20:18 Türkmende ýaşululara sarpa | |
TÜRKMENDE ÝAŞULULARA SARPA
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Türkmen döwletiniň öňden gelýän ruhy ýörelgelerinde ýaşuly nesli akyl-paýhas meselelerinde öňe tutmak esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şu aýratynlygy täze guran döwletimiziň ýörelgeleriniň hirine öwürdik. Döwlet gurluşynda iň möhüm zat milli aýratynlyklary, halkyň taryhyny, dünýägaraýşyny we şuňa meňzeşlerini göz öňüne tutmakdyr. Şonuň üçin hem döwlet dolandyrylyşynda Ýaşulular maslahaty esasy merkezdir. Mundan beýläk hem döwlet dolandyrylyşynda Ýaşulular maslahaty esasy merkez bolmagynda galmalydyr. Şeýtsek, halkymyzyň taryhy döwlet tejribesiniň iş ýüzünde dowam etdirildigi bolar. Mukaddes Ruhnamadan ■ Ýaşululary sylamagyň edebi «Edebiň ýagşysy ulyny sylamak» diýen dana pähimi döreden türkmen ýaşy uly, ylmy artyk, wezipe taýdan ýokary, takwalyk we gudratynyň derejesi taýyndan öňde bolan adamlara «ýaşuly» diýýär. Bu sypatlary bar adamlara beýleki adamlaryň sarpa goýmaklary, mynasyp hormat etmekleri edeplilikdir. Türkmeniň ýaşululyk edebiniň ata-baba nesilden nesle dowam edip gelen asylly däp-dessurdygy Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle nygtalýar: «Oguz han Türkmen ýaşy ýekeje gün uly bolsa-da, ulyny sylamagy parz edipdir. «Ulug ýokmy – ulama bar» diýip, ýaşuly kethuda ýok ýerinde ylymlyny sylamagy parz edipdir.» Dinimiz hem musulmanlaryň ulularyna hormat etmeklerini, munuň ahlak taýyndan borç we edeplilikdigini nygtaýar. Her ynsan hökman çagalyk, ýaşlyk, ýaşululyk çagyny başyndan geçirer. Şu güniň ýaşululary düýnki ýaşlar we çagalardyr. Şonuň üçin garranynda özünden kiçilerden sylag-hormata garaşýan, ýaşlygynda ulularyna sarpa goýmalydyr. Pygamberimiz bu babatda şeýle aýdýar: «Bir ýaş ýigit ýaşuly adama ýaşy sebäpli hormat etse, Allatagala hem ol garranda oňa hyzmat etjek adamlary döreder» (Tirmizi). Ýaşululara sarpa goýmaklyk, Allatagala tagat kylmak bilen göni baglanyşyklydyr. Allany tanaýan we Oňa tagzym bilen boýun egenler özünden ululara hem hormat ederler. Şonuň üçin Pygamber Serwerimiz: «Ulyny sylamak, Alla tagzym etmegiň netijesidir» diýip belleýär. Günlerden bir gün, sahabalar (Alla olardan razy bolsun), Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellemiň) töwereginde oturyp, Ony diňleýärdiler. Bir aralyk Allanyň Resulyny görmäge we Onuň bilen söhbetdeş bolmaga bir ýaşuly gelýär. Sahabalar şol ýaşula ýer bermeklikde sähel gijikdiler. Olaryň bu hereketini halamansoň derhal olara şeýle duýduryş berdi: «Kiçisine rehim-şepagatly bolmadyk, ulusyny sylamadyk meniň ymmatymdan däldir» (Tirmizi). Ýaşululara sarpa goýmaklyk söz we hereket bilen berjaý ediler. Ýaşululara «Siz» diýip ýüzlenmeli, olaryň adyny gysgaltmaly däl, doly adyny tutmaly, adynyň yzyna-da «aga, daýy, baba» ýaly hormaty bildirýän sözleri goşup ýüzlenmeli. Tanyşlygyna, kesekiligine, milletine, aýal-erkekligine seretmezden, ýaşulular öňüňizden çykanda, olara edep bilen salam bermeli, ol görüşmek üçin elini uzadaýsa, iki eliň bilen görüşmeli. Eger ýaşulynyň özi elini uzatmasa, görüşmek üçin eliňi uzatmak bolmaýar. Köpçülikde, toýda, ýasda, bazarda, ýolagçylykda, öňümizden ýaşuly çyksa, bir tarapa çekilip, olara ýol bermek we salam bermek derwaýysdyr. Ýaşululara kömekleşmek, agyr ýüküni göterişmek, awtobusda, märekede turup, orun bermek edeplilikdir. Ýaşulularyň orny tördedir. Çaý-nahar çekilende-de, ilkinji nobat şolaryňkydyr. Nahar çekiljek bolanda: «Indi nahar getirsek nähili bolar?» diýip, olardan soramaly. Nahardan soň töwir etmek ýaşululara ynanylýandyr. Toýa, märekä gelen ýaşulularyň öňünden çykyp garşylamaly, elini ýuwmakçy bolsa kündügi iki el bilen tutup, suw akytmaly we derrew el süpürilýäni alyp bermeli. Ýaşuly gaýtmakçy bolsa, onuň elini ýuwduryp, öýden belli aralyga çenli ugradyp, hoşlaşyp goýbermeli. Märekelerde, ýaşulularyň gürrüňini edeplilik, salyhatlylyk bilen diňlemeli. Olaryň sözüni bölmeli däl, olaryň sözi ýaramasa-da, olaryň garşysyna gitmek, sözüni ýalana çykarmak biedeplikdir. Bir gün Pygamberimiz aleýhisselamyň huzuryna bir mesele hakynda maglumat bermek üçin gelen üç adamdan iň kiçileri – Abdurrahman bin Sehl söze başlanda, Allanyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem onuň sözüni kesdi-de, «Ulyňyz kim bolsa ilki şol gürlesin» diýdi. Diýmek, ýaşululara hemme ýagdaýda hormat goýmaly. Hawa, sylag-hormat, ýaş kiçiler bilen ulularyň köňülleri arasynda gurlan bir köprüdir. Geljekleri babatda oýlanan halklaryň bu köprini hökman gurmaklary zerurdyr. Sylag- hormatyň ýok ýerinde maşgala agzybirligi bozular, birek-birege söýgi azalar, geljekde gowulyga garaşmak kyn bolar. Bir gün şeýle bir waka bolýar: «Resulyllah aleýhisselam agtygy Hasany ogşady. Akra bin Habis: «Eý, Allanyň Resuly! Meniň on çagam bar, ýöne men olardan hiç birini ogşamaýaryn» diýende, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem): «Ynsanlara merhemet etmedige, Alla hem merhemet etmez» (Müslim) diýdi. Şonuň üçin ýaşulular hem özünden kiçilere mylakatly, sylaşykly, gülerýüzli, rehim-şepagatly bolmalydyr. Şonuň üçin türkmen «Kiçisini sylamadyk, ulusyny sylamaz» diýip jaýdar belleýär. Mukaddes Ruhnama kitabynda ýaşululara sarpa goýmagyň edebi şeýle düşündirilýär: «Edebiň başlangyjy ýaşkiçilik edebidir. Ýaşkiçilik edebi ulynyň uludygyny ykrar etmekden başlanýar. Muny ykrar etmek bolsa, ýaşulynyň öňünde borçludygyňa, oňa ahlak hem gaýry ýörelgelerde boýun bolmalydygyňa düşünmekdir. Ata-babalarymyz ýaşaýyş üçin ähli zatda ölçegliligiň, rejeliligiň we sazlaşygyň gerekdigini bilipdirler. Ýaşy ulyny sylamak adamlar arasyndaky gatnaşyklary ýaş nukdaýnazaryndan sazlaşdyrmak ýörelgesidir.» ■ ALYMLARA HORMAT Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Alym öz ylmy bilen jemgyýetiň maddy we ruhy kämilligine hyzmat etmelidir. Eger ol bu işden çetde galýan bolsa, onuň ylmy bimanylyk, boş hem howaýy akyl satmadan başga hiç zat däldir. Mukaddes Ruhnamadan Alymlaryň halk arasynda sarpasy hemişe uludyr. Ösen medeniýetleriň kemala gelmeginde döwrebap ylymly, hakykatyň hatyrasyna zähmet çekýän, jöwher paýhasly alymlaryň täsiri birinji orundadyr. Başgaça aýdylanda, ylym ösen medeniýetiň döremeginiň baş esasydyr. Yslam dininiň ylma uly ähmiýet berşi ýaly, türkmen halky-da Günbataryň orta asyrlarda yza galak döwürlerinde uly medeniýetleri we beýik alymlary ýetişdirendir. Ylym we medeniýet agajy Merkezi Aziýada türkmen milleti tarapyndan ösdürilipdir. Alym bilen nadan arasynda ýer bilen gök ýaly, görer göz bilen kör arasyndaky ýaly juda uly tapawut bardyr. Bu hakykata Gurhany kerimde şeýle üns çekilýär: «Hiý, bilenler bilen bilmedikler deň bolarmy?» (Zümer, 9). Pygamberimiz aleýhisselam bir hadysynda alymyň mertebesini şeýle suratlandyrýar: «Bir alymyň abyd (ylmy ýok, diňe ybadat bilen meşgullanýan) kişiden üstünligi, meniň siziň araňyzdaky iň pes adam bilen aramyzdaky tapawut ýalydyr» (Tirmizi). Alym diňe ylym eýesi, açyş eden, kitap ýazan adam däldir. Gurhany kerimde Allatagala hakyky alymyň baş sypatynyň Allany tanamak we Ondan gorkmakdygyny nygtaýar: «Alladan doly manyda diňe alymlar gorkar» (Fatyr, 28). Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy-da hakyky alymyň sypatlaryny Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle suratlandyrýar: «Hakyky alym şu sypatlara eýedir: Ylym bilen baýlyk ýygnamak pikiri bolmaz. Ylym hünäri däl, ykbaly bolar. Ýumşak, kiçigöwünli bolar. Özünde iň oňat ahlagy jemlär. Aýdýanyny hereketi bilen tassyklar.» Bu sypatlary özünde jemleýän alym ynsan imrinilmäge mynasyp bolşy ýaly, ahyrýetde-de uly mertebelere ýeterler. Bu babatda hadyslarda şeýle aýdylýar: «Kyýamat-magşar güni üç topar adam şefagat eder, olar: pygamberler, soňra alymlar, soňra bolsa şehitlerdir» (Ibni Maje). «Iki zada imriniler, olar: Allanyň özüne mal baýlygy berip, ol baýlygyny Allanyň razylygy üçin sarp eden adam bilen Allanyň özüne ylym we hikmet bagyş eden hem şol ylmy bilen amal eden adamdyr» (Buhary). Türkmenlerde «ylym atasy», «halypa» diýlen düşünje, alyma goýlan sarpanyň ýokarydygyny görkezýär. Hawa, bir milletiň bagtyýar ýaşamagynda uly goşandy bolan alymlary hormatlamak parzdyr we edeplilikdir. Çünki «Alymlar pygamberleriň mirasdüşeridir» (Buhary). Bir milletiň maddy we ruhy galkynyşyna uly goşant goşýan alymlary hemişe ýagşylykda ýatlap, olara ýagşy doga- dileg etmek gulluk borjumyzdyr. Medeniýetimizi esaslandyryjylaryň we medeni mirasymyzyň hakyky goraýjysy bolan alymlaryň sargytlaryna gulak asyp, olaryň nusga ýaşaýyşlaryny görelde edinmelidiris. Galamynyň syýasy şehitleriň ganyna deň bolan alymlary nesillerimize tanatmaly, olaryň mazaryna zyýarat etmeli. Eden ylmy açyşlaryndan, ýazan kitaplaryndan ynsanlar peýdalandygyça, dünýeden ötenden soň amal depderi ýapylmaýan alymlaryň ylmy işlerini galan ýerinden dowam etdirmek, has uly açyşlary etmek hem alymlaryň öňündäki borçlarymyzdandyr we bu hemişe ösüş gazanmagyň hem esasy şertidir. Bu hakykaty türkmen «Şägirt halypany ozmasa, kär (hünär) ýiter» diýen dana pähimi bilen jaýdar belleýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |