12:11 Trampyñ öñe sürýän ideýalary Graždanlyk urşundan gelýär we jynsparazlygyñam añyrsyna uzaýar | |
TRAMPYÑ ÖÑE SÜRÝÄN IDEÝALARY GRAŽDANLYK URŞUNDAN GELÝÄR WE JYNSPARAZLYGYÑAM AÑYRSYNA UZAÝAR
Publisistika
ABŞ-nyñ günortasyndan döräp, şahsy ýaraglanşyga, aborta, amerikan protestantlygyna, paramilitar polisiýa işlerine, jenaýatyñ öñüni alyş we jezalandyryş edaralaryna, döwlet dolandyryşynyñ jemgyýetdäki roluna uzaýar. Tramp saýlaw kampaniýalarynda edýän çykyşlarynda afro-amerikanlara "amerikan taryhyny öwrenmegi" maslahat berýär (AFP) Tramp ABŞ-nyñ Graždanlyk urşunyñ getiren bölünişiginiñ ýurtda şindizem näderejede dowam edýändigini görkezýär. Konfederasiýa generallarynyñ adyny göterýän harby bazalaryñ atlarynyñ üýtgedilen ýagdaýynda 718 milliard dollarlyk harby-goranyş býužetini weto etmek bilen haýbat atmagy 1861-nji ýyly ýatladýar. Onuñ bolşy täsin ýagdaýda ABŞ-ny ýok etmek üçin söweşen Brekston Bregg we Jon Hud ýaly konfederasiýa generallarynyñ atlaryny Demirgazyk Karolinadaky Fort Bregg we Tehasdaky Ford Hud ýaly harby bazalaryna dakylmagyna täsin ýagdaýda ünsi çekýär. Ony tankyt etmek bilen synlaýan kommentatorlar ýeñlen duşmanlarynyñ adyny harby bölümlere dakma däbine eýerip, geljekdäki bazalaryñ atlarynda amerikan esgerleriniñ öldüren "El-Kaide" terror toparynyñ başlygy Usame bin Ladiniñ we YŞYD-yñ başlygy Ebubekir el-Bagdadynyñ atlarynyñ girizilmegini-de teklip berip ýañsa alýar. Harby bazalaryñ atlarynyñ üýtgedilmegi boýunça düşünişmezligiñ we konfederasiýa serkerdeleriniñ heýkelleriniñ ýykylmagynyñ döreden gahar-gazaby graždanlyk urşunyñ netijeleriniñ henizem güýjüni ýitirmändigini görkezýär. Trampyñ paýlaşan bir twiti Konfederasiýanyñ boýun bolmagyndan 150 ýyl soñam ýagdaýyñ nämüçin şeýle bolmagynda galýandygyny çöşlemek üçin ýumagyñ ujuny berýär. Tramp "Ajaýyp heýkellerimiziñ we ýadygärliklerimiziñ ýykylyp aýrylmagy bilen şan-şöhratly ýurdumyzyñ taryhynyñ we medeniýetiniñ kül-uşak edilişini görmek nähili gynançlydy" diýip ýazypdy. Ýogsa-da, Trampyñ aýdýany haýsy "taryh we medeniýet"? ABŞ-nyñ syýasy taryhynyñ iki çeşmesi bar: biri Tomas Jeffersondan, Jeýms Medisondan, alysdaky kolonial güýje garşy halk rewolýusiýasyndan gelip çykýar, beýlekisi bolsa düýbünden başgaça tradisiýa eýe gul eýeçilikli ştatlardan. ABŞ-ly bolmadyklaryñ köpüsiniñ bu ýere mahsus we çapraz görýän zady demokratik we awtoritar prinsipleri ikitaraplaýyn biri-birini itýän we çekýän bu iki medeniýetiñ oñşuksyz bilelikdeligi. Amerikanlar köplenç bu hapa mirasy inkär edýär. Wakalara döwletiñ düýbüni tutujy ata-babalarynyñ we ilkinji göçüp gelenleriñ başdan geçiren kynçylyklarynyñ penjiresinden seredip, gul eýeçilik bilen başlan we 750 müñ adamyñ ölümine getiden graždanlyk urşunyñ üstünden atanak çekenini gowy görýär. Medeniýetiñ we taryhyñ Trampyñ öñe sürýän formasy Amerikan Günortasynyñ kyssasy we bu agramda akýagyzlardyr garaýagyzladyñ arasyndaky gündelik gatnaşyklar bilenem baglanyşykly. Konfederasiýanyñ harby serkerdeleriniñ heýkelleriniñ köpüsi uruşdan soñ dikilipdir we akýagyzlaryñ ýokardalygy pikiri utanman öñe sürlüpdi. Meselem, 1864-nji ýylda Fort Pillowda boýun bolan demirgazykly 300 garaýagyz esgeri öldüren konfederasiýanyñ guryýer goşunlarynyñ generaly, plantator, gul söwdagäri Nataniel Bedford Forrestiñ 1905-nji ýylda Tennessi ştatyndaky Memfisde dikilen heýkeli ýakyn geçmişe çenli-de ähli howalalygy bilen durdy. Forrest soñra "Ku-Kluks-Klanyñ" birinji ýolbaşçysy bolupdy. Forrestiñ başga bir heýkeli Tennessiniñ Naşwill şäherinde 1998-nji ýyl ýaly ýakyn taryhda dikilipdi. "Medeniýet söweşleriniñ" ABŞ-da beýlekin dereje gyzgyn seslenme döretmeginiñ sebäbi, düýpleriniñ hakyky urşa uzamagy we meseläniñ Angliýada kawalerler (korolçylar -t.b.) we "togalak kelleliler" "Roundheadler" - parlament düzgüniniñ tarapdarlary -t.b.) ýaly geýnip, graždanlyk urşunyñ çaknyşyklaryny gaýtadan sahnalaşdyranlaryñ gadymky harby nostalgiýasyna onçakly meñzemeýändigi. Bu heýkelleriñ berýän düýp signaly Günorta urşunda ýeñlen we gulçulyk ýatyrylan bolsa-da garaýgyzlaryñ jynsy diskriminasiýa uçramagyna, alagöz seredilmegine we raýatlyk hak-hukuklaryndan mahrum edilmegine dowam edilmegidi. Trampyñ jynsparazlygy göz-görtele we zoñtar bolup biler, emma onuñ arkasynda durmaga berýän eözi medeni we jynsy diskriminasiýadan has öte geçýär. Aýallar, ýarag göterme, abort, amerikan protestantlygy, jenaýat we jeza, pozitiw diskriminasiýa, döwlet dolandyryşynyñ jemgyýetdäki roly ýaly meselelerde ýygy-ýygydan öñe sürülýän bir bitewi birgiden çemeleşmeleri öz içine alýar. Bu möhüm we geñ galdyryjy üýtgeşme. Şonsuzam ABŞ 1960-njy ýylda garaýagyz amerikanalryñ raýatlyk hukuklaryny hukuk taýdan kepillendiripdi. Birnäçe adam üçin bu ýagdaý ABŞ-nyñ geçmişiniñ añyrsynda taşlan we Öñki Günortanyñ toksiki tradisiýalarynyñ taryhyñ zibilhanasyna giden pursatydy. Gynansak-da, beýle bolmady. Tetsine, raýatkyk hak-hukuklaryna garşy nägilelik jynsparaz status-kwony ýok etmegi maksat edinen orginal hereketiñ garşysyndakydan köp taraplaýyn alanda has güýçli we täsirli boldy. Bu garşylyklaýyn nägilelik şeýle bir güýçlüdi welin, Günorta öz medeniýetini demirgazyga we günbatara mümkingadar iñ giñ formada, öñki Konfederasuýanyñ çäklerindenem añryk ýaýmagy başardy. Žurnalist Godfri Hojsonyñ asyryñ başynda hamana öñünden bilgiçlik edip ýazan ýaly "Beýlekilerden has deñ. Niksondan täze asyra Amerika" ("More Equal Than Others: America from Nixon to the New Century") kitabynda nygtaýşy ýaly, garaşylan "Günortanyñ ýurduñ galan ýerlerine has köp meñzemegidi, (ýöne) syýasatda we medeniýetiñ birnäçe ugrynda ýurduñ galany Günorta has köp meñzedi". Bu "günortalaşma" amerikan medeniýetiniñ düşündirip bolmaýan ýaly bolup görünýän birnäçe täsin tarapyny açyp görkezýär, şahsy ýaraglanyşykdan aborta hemme zada dahylly çemeleşmeleriñ şahsy degişliligiñ nyşanasyna öwrülişi ýaly. Bu Trampyñ tarapdarlarynyñ amerikanlary we ABŞ-dan başga ýerdäkileri geñ galdyran artyşyny-da görkezýär. Wagtal-wagtal oña "iñ soñky konfederasiýa başlygy" diýilýär. Bu atlandyrma has peseldiji, beýkeki bir ýandanam şowsuzlyklaryna garamazdan ynamyna şikes ýetirtmedik gatlagynyñ degişliligine barýan ýola yşarat edýär. Ýeñlen Konfederasiýanyñ mutasiýa geçifen düşünjeleri we gymmatlyklary amerikan nasionalizminiñ özboluşly formasyny döretdi. Ýurduñ galan ýerinde sagçy-konserwatizm bilen birleşip, Riçard Niksonyñ, Ronald Reýganyñ, Donald Trampyñ ulananda üstünlik getiren formulasy emele geldi. Bill Klinton ýaly demokrat prezident muña degişli däl ýaly bolup görünse-de, birnäçe tarapdan durmuşa geçiren işleri bu trendi tassyklamakdan ybaratdy. "New York Times" gazetiniñ Atlantadaky habarçysy Piter Epplbomyñ 1996-njy ýylda "Diksiniñ beýgelişi. Günorta amerikan gymmatlyklaryny, syyasatyny, medeniýetini nähili şekillendirýär" ("Dixie Rising: How the South is Shaping American Values, Politics and Culture") kitabyny ýazdy. Epplbom Hojsonyñam sitata alan ýerinde şeýle diýýär: "Bill Klinton mekdeplerde mejbury doga okaýyş çärelerinden sosial döwleti dargadýan diýdimzor respublikan kanunlar bilen öñe saýlanýar" we "Ýokary Sud hamana başynda (konfederasiýanyñ başlygy Jefferson Dewis bar ýaly hereket edýär". Epplbomyñ kitabynyñ ady meseläni açyk-aýdyñ edýär. Kitabynyñ soñunda-da "ABŞ-ny tanamak üçin Günortany tanamaly bolarsyñyz" diýýär. Edil şu aýdylanlar Tramp we trampçylyga hem degişli. ABŞ-nyñ çar ýanyna syzylýan günortaly syýasy medeniýet onuñ syýasy gatlagy. Bulam heýkelleriñ we harby bazalaryñ atlarynyñ ykbalyna nämüçin beýle ähmiýet berýändigini görkezýär. Patrik KOKBERN, "The Independent" internet gazetiniñ žurnalisti / @indyworld Duşenbe, 13.07.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |