21:56 Türkmende köpçülik ýerlerindäki edepler | |
TÜRKMENDE KÖPÇÜLIK ÝERLERINDÄKI EDEPLER
Pedagogika we edep-terbiýe
■ Arassaçylyk Yslam dini tärete, ýagny, tämizlige uly ähmiýet berýär. Yslam Allatagalanyň huzurynda sežde eden mahalyň bedeniň, eşigiň, namaz okaljak ýeriň we kalbyň arassa bolmagyny emir edipdir. Gurhany kerimiň hem görkezmesi şeýledir. Onda tämizligi saklaýanlar öwülýär. Olaryň Allanyň söýgüsine mynasypdygy aýdylýar. Allatagala şeýle diýýär. «Şübhesiz, Alla köp toba edenleri we tämizlenenleri söýer» (Bakara, 222). Bedeniň daş tämizligindenem beter, kalbyň arassalygy, niýetiň düzüwligi möhümdir. Sebäbi, «daşy jäjek, içi möjegiň» iman gözelligine ýetmegi mümkin däldir. Allatagala ýalkananlaryň ilkinji sypatynyň tämizlikdigini şeýle düşündirýär: «Gowy tämizlenen we Rebbiniň adyny zikr edip, namaz okan kişi şübhesiz myradyna ýeter» (A’la, 14-15). Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Arassalyk, päkizelik ynsapdan çykman, halallyga gol ýapmakdyr, ten arassalygy, kalp arassalygy bilen utgaşanda, adam adam bolýandyr. Ten arassa bolup, kalp hapa bolsa, bu iň ýigrenji zatdyr.» Arassalyk, päkizelik, tämizlik diýen manylary aňladýan arap sözi bolan «taharet» sözi, hapa zatlary terk etme we olardan daş durmak manysyny aňladýar. «Taharet» sözi dürli görnüşleri bilen Gurhany kerimde otuz bir ýerde agzalýar. Umuman, bularyň ýarysy hapa zatlardan arassalanmagy ündeýär. Mysal üçin, , we eşigiňi tämizle.» (Müddesir, 4) «Alla, toba edenleri we tämizlenenleri söýer» (Bakara, 222). «Eger jünüp, ýagny, iniňiz hapa bolan wagtyňyz tämizleniň (boý täreti ýagny gusul alyň!)!» (Maide, 6), «Aýbaşy halyndaka aýallaryňyzdan daş duruň, arassalanýança olara ýakynlaşmaň.» (Bakara, 222). Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sözleriniň arasynda-da tämizlik hakynda ençeme beýanlary bardyr. Mysal üçin, «Tämizlik imanyň ýarysydyr» (Müslim) sözi olardan biridir. Gurhan maddy tämizlikden başga kalp tämizligini, namys arassalygyny, mal-mülk tämizligini (halal baýlygy), ündeýär. Şeýle hem, «taharet» sözi tutuş beden-endamyň, egin-eşigiň, mekanyň we suwuň arassalygyny öz içine alýar. ■ Ten arassalygy Yslam dini tämizligi imanyň kemal tapmagynyň şertlerinden biri hasaplapdyr. Ybadatlaryň kabul bolmagynyň ilkinji şerti, maddy we ruhy tämizlik bolşy ýaly, imanda kämilligiň şerti- de tämizlikdir. Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem hem tämizlige köp ähmiýet beripdir: «Tämizlik imanyň ýarydyr» (Müslim, Ahmet b. Hanbel, «Müsnet»). «Alla tämizdir, tämizligi söýer» (Tirmizi). Musulmanyň kalbydyr beden tämizligi bütewi bolmalydyr. Bularyň ikisi hem tämiz saklanan ýagdaýynda, ol kämilleşip biler. Kämillik edeplilik diýmekdir. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Edep diňe bir adamyň daşky hereketleriniň sazlaşygyny däl, ol şahsyýetiň kalbynyň tämizligini-de gazanýandyr. Çünki edep gymmatlygy ýöne bir daşky görnüş bolman, eýsem, içki gözellikleriň jemidir. Türkmeniň gadymyýetden gelýän ruhy kämilligi içki hem daşky gözellikleriň bitewiligini aňlap we ykrar edip bilenliginde görünýär.» Beden tämizliginiň iki görnüşi bardyr: Nejasetden taharet (maddy tämizlik), hadesden taharet (ruhy-magnawy tämizlik). Nejaset diýip ynsanyň bedenine, eşigine we namaz okajak ýere ýokuşan bulaşan maddy görnüşdäki kir we hapa, ynsan, haýwan hem-de guşlaryň bedeninden bölünip çykýan iýmit galyndylaryna aýdylýar. Nejaset ýokan ýere – bedene, eşige hem nejis diýilýär. Nejasetden tämizlenmek – beden hem egin-eşikdäki hapadan saplanmakdyr. Hapa zatlaryň käbiriniň asly pisdir. Käbiriniň asly tämizdir-de, soňra hapa degenligi sebäpli näpäk saýylar. Mysal üçin, siýdigiň asly hapadyr. Egin-eşigiň bolsa asly tämizdir. Emma oňa siýdik degse, ol öňki päkligini ýitirýär. Hades – käbir ybadatlary berjaý etmek üçm täret kylynmagyny we gusul alynmagyny, suw tapylmadyk wagty teýemmümi zerur edýän hökmi hapalykdyr. Hadesiň iki görnüşi bardyr: a) kiçi hades (hadesi asgar) – diňe täret kylmak bilen tämizlenýän hadesdir; b) uly hades (hadesi ekber) – diňe gusul almak bilen tämizlenýän hadesdir. Muňa jünüplik, haýz we nifas haly girýär. Parz edilen täret kylmak we gusul almak ýaly şergi tämizlikden başga, musulmanyň hepdede azyndan bir gezek doly ýuwunmagy mustahapdyr. Hadysda «Her musulmanyň ýedi günden bir gezek ýuwunmagy Allanyň hakydyr» diýilýär. Bu tämizligiň juma güni edilmegi ündelipdir. Ynsan bedenini kir we hapadan tämizlemekden başga-da, käbir agzalarynyň tämizligine üns bermelidir: a) saç. Tämizligine ilkinji üns bermeli zat saçdyr. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem saçynyň arassalygyna uly üns berip daranardy. Käwagt bolsa olary ýaglardy. Bulaşyk, kirli saçlyny halamazdy. Bir gün huzuryna saç-sakgaly bulaşyk biri gelende: «Bu adamyň saçyny ýuwara suwy, ýaglara ýagy ýokmuka? Bu ne harsallyk?» diýipdir. b) sakgal. Erkek adam üçin sakgal ýaradylyşyň bezegidir. Resulullah sallalahu aleýhi wesellem ashabyna sakgal goýbermegi we murtuň dodagyň üstünden sallanan gyllaryny gysgaltmagy ündäpdir. Çünki uzyn murt ynsanyň iýip-içen zatlary bilen hemişe hapalanar. Bu bolsa agyz arassalygyna zyýan ýetirer. Şonuň üçin murty düýbi görünýän şekilde gysgaltmak we sakgaly uzaltmak ynsanyň ýaradylyşyna we sünnete iň laýygydyr. ç) goltugyňy we gasygyňy tämizlemek. Goltugyň aşagyndaky we gasygyňdaky gyllary azyndan 10-15 günden bir gezek, mümkin bolmadyk ýagdaýda-da 40 güni geçirmän, arassalamak mustahapdyr. Bu tämizlik ähli pygamberleriň şerigatynda bardyr. Bu tämizligi iniň hapa wagty etmek mekruhdyr. Sebäbi bedenden her zat tämizkä aýrylmalydyr. d) dyrnak tämizligi. Dyrnagy mümkin bolsa, hepdede bir gezek aýyrmalydyr. Dyrnagy hem iniň hapa wagty kesmeli däldir. Alnan dyrnagy çem gelen ýere atman, ýa gömmeli, ýa-da bir zada dolap hapa atylýan ýere zyňmaly. Dyrnak aýyrmagyň düzgüni barada Ymam Gazaly şeýle aýdýar: «El bilen aýagyň dyrnagy bir gezekde alynjak bolsa, ilki eliň dyrnagyndan başlamak gowudyr. Olaryň arasynda bolsa, towhyda yşarat edýändigi üçin, sag eliň süýem barmagyndan başlanmalydyr. Soňra dyrnak almak çep eliň baş barmagyna çenli yzygyderli dowam etmelidir. Iň soňunda sag eliň başam barmagynyň dyrnagy aýrylmalydyr. Aýagyň dyrnaklaryny aýranyňda bolsa, sag külbikeden başlap, yzygyderli dowam etdirilip, çep külbikede gutarmalydyr» («Yhýa-u-Ulumiddin», t-1) ■ Suwlaryň arassalygy. «Diri bolup, durmuşda ýaşaýan her bir zady suwdan ýaratdyk.» (Enbiýä, 30) aýatynda bellenişi ýaly, suw ýaşaýşyň özeni bolanlygy sebäpli, suwuň hapalanmazdan goralmagy zerurdyr. Yslam dini suwuň arassa saklanmagyny emir edip, hapalanmazlygyna ýokary baha beripdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Näletlenmäge sebäp bolan üç zatdan ägä boluň! Olar-suwa, ynsanlaryň dynç aljak saýalyklaryna we ynsanlaryň gelip-geçýän ýoluna uly täret etmek» (Ebu Dawut) diýýär. Suwa uly täretini etmek, suwda parazit, mikrop, bakteriýa we suwuň porsamagyna sebäp bolar. Ynsan saglygyna zyýanly bu zatlar beýleki tarapdan suwda ýaşaýan balyk kimin janly-jandarlara-da erbet zyýan ýetirýär. Netijede, uzak ýyllaryň dowamynda däbe öwrülen dinimiz Yslamyň tämizlik hakynda ündeýän düzgünlerini berjaý etmeklik, ynsan durmuşynyň saglykly görnüşde dowam etdirmeginiň esasydyr. ■ Hajathana degişli düzgünler ● Istinja Istinja – hapadan tämizlenmek islemek diýmekdir we türkmen diline synja diýlip ornaşypdyr. Dini taýdan kiçi we uly hajaty edeniňden soň, owrat ýerleriňi tämizlemek diýmekdir. Bu tämizlik hökman berjaý edilmeli, gaýragoýulmasyz (müekked) sünnetdir. Lukmançylyk taýdan seredeniňde synja kylmak beden tämizliginde uly ähmiýete eýedir we saglyk taýyndan örän möhümdir. Istinja suw bilen kylnyşy ýaly, suw bolmadyk ýagdaýda ownuk daş ýa-da kesek, ýörite edilen nem sorýan kagyzlar bilen edilip bilner. Ýöne süňk, aýna, ýazgyly kagyz, ýüpek ýaly gymmat bahaly mata bölekleri we Zemzem suwy bilen istinja kylmak mekruhdyr. Mundan başga-da, ýazmak üçin ulanylýan arassa kagyzyň hem gadyryny gaçyrmazlyk dogrudyr. Çünki isrip – haramdyr. Istinja kylmakda iň laýygy ilki kesek, daş ýa-da hajathana kagyzy bilen süpürinip, suw bilen ýuwnanyňdan soň, mata ýa-da hajathana kagyzy bilen guranmakdyr. Yslamyň tämizlik hakyndaky hökümlerini derňäniňde, elbetde, saglyk taýdan ençeme peýdalarynyň bardygyna göz ýetiriler. Mysal üçin, Yslam synja kylanda sag eliň ulanylmagyny gadagan edipdir. Häzirki günlerimizde geçirilen medisina barlaglary bu edebiň has ýerliklidigini görkezýär. Çünki uly we kiçi täret üsti bilen ynsana käbir mikroblar geçýär we keseller ýokýar. Tifo, dizenteriýa bulardan käbiridir. Hawa, umuman alanyňda, ynsan sag eli bilen nahar iýilýär. Şeýlelik bilen sag eliň pisliklere bulaşmagynyň öňi alynýar we mikroblardan goranmak üpjün edilýär. Şonuň üçin Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, sag eli iýip-içmek, bir zady alyp bermekde ulanmagy, çep eli bolsa diňe synja kylmak ýaly işlerde ulanmagy ündeýär. ● Istibra Buşugandan soň, erkek kişiniň peşew damjalarynyň doly kesilmegine garaşmagyna istibra diýilýär. Muny etmek wajypdyr. Istibra, esasan, hajathanadan çykylmanka edilmeli. Istibra etmegiň – peşew damjalaryny doly kesmegiň dürli ýollary bardyr. Peşew damjalary käbir adamlarda çalt, käbirlerinde uzak wagtdan soň kesilýär. Her kes öz ýagdaýyna görä, täret almazyndan öň, peşew damjalarynyň kesilmegine garaşmaly, üsgürmeli, hajathanadan çykanyňdan soň, derrew täret kylman, biraz ýöremeli, hereket etmeli, soňra täret kylmalydyr. Istibra etmek täretiň syhhatyna päsgel bermezlik üçindir. Eger-de buşuganyňdan soň, derrew täret kylynsa, peşewiň damanyndan ýa-da dammanyndan habaryň bolmasa-da, taharet bozular. Okalan namaz hem sahyh bolmaz. Şonuň üçin istibra meselesine gaty jür bolmalydyr. Ýöne bu meselede öte was-waslyk hem dogry däldir. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Peşewden seresap boluň, çünki gabyr azabynyň köpüsi şol sebäplidir» diýmek bilen, buşuganyndan soňky istibranyň ähmiýetini nygtapdyr. ● Istinjanyň we istibranyň düzgüni Hajathana girmänkäň, eliňde Allanyň ýa-da Pygamberimiziň ady ýazylan ýüzük, jübiňde aýat, Gurhandan bir bölek ýazylan sahypa bar bolsa, olary aýyrmaly ýa-da suw geçirmeýän bir zada salmaly. Muňa mümkinçilik bolmasa, ýüzügiň ýazgyly ýerini owujyň içine öwürmäge-de rugsat edilýär. Şeýle hem «Bismillah» diýip, şu dogany: «Allahumme inniý e’uzü bike minel hubsi wel habais» (Buhary, Müslim) okamak mustahapdyr. Manysy: Allam, hapysa şeýtanlardan Saňa sygynýaryn. Hajathana sol aýagyň bilen girip, sag aýagyň bilen çykylýar. Hajathanada kybla bakyp hem, arkaňy öwrüp oturmak hem bolmaýar. Bular mekruhdyr. Ýöne jaýlarda hajathana kybla bakdyrylyp salnan bolsa, nalaçlyk sebäpli munuň zeleli ýokdur. Ymam Şafyga we Mälige görä, ýapyk jaýyň içindäki hajathanalarda kybla bakyp oturmagyň zyýany ýokdur. Hajathanada zerurlyk bolmasa, gürlemeli däl, zikir edilmeýär, salam bermek hem, almak hem bolmaýar. Hajathanada tüýkürmek, sümgürmek, hapa galdyrmak biedeplikdir. Dik durup, buşugmak dogry däldir. Ýöne zerurlyk bolanda muňa rugsat edilýär. Oturyp buşugmak tämizlik we saglyk jähtinden iň laýygydyr. Bu ýagdaýda peşew haltasy doly boşaýar hem soňra damja gelmesi az bolýar. Hajathanada nejasete hem owrat ýeriňe bakmaly däldir. Bu gözüň nuruny alar. Hajathanadan çykanyňda: «Elhamdulillähillezi ezhebe annil-eza we afaniý» diýmelidir. ● Istinjanyň mekruhlary Şemala garşy, köl, derýa, çeşme we ş.m.-leriň suwuna, agajyň düýbüne, kölegelik ýerlere, mör-möjekleriň hinine, ýol üstüne meýdan etmek mekruhdyr. Adamlaryň geçýän, dynç alýan ýerlerini hapalap, olaryň gargyşyna sebäp bolmazlyk üçin, hadysy şeriflerde şeýle ýerlerde meýdan etmek gadagan edilendir. Köpçüligiň hajathanasynda hapa yzlaryny galdyrmak hem hadysda gadagan edilendir. Istinjada we istibrada tämizlik hemişe çep el bilen edilmeli, sag eli ulanmak mekruhdyr. Istinja kylanyňda, suw syçratmaly däldir. Istinja edip bilmezlik derejede ýarawsyz bolan kişi, ýanýoldaşy ýa-da mähremi bolmasa, ýagdaýyna görä bolar. ■ Hammam edebi Hammama giren adam üçin wajyp hem dykgat etmeli zatlary şulardyr: 1. Owrat ýeriňi açmazlyk. Musulmanyň dyz we göbek aralygy owratdyr, onuň başga kişä görkezilmegi haramdyr. Hammamda owrat ýeriňi açmak haramdyr (Nesaýy, «Hakim»). Munda aýal-erkek tapawudy ýokdur we bu meselede ýakynlyk derejesi hasaba alynmaýar. Ejesi-kakasy, gyzy-ogly, gyz ýa-da erkek dogany, goňşusy... tapawut etmeýär, bularyň biri-birleriniň göbek bilen dyz aralygyna seretmeleri halal däldir. Göbek bilen dyz aralygyndan başga bedeniň tutuş hemme ýeri owrat saýylmaýar. Eger-de pitne endişesi ýok bolsa, bedenleriniň beýleki ýerlerine seretmeleriniň hiç hili zeleli ýokdur. 2. Başganyň owrat ýerine seretmezlik. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Alla we ahyret gününe ynanýan kişi hammama izarsyz (uýat ýerlerini örtmän) girmesin...» (Tirmizi, Nesaýy). Bu mesele bilen baglanyşykly Ymam Agzamyň başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüň berýärler: Bir gün Ebu Hanife hezretleri hammama gidýär. Juma namazy üçin gusul almak isleýär. Onuň ýanyndaky adam owrat ýerini açyp ýuwunýar eken. Ymam Agzam ony görmejek bolup gözlerini ýumýar şol aralykda suw akydynýan gabyny ýitirýär. Gözleri ýumuk sermenip duran Ymam Agzamy gören beýleki adam suw gabyny onuň eline berip: «Eý, Ymam! Siziň gözüňiz haçan kör boldy?» diýip soraýar. Ymam Agzam onuň bu sowalyna: «Seniň uýat ýerleriň açykdygyny görenimden bäri. Eger haýa edip, örtünseň, gözüm açylar diýip, umyt edýärin» diýýär. 3. Hammama girmezden, «Allahumme inniý e’uzü bike minel-hubsi wel-habais» (Buhary, Müslim) dogasyny okamaly we işiginden çep aýagyňy ädip girmeli. 4. Hammamda adam az bolýan wagty gitmek. 5. Suwy gereginden artyk döküp, isrip etmezlik. 6. Hammamda salamlaşmazlyk 7. Köp gürleşmezlik. 8. Gurhan sesli okalmaz, emma içinden «bismilla» aýdylyp bilner. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |