22:21 Tom Henks: Azatlygy oñlamaýanlar ýurda aýakbagy bolýar | |
GARWARDYÑ UÇURYMLARYNYÑ ÖÑÜNDE GÜRLÄN TOM HENKS: AZATLYGY OÑLAMAÝANLAR ÝURDA AÝAKBAGY BOLÝAR
Publisistika
"Oskar" baýragynyñ eýesi Garward uniwersitetiniñ şu ýylky uçurymlarynyñ öñünde söz sözledi Garward uniwersitetiniñ uçurymlaryny gutardyş dabarasynyñ açylyş nutugyny sözlän Tom Henls azatlygy oñlaman, muña biperwaý garaýan amerikanlaryñ "has ajaýyp agzybirligiñ kemala gelmegine zyýan edýändigini" öñe sürdi. 25-nji maýda penşenbe güni aktýor 9 müñden gowrak talyby ýollamak üçin uniwersitetiñ guran 372-nji uçurym dabarasyna çagyryldy. Ony köpçüligiñ öñünde garşylan Garward uniwersitetiniñ prezidenti Lourens Bekou aktýora "Wilsonyñ şepesi, Buzzyñ dosty, Rýanyñ halasgäri, Amerikanyñ atasy" diýmek bilen onuñ "Täze dirmuş" ("Изгой/"Cast Away") çeper filmindäki rolunyñ şanyna woleýbol topuny sowgat berdi. Çeper filmde Henksiñ janlandyran obrazy aklyndan azaşmazlyk üçin woleýbol topy bilen gürleşýär. Henks tolgundyryjy çykyşynyñ dowamynda Garwardyñ şygary bolan we latyn dilinde "hakykat" manysyny berýän "veritas" sözüniñ üstünde durdy. Meşhur aktýor "Käbirleri üçin hakykat indi eksperimental zat däl. Indi hakykat ne maglumata-da, sowukganlylyga-da, gözli şaýat kadalaryna-da goldananok" diýdi. Henks "Dogryñy aýtmak indi jemgyýetçilik hyzmatynyñ ölçegi däl" diýip nygtady. "Hakykat indi gorkularymyzyñ melhemi ýa hereketlerimiziñ ýolgörkezijisi däl. Indi hakykatyñ görnüşe we nul jemli final oýunlaryna görä şekillenip biljekdigi pikir edilýär". Sözlerini dowam etdiren döredijilikli aktýor munuñ olary haýsam bolsa bir ýoly saýlap almaga mejbyr edýändigini aýtdy. "Şular ýaly üç tüýsli ABŞ-lynyñ biri bolup galmaga mejbur bolan ähli ýaşlaryñ öñünde birmeñzeş saýlawlar bar: Hemmeler üçin azatlygy we erkinligi oñlaýanlar, oñlamaýanlar ýa-da biperwaý garaýanlar. Has ajaýyp agzybirligi, bir bitewi ýurdy berkarar etmek işini diñe birinjisi oñarar. Galanlary aýakbagy bolar". Diñe magistraturany tamamlaýanlaryñ öñünde däl, Garwardyñ hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryny we dowamly bilim merkezlerini tamamlaýanlaryñam bolan toparyna-da ýüzlenen Henks çykyşynyñ ahyrynda şuny aýratyn nygtady. Aktýor "Jogapkärçilik size degişli. Bize degişli. Tagalla görkezmegem islege bagly. Emma hakykat, hakykat mukaddesdir. Ony üýtgedip bolmaýar. Ol respublikamyzyñ kerpijine we binýadyna ýazylandyr" diýdi. Sungat ylymlarynyñ doktory derejesini alan Henks dünýäniñ saýlama ylmy işgärlerinden we alymlaryndan doly köpçüliginiñ öñünde özüniñ ylmy atlarynyñ kemterlik edýänligini ýañsylady. Henks "Haýyş edýärin, bu adalatly bolmasa-da, siziñ gaharyñyzy getirmesin" diýdi. Amerikan ýazyjysy Den Braunyñ "Da Winçiniñ kody" ("The Da Vinci Code"), "Perişdeler we şeýtanlar" ("Angels & Demons"), "Dowzah" ("Inferno") romanlary esasynda surata düşürilen üç çeper filmde janlandyran (Garwardda mugallym bolup işleýän) Robert Lengdonyñ çeper obrazyny ýatladan Henks şeýle diýdi: "Häzir men çigit ýaly iş etmän, okuw otagynda ýeke minut wagt geçirmän Garwardyñ okuwy tamamlaýan talyplaryna, fakultetine ýa-da tapawutlanan uçurymlaryna dahylym bolmagy üçin şol kitaphana ýeke gezek girmän, şol ýeriñ mugallymynyñ roluny oýnap, diýseñ gowy durmuşda ýaşaýaryn". Henks bu sözüne gülüşen talyplara "Dünýäniñ gurluşy şeýle, çagalar" diýip, henek atdy. Injiliñ sözlerine salgylanan akýor "Ýagşylyk we merhemet her gün ýaranyñyz bolsun" diýip sözüni tamamlady. "Ömürboýy ýoluñyz açyk bolsun!" Inga PARKEL. Anna, 26.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |