21:51 Telegramyñ "nasistleriñ feýzbugy" diýip tanalmagynyñ sebäbi bar | |
TELEGRAMYÑ "NASISTLERIÑ FEÝZBUGY" DIÝIP TANALMAGYNYÑ SEBÄBI BAR
Publisistika
Ömrümi ultrasagçy bolmaga bagyş etdim. Ine, şol sebäpden bu gep-gürrüñli sosial mediýa ulgamynyñ eýesi Pawel Durowdan has erbet tarapynyñ bardygyny bilýärin. Pawel Durowyñ işi derñewde we ol ýekşenbe güni tussag astyna alynandan bäri Fransiýadan çykmak gadagan edildi (AP) Näçe gidişsek gidişeliñ, sosial mediýadaky ähli bolgusyzlyklary hiç kimse aradan aýryp bilmese gerek. Öz-özümizi bejermäge synanyşyp bileris, emma özümizi doly immunitetde saklamak mümkin däl. Aýratynam bikanun ýa-da ulgam düzgünlerini bozýan (köplenç ikisi-de) bloglary öçürmek moderatorlaryñ paýyna düşýär. Bu ulgamlarda köplenç pişik smaýlikleriniñ ýanynda kelle kesme wideolary ýer alýar: MrBeast wideolary jenaýata höweslendirýãn satanistler bilen ünsi çekmek üçin ýaryşýar. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ jynsy zorlukly materiallary, jynsparazlygan ideologiki ekstremizme we terrorizme çagyrmak, ýaşlara gönükdirilen "jynsy zorluk" bilen birlikde diýdimzorluk, fiziki zorluk we dokslama (şahsy maglumatlaryñ aýan edilmegi) ýaly garañky köpdürlilik bar. Sanly ulgam "jemgyýeti" öz ýany bilen jenaýatyñ ýaýrawlylygyny-da getirýär. Käbir uly tehnologiki firmalaryñ, radikal ýa-da tehniki bloglarynyñ öçürilmegi üçin raýat-jemgyýetçilik toparlarynyñ ýa-da hökümetiñ talaplaryny kanagatlandyran müñlerçe moderatoryñ bolmagy öwgä mynasyp. Bu ýöne bir başlangyç, emma entek bizi kanagatlandyrardan kän ir. Beýleki ulgamlar we eýeleri ýer şary boýunça herelet edýär. Bu ýerde ýadyñyza Twitter/X we Ilon Mask düşüp biler. Emma söz azatlygy absolýutizminiñ uzak wagtdan bäri 39 ýaşly öñbaşçysy 39 ýaşly russiýaly rus we BAE-niñ, Sent-Kittsiñ, Newisiñ, Fransiýanyñ raýaty. Ýekşenbe güni tussag astyna alynandan bäri işi derñelýän we Fransiýadan çykmak gadagan edilen Durow güýçli hökümet senzurasy şertinde meşhurlyk gazandy. 2006-njy ýylda Russiýanyñ feýzbuk wersiýasy bolan "Vkontakte" ulgamyny guran Durow sekiz ýylyny geçirenden soñ ulanyjylaryñ maglumatlaryny Putiniñ adamlaryna bermekden ýüz öwrüp ýurtdan çykdy. Şol döwürde "ýurduñ şu pursatdan başlap internet işine laýyk däldugini" öñe sürüpdi we "täse mobil sosial toruny" gurmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy. Pawel dogany Nikolaý bilen birlikde Sent-Kittsiñ, Newisiñ myhmansöýerligini halady: 250 müñ dollarlyk "sagbolsun" soñabaka olara pasport we erkinlik gazandyrdy. Telegram şular ýaly senzurada (ýa-da has dogrusy hasap berip bolýan) we çäksiz gürleşme baglanyşygynda döredi. On ýyl geçenden soñ ulgamyñ dünýä boýunça bir milliard agzasy, kompaniýanyñ bolsa otuz işgäri bar. Moderatorlaryñ sany-da az, her 50 million agza üçin biri bardyr diýip çak edýärin we bu san uly ähtimallykda hasam az. Netijede sifrowoý "Wagşy Günbatar" Telegramtñ USP-sydy. Ömrümi ultrasagçy bolmaga bagyş etdim. Hünärmenler we maslahatçylar ugrumda Telegramyñ jynparazlar, faşistler we ş.m.-ler üçin "howpsuz ulgamdygy" we "möhüm platforma" berýändigi barada umumy pikir ýöredýärler. Içindäkiler size Telegramyñ ýazyşýan zadyña goşulmazlyk syýasatynyñ näçe wagtdan bäri betbagtçylygyñ buşlukçysydygyny aýtsalar gerek. Ýöne ýere "nasistler üçin feýzbuk" diýilmändi. Mysal üçin, 2020-nji ýylda Telegram ulanyjylarynyñ aşakky topary özlerini "Terrogram kollektiwi" diýip markalaşdyrdy. Ýüzlerçe açyk neo-nasistik Telegram kanaly biri-biriniñ yzyndan terrorçylykly manifestler çap etdi we ýadyña düşäýjek (şu babatda maña ynanaýyñ) iñ agyr jenaýat, gyrgynçylyk, wagşy jynsparazlyk çagyryşlaryndan ybarat ýüzlerçe sahypa öndürdi. Terrorçylyga gönükdirilen şeýle meçew bermeleriñ we terrorizmiñ mazamlanmahy elbetde diñe ulgamyñ öz içinde galmady. Terrogram 2022-nji ýylyñ ahyrlarynda Slowakiýanyñ Bratislawa we Braziliýanyñ Arakrus şäherlerinde iki aýry gyrgynçylyga beleñ bermekde aýyplandy. Bratislawadaky ganhor 65 sahypalyk manifest goýdy we ol manifest "Jöhitler sebäpli. Jöhitler sebäpli. Jöhitler sebäpli" sözleri bilen başlaýardy. Bir baryñ öñünde iki LGBT+ raýaty öldürmeginden soñ Terrogramyñ ilkinji "apostoly" hökmünde arşa göterildi. Terrogramtñ ilkinji wideo "dokumental filimiñ" (bigünäleriñ ideologiki gandarlary diýlip tanadylan 105 faşist "apostoly" öwýän 24 minutlyk gan hammamy) ýaýradylmagyndan birnäçe hepde soñ 2022-nji ýylyñ 25-nji noýabrynda Arakrusda dört adam öldürildi. Gamaly haç nyşanyny goluna dakan we kelleçanak şekilli maska geýen, öz taýýarlan lybasy bilen 16 ýaşly ýigdekçe iki aýry mekdepde 14 adamyñ atylmagynyñ yzyndan tussag astyna alyndy. Iñ körpe lida Selena Zagrillo atly 12 ýaşlyja okuwçydy. Telegramyñ muña jogaby nähili boldy? Telegramda üýşen braziliýaly neonasistik toparlary baradaky maglumatlary bermekden ýüz öwürdi. Bulam geçen ýyl Braziliýada ulgamtñ az wagtlyk gadagan edilmegine getirdi. Yzybdan şu ýylyñ aprel aýynda Britaniýa "Terrogram kollektiwine" agza bolmagy ýa-da topara ýardam bermäge çagyrmagy 14 ýyl azatlykdan mahrum etme jezasyny berýän jenaýat maddasyna öwrüp, taryhda onlaýn topary gadagan eden birinji ýurt boldy. Bu kanun geçen hepdäniñ ahyrynda Le-Buržede uçardan düşen Durowy tussag astyna almak üçin Telegramyñ masgaraçylyklaryny ýeterlik derejese gören ýaly görünen gününden bäri alty aýdan soñ kabul edildi. Üç gün gözenegiñ añyrsynda saklanandan soñ Durow bäş million ýewro depozit ýatyrandan soñ düýn sud gözegçiligi astynda boşadyldy. Bu möçber 10 milliard sterlingden gowragynyñ bolan tulumy üçin bary-ýogy bir damja. Durow narkotiki serişdeleriñ söwdasy, ýarag söwdasy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ pornografiýasy we terrorçylygy-da öz içine alýan giñ gurşawly birtopar bikanun işde "jenaýata şärikdeşlik etmekde" aýyplanyp, işine fransuz derñew edaralarynda seredilip ýör. Mundan soñ boljaklar sanly ulgam dünýäsi boýunça 1996-njy ýylyñ "Amerikan aragatnaşyk ahlagy kanunyndan" (230-njy bölüm: Internet kompaniýalaryny beýleki ähli mediýa görnüşleriniñ ülñülerine görä saklanýan neşirçileriñ ýerine "ýagşy niýetli" öý eýeleri hökmünde görýärdi) bäri bolup geçenlerden has artyk täsire eýe bolup biler. Hawa, hakykatdanam şolar ýaly uly. Meniñ pikirimçe, Täze ýyldan soñ doly azatlyga goýberiler. Fransiýa bilen Sent-Kittsiñ we Newisiñ (Karib deñzinde 50 müñden gowrak ilaty bolan Angliýanyñ Milletler jemgyýetine degişli ýurt) arasynda günäkärleriñ yzyna berilmegi barada ylalaşyk ýok ýaly bolup görünýär. Emma munuñ global mesele bolmagynyñ düýp sebäbi bu däl. Telegramyñ geljegi bilen baglanyşykly-da däl. Modelleri geljekde başga bir ulgam taralyndan añsatlyk bulen dörediler (ýöne menýuda hökman düýpli üýtgeşmeler bolar). Ýok, Telegram meselesiniñ özeni şu esasy sowaly soramakda ýatyr: Has güýçli näme, territorial döwletlermi ýa-da hususy kompaniýalar? Netijede Awtsraliýa ýaly uly ýurtlaram "Meta", "Google" ýaly tehnologiýa läheñlerini almaga mejbur boldy. Bu ýagdaýda güýç, gözegçilik, täsir meseleleri nirä gidýär? Durowyñ tussag edilmegi ÝB-niñ Sifrowoý hyzmatlar kanunyna onlaýn terrorçy bloga garşy düzedişler ýoly arkaly ýakyn wagtda girizen üýtgeşmesiniñ netijesi hökmünde görkezilýär. Emma iki kanunam jogapkärçilige çekmek üçin gerekli sanksiýalary bermeýär. Fransiýanyñ garamagyndaky sosial ulgamlar bidüzgünçiligiñ çygryndan çykanda potensial taýdan "jenaýata şärikdeş" tehnologiýa baronlarynyna temmi berip biljek şerti ýok. Ine, bulam ahyrynda Britaniýa liderligi üçin aýratyn mümkinçilik. Onlaýn howpsuzlygy hakyndaky kanun geçen ýyl kabul edilenem bolsa, Telegramyñam kiçi rol oýnamaýandygy üçin nägilelikleriniz Kir Starmeriñ täze hökümetini "kanunyñ ygtyýarlyklaryna täzeden" seretmäge iterdi. Durowyñ tussag edilmeginiñ yzyndan sosial mediýa ulgamlarynda edilen jenaýatlar üçin dolandyryş jogapkärçiliginiñ hakyky we düýpli ýagdaýda üstünde durlup geçilmeli bolar. Onlaýn howpsuzlygy hakyndaky kanuny täzeden orta atyp (we bellenip geçilenleriñ üstüne gidip) Britaniýa hususy kompaniýalaryñ işine düzediş girizme ygtyýarlygynyñ territorial döwletlerde bolmalydygyny kanuny taýdan yglan eden birinji ýurt bolup biler. Muña belli bir ýurtda iş alyp barmaýan kompaniýalardyr tehnologiýa baronlary-da degişli bolmaly. Jenaýat aýyplamalarynyñ berk bolmagyny we adalata hyzmat etmegini ýol goýmakda süriniñ başyny çekip bileris. Adalatdan söz açdyk, Sent-Kitsdir Newis bilen şonsuzam jenaýatkärleriñ yzyna gaýdyp berilmegi barada baglaşylan ylalaşygymyz bar... Mettýu FELDMAN. Sişenbe, 03.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |