TÜRKMENDE ERKEK-ZENAN GATNAŞYKLARYNDA EDEP
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Zenan – mähek daşydyr!
Mähek daşynyň gyzylyň saplygyny görkezişi ýaly, her bir milletiň nämedigini onuň zenanlara bolan garaýşyndan we ol milletde aýalyň eýeleýän ornundan bilip bolýandyr. «Zenan mähek daşydyr» diýen pelsepäni döreden türkmen milleti aýala aýratyn söýgi hem hormat bilen garaýar.
Mukaddes Ruhnamadan
Türkmende erkek-zenan gatnaşyklarynda edep has anyk we kesgitli görnüşde düzülendir. Türkmençilikde aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebinde yslamyň täsiri uly bolşy ýaly, yslamdan öňki däp-dessurlaryň, adatlaryň täsiriniň bardygy şübhesizdir. Biziň ynanjymyzda adamzat nesli Adam ata we How eneden dowam edip gelýändir. Başgaça aýdylanda, adamzat nesli bir erkek we bir zenandan ýaýrandyr. Bu hakykat Gurhany kerimde şeýle düşündirilýär: «Eý adamzat, biz sizi bir erkek we aýaldan ýaratdyk, soňra bir-biriňizi has gowy tanamagyňyz, arkalaşmagyňyz üçin tirelere, taýpalara böldük. Allanyň ýanynda iň belent mertebeliňiz takwalygy has kämil bolýanlardyr» (Huçurat, 13). Nisa süresiniň birinji aýatynda bolsa «Ynsany ýeke-täk nebisden ýaratdyk» sözünde ýeke-täk nebsiň bir bölegini erkek, beýleki bir bölegini bolsa zenan emele getirýändir. Şol sebäpli Allatagala ýaradylyşda erkek, bilen aýaly biri-birinden tapawutly ýaratsa-da, erkegi aýaldan üstün kylmandyr, ikisini hem gudraty bilen deň ýaradandyr. Hak-hukuk taýyndan hem ýaradylyş we wezipe tapawutlylygyna görä deň hukuklar berendir, hiç kimiň hukugyny kemsiden däldir. Käbirleri How enäniň Adam atanyň eýe süňkünden – gapyrgasyndan ýaradylandygyny habar berýän hadysy diline dolap, yslamyň aýala erkekden pes dereje berýändigini tankyt edýärler. Aslynda bu hadys, aýallara mylaýym we mylakatly bolmak bilen baglanyşyldy bir hakykaty nygtaýar. Ýagny «Eý erkekler, aýal maşgala edil ynsanyň gapyrga süňki ýalydyr, eger siz aýallary düzetjek bolup berk saklasaňyz, olary döwersiňiz, ýok, öz erkine goýsaňyz, egriligine galar. Şonuň üçin aýallara mylakatly, mylaýym we geçirimli boluň!» diýlen düşünjäni aňladýar. Şonuň üçin dinimiz yslam aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebini ýaradylyş we wezipe tapawutlylygyna görä kesgitleýändir. Häzirki günlerimizde köp gürrüňi edilýän aýal-erkek deňligi meselesine hem bu nukdaýnazardan seretmeli. Aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebine doly düşünmek üçin aýalyň ýaradylyş we wezipe taýyndan erkekden tapawutly taraplaryna göz ýetirmelidir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy aýal bilen erkegiň edebini Mukaddes Ruhnamada şeýle düşündirýär: «Milli edebimiziň esaslanýan tebigat kanunlarynyň içinde iki jeheti aýratyn belläsim gelýär. Bularyň ikisi-de adamyň biologik şahs hökmündäki ýaşaýşyna degişli. Bir tarapdan, türkmen edebiniň kadalary adamyň jyns aýratynlygyna köp zatlary bagly edip goýýar. Edep kadalary erkek hem aýal üçin başga-başga şertleri göz öňünde tutýar. Bularyň ikisiniňem adamdygyny ykrar etmek bilen jemgyýetçilik durmuşynda tebigy häsiýetdäki edep gatnaşyklarynyň sazlaşygy üçin aýalyň başga, erkegiň başga ýörelgeleriniň bolmalydygyny aýtmaly. Bularyň arasyndaky tapawutlary äsgermezlik etmek, tebigatyň hökmürowan kanunlaryny äsgermezlik etmekdir. Beýleki tarapdan türkmen edebi adamyň ömrüniň dowamyndaky ýaş ösüşini hasaba alýar. Bu hem tebigatyň kanunydyr. Şonuň üçin hem ata- babalarymyz ýaşy kiçiler üçin bir ulgamdaky, ýaşy ulular üçin başga bir ulgamdaky edep kadalaryny goldanypdyrlar.» Hawa aýal-erkegiň edebi mowzugyna girmezden ozal «deň» we «deňlik» sözleriniň manylaryny hem-de aýalyň ýaradylyş aýratynlygy bilen wezipe tapawutlylygyny kesgitläliň.
«Deň» diýlende hiç hili tapawudy bolmadyk, tebigaty, hili, gymmaty, ölçegleri taýyndan deň bolan diýmekdir. «Deňlik» bolsa hak-hukuk taýyndan ynsanlar arasynda hiç hili tapawut goýmazlyk diýen manyny aňladýar.
■ Ýaradylyşda tapawutlylyk
Allatagala älemde her bir zady jübüt ýaradandyr. Bu jübütlerden her biriniň beýlekisine ähli ugurlary taýyndan deňdigine güwä geçip bolmaz.
«Düşünip ybrat alarsyňyz diýip, her bir zady jübüt görnüşde ýaratdyk» (Zariýat, 49).
Gurhany kerim bu aýatynda zerrelerden ösümliklere, haýwanlar we ynsanlar arasyndaky erkek-urkaçy bolşuna çenli hemme zadyň jübütdigini we pozitiwiň negatiwe, elektronyň protona, gijäniň gündize, ýazyň gyşa, ýer ýüzüniň asmana, erkegiň aýala, aýalyň hem erkege mätäçdigi ýaly, ähli zadyň biri-birine mätäçdigini nygtaýar.
Ynha, Alla (jelle jelaluhu) aýaly ýaradanda, elektronyň garşysyna protony, pozitiwiň garşysyna negatiwi, erkek tohumyň garşysyna urkaçy tohumy ýaradypdyr we bu jübütlerden bir birlik emele getiripdir. Ýöne elekron bilen protonyň, pozitiw bilen negatiwiň deň bolmaýşy ýaly, aýal hem erkek bilen deň däldir. Bu ýaradylyşyň üýtgemeýän kanunlaryndandyr. Çünki ýeke-täk Alladan başga hemme zat ýetmez, kemli bolşy ýaly, öz durmuşlaryny dowam etdirip bilmek üçin hem hiç bir barlyk özbaşyna ýeterlik däldir. Şol sebäpli ýetmez we kemli bolan erkek bilen aýal hem biri- birleriniň üstüni ýetirmek bilen bir birlik emele getirerler. Hakykat bolmalysy hem şeýledir.
Şonuň üçin aýal we erkek biri-biriniň deňi däl, biri beýlekiniň üstüni ýetirýändir. Allanyň Resuly Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem bir hadysynda bu hakykaty şeýle beýan edýär: «Innema’n-nisa şekaiku’r-rijal = Aýallar erkekleriň deň ýarysydyr».
Hadysda geçen «şakyk» sözi, bir-biriniň ortadan göni ikä bölünen deň ýarysyny aňladýar. Ýagny, bir-birini emele getiren iki bölekden her biri beýlekisiniň «şakykydyr . Emma hiç wagt biri beýlekisiniň meňzeşi däldir.Ýagny, bularyň ýaradylyşlary, ruhy we psihiki gurluşlary düýpgöter tapawutlydyr. Aýal-da, erkek-de hiç wagt beden we ruhy taýdan deň däldir. Ne erkek biologiki taýdan aýalyň ösen görnüşi, ne-de aýal erkegiň ösen görnüşidir. Gyz-oglan bolmagyna ynsanyň hiç hili täsiriniň ýokdugyna ynanýan- ynanmaýan her bir adam deňlik ham-hyýallaryny taşlap, erkegi we aýaly özboluşly kabul etmelidir.
Galyberse-de, diňe tapawutly jynslar arasynda däl, şol bir jynslaryň arasynda hem doly deňligiň bardygyny aýtmak mümkin däldir. Bu ham-hyýaly hakykata öwürjek bolmak, ýaradylyş kanunlaryny üýtgetmäge synanyşmak diýmekdir. Yeri gelende şu hakykaty hem berk bilmelidiris. Aýallaryň ýaradylyşynyň tapawutlylygy olaryň hor we pes görülmegini aňlatmaz. Gaýta, tersine, Halyky Züljelal «Her bir zada takdyr eden şeklini berip, soňra-da olary dogry ýola gönükdirendir» (Ala, 3). Aýaly-da, erkegi-de «iň kämil we ajaýyp görnüşde» ýaradyp, olara beýgelmegiň, kämilleşmegiň ýollaryny öwredendir. Olary biri-biriniň üstüni ýetiriji, örtgüsi we penakäri edendir.
■ Wezipe tapawutlylygy
Aýalyň beden we ruhy gurluşy taýyndan erkekden düýpli tapawutlydygy aýdyň görünýär. Bu tapawutlylyk hasaba alynmazdan, erkege degişli wezipeler aýaldan talap edilen ýagdaýynda oňa zulum edildigi bolar. Şol sebäpli aýal bilen erkegiň ýaradylyşynyň tapawutlydygy üçin käbir hak-hukuk we wezipeleriň tapawutly bolmagy öz-özünden düşnüklidir. Mysal üçin, erkek aýala garanyňda has güýçli-kuwwatlydyr. Güýç-kuwwat gerek bolan işlerde aýalyň erkek bilen deň bolmagy örän kyndyr. Bu ýagdaý aýal üçin asla bir kemçilik we ýetmezçilik däldir. Muňa derek aýal erkege garanda, has rehim-şepagatly, merhemetli, inçe, näzik we duýguçyldyr. Bu babatda erkek bilen aýal hem deň bolup bilmez. Her iki jynsa- da durmuşdaky wezipelerine laýyklykda zerur ukyplar, sypatlar berlendir. Hakyky hak-hukuk we adalat, ynha, budur. Şonuň üçin, iň dogrusy we iň laýygy aýal bilen erkegi deň etmek däl-de, aýala we erkege ýaradylyş aýratynlyklaryna görä baha bermekdir.
Nesiller aýal tarapyndan dünýä inderilýär we terbiýelenilýär. Adamzada arassa, kämil şahsyýetler onuň bereketli eli bilen gazandyrylýar. Şonuň üçin nesliň ýetişdirilmegi meselesinde aýala mähir we rehim-şepagatlylyk berilmegi bahasyna ýetip bolmajak bir peşgeşdir. Bu tarapy bilen aýal ähli maşgala agzalarynyň hormatlysy we iň ezizidir. Ol öýüň terbiýeçisi, mugallymasy we bagt çeşmesidir. Çaga onuň mähirli synasynda ösüp ulalar we rehim-şepagatly, duýguçyl we arassa pikirli bolup ýetişer. Eger ol edep-haýaly, namysjaň ýaşan bolsa, çaga biedep bolmaz. Şeýle çagalaryň ýaşaýan jemgyýetide arassa bolar.
Allatagalanyň oňa eçilen kemsiz nygmatlarynyň ýanynda käbirleriniň deňlik ady bilen oňa mynasyp gören zatlary örän ujypsyz zat bolup galar.
Aýal bir iş etjek bolsa, bu hökman onuň beden we ruhy ýaradylyşyna laýyk bolmalydyr. Oňa göterip bolmajak agyr ýük urmagyň we ýaradylyşyna ters işlerde işletmegiň deňlik hem-de adamkärçilik bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Gaýta, tersine, beýle hereketleriň hemmesi aýalyň hak-hukugyny kemsitmekdir.
Pygamber Serwerimiziň şu hadysy bu meseläni iň görnükli şekilde suratlandylýar: «Bir sygry boýundyryga goşupdyrlar. Ol yzyna aýlanyp, eýesine şeýle diýdi: «Men bu işler üçin ýaradylan däldirin». Ýagny, bu iş üçin öküz ýaradylandyr.
Jemläp aýtjak bolsak, her bir zat bir maksada görä ýaradylandyr. Her bir barlyk ýaradylyş maksadyna we ukyplaryna laýyklykda ulanylmalydyr, şonda hakyky manyda adalat we deňlik ýüze çykar.
■ Aýala berlen aýratyn hukuklar
Dinimiz aýala şu meselelerde erkekden artyk hukuk berendir.
Çile we aýbaşy döwründe aýal namaz, oraza ýaly dini parzlardan boşadylandyr. Eklenç bilen baglanyşykly hiç hili jogapkärçiligi ýokdur. Pygamberimiziň «Jennet eneleriň dabanynyň aşagyndadyr» hadyslary bilen, ene hökmünde Allatagalanyň ýanynda uly mertebä eýedir we çagalarynyň söýgüsiniň we hormatynyň dörtden üçüsine mynasyp görlendir.
Mähriban Serdarymyz Enäniň hormatyny Mukaddes Ruhnamada şeýle beýan edýär: «Elbetde, Ýaradan gutratlydyr. Ol islese, Isany enesiz hem ýaradyp bilerdi. Emma beýtmändir. Şonuň üçin hem Ýaradanyň bu işine men onuň enä bolan aýratyn hormaty we gadyry diýip düşünýärin. Dünýäleri ýaradyjy, ýeke sözi bilen älem-jahany ýokdan bar eden Allanyň aýratyn hormatlan, gadyrlan enesini hormatlamak, gadyrlamak, ezizlemek her bir türkmene parzdyr.»
Özüne ýanýoldaş saýlamakda erkin bolup, mähir – galyň almak we şahsy mülk edinmek hukugy berlendir. Gyz çagasy ýa~da aýal dogan hökmünde kakasy we ýagdaýa görä erkek dogan tarapyndan hemaýat we zerurlyklarynyň üpjün edilmek hukugyna eýedir. Öz zerurlyklaryny üpjün etmek we maşgala jogapkärçiligini ýerine ýetirmek maksady bilen, islese, abraýyny goramak şerti bilen işlemäge ygtyýarlydyr.
Hawa, jemläp aýtjak bolsak, aýala berilýän hukuklary, wezipe tapawutlyklary, erkek we aýal gatnaşyklaryndaky käbir düzgünlere we meselelere-de aýalyň ýaradylyş aýratynlygyna we wezipe tapawutlylygyna görä baha berilmelidir. Ynha, şol wagt yslamyň aýal baradaky hökümleriniň aýalyň mertebesini we hukugyny kemsitmändigini, gaýta, tersine, onuň mertebesini belende göterendigine göz ýetirip bileris. Geliň, indi bolsa aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebini giňişleýin düşündireliň.
■ Aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebi
Yslam dini ähli emr we gadaganlyklar ynsanlaryň, aýratynam, musulmanlaryň şahsy, maşgala we jemgyýetçilik ýaşaýyşlaryny düzgünleşdirip, dünýä we ahyret bagtyny gazanmaklygy baş maksat edinendir.
Emr we gadaganlyklaryň hemmesinde ynsanyň bähbidi bardyr, olaryň hiç biri zyýanly däldir. Käbirleri göräýmäge şahsyýet üçin peýdaly görünse-de, jemgyýet üçin zyýanlydygy sebäpli gadagan edilendir. Mysal üçin, käbir zatlary daşky görnüşine görä baha berip, peýdaly ýa-da zyýanlydygyna höküm edýäris. Bu babatda Allatagala Gurhany kerimde şeýle aýdýar:
«Siziň halamaýan zadyňyz, mümkin, sizin üçin peýdalydyr. Şeýle hem siziň göwnüňizden tursa-da, şol zat siziň üçin zyýanly bolup biler. Her bir zadyň ýagşy ýa-da erbetdigini anyk we kesgitli görnüşde diňe Alla biler, siz bilmersiňiz.» (Bakara, 216). Bu aýat nämäniň peýdaly, bähbitlidigi we nämäniň zyýanlydygy meselesinde ynsanlaryň kämahal ýalňyşyp biljekdiklerini, haýyr bolany şer, şer bolany-da haýyrly diýip häsiýetlendirip biljekdiklerini nygtaýar. Şol sebäpli Allatagala her bir meselede bolşy ýaly, aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebini hem hut özi düzendir. Gurhany kerimde we Pygamberimiziň hadyslarynda bu mowzuk bilen baglanyşykly belli kada we düzgünler taglym edilendir.
Hawa, geçmişi we geljegi iň gowy bilýän Allatagala käbir erbetlikleriň öňüni almak maksady bilen aýal-erkek gatnaşyklarynda erkinlik ýörelgesini çäklendirendir. Mysal üçin, maşgala abadançylygyna, nesil sagdynlygyna we şahsyýetde utanç, edep, haýa-şerim we ynam duýgularyny ýok eden zynanyň öňüni almak üçin «Zyna ýakynlaşmaň, çünki ol çenden aşalyk we erbet bir ýoldur» (Isra, 32) aýaty bilen zyna eltjek ähli hal-hereketleri we gatnaşyklary gadagan edendir. Aýal bilen erkegiň özara ýakynlyk derejesine görä mahrem (biri-birleri bilen öýlenmekleri gadagan) bolanlar, mahrem bolmadyklar we bularyň mähremlik derejesine laýyklykda, käbir esaslar kesgitlenipdir. Bu esaslara laýyklykda, aýal-erkek gatnaşyklary düzgünleşdirilipdir. Şonuň üçin ynsanlaryň ten-bedenleriniň käbir agzalary jynsy meýilleri döredýändigi sebäpli, owrat (utanç-haýa duýgusy sebäpli ynsanyň ýapmagy zerur bolan ýerleri we agzalary) kabul edilipdir. Owrat ýerleriniň ýapylmagy we olara seredilmezlik edep hasap edilip, her hili erbetligiň düýbünden ýok edilmegi usuly esasy maksat kabul edilipdir.
■ Owrat näme?
Utanmak manysyny aňladýan owrat sözi, ynsanyň jynsy agzalarynyň bolan ýerlerini göz öňünde tutan bir meňzetmedir. Ýagny, açyk bolmagy sebäpli ynsanyň utanç duýjagynyň ikuçsyzdygyny aňladýar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň: «Erkek erkegiň, aýal-da aýalyň owrat ýerine seretmesin» (Müslim) Hadysy şerifinde bu many göz öňünde tutulandyr.
Köneürgenç türkmenleri döwletiniň ýetişdiren meşhur yslam alymy Fahreddin Razy ýazdygy Gurhan tefsirinde ynsanyň biri-biriniň ýanynda ar-namys, utanç-haýa kabul ediljek hallaryny (owrat) we olaryň edebini dört görnüşde jemleýändir.
1. Erkekleriň özara owrat haly we onuň edebi.
2. Aýallaryň özara owrat haly we onuň edebi.
3. Aýalyň nätanyş bir erkek bilen owrat we gatnaşyk edebi.
4. Erkegiň nätanyş bir aýal bilen owrat we gatnaşyk edebi.
1. Erkekleriň özara owrat haly we onuň edebi
Erkekler özara bilelikde bolanlarynda haýa duýgusy sebäpli ejap edip ýapynmaly zerur bolan owrat ýerleri göbek bilen dyz aralygydyr. Erkekleriň biri-birlerine göbek bilen dyz aralygyny görkezmegi haram saýylypdyr. Göbek bilen dyz aralygyndan başga bedeniň tutuş hemme ýeri owrat saýylmaýar.
Owrat bolmagynyň delili şu hadyslardyr: Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Huzeýfe diýen sahabany metjitde dyzy açyk halda görende, «Dyzyňy ýap, çünki o taýy owratdyr» diýýär. (Tirmizi). Şeýle hem bir gezeginde-de Hezreti Ala (Alla ondan razy bolsun) «Dyzyňy açma, öli ýa diri, hiç kimiň dyzyna seretme!» diýip aýdýar (Tirmizi).
2. Aýallaryň özara owrat hallary we onuň edebi
Aýallar özara bile bolan wagtlary haýa duýgusy sebäpli ejap edip ýapmagy zerur bolan ýerleri edil erkekler ýalydyr. Aýallaryň- da özara bri-birleriniň göbek bilen dyz aralygyna seretmeleri haram saýylypdyr. Bulardan başga bedenleriniň beýleki ýerlerine (pitne endişesi ýok bolsa) seretmeleriniň hiç hili zeleli ýokdur. Bu meselede ýakynlyk derejesi hasaba alynmaýar. Ejesi, gyzy, gyz dogany, goňşusy... tapawudy ýok, bularyň biri-birleriniň göbek bilen dyz aralygyna seretmeleri halal däldir.
3. Erkegiň nätanyş bir aýal bilen owrat we gatnaşyk edebi
Aýallaryň elleri we ýüzünden başga tutuş bedeni nätanyş erkekler üçin owrat saýylypdyr. Seredilmegi ýa-da görüljek şekilde açylmagy dürs däldir we edepsizlik saýylýar. Erkegiň nätanyş bir aýala ýörite seretmegi dürs görülmändir we uly edepsizlikdir. Erkek adam biygtyýar aýalyň owrat ýerlerine seretse, Allatagalanyň: «Mümin erkeklere aýt! Gözlerini haramdan sowsunlar» (Nur, 31) emrine laýyklykda, derhal gözüni ýumup, ýüzüni öwürmelidir. Erbetlige iteklemejek bolsa, zerurlyk ýagdaýda bir gezeklik seretmek dürs görlendir. Emma bakyşyňy ikinji gezek gaýtalamaklyga rugsat edilmändir. Ymam Agzam hem bu pikirdedir. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiz döwründe şeýle waka bolýar. Pygamberimiz bilen Hezreti Aly köçede ýöräp barýarkalar Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun) nazary nätanyş bir aýala düşende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle aýdýar: Eý Aly, nazary nazara goşma. Birinjisi üçin saňa hiç hili günä ýokdur, emma ikinjisi seniň zyýanyňadyr» (Ebu Dawut).
Alym Kurtuby bu hadysy okandan soň, El-Jamyg atly kitabynda şeýle düşündiriş berýär: «Ynsan, umuman, ilkinji bakyşyna päsgel bolup bilmeýär, şonuň üçin munuň jogapkärçiligi ýokdur. Emma kalplaryň arassa galmagy, erbet pikiriň döremegine ýol bermezlik üçin Allatagala hyjap aýaty bilen gatnaşyklaryň perde arkasyndan ýöredilmegini, gürleşende özüne çekiji, maýyl ediji görnüşde gürlemezligi musulman zenanlara emr edendir. Ýogsa, musulman erkekleriň we zenanlaryň nebis we şeýtan allaryndan uzakda bolmaklary mümkin däldir.»
Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden dowam edip gelýän ýaşmak edebi bardyr. Bu hakykaty Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada: «Haýa – ýüzdedir we gözdedir. Türkmen zenany erkegiň gözüniň içine seredip, ýüzüne göni dikanlap gürleşmez. Olar iň ýakynlary bilenem bir tarapa bakyp, ýüzüniň bir tarapyny ýeňi bilen ýapyp gürleşýändir. Zenany urmak, onda-da ýüzüne urmak külli günädir, iň uly aýypdyr. Erkek bilen ol aradaşlykda durup, köplenjem baş atyp ýa-da başyny ýaýkap habarlaşýandyr. Türkmende gyzlaryň ýüzi açykdyr, gelinleriň bolsa, köplenç, agzy ýaşmaklydyr. Ýaşmak – türkmen gelniniň erkek hossarlarynyň ýanyndaky hormat-sylagydyr. Şonuň üçinem, ýaşmak uzak wagtlap dowam edýän Erkek hossary ýa garry eneler gelniň özüne sylag edýändigini görüp, monça bolup, birnäçe wagt geçenden soň, minnetdarlyk sowgat-serpaýy bilen gelniň agzyny açdyrýarlar. Çünki sylag diňe gep-sözde däl, eýsem, hereketdedir hem. Zenan tarapyn aragatnaşygyň gözelligi diňe gepleşikde däl, eýsem, dymmakdadyr hem» diýip beýan edýär.
■ Hylwat halynyň gadagan edilmegi
Rowaýata görä, Musa aleýhissalam bir mejlisde oturýardy. Üstüne bir don geýnen halda şeýtan oňa görünýär we käbir sowal- -jogap alşandan soň, «Ýa Musa, seniň üç zatdan ägä bolmagyňy ýatladýaryn» diýdi we sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: «Nika düşen bir aýal bilen ikiçäk galma, çünki mähremi bolmadyk aýal bilen hylwat halda bolan erkegiň ýoldaşy bolaryn. Onuň ýüreginde şol aýala, aýalyň ýüreginde-de şoňa garşy yşk we pitne oduny tutaşdyrýança, olar bilen ýoldaşlygy dowam ederin...» diýýär.
Müslimiň habar bermegine görä, Amr bin As şeýle gürrüň berýär. Haşym ogullaryndan bir adam Umeýriň gyzy Esmanyň ýanyna giripdiler. Esma şol wagtlar Ebu Bekiri Syddykyň nikasynda ýaşaýardy. Hezreti Ebu Bekir olary Esmanyň ýanynda görende, erbet bolýar we ýagdaýy Resullullaha şikaýat edip habar berýär. Şeýle hem «Haýyrdan başga bir zat görmedim» diýýär. Pygamberimiz aleýhissalam: «Şübhesiz, Alla Esmany şeýle erbetliklerden gorandyr» diýenden soň, münbere çykdy we: « Bu günden soňra bir adam ýanynda bir ýa-da birnäçe adam bolmazdan, äri öýde bolmadyk aýalyň ýanyna hiç kim girmesin» diýip aýtdy we biri-birine nika halal bolan aýallar bilen erkekleriň hylwat halda galmaklaryny gadagan etdi.
Hylwat halynda galmaklygyň iň howplusy garyndaşlar arasynda bolup geçýär. Umuman, gyz-oglan ýa-da zenan-erkek, tapawudy ýok, biri-birlerine nika halal bolmagyna garamazdan, aga-daýy, bibi-daýza, çagalarynyň ýa-da obadaşynyň bolandygy üçin, biri-birlerinden ägä bolmaýarlar. Pygamberimiziň şu hadysy beýle etmekligiň uly ýalňyşdygyny görkezýär. Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalara: «Öz nikalysy we mähremi bolmadyk aýalyň ýanyna girmäň» manydaky sözüne ensardan biri:
– Eý Allanyň Resuly, hamw hakynda näme aýdýarsyňyz? diýdi. Pygamberimiz: «Hamw ölümdir» jogabyny berdi (Buhary).
Başga bir hadysyň şerhinde hamwyň aýalyň gaýyn atasynyň beýleki ýakyn garyndaşlarydyr diýip düşündirilýär.
Gaýynata we onuň ogullary äriň aýalyna mahrem (nikalaşmak haram) bolandygy üçin, hylwat halda galmaklarynyň hiç hili zeleli ýokdur. «Äriň doganoglanlary we dolananlary oňa girmeýär, çünki olar mährem bolmadyk adamlardyr. Şeýle hem äriň aradan çykmagy sebäpli, gaýynlary we äriniň doganlarynyň ogullary mähremlikden aýrylar.
Kazy Iýaz hem «Bir gelniň ýüwürjileri we gaýynagalary bilen ikiçäk galmagy dinde pitne we heläk ediji sebäp hökmünde ýeterlikdir. Ynha, bu ýagdaýy pygamberimiz ölüm diýip suratlandyrypdyr. Bu sözi aýdýarka sözüni gataldyp aýdypdyr» (A.Dawutogly, «Müslim terjimesi we şerhi») diýýär. Şeýle ýagdaýyň aslynda nähili howpludygyny beýan etmek eýýäm ýeterlikdir. Garyndaşlyk derejesi näme bolsa bolsun, biri-birine nika halal bolan adamlaryň ýapyk ýerde ikiçäk galmaklary zyna eltýän sebäplerdendigi üçin, anyk we kesgitli ýagdaýda haram kabul edilipdir.
4. Aýalyň ýat erkekler bilen owrat we gatnaşygynyň edebi.
Ebul Ala el-Mewdudi, aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebi barada şeýle düşündiriş berýär: «aýal-erkek gatnaşyklaryny edebinde ikisi arasynda örän inçe bir tapawyt bardyr. Ol hem şeýledir. Erkek adamyň ýaradylyşynda söýen ýa-da hoşal bolýan bir zat bolsa umuman oňa ýetmek üçin gaýrat görkezen çäre gözler. Aýal bolsa diňe arzuw eder. Emma arzuwyna ýetmek üçin gaýrat etmek beýlede dursun, ony aýtmaga-da gurby çatmaz. Şonuň üçin pygamberimiz sallallahu aleýhi wessellem bu ýagdaýy nazarda tutup erkekleriň aýallara seretmezligi üçin berýän ähmiýetini, aýallar hakynda kän bir görkezmändir. Hatta Äşe enemize söweş tälimi oýunlaryny görkezen Hebeşli adamlara seretmeklige rugsat edendir.»
Ümmi Seleme we Meýmune enelerimiziň kör bolan Ibni Ümmü Mektuma seýretmeklerini Resullullahyň gadagan etmegi meselesini bolsa alymlar şeýle düşündirýärler.
«Erkekler bilen aýallaryň bir mejlisde bile oturmaklary, dowamly ýagdaýda biri-birilerine seretmekleri dürs däldir.»
Ýokarda belleýşimiz ýaly, türkmen halky haýa-şerimiň dowamlylygyny gazanmak üçin aýallar bilen erkekleriň aýratyn otaglarda oturmaklygyny däbe öwürmek bilen bu hakykaty durmuşa girizipdir.
Ibnu Hajer el-Asgalany aýallaryň erkekler bile gatnaşygynyň edebi hakynda şeýle aýdýar: «Aýallar elmydama erkekler görmesin diýip ýaşynýarlar. Metjide köça we sapara şeýle ýagdaýda çykýalar. Emma erkekler hiç haçan aýallar görmesin diýip başy ýalykly çykmaklary emir edilmändir. Şeýle ýagdaýda aýallar zerurlyk halatynda erkekleriň ýüzlerine seredip biler» diýip belleýär. Ymamy Gazaly hem şu pikirdedir.
Aýallaryň erkekler bilen gatnaşyklarynda berjaý etmeli edepleri şulardan ybaratdyr:
■ Gürleşmek edebi
Allatagala aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebiniň many- mazmunyna yşarat edip şeýle aýdýar: «Aýallar gürleşende hoşamaý sözlemesinler, soňra ýüreginde egrilik bar adamlar tamakin bolarlar, şonuň üçin olar agras we düşünükli sözlesinler.» (Ahzap, 32). Çünki aýallaryň sesi özüne çekijidir. Üstesine näzik görünjek bolup hoşamaý gürlemek, näz etmek erkekleriň ünsüni has-da çekýändir. Şeýle ýagdaýda erkekler şol aýal hakynda erbet pikirde bolup bilerler. Şonuň üçin Allatagala musulman aýallaryň hemmesine ýüzlenip, olaryň emeli hereketlerden daş durmaklaryny emir edendir. Aýatyň dowamynda bolsa şeýle aýdylýar, «Yslamdan öňki jahylyýet döwrüniň aýallarynyň özüni alyp barşy ýaly, köçä bezenip çykyp endamyny görkezmesinler». Şeýlelik bilen aýallaryň erkekleriň arasynda hiç hili zerurlyk ýokka aýlanyp olaryň ünsüni çekmezlikleri, pitne we harama sebäp bolmazlyklary emir edilendir.
■ Bezenmek edebi
Bezenmek, owadan görünmek, halanylmak umuman aýallaryň ýaradylyşynda bar bolan häsiýetdir. Şol sebäpli dinimiz Yslam olardaky bu duýgunyň barlygyny hoş görýändir. Hususan är-aýal arasynda gowy gatnaşyklaryň dowamlylygy üçin bular zerulyk kabul edilipdir. Aýal ärini hoşal etmek üçin her hili bezeg we zynatyny dakynyp biler. Emma ärinden başgalaryny hoşal etmek üçin bezenmeklige asla rugsat bermändir. Çünki Allatagala; «Aýallar zynatlaryny, elleri we ýüzünden başga ýerlerini açyp görkezmesinler». (Nur, 31.) aýaty bilen muny gadagan edendir. Sözümizi jemläp aýtsak, aýallaryň zyna eltjek her hili hereketden, bezenip owadan görünmekden daş durmaklary gadagan edilendir.
■ Ahyret doganlygy edebi
Halkymyz arasynda gadymdan dowam edip gelýän, emma türkmenlerde juda seýrek gabat gelýän däpleriň biri hem ahyret doganlygydyr. Käbir ýerlerde aýal bilen erkek biri-birlerine «Sen meniň Ahyret doganymsyň» diýip ganlary gatylyp, kyýamatlyk dogan bölünýär. Şeýle etmeklik olary biri-birine mährem derejä ýetirmez, sebäbi mähremlik nesil, öýlenmeklik, süýt emmek ýoly bilen bolýandyr. Bu üç ýoldan başga hili ýagdaýda mähremlik bolmaz. Emma aýalyň aýal bilen, erkegiň erkek bilen kyýamatlyk dogan okaşmalarynda hiç hili zelel ýokdur.
■ Garry aýallaryň edebi
Aýbaşy we önelgeden galan, nikalanmak umydy galmadyk garry aýallar, zynatlaryny erkeklere görkezmezlik şerti bilen pürenjegini aýyrmaklarynda hiç hili günä ýokdur. Ýöne örtünmekleri olar üçin has haýyrlydyr. (Nur, 60) Bu aýat bilen Allatagala aýbaşy we önelgeden galan aýallara ýeňillik bolsun diýip, örtünmek meselesinde rugsat edilendir. Çünki olar şehwetden kesilip, erkekleriň ünsüni kän bir çekýän däldir. Olaryň erkeklere hem zerurlygy galmandyr. Rugsat berilmegine garamazdan, garry aýallaryň takwa bolmaklary ündelýär.
■ Biri-birlerine mährem bolanlaryň gatnaşyklarynyň edebi.
Ýokarda hem bellenişi ýaly, aýallaryň el we ýüzünden başga ýerleri owrat bolup mährem bolmadyk, ýagny, nika düşen erkeklere şol ýerlerini görkezmekleri haram saýylypdyr. Mährem bolan (nikalaşmak haram bolan) adamlar aýalyň göbek we dyz aralygyndan başga owrat kabul edilen ýerlerini görmeklik günä saýylmadyk adamlar (Nur, 60) süresinde şeýle düşündirilýär: «Aýallar zynat ýerlerini (elleri we ýüzünden başga tutuş endamyny) ärine, kakasyna, gaýynatasyna, öz ogullaryna, öweý ogullaryna, erkek doganlary bilen jigilerine, we olaryň ogullaryna, gyz doganlary bilen jigileriniň ogullaryna, musulman aýallara, hyzmatyndaky gul-gyrnaklara, erkeklik hyjuwy galmadyk garry ýaşulylara, heniz aýala-erkege degişli owrat we mährem ýerlerini saýgaryp bilmedik çagalara görkezmeginde hiç hili zelel ýokdur, emma bulardan başgasyna zynat ýerlerini görkezmek bolmaýar...» (Nur, 31).
Aýatda aýdylan hadyslar barada gysgaça düşündiriş berilse has gowy bolar. Şeýle hem aýatda geçen zynat sözi aýalyň elleri we ýüzünden başga mährem bolmadyk adamlara görkezmek owrat bolan tutuş endamy diýmekdir. Çünki zynat diýlip aýdylmagynyň sebäbi, aýalyň zynat we şaý-seplerini dakynan ýerleriniň goralmagyna ünsi çekip örtünmegini güýçlendirmek üçindir. Aýratynam zynaty görkezmek, zynat dakylan ýerleri açyp görkezmek diýen manyny aňladar. Şonuň üçin Allatagala aýatda aýalyň zynat ýerlerini, ýagny, mährem däl erkeklere görkezmek owrat bolan elleri we ýüzünden başga tutuş endamyny kadadan çykma hökmünde diňe mährem bolan adamlaryň görüp biljegini beýan edendir. Aýalyň mähremi bolan adamlar bolsa şulardyr:
ÄRI: Är aýalynyň endamynyň hemme ýerine seredip biler. Aýalyň ärine hiç bir ýeri owrat däldir we onuň ýanynda ýapynmagy hökman däldir.
KAKA: – Aýalyň kakasy, atasy, babasy...
GAÝYN ATA: – Äriniň kakasy we atasy...
OGULLARY: – Aýalyň özünden dünýä inen ogullary...
ÖWEÝ OGULLARY: – Äriniň başga aýallaryndan bolan ogullary we olaryň çagalary...
DOGANLARY WE JIGILERI: süýtdeş, öweý tapawudy ýok, ähli doganlary we jigileri...
DOGANLARYNYŇ WE JIGILERINIŇ OGULLARY: Gyz-oglan tapawudy ýok, ähli doganlarynyň we jigileriniň ogullary.
Bu sanan adamlarymyz bilen aýalyň öýlenmekligi haram bolanlygy üçin olaryň ýanynda hem ikinji derejeden owrat bolan, ýagny, göbek bilen dyz aralygyndan başga, saç, baş, boýun, gerden, döş, gol, bajak we ş.m. zynat ýerleriniň açyk bolmagy günä däldir, ýöne ýapynmak edeplilikdir. Aýatda kakanyň doganlarynyň we daýylarynyň agzalmaýanlygynyň sebäbi, bular kaka hökmünde kabul edilenligi üçindir. Şeýle hem süýt emişen doganlar-da aýala mähremdir.
MUSULMAN AÝALLAR: Musulman däl aýallaryň ýanynda musulman bir aýalyň ýanynda göbek bilen dyz aralygyndan başga, saç, baş, boýun, gerden, döş, gol, bajak we ş.m. ikinji derejeden owrat bolan ýerlerini açyp görkezmegi haram we günä saýylypdyr.
ERKEKLIGI ÝOK ADAMLAR: Eneden doglanda ýa-da dürli sebäpden erkekliginden mahrum galan adamlaryň we dälileriň ýanynda aýal ýapynman biler. Sebäbi bularda jynsy arzuw bolmanlygy üçin aýal hökmündedirler, ýöne iň laýygy örtünmekdir.
KIÇI ÇAGALAR: Bular aýala-erkege degişli owrat we mährem ýerlerini heniz saýgaryp bilmedik çaga bolanlary üçin aýalyň zynat ýerlerini görkezmeginde hiç hili zelel ýokdur, ýöne olaryň edepli, terbiýeli ýetişmekleri üçin görelde bolmaklyk has laýygydyr.
Hawa, jemläp aýtjak bolsak, bu sanalýan adamlar, umuman, aýal bilen bile ýaşamak, iýmek-içmek we bile işlemek zerurlygy bolup biljek kişilerdir. Bularyň ýanynda ýeňillik bolmagy üçin Allatagalanyň musulmanlara eçilen lutuf-yhsany we keremidir. Yslam ýeňillik dinidir. Eger şeýle ýeňillik berilmedik bolsa bu elbetde, durmuşda uly kynçylyga sebäp bolardy. Sebäbi aýallaryň işlände we hyzmat edende zynat ýerleriniň käbir taraplary açylma ähtimaly köp bolýandyr. Şonuň üçin her iki tarap-da kyn ýagdaýa düşerdi.
Şu hakykaty hem unutmaly däldiris. Elbetde, ýokarda aýdylan erkekleriň ýanynda aýalyň zynat ýerlerini örtmezligi meselesi Allatagalanyň berýän rugsady we kesgitleýän çägidir. Hökman açmaly diýlen düşünjäni aňlatmaýar. Kamil, edep-haýaly bir musulman aýal olaryň ýanynda zynat ýerlerini açmaga ejap eder, utanar. Aýala mährem bolan şol erkekler hem käbir halatlarda aýalyň zynat ýerleri açylaýanda-da oňa asla seretmez. Seretmek dürs bolmaýşy ýaly, özi üçinem uly utanç we edepsizlik saýar. Çünki edep-haýaly her musulman, hemişe takwa ýaşajak bolar.
Pedagogika we edep-terbiýe