TÜRKMENDE DINI BAÝRAMLARY BELLEMEK BILEN BAGLY DÄPLER
■ Dini baýramlar
Baýram – şatlyk diýmekdir. Arapçasy «yýd» bolýar. Baýramçylyklaryň jemgyýeti biri-birine jebisleşdirmek taýyndan ähmiýeti örän uludyr. Gadymdan häzirki günümize çenli her bir halkyň özüne mahsus baýramçylygy bolupdyr.
Resuly Ekrem Serwerimiz Medineýi Münewwerä gelende, ýerli ilatyň ýylda iki gezek baýramçylyk geçirýändigini görende: «Allatagala size şol iki baýramçylygyňyza derek, has haýyrly iki sany baýram gününi yhsan edendir» diýip, Remezan we Gurban baýramlary hakynda habar berýär.
Remezan aýy gutarandan soň bir gün, Gurban aýynda Arafa gününden soň bolsa, dört gün agyz beklemek haram bolandygy üçin Oraza baýramy (ýdul-fytyr) bir gün, Gurban baýramy – (ýdul-azha) bolsa dört gündür.
■ Baýram gününiň edebi.
Baýram günlerinde ir turup ýuwunmak, dişleriňi miswak bilen arassalamak, ýakymly ysly atyrlar sepinmek, arassa we täze eşikleriňi geýmek, Allatagalanyň nygmatlaryna şükür niýeti bilen begençli bolmak, duşuşan musulman doganlaryň bilen güler ýüzli bolmak, mümkingadar köp sadaka paýlamak, baýram gijelerini ybadat bilen geçirmek baýramyň edebindendir.
Oraza baýramynda namazdan öň hurma ýaly süýji zatlar iýip, metjide gitmek, Gurban baýramynda bolsa, namazdan öň hiç zat iýmezlik mustahapdyr. Hatda gurban kesjek kişiniň damagyny çalan malynyň eti bilen agyz açmagy has gowy görülýändir. Şeýle-de bolsa, namazdan öň iýip-içmegiň hiç hili zeleli ýokdur.
Baýram günlerinde musulmanlaryň biri-birini mübäreklemegi, biri-birine haýyr we magfiret dogalary etmegi hem baýramyň edebidir. Şeýle hem, baýram gününiň hormatyna öýkeliler ýaraşmaly, biri-birini razy etmeli, dost we garyndaşlaryň ýanyna görüşmäge gitmeli. Maşgalanyň kiçileri ululary mübärekläp, haýyr dogalaryny almaly, göwünlerini hoş etmeli.
Baýram gününde musulmanlar biri-birini mübäreklänlerinde:
(Alla bizi we sizi bagyşlap, ýalkasyn) ýa-da
(Alla bizden we sizden kabul buýursyn) diýip, doga etmegi mendupdyr.
■ Oraza baýramy
Oraza baýramy, Rejep aýy bilen başlaýan ruhy kämilligiň Remezan aýynda iň belent mertebä ýetmeginiň begenjini ýaşamakdyr. «Başy rehmet, ortasy magfyrat, ahyry jähennemden azat» bolan Remezan aýynda agyz bekläp, Allanyň rehmeti bilen gurşalyp, magfyraty bilen ýalkanyp, jenneti hala gelmegiň şatlygyna buýsanmakdyr. Bir aý diňe Alla üçin ähli agzalarymyzy erbetliklerden saklap, Allanyň razylygy istikamatynda ulanmak bagtyýarlygyny paýlaşmakdyr. Tutulan orazalar sebäpli ahyretde garaşylmadyk nygmatlar bilen sylaglanyp, jennetiň reýýan gapysyndan girmek bagtyna ýetmegiň joşgunyny ýaşamakdyr. Oraza baýramyna «yýdul fytyr» (Fytyr baýramy) diýilýär.
«Fytyr» sözüniň manysy «orazany açmak» diýmekdir. Şol sebäpli Allanyň ynsana Remezan aýynyň bereketinden peýdalanmak mümkinçiligini berenligi üçin, muňa şükranalyk hökmünde berlen sadaka «pitre» diýilýär. Ýagny, fytyr sadakasy Allanyň bizi älemde iň beýik barlyk – ynsan hökmünde ýaradandygy üçin şüküriň we minnetdarlygyň bir görnüşidir.
Oraza tutýan kişi beşer bolandygy üçin orazaly halyna ynsana mahsus säwlikleri edip biler. Bular oraza ybadatyna egsiklik getirmekdir. Bu egsikligiň düzedilmegi ybadatyň kämil bolmagy üçin hökmandyr. Bu nukdaýnazardan pitre orazany kämillige ýetirýän ybadatdyr. Şol sebäpli, käbir alymlar piträni namazdaky sehiw seždesine meňzedipdir.
Pitre baýram günlerinde garyp kişiniň hem saçagynyň dürli nygmatdan doly bolmagyna hem-de has gowy egin-eşik almagyna mümkinçilik döredýär. Şeýlelik bilen jemgyýetde baý-garyp biri-birine has ýakynlaşýar. Aradaky husytlyk, bahyllyk duýgulary azalyp, ýürekler ýumşaýar, kömek etmek hem-de mähribanlyk duýgusy artýar. Belki-de, şol sebäpden piträniň berilmeli mukdary az goýlup, ýeňilleşdirilendir.
Piträniň haýsy zatlardan näçe mukdarda, kimlere, haçan berilmelidigi baradaky maglumatlar Türkmenistanyň müftiligi tarapyndan kesgitlenilip halka ýetirilýär. Emma käbir kişiler maddy ýagdaýlaryny hasaba alman, arpa, bugdaý ýaly iň arzan önümlerden pitre berýär. Bu garybyň zyýanynadyr, şeýle hem piträniň wajyp edilmeginiň hikmetine ters gelýän hereketdir. Adamlaryň köpüsi pitre meselesinde haýsy mukdary ölçeg edinmelidigini anyk kesgitläp bilmeýär. Aslynda, orta gatlakdaky kişileriň iýýän önümleri esas edinilip, bir garyp bir gün doýrulsa, pitre maksadyna ýeter. Arpa we bugdaýyň pitre mukdary pul görnüşine öwrülende juda az bolýar. Bu pul bilen garybyň doýmajagy bellidir.
Şonuň üçin häzirki döwrümizde pitre bereniňde garybyň bähbidi göz öňünde tutulmaly, beriljek pitre mukdary öz gündelik nahar çykdajylarymyzyň derejesinden pes bolmaly däldir.
■ Gurban baýramy
«Gurban» – ybadat maksady bilen belli bir wagtda, belli şertlerde, usulyna laýyklykda malyň damagyny çalmak diýmekdir.
Gurban kesmek – zekat we baýram namazlary ýaly, hijretiň ikinji ýylynda meşrug kylynýar. Gurban kesmegiň kitapdaky delili Kewser süresidir. Bu sürede Allatagala Resulalla ýüzlenip: «Rebbiň üçin namaz oka we gurban kes» (Kewser, 2) diýip buýurýar.
Gurban – hem şahsyýet hem-de jemgyýet taýyndan ençeme peýdasy bolan, mal bilen edilýän ybadatdyr. Gurban – Alla ýakynlaşmaga we onuň razylygyny gazanmaga wesiledir. Gurhany kerimde şeýle buýrulýar:
«Biz her bir ymmat üçin gurban kesmegi emir etdik. Rysgal hökmünde beren mallarymyň damagyny çalanlarynda Allanyň adyny aýtsynlar. Şuny hem unutmaň, hemmäňiziň Taňryňyz ýeke-täk ilahdyr. Onda diňe oňa boýun boluň. Eý Resulym, sen hem pespällilere, ak ýüreklilere we yhlaslylara buşla» (Haj, 34).
Bu aýat taryhyň dowamynda ähli dinlerde gurban ybadatynyň bolandygyny habar berýär. Gurhany kerimde hezreti Adam atanyň ogullarynyň Allaň ýoluna gurban kesýänlerinden söz açylmagy, gurbanlygyň hezreti Adam atadan bärik dowam edip gelen ybadatdygyny görkezýär. Şeýle hem, ynsanyň ähli mülle we mal baýlygynyň hakyky eýesiniň Alladygyny ýatladýar.
Gurbanlygyň hezreti Ybraýym we ogly Ysmaýyl bilen hem ýakyn baglanyşygy bardyr. Hezreti Ybraýymyň düýşünde ogly Ysmaýyly gurban etmek emrini almagy we oňa boýun bolmagy, Ysmaýylyň bolsa kakasyna garşylyk görkezmän, Allaň ýoluna gurban bolmaga razydygyny aýtmagy, gurbanlygyň wepalylyk we sadakat nyşanydygyny görkezýär. Mü’minler her gurbanlykda hezreti Ybaraýym bilen ogly Ysmaýylyň Allatagalanyň uly synagyndan abraýly geçendigini ýatlap, özleriniň hem şeýle tagat-ybadata taýyndygyny görkezýärler.
Gurbanlykda mal kesmegiň asyl maksady yhlas we takwalyk bilen Alla ýakynlaşmakdyr. Bu maksat bolmasa, kesilen gurbanlygyň Allanyň dergähinde gadyr-gymmaty ýokdur. Çünki Gurhany kerimde Allatagala şeýle buýurýar:
«Şuny unutmaň, berlen gurbanlygyň eti-de, gany-da Alla ýetmez. Ýöne Oňa ýetjek ýeke-täk zat ýüregiňizde beslän takwalygyňyz, Alla bolan tagatyňyzdyr» (Haj, 37).
Gurbanlyk jemgyýetde dost-doganlygy, ýardamlaşmagy, arkalaşygy saklaýar. Adalatyň, deňligiň hakykata öwrülmegine goşant goşýar. Aýratyn hem gurbanlyk et satyn almaga güýji ýetmeýän, ýetde-gütde ýaşaýan garyplar üçin bähbitdir.
Mal kesmegiň ahyrýet peýdasy barada Pygamberimiz hadysy-şerifinde şeýle aýdýar: «Gurbanlykda malyňyzyň gowusyny kesiň, çünki olar syratda siziň ulagyňyz bolar». Hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Adam ogly gurban baýramy gününde damak çalmakdan başga haýsydyr bir gowy iş bilen Alla ýakynlaşyp bilmez. Damagy çalnan mal kyýamat güni şahy toýnagy we gyly bilen geler. Gurbanyň gany ýere degmänkä, ol mal Allanyň dergähmde belent mertebä göteriler. Şonuň üçin gurbanlaryňyzy göwnühoşluk bilen kesiň» diýilýär (Mälik, «Muwatta», Ibni Maje).
■ Gurbanlygyň paýlanylyşy
Pygamberimiziň hadyslaryna salgylanýan ys alymlarvnyň aýtmagyna görä, gurbanlyk edilýän et deň üç bölege bölünýär. Bir bölegi gurbanlyk edýäniň maşgalasyna bir bölegi (baý hem bolsa) dost-ýarlaryna, garyndaşlaryna ýene bir bölegi bolsa gurban kesip bilmedik garyp-gasarlara, paý edilmelidir. Gurban kesen kişiniň maşgalasy köplük bolup, gün-güzerany kyn bolsa, maly hiç kime paýlaman özleri iýse-de bolýar.
Gurbanlyk edilen malyň derisini, ýüňüni, garyn-içegelermi, kellebaşaýagyny gazanç üçin satmak dürs däldir. Satylanda-da puly mätäçlere sadaka hökmünde paýlanmalydyr.
Gurbanlyk üçin öldürilen malyň etiniň kesilen ýerinde paýlanmagy maslahat berilse-de, has mätäç ýerlere iberilip hem bilinýär. Bu musulmanyň musulmana doganlygynyň nyşanydyr.
Gurban kesilenden soň, ol ýer gowy arassalanyp, malyň galan-gaçan hapasy çuň çukura gömülmelidir. Bu tamizlik işiniň gurban edilen mala we gurban ybadatyna bolan hormaty görkezişi ýaly, şäherlerde saglygy, arassaçylygy saklamakda hem peýdasy köpdür. Gurban kesmegiň, etini paýlamagyň sogabyny daş töweregi hapalap, adamlaryň narazylygyny almak bilen azaltmaly däldir.
■ Gurbanlyk bilen hiňňillik arasyndaky baglanyşyk
Biziň ülkämizde gadymdan gelýän däpleriň biri-deg gurban baýramy günlerinde obadyr etraplarda, şäheriň belli meýdanlarynda hiňňillikler gurup, uly mähelle bolup toý tutulýar. Käbirleri şol günlerde «hiňňillikde uçsaň günäň dökülýärmiş» diýen manyda dinimiziň esaslaryna düýbünden ters gelýän sözler aýdylýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly günäler diňe toba we istigfar arkaly ýuwulýandyr.
Jemgyýetçilik durmuşda elbetde adamlar özara begenjini we gynanjyny paýlaşmaly. Ynsan begenjini paýlaşdygyça köpeler, gynanjyny paýlaşdygyça azalar. Baýram günleri şatlyk günleri bolany üçin elbetde toý tutyp şatlanmaly. Emma şol günlerde maksat we niýetlerimizi hemişe arassa saklamagy başarmaly. Özümizi hemmetaraplaýyn edepli, tertip-düzgünli alyp barmaly. Milli ruhumyza gabat gelmeýän hereketlerden saklanmaly.
■ Göz degmek
Göz degmek – gadym eýýamdan bäri bilinýän we häzirki döwürde-de ykrar edilýän ýagdaýdyr. Göz degmegi öldürip ýa-da maýyp edip hem bilýär. Şonuň üçin halk arasynda «Göz degmegi ynsany mazara, haýwany gazana elter» diýilýär. Hatda «Nazar aýaty» diýip, meşhur bolan şu aýat göz degmeginiň hakykatdygyna yşarat edýär:
«Kapyrlar Gurhany eşidenlerinde göripliklerinden ýaňa, göýä gözleri bilen Seni ýykjak bolup serederler we «Ol däliräpdir» (Kalem, 51-nji süre) diýerler.
Pygamberimiz bolsa göz degmegi barada şulary aýdypdyr:
«Göz degmegi hakdyr. Eger ýazgydy üýtgetjek bir zat bar bolsa, bu göz degmegi bolardy. Sizden ýuwunmagyňyz talap edilende, ýuwunyň» (Müslim, Tirmizi).
Muhammet b. Ebi Umame Ibn Sehl Ibn Hanif kakasyndan şulary eşidendigini gürrüň berýär: «Kakam Sehl Harrar diýlen ýerde ýuwunýar. Şol wagt Amr b. Rebiga oňa seredýär. Sehliň teni ak eken. Amr: «Şeýle ak tenli erkek kişini görmändim» diýip geň galýar. Sehle şobada garaguş keseli degen ýaly bolýar. «Ýa, Resulallah, Sehl agyr keselledi. Ol goşun bilen gitmäge ýarajak däl» diýip, ýagdaýy Pygamberimize habar berýärler. Pygamberimiz: «Oňa näme boldy? Kimden zeper ýetdi?» diýip soranda: «Amr b. Rebigadan» diýip, jogap berdiler. Resulalla ony çagyrdyp gaharly: «Sen näme üçin gardaşyňy ölüm halyna getirdiň?! «Berekella» diýseň bolmadymy?! Derrew täret kyl!» diýdi. Amr gyssanmaç täret kyldy. Onuň täret suwuny bir gaba alyp, Sehliň bedenine çaldylar. Ol şobada gowulanyp, duruberdi» (Ymam Mälik, «Muatta»).
Alymlar bu hadyslardan şu netijeleri çykarypdyrlar.
1. Göz degmek hakdyr, ýagny inkär edip bolmajak hadysadyr. Pygamberimiz göz degýänligini ynandyrmak üçin, ony ýazgyda deňäp, şeýle diýipdir: «Üýtgedip bolmaýan ýazgydy üýtgetjek bir güýç bar bolsa, bu göz degmegi bolardy».
Ibni Hajer: «Göz degmegi haýsy-da bolsa göwnüňden turan bir zada seredilmegi bilen bolup geçýär. Seredýän görip kişi bolsa-da, gowy görüşýän dost bolsa-da, salyh kişi bolsa-da gözi degip biler» diýipdir. Ýöne göz degmegi, umuman, göripligiň we bahyllygyň netijesidir.
Häzirki döwürde ylym göz degmegini doly düşündirip bilmese-de, bu hadysany ruh bilen baglanyşdyryp, bedenimizdäki käbir atomlaryň energiýa öwrülmegi bilen bolup biljekdigini öňe sürýär. Alymlar göz degmegini telepatiýa bilen deňeşdirýärler. Käbir alymlar bolsa, hadysda aýdylýan gözi degen kişiniň täret suwunyň göz degene şypa bolmagyny: «Ynsan derisiniň üsti bilen hem dem alýar, derleýär, bedenindäki zyýanly maddalary (toksinler we antigenler) daşyna çykarýar. Täret suwunda ýygnanan bu maddalar göz degen kişä em bolýar» diýip düşündirýärler.
2. Pygamberimiz göz degmeginden açylmak üçin, görülmeli käbir çäreleri salgy beripdir:
a) Göz degen kişä Fatiha süresi
Aýatul Kursi
we Muawwizeteýn (Felak we Nas) sürelerini okamak.
b) Hadyslarda aýdylan şu dogany okamak
«Allanyň doly sözleri bilen her bir şeýtandan we öldüriji zäher göterýänlerden Alla sygynýaryn. Ýagşyzadalaryň, bet niýetlileriň hem täsir edip bilmedik Allanyň doly sözleri bilen Allanyň ýaradan, bar eden zatlarynyň şerinden, gökden inenleriň we göge göterilenleriň şerinden, ýerde ýaradanlarynyň we ýerden çykanlaryň şerinden, gijäniň pitnesiniň şerinden, gije we gündiz gelenleriň şerinden, eý, Rahman bolan Rebbim saňa sygynýaryn».
ç) Kimiň gözi degen bolsa, onuň täret suwuny alyp, göz degen kişä çalmalydyr.
3. Pygamberimiz göz degmezligi üçin, öňünden görülmeli çäreler hökmünde şulary ündäpdir:
Nesaýy we Ibni Majäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Kimdir biri doganynda göwnünden turan bir zady görse, oňa bereket dogasyny etsin» diýýär. Ýagny:
«Bärekellah» (Alla ony saňa mübärek kylsyn).
«Tebärekellahu ahsenül halykyýn» (Ony seniň üçin bereketli we haýyrly etsin. Ol iň gözel ýaradyjydyr).
«Allahumme bärik fihi» (Allam ony mübärek et).
«Mäşäallah lä hawle welä kuwwete illäbillah» (Alla şeýle isläpdir. Kuwwat diňe Alladandyr) diýlip doga edilýär.
4. Gözlen goranmak üçin Pygamberimiziň bu maslahatlaryndan başga çäreler gözlemek dogry däldir. Halk arasynda giňden ýaýran gözmonjugy, dagdan agajy, alaja, doňzuň dişi, ýylanyň kellesi ýaly zatlary dakynmak yslama ters gelýän, batyl düşünjelerdir. Gözükmek we şuňa meňzeş kesellerden goranmak üçin dakynylýan bu zatlardan şypa garaşmakda ýaşyryn şirk bardyr. Muňa arap dilinde «temime» diýilýär. Pygamberimiz bir hadysynda: «Kim (şypa gözläp) bir zat dakynsa, şoňa tabşyrylar» (Tirmizi) aýdypdyr. Ýagny kişiniň şol zada tabşyrylmagy diýmek, şypany şol zatdan gözlemek diýmekdir. Hatda adaty keseller üçin ulanylýan dermanlardan we edilen bejergilerden hem göni şypa gözlemek ýalňyşdyr. Hakyky şypany berýän Alla Tagaladyr. Ondan başga hiç bir zat şypa berip bilmez. Käbir alymlar Allanyň atlaryny we Gurhanyň aýatlaryny ýazyp dakynmagyň şypa edýändigini aýdýar. Ýöne bu meselede esasy zat: Allanyň şol atlaryny we Gurhany kerimiň aýatlaryny dakynmakdan, okamak has laýykdyr. Şeýlelikde, şypany diňe ýeke-täk Alladan dilemelidir.
■ Okamak arkaly kesel bejeriş
Keseliň maddy sebäbiniň bolşy ýaly, ruhy sebäbi hem bardyr. Gadymdan bäri gipnoz, saz we okamak arkaly käbir keseller bejerilipdir. Häzirki döwürde hem käbir keselliniň okamak arkaly şypa tapýandygy mälimdir. Sahyh hadys kitaplarynda Pygamberimiziň we sahabalaryň göz degende, ýylan, içýan çakanda, sihir (ters doga we jady) edilende käbir süreleri we aýatlary şypa niýeti bilen okandygy rowaýat edilýär.
Pygamberimiz hassalygy bejermekde dermanlaryň şu üç görnüşini ulanypdyr:
1. Ilahi dermanlar (rukýe we doga).
2. Tebigy dermanlar.
3. Ikisini hem özünde jemleýän dermanlar.
Ýöne «Pylan dermandan şypa tapdym, pylan süräni ýa-da aýaty okap, gowulandym» diýmek ýalňyşdyr. Asyl şypa berýäniň Alladygyny unutmaly däldiris.
Okamak we doga-dileg etmek arkaly hassany bejermek işine «rukýe» diýilýär. Bela-beter, musybat, hassalyk ýaly her dürli erbet ýagdaýlardan goranmak üçin Alla sygynyp, doga- dileg etmegi maslahat berýän hadyslary rukýäniň meşrugdygyna delil etmek mümkindir. Şeýle hem Gurhany kerimde:
«Doga ediň, jogap bereýin» (Mü’min, 60), başga bir aýatda:
«Dogaňyz bolmasa, Allanyň ýanynda hiç hili gadyryňyz ýokdur» (Furkan, 77) diýilýär.
Yslam alymlary hadyslara daýanyp, iň şypaly dermanyň dogadygyny, Gurhany kerimiň şypadygyny belleýärler. Doga belanyň duşmanydyr, ol ony kowup çykarar, heniz gelmedik bolsa, öňüni alar, gelen bolsa ýeňleder. Doga mü’miniň goragydyr.
Alymlar kesel bejermekde ulanylýan tebigy dermanlaryň täsirli bolmagy üçin berhiz saklamak, sowukdan, yssydan goranmak ýaly şertleriň gerek bolşy ýaly, doganyň täsirli bolmagy üçin käbir şertleriň ýerine ýetirilmelidigini aýdýarlar.
a) Ygtykat arassa we päk bolmalydyr.
b) Haramdan we zulumdan daş durmalydyr.
ç) Doga edýän wagtyň kalbyň gaflatda bolman, bir Alla doly sygynmalydyr. Pygamberimiz bu barada: «Şuny berk biliň, Allatagala kalby gapyl kişiniň dogasyny kabul etmez» diýipdir.
d) Dogadan öň sadaka berilmelidir.
e) Doga kabul bolýan belli wagtlarda edilmelidir. (Parz namazyndan soň, anna güni, gijäniň soňky üçden birinde edilen dilegler has kabul bolguçdyr).
ä) Doga edeniňde, Kybla tarap öwrülmeli, özüňem päkize bolmalydyr. Allatagala hamd we sena edip, onuň Resulyna salat we salam aýdyp, toba-istigfardan soň doga başlamalydyr. Dileg edilen wagty Allatagalanyň atlaryny zikir etmelidir. Gurhanda we hadyslarda bar bolan dogalar bilen doga etmelidir.
f) Dogany gaýta-gaýta, üznüksiz etmelidir.
■ Aýdylan janly ýa-da sadaka bermek däbi (Nezir)
● Neziriň buýrugy
Halkymyzyň arasynda «Pylany sag-aman gelse ýa-da keselden gutulsa, pylan öwlüýäniň adyna gurban kesjek» diýip, janly aýtmak giňden ýaýrapdyr. Bu mesele dinimizde «nezir» diýip atlandyrylýar.
Nezir – bir kişiniň ybadat görnüşindäki bir zady (dini taýdan jogapkär bolmasa-da) özüne wajyp kylmagy diýmekdir. Başgaça aýtsak, kişiniň parz ýa-da wajyp ybadaty amal etjekdigine Allatagala söz berip, boýnuna borç almagydyr. Şeýlelik bilen ynsan arzuw eden zadyna ýetmek ýa-da duýdansyz gelen beladan goranmak üçin Allanyň ýardamyna garaşyp tama eder.
Ähli dinlerde we medeniýetlerde muňa duş gelinýär. Dürli dinleriň we milletleriň däp-dessurynda şol bir düşünje bilen agaçlara, mukaddes saýylan ýerlere esgi daňmak, ybadat ýerlerinde şem ýakmak, käbir ýagdaýda käbir haýwany gurban etmek, oraza ýa-da berhiz maksady bilen iýlip-içilýän zadyň käbirinden we jynsy gatnaşykdan daş durmak, arzuw eden zadyna ýetýänçä käbir keýpi-sapany terk etmek ýaly nezirlere duş gelinýär. Bu nezirlerde dini, psihiki sebäpler hem bolup biler, ýöne olaryň aslynda Alla şükür etmek we onuň ýardamyny islemek ýatandyr. Yslamyýetden öňki arap halklarynda hem ýokardakylara meňzeş görnüşdäki nezirler bolupdyr. Yslam dini ynsandaky dindarlyk duýgusyny we ruhuny kanagatlandyrmak niýeti bilen baglanyşygy bolan bu dessurlary düýbünden gadagan etmändir. Ýöne käbir çäklendirmeleri we tertip-düzgünleri girizip, özüne mahsus bir şekil beripdir.
Gurhanda berlen sözde durulmagy, äht we şertnama boýun egmegi (Maide, 1; Isra 34), Alla berlen sözüň ýerine ýetirilmegi (Nahl, 91) emir edilýär. Edilen neziriň ýerine ýetirilmegi buýrulýar (Haj, 29). Kişiniň nezirini amal etmegi ýagşy häsiýet saýylýar (Ynsan, 7). Hadyslarda Pygamberimiz Alla tagat görnüşindäki neziriň ýerine ýetirilmegini emir edip, Alla isýan ýa-da magsyýet görnüşindäki neziri ýerine ýetirmezligi ündäpdir, (Buhary, Müslim, Ebu Dawud). Hanefi alymlary gahar edip ýa-da degşip aýdylan nezir hem berjaý edilmeli diýip belläpdir.
Käbir hadysda bolsa, Pygamberimiziň nezir etmegi känbir halamandygy görünýär. Meselem, bir hadysynda: «Nezir peýda bermez, diňe gysganjyň malyny kemelder» (Buhary, Müslim). Şonuň üçin Ymam Şafygy we Ahmet b. Hanbel nezir etmegiň mekruhdygyny aýdypdyr. Hanefi alymlary bolsa, Alla ybadat we tagat görnüşindäki neziriň mubahdygyny belläpdir. Bir ybadatyň amal edilmegine wesile bolandygy üçin muny müstehap saýanlar hem bardyr. Mälikiler ýöne nezir etmegi mendup, şertli neziri bolsa mubah saýýarlar.
Şu mowzuk bilen baglanyşykly hadyslar we yslam alymlarynyň garaýyşlaryna seredilende, hiç hili dünýewi bähbit tama etmezden, diňe Allanyň razylygyny gazanmak we oňa şükür etmek niýeti bilen, nezir etmegiň hiç hili zeleli ýokdur.
Nezir Allanyň ýazan takdyryny üýtgetmez, musulmanyň muny bilip, geljekde boljak bir zadyň peýdaly bolmagyny arzuw edip, Allatagala ýalbarmagy, munuň hakykata öwrülmegine wesile bolmak üçin sadaka we ybadat görnüşinde nezir etmegi ygtykat taýyndan hatarly görlüpdir. Sebäbi parz ýa-da wajyp bir ybadat amal edilende diňe Allanyň razylygy niýet edilmelidir. Dünýewi bähbidi maksat edinen şertli nezir bolsa, Alla bilen söwdalaşmak ýaly ýakymsyz häsiýete eýedigi üçin, ybadat niýeti bolsa-da, seresap bolmak ündelipdir, hatda halanmadyk ýeri hem bolupdyr. Muňa garamazdan, Alla ysýan we magsyýetden başga islendik görnüşde nezir edilse, onuň ýerine ýetirilmegi dini taýdan wajyp saýylypdyr.
Bu meselede seresap bolmaly. Munda bilinmän Alla şirk goşulmagy mümkindir. Meselem, nezir eden kişi, nezirini şeýle ýerine ýetirmelidir: «Öwlüýä ýoluna» diýmän, «Alla ýoluna», «Hudaý ýoluna» diýip, sogabyny «pylan» öwlüýä bagyşlamagy niýet etmelidir. «Bismillähi, Allahu Ekber» diýip, damak çalmalydyr. Damak çalnanda «Ýa, pylan öwlüýä!» diýip öwlüýäniň ady tutulmaly däldir. Başda edilen niýet ýeterlikdir. Diňe öwlüýäniň ady tutulyp kesilse, şol mal haram bolýar, hem-de Alla şirk goşulýar. Nezir eden kişi bu nezirini öwlüýä gitmän, öýünde hem berjaý edip bilýär. Belki, bu neziri öýüňde etmek has gowudyr.
Nezir gurbanynyň etinden nezir eden kişiniň özi we maşgala agzasy iýse dürs däldir. Onuň hemmesi garyp-gasarlara paýlanmalydyr. Eger iýiljek bolsa, iýlen mukdarynyň bahasy sadaka hökmünde mätäçlere berilmelidir.
Pedagogika we edep-terbiýe