simpatiya bildiresiñem gelyar. Emma onuñam bulashdyran syyasaty degnaña degyar. Zhukow yaly adamyñ harby mertebesini ayak astyna dushurmesi Hrushyewiñ gende hasiyetiniñ yene bir shtrihini acyp beryar.
bu häsiýet politika tarapdan seredeniňde gaty normal zat dälmi näme? her bir täze lider eýdip-beýdip halkyň ynamyny gazanmaly ahyry... stalin 25ýyldan gowrak halkyň gözüni açdyrmady. bu - hakykat ýöne hruşýowam oňly eşek däldi diýerdi daýym... Politikaçylaryň taryh boýunça eden peslikleri sanardan kändirlaý
N.Hruşýowyñ ogly Sergeý Hruşýow 1991-nji ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýardy. 1998-njo ýylda ol aýaly bileb bilen amerikan raýatlygyna geçdi. Şonda S.Hruşýow "Özümiñ ABŞ-nyñ raýaty bolanuma buýsanýaryn" diýipfi. Onuñ 1958-1964-nji ýyllarda SSSR-e ýolbaşçylyk eden kakasy N.Hruşýow bolsa "ABŞ-ny weýran edip, ondan dynarys" diýip ynamly gürläpdi. Kakasy birwagtlar şeýle diýipdi, ýyllar geçensoñ onuñ ogly welin kakasynynyñ itden beter ýigrenýän ýurdunda ýaşaýandygyna iki bolup bilenok Jahanda nämeler bolanok...
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]