Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Hojalygyň bazar gatnaşyklary ulgamyna geçilmeginde, ykdysady işiň täze görnüşlerini döretmekde telekeçilige möhüm orun degişli bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň hereket etmegi hem-de ösdürilmegi üçin aňrybaş mümkinçilikler döredilmelidir, zehinli, ugurtapyjy adamlaryň tekliplerine goldaw berilmelidir.
▶ TELEKEÇILIK IŞI ROWAÇLY ÝOLLARDA
Taryhda-da mälim bolşy ýaly, gadymy Merwiň baş bazary tutuş şäheri dörde diýen ýaly bölüp, demirgazykdan günorta we gündogardan günbatara geçýän esasy ýollaryň ugrunda yerleşipdirler. Bazarlaryň hyzmatyny Gäwürgalanyň demirgazyk-günbatarynda we günorta-günbatarynda ýerleşen medeni gatlagy bolmadyk açyklykdaky tekiz ýerler ýerine ýetiren bolsa gerek. Hünärmentçilik önümçiligi gadymy Merwde aýratyn jemlenipdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini aýan edýär we bazar gatnaşyklaryny seljermäge, ilatyň durmuş derejesiniň we onuň abadançylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Söwdamilli ykdysadyýetimiziň býujete ep-esli salgyt serişdeleriniň gönükdirilmegini üpjün edýän möhüm pudak bolup durýar. Şeýle hem ol döwletiň maliýe durnuklylygyny şertlendirýär. Bu pudak kärhanalarynyň we onda zähmet çekýän işgärleriň sany boýunça kiçi telekeçilikde esasy orny eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça senagat pudagyny, obasenagat toplumyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksport kuwwatlyklaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberleri ýokarlandy we olaryň görnüşleri giňeldildi. Bu bolsa içerki sarp ediş bazarlarynda islegleri kanagatlandyrmakda oňyn netijeler gazanylmagyny şertlendirdi. Şunlukda, içerki bazarda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eýeleýän orny pugtalandy.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň söwda pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Şeýle hem ol pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, onuň düzümlerini berkitmekde, täze iş orunlaryny döretmekde, ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazarlarynda ýerli serişdeleriň hasabyna azyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň azyk hem hojalykda zerur bolan beýleki önümleri elýeter bahalardan almagyna esas döredýär.
Garaşsyz diýarymyzda telekeçileriň alyp barýan hususy kärhanalarynda gurluşyk serişdeleriniň, dokma önümleriniň, ýuwujy serişdeleriň, demir önümleriniň, mebelleriň, haly önümleriniň, kagyzyň, faýansyň, aýna gaplarynyň, alýuminiý, polietilen, plastik harytlaryň, akkumulýatorlaryň, hojalyk tehnikalarynyň önümçiligi ýola goýulmagy milli ykdysadyýetiň barha kuwwatlanmagyna getirýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde hem kesgitlendi. Bu maksatnamada Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna elliden gowrak senagat, oba hojalyk pudaklaryna degişli önümçilik kuwwatlyklaryny, söwda desgalaryny we hyzmatlar kärhanalaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak ynanyldy.
Içerki bazarlary zerur bolan harytlar we önümler bilen üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçilik mukdarlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary berkidilýär. Hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bölek we lomaý söwdanyň täze görnüşleri işjeň ösdürilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän dürli söwda toplumlary, iri söwda-dynç alyş we hyzmat merkezleri işewürlik ulgamynyň maýa goýum ýagdaýynyň ösýändigini, şeýle hem girdejileriň artýandygyny, ilatyň durmuş derejeleriniň ýokarlanýandygyny äşgär edýär.
Şunuň bilen bir hatarda Merkezi Aziýada iri söwda toplumy bolan «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň paýtagtymyzda peýda bolmagy döwrebap söwda çözgütleriniň Gündogar binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşmagyny şertlendirdi. Türkmenistanyň tutuş çäklerini köp sanly kerwensaraýlar, şol sanda Ýuwaş Ummanynyň kenarlaryndan Ýewropa çenli baryp ýetýän, gadym döwürlerden bäri belli bolan söwda ýoly gurşap alypdyr, bu ýola hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny bagyşlady. Bu ajaýyp eser geçmiş taryhda şöhratly ata-babalarymyzyň beýik myhmanparazlygyndan we ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen alyp baran söwda aragatnaşygynda ýeten belent derejelerinden habar berýän nusgalyk gollanmadyr.
Goý, ýurdumyzyň ösmegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda ähli tagallalary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Maliýe we ykdysadyýet