12:26

Türkmen hekaýalary türk dilinde

Edebiýat täzelikleri
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 440 | Добавил: Bagabat | Теги: Ahmet Gökçimen | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024
Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024
"Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024
Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024
Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024
Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024
Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024
Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024
Kitap arakesmesi - 14.05.2024
Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Guwandyryjy waka. Tirkiş aga, Hydyr aga, Ylýas aga, Kömek aga, Agageldi aga, Sylapberdi, Juma aga, Gurbannazar aga, Ahmet Halmyrat aga...hemmesini tüýs ýürekden gutlaýan. Höwri köp bolsun. Öňünden yzy gür gelsin.

0
2 Bagabat  
43
Saýta bir zad-a bolup ýatyr. Gowy işlänýok.

0
3 Haweran  
411
Ahmet Gökçimeniñ özi-de saýtda agza bolmaly. Mazamlamak däl welin (belkäm, ýalñyşýandyryn), internetde we okyjylara ilkinji gezek ýetirilen ýazyjylarymyzyñ käbir hekaýalaryny görenimde, ýygyndy düzülende saýt hem gollanma bolup hyzmat edendir diýen pikir döredi, eger bu hakykatdanam şeýle bolsa, saýtyñ türkmen edebiýaty bilen gyzyklanýan daşary ýurtly edebiýatşynaslara we okyjylara azda-kände hyzmat edip biljekdigine begenmek begendim.
Ýöne awtorlaryñ we hekaýalaryñ sanawy bilen kitabyñ adyna siñe seredende, düzüjiniñ türkmen edebiýatyna döwürleri we ýerleri boýunça bölünişine ýa onçakly üns bermändir, ýa-da bu boýunça bilýän zatlary ýüzleý: meselem, H.Ysmaýylow, B.Kerbabaýew, N.Saryhanow "günümüzün türkmen" ýazyjysy däl-de, türkmen sowet edebiýatynyñ ilkinji wekilleriniñ biri. Şu günüñ (biziñ döwrümiziñ) ýazyjylary hökmünde sanawdakylardan K.Ataýewi, S.Muhamowy, M.Hudaýgulyýewi (sanawda ýoklardan S.Ataýewi, H.Hudaýgulyýewi) görkezip bileris (O.Semizadanyñ eserleri bilen entek tanyşlygym ýok).

0
4 Bagabat  
43
Äý, edil bary-ýogy 243 sahypalyk antologiýa hemmesini sygdyrmak kyndyr-laý. Ýöne Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasyny terjime etmeli eken.
Türkçe makalasynda-ha näme ýazandygyna türk dilini bilmeýändigim sebäpli, dykgatly üns bermändirin.

0
5 Bagabat  
43
Ýöne, bolawersin. Kömek agaň eserlerini dürli dillere terjime edip, ýaýradyp bolsa, häzirki zaman türkmen edebiýatynyň kyssa žanrynyň keşbi görünjek. Kakamyrat agaň, ýaşlaryň eserlerem şeýle. Ýöne ussat terjimeçiler gerek-dä. Irmezek, armazak, sözi ýazyjyň özi ýaly duýup bilýän. Ýogsa ýazylan zat öli çykýar, terjimä siňdirilen zähmedem bihuda.

0
8 Haweran  
411
Hawa, N.Saryhanowyñ "Kitap", Annatagan Nurgeldiýewiñ "Lukmanym meniñ", "Muña ykbal diýerler", "Gaýdyp gelmek", Agageldi Allanazarowyñ "Ene", Osman Ödäýewiñ "Binobat dünýäniñ nobaty", "Ogry depe", "Ysyrga", "Sabyrly guş Käbä ýeter", "Takdyryñ ýagyr teni", Sylapberdi Muhamowyñ "Aýagy düşen gelin", Kakamyrat Ataýewiñ "Ejemiñ aglan güni", "Heläkçilik" ýaly hakyky türkmen durmuşynyñ we ruhunyñ ysyny berýän - prozamyzyñ altyn nusgalary hasap edip boljak hekaýalar ussat terjimeçileriniñ duşjak gününe garaşyp ýatyr...

0
6 MURGAP  
1401
Tüweleme, höwri köpden, yzy gürden bolsun Allam. Terjimesini ýerine düşürp bilen bolsa (haýp türkçe bilmeýänim)
Ýöne beýle antologiýanyñ özimzde asla ýat wagty bu uly waka. Soñky gezek bizde täze kitap haçan çykdyka?

0
7 Ependi  
284
Biziň ýazyjylarymyz olara täsiri nähilik-ä?

0
9 Aksary  
876
"Ýazyjylar milli edebiýaty, terjimeçiler bolsa dünýä edebiýatyny kemala getirýärler"
Jose Saramage ???

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]