08:28 Tramp Amerikanyñ isleýän prezidenti däl, ýöne mynasyp prezidenti | |
TRAMP AMERIKANYÑ ISLEÝÄN PREZIDENTI DÄL, ÝÖNE MYNASYP PREZIDENTI
Publisistika
Şu günler syýasy arenanyñ her künjünde amerikanlar buýr-bulaşyk "garaşsyzlyk" duýgusyny besleýäne meñzeýär. Prezident Tramp koronawirusa garşy göreş boýunça baş maslahatçysy doktor Entoni Fauçiniñ (sagda) tekliplerine gulak asmazlykda aýyplanýar (The Independent) Eý söýgüli Amerika, uly işleri bitirip bilme ukybyñy ýitiräýdiñ öýdýän. Sebäbi etmesi añsat zatlary etmäge höwessizdigiñizi, soñam umumy şertleri we sagdyn çykalgalary tapmagyñ ýerine biri-biriñizi garalaýandygyñyzy anyk bilýärin. Añsat zatlaryñ gürrüñini edenimde, noutbugyñyzyñ öñünde oturyp ýurduñ uly we añsat zatlary etme ukyplarynyñ sönmäge "Waşingtonda başlandygy" barada 800 söz ýazsañyzam bolardy. Ýöne bu bolgusyzlyk bolardy. Bolgusyzlyklardan gaça duralyñ. Emma dogrusyny aýtmaly bolsa, bu ýagdaý Waşington ABŞ-nyñ jynsparazlykdan örtük dakmaga, koronawirusyñ düýpli ýokanç kesel bolup-bolmanlygyndan dönükligiñ kesgitlemesine deñiç hemme ugurda beýlekin derejede ikä bölünmeginiñ bir sebäbi. (Liseýde raýatlyk düşünjesi sapagyndan okadan mugallymyma goldanyp, muny kän wagt öñ çözendigimizi hakykatdanam pikir edýärdim. Ýalñyşypdyryn). Problemalary çözmek üçin ilki problemanyñ bardygyny kabul etmeli. Şonda islemesegem şärikdeşlerimiziñ instinktlerine ynanmaly we iñ azyndan ABŞ dörde-bäşe ýa-da 26 awtonom ýurda bölünýänçä respublikanlaryñ we demokratlaryñ biri-birlerine döz gelmäge mejburdygyny kabul etmeli. Edil häzir garşy tarapdaky kişi başga topara agzadygy üçin şübhelenilmäge we äsgerilmezlik edilmäge mynasyp. Respiblikan prezident ykdysadyýet boýunça kanuny endişeleri duýýan bolsa-da, meniñ kesellemegime perwaýsyz garaýar. Hem Demokratik partiýadan çykan gubernator adamlaryñ kesellemeginiñ öñüni aljak bolup, meniñ üstümde tiranlyk edýär. Köp meseläniñ, ownuk zatlaryñam bir tonna nýuansdan doludygyny entek ýatdan çykaramzok. Gyzyly, agy, gögi ýatdan çykaryñ. Biz diñe gara we ak reñki pikir edýän ýurt. Şu hepdeden iki pursat şu setirleriñ awtoryny bir meselede ýüregimden urdy: Amerikadaky işleri ýerbe-ýer etme ruhunyñ saglygyny ýitirýändigi. Birinjisi ABŞ-nyñ guryýer böleginde Waşingtondan mümkinfadar iñ alys ýerde bolup geçdi. Kaliforniýada "CNN"-niñ habarçysy restoranyñ howlusynda oturan iki sany erkek adamdan reportaž alýardy. Olardan demokrat gubernator Gewin Nýusomyñ özi täzeden açylyş meýilnamasyny goýbolsun etme karary we Garaşsyzlyk gününiñ yzyndan gelýän hepdäniñ ahyryndaky günlerde plýažlaryñ ýapyk bolmagynyñ nähili duýlandygy soraldy. 20-30 ýaşlaryndaky ýaş oglanlaryñ biri "Deñiziñ gyrasynda dynç alasym gelýär" diýdi. Beýlekisi ýolbaşçylaryñ "bize näme etmejek zadymyzy aýtmagyna" rugsat bermeli däldigini aýtdy. Birnäçe aýlap öýden çykman oturmak nerwiñi bozýar, ýöne kyn däl. Dermanhana gitjek bolanyñyzda ýüzüñizi 15 minutlap, ýa-da markete gideniñizde 40 minutlap ýapmak nerwiñi oýnaýar, ýöne edip bolmajak kyn zat däl. Şu günler syýasy arenanyñ her künjünde amerikanlar buýr-bulaşyk "garaşsyzlyk" duýgusyny besleýäne meñzeýär. Kowid-19 pandemiýasy bu ýerde näçe adamyñ tapan ilkinji pursatynda kafe-barlary, plýažlary, restoranlary doldurjakdygyny görkezdi. Özem köplenç howpsuz aradaşlygy we örtük dakmagyñ añyrsyndaky ylmy tutaryklardyr maglumatlara pitiwa etmezden. Erkinlik hemmeleriñ bu ýerde ýaşanda näme edesi gelse edip ýörjekdigini añladyp bilmez. Kemçiliksiz düşündiriş: Şu setirleriñ awtory geçen aý iki gezek fawori merkezine gitdi. Kesel yzarlama tagallalaryna kömek etmek üçin aragatnaşyk maglumatlaryny hödürledim. Daşarda we beýleki adamlardan mümkingadar daşrakda oturdym. Hajathanada nobata garaşyp durkam örtük dakdym. Şeýle-de ýüzümi tutup, zol gaşanmaga mejbur edip duran zat (örtük) nerwiñi oýnaýar, ýöne dakmazça däl, ullakan kynçylygy ýok. Azatlygymam, erkinligimem ýerinde. Geçen hepdelerde Donald Trampy her gün irdenden agşama çenli şeýle ýakyndan yzarlamadan soñ hökman barlara gatnamasam bolmaýardy. Prezidentiñ aýdýan her bir sözi we gaharlanyp ýazýan her bir twiti bilen çözülýändigini görýäris. Uly işleri bitirme meselesinde eroziýa uçran umytlarymyzyñ ikinji mysalyny hödürlän kişi hökmünde soñky gezek öz hünärmenlerine gulak asmakdan ýüz öwren Tramp boldy. Russiýanyñ Owganystandaky amerikan ofiserleriniñ kellesine pul goýandygyny habar beren amerikan gizlin gulluklarynyñ berýän maglumatlary barada "New York Times" gazetine nägilelik bildiripdi. Gazetiñ aýtmagyna görä, Taliban güýçleri we Talibana baglanyşykly toparlar amerikan esgerlerini öldürenleeinse sowet döwrüniñ KGB-siniñ häzirki oruntutary rus GRU-syndan pul sylagyny alypdyr. Tramp başda sesini çykarmandy. Ak Tamyñ işgärleri-de hojaýynlarynyñ olara ýol görkezmegine garaşmaly bolansoñ, az zat aýtdy. Ahyrynda bir zatlary aýtdy. Hemme gürrüñe mediýanyñ we Demokratlaryñ özüni hem-de Respublikan partiýanyñ tarapdarlaryny "erbet görkezmek" üçin toslaýan "ýalany" hökmünde baha berdi. Hormatly Prezident, aýratynam meýdandaky gullukçylaryñ we Langleýdäki analitikleriñ uly duşmanyñ amerikan esgerlerini we deñizçi pyýadalary ýok etmek üçin pul töleýändigine ynanmaklaryna sebäp tapdyrýan bolsa, kontrrazwedka siziñ aýdyşyñyz ýaly işlemeýär. Munuñ özi düýpli potensial geosyýasy netijeleri döredýän düýpli tema. Trampyñ etmeli işi añsatdy: Ol dessine gizlin gulluklaryñ berýän habarnamalary boýunça brifing buýrup, soñam Moskwa Owganystandaly masgaraçylyklaryny bes etmegi üçin açyk duýduryş beräýmelidi. Käbir tejribeli amerikan ygtyýarlylary eldäki maglumatlaryñ habarlaryñ dogrudygyna güwä geçýändigine ynanýardy. Komanduýuşiniñ kellesine goýlan pul sylaglary meselä has çynlakaý çemeleşmeli boljakdygyny görkezýärdi. Aýratynam amerikan esgerlerine öñki ähli amerikan prezidentlerinden has köp üns berýändigini öñe sürýärkä. Emma görünişe seredilende, "New York Times" gazetiniñ berýän habarynyñ meselesi bolanda, beýle-de bolmaýan eken. Ýurt talabalaýyk saýlanan prezidenti gazetiñ çap eden ýa-da çap etjek islendik materialyny diñe editorial sahypasyna goşulmaýandygy we baş sahypasyndaky professional habarçylyk başyna bela bolandygy üçin itden çykarjak bolup durka, nädip uly işleri bitirip bilsin? Ýa-da dünýägaraýşyna ýa bolmasa syýasy umytlaryna ters gelýän habarnamalary getirýär diýip, gizlin gullugyñ hünärmenlerinden ýüz öwürýän bolsa? Ýurt prezidenti komanduýuşiý bolmakdan zyýat diñe nähili baş-garşy çykan bolup biljegini görüp durka, nädip iñ maýda zatlary-da edip biler öýdýäñiz? Ýurt pyrtykalyñ reñkiniñ üstünde oñuşmaýan ýa-da adamzat taryhynyñ haýsydyr bir döwründen has köp oñaýlylyklara eýe bolup durka-da öýünde oturyp bilmeýän bolsa, uly problemalaryñ nädip hötdesinden gelsin? Şindize çenli ähli bolýan zatlar bu ýurduñ muny oñarmajakdygyny görkezýär. Koronawirus ýigrimiden gowrak ştatda möwç alyp ýaýraýar. Russiýa Waşintondan bes etmegi üçin iñ bärkijesindenem bolsa jemgyýetçilige açyk ýeke duýduryşyny almady. Yzly-yzyna geçirilen pikir soralyşyklary Trampyñ indi Birleşen Ştatlaryñ isleýän prezidenti däldigine yşarat edýär. Emma koronawirusyñ täzeden möwjemegi onuñ ýene bir gezek we bize ýurdumyza mynasyp prezidentdigini görkezýär. Ol - Amerika. Onuñ çapraz, başyna giden kakabaş ruhy täze amerikan ruhy. Jon BENNETT. Şenbe, 11.07.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |