20:45 Turgut alp | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -7:
Taryhy şahslar
▶ TURGUT ALP Türkmeniñ merdana ogly Turgut alp Osman Gazynyñ gazalaryna gatnaşan we oña iñ wepaly gulluk eden alplardandyr. Ärtogrul begiñ döwründe-de ýaşandygy aýdylýan Turgut alp osmanly türkmen taryhynyñ nusgalyk gahrymanlarynyñ biridir. Taryhdaky hakyky Turgut beg häzirki Bursanyñ fatihidir. Öñler Bursa etrabyna Inegöl Turgut ili diýlipdir. ■ Turgut Alp kim bolupdyr? Turgut alp Osmanly türkmen döwletiniñ gurujysy Osman Gazynyñ gazalaryna işjeñ gatnaşypdyr. Ol Osman beg tarapyndan Inegöli eýelemeklige ugradylypdyr. Soñra Orhan Gazynyñ döwründe-de Atranosyñ (Orhanili) eýelenmegine gatnaşypdyr. Taryhy çeşmelerde ady geçýän Turgut alpyñ Osmanly döwletiniñ başlangyç ýyllarynda gaza ideologiýasynyñ ýöredilmeginde hyzmaty uly bolupdyr. Onuñ gahrymançylykly ömür ýoluna degişli maglumatlar juda az. Şonuñ üçin Turgut begiñ taryhda ýaşap geçen şahsyýet däl-de, halk rowaýatlary arkaly dörän legendar şahsdygyny-da öñe sürýänler bar. Ýöne ilkibaşky osmanly hronikalaryny hasaba almanymyzda-da, käbir wizantiýa çeşmelerinde Turgut alpyñ adynyñ agzalmagy, bu pikiriniñ nädogrydygyny görkezýär. Onuñ adynyñ yzyna tirkelen Alp sözi tituldyr. Bu bolsa onuñ kakasynyñ Seljukly türkmen döwletinde gulluk edendigine yşarat edýär. Turgut alpyñ 1334-35-nji ýyllarda-da diridigi barada maglumatlar bar, ýöne şol wagt ol mazaly gojalşan eken. Onuñ Inegöl sebitinde Keşiş dagynyñ eteginde ýaşan türkmen derwüşi Keýikli baba bilen bir adamdygy barada-da käbir rowaýatlaryñ bardygyny aýtmak gerek. Ölüminden soñ Inegöl etrabyna Turgut ili diýlipdir. Irki döwür osmanly taryhçylaryndan Aşykpaşazada, Neşri we başga-da birnäçe taryhçy Inegöl sebitlerini Turgut ili diýip ýazypdyr. Bu atlandyrma XVI asyrdan soñ ýatdan çykypdyr. ■ Turgut alpyñ ölümi Turgut alp söweşjeñ häsiýetli şahs bolanam bolsa, şahadat şerbetini içip ýogalmak nesip etmändir. Ol Orhan begiñ döwründe bir derwüşiñ ýanynda uzak wagtlap bolupdyr. Garrap tapdan düşendigi zerarly ýarawsyzlyk tapynyp aradan çykypdyr. ■ Turgut alpyñ kümmeti nirede? Inegölüñ fatihi Turgut alp Inegöli we onuñ obalaryny Osmanly döwletine birikdirenden soñ ýarawsyzlyk tapynyp Ulydagyñ etegindäki öz adyny göterýän Turgutalp obasyna barýar. Şol ýerde aradan çykan goja alpy oba gonamçylygynyñ ýanynda, Inegöl obasyna garap duran depäniñ üstünde jaýlaýarlar. Türkiýäniñ "TRT-1" döwlet teleýaýlymynda "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ ilkinji bölüminiñ ýaýlyma berilen gününden bäri bu kümmete zyýarat edýänleriñ sanynyñ artandygy aýdylýar. Öñler kän bir tanalmaýan horaşaja kümmetiñ üsti indi zyýarat edýän adamlardan ýaña hyñ berýärmiş. "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ artistleri-de Bursanyñ Inegöl posýologyna baryp görüpdiler. Şonda Turgut alpyñ obrazyny janlandyrýan aktýor Jengiz Joşkun hem Inegöli türkmen ýurduna öwren Turgut alpyñ kümmetine zyýarat edip ençeme asyr mundan öñ ýaşap heçen gahryman alpymyza doga-dileg edipdi. Biz hem öz gezegimizde şu makalany okanlaryñ her birine şanly geçmişimiziñ mynasyp mirasdüşerleri we ata-babalarymyzyñ ruhubelent nesilleri hökmünde Inegöle ýoluñyz düşüp, merdana türkmen gerçegi Turgut alpyñ aramgähine baryp görmegiñizi Haktagaladan nyýaz edýäris. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |