00:04 Türkmeniñ aslyndan gelen edep kadalary | |
TÜRKMENIŇ ASLYNDAN GELEN EDEP KADALARY
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Ýylgyryň, birek-birek bilen duşanyňyzda ýürekden ýylgyryň, ýylgyryp salamlaşyň. Ýylgyryp gürleşiň. Mukaddes Ruhnamadan ■ TÜRKMENDE SALAMLAŞMAK WE ONUŇ EDEBI ■ Salam – şahsy aragatnaşyklaryň «bismillasy» hökmünde Salam duşuşan adamyňyza saglyk we esenlik arzuw etmek diýmekdir. Adamyň adam bilen tanyşmagy, biri-biri bilen ysnyşmagy salamdan başlanýar. Güler ýüz bilen berlen salam we ondan soňky mähirli soraşyklyk ruhuňy göterýär, duşuşanlaryň arasynda birek-birege ynam döredýär. Salam bermek Allanyň buýrugydyr. «Eý, iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň» (Nur, 27). Pygamberimiz bolsa: «Iman etmeseňiz jennete girip bilmersiňiz. Biri-biriňizi söýmeseňiz kämil imana eýe bolup bilmersiňiz. Size biri- biriňizi söýdürjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň» (Müslim) diýip ündäpdir. Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi «Es-selamu aleýkum» diýmekdir. «Selamün aleýkum» diýilse-de dürsdür. Munuň iki görnüşi hem Gurhany kerimde bardyr (ser. Ra’d, 24; Saffat, 79, 130; Taha, 47; Merýem, 33). Salam berlen kişi «We aleýkum-selam» diýip jogap bermelidir. Gurhany kerimde «Size salam berlen wagty siz ondan has gözeli bilen şol salamy alyň ýa-da edil şol derejede jogap beriň...» (Nisa, 86) diýip buýrulýar. Bir adam Pygamberimiziň ýanyna gelip: «Es-selamu aleýkum» diýdi. Pygamberimiz hem şol derejede oňa jogap berdi. Şol adam ýerine geçip oturdy. Pygamberimiz: «On sogap gazandy» diýdi. Soň başga biri gelip: «Es-selamu aleýkum we rahmetullah» diýdi. Pygamberimiz hem: «We aleýkumüs-selam we rahmetullah» diýip jogap berdi we: «Bu ýigrimi sogap gazandy» diýdi. Soň üçünji biri gelip: «Es-selamu aleýkum we rahmetullah we berekätüh» diýdi. Pygamberimiz oňa: «We aleýkumüs-selam we rahmetullahi we berekätüh» diýip jogap berenden soň. «Otuz sogap gazandy» diýdi. Üçünji adam Pygamberimize: «Eý, Resulyllah, sen näme üçin maňa jogaby kemter berdiň? Allatagala: «Salama iň gözel görnüşde jogap beriň» diýmeýärmi?» diýende, Pygamberimiz: «Sen maňa artyk aýdara zat goýmadyň» diýipdir («Ryýazüs-salyhyn» t.2). Salam bermek sünnetdir, almak bolsa parzy-kifaýedir. Salam köpçülige berilse, olardan biri salamy alsa, şol parzyň ýerine ýetirildigi bolýar. Eger hiç biri almasa, hemmesi günäkär bolýar. Diýmek, salam diňe bir duşulanda iki adamyň arasynda ýerine ýetirilýän ýönekeý bir däp-dessur bolman, eýsem, onuň uly manysy, ynsanlary biri-birine ysnyşdyryjy güýji bar. Çünki salam bermek we almak arkaly adamlar öz garşydaşlaryna «Siz maňa ýaradyňyz, men sizi hormatlaýaryn. Sizi görenime örän Şat diýmek isleýärler. Alymlaryň pikirine görä, salamlaşylandan soň, görüşmek üçin uzadylan gol «Ynha, mende hiç hili ýarag ýok, elim boş, diýmek, saňa hiç hili duşmançylygym we seniň bilen uruşmak niýetim ýok» diýen manyny aňladýar. ■ Salamlaşmakda milli edep kadalary Gözbaşyny dinimizden alýan köne türkmen dessury boýunça ulagly pyýada, pyýada ýöräp barýan oturana, kiçi ula, azlyk köplüge salam bermelidir (Buhary). Başga bir hadysda bolsa «Adamlaryň arasynda Allanyň iň halany ilki salam berýänlerdir» (Ebu Dawud) diýilýär. Ýolda duş gelen ýaşululara salam bermän geçmek medeniýetsizlikdir, emma kiçiler ony ýadyndan çykaran wagtynda, ulular olar bilen «Gurgunlykmy? Sag-amanlykmy?» diýip, salamlaşyp geçmegi özüne kiçilik bilmeli däldirler. Şonuň üçin öňüňizden çykan adam sizden uly ýa-da deňeçer bolsa, onuň tanyş-nätanyşlygyna, baý-garyplygyna, milletine parh goýulman salam berilmelidir. Pygamberimiziň ýanyna bir adam gelip: «Yslamyň haýsy işi has gowudyr?» diýip soranda, Pygamberimiz: «Tagam iýdirmek we tananyňa-tanamadygyňa salam bermekdir» (Buhary) diýipdir. Emma gynansagam, uly mähelleli ýerlerde muny berjaý etmek kyndyr. Şonuň üçin diňe tanaýanlaryňa, gatnaşyk saklaýanlaryňa salam berseň, bu sünnetiň ýerine ýetirildigi saýylýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly hem bize bu babatda: Öňde, yzda görseň her kes gulamyň, Ondan aýamagyn Taňry salamyň – diýip nesihat edipdir. Mukaddes Ruhnama kitabynda salamlaşmak edebiniň şertleri: «Ula salamy ilki ber, kiçä eliňi uzadyp, salamlaş! Oturan ýeriňden däl, aýak üstüne galyp, salamlaş! Salamdan soň, uly saglyk-amanlyk soraşýandyr. Gürrüň gutarandan soň, sagbollaşman gidibermek edepsizlikdir» diýlip düşündirilýär. Bir kişi öz öýüne girende, öýde hiç kim bolmasa-da, salam bermelidir. Pygamberimiz hezreti Enese (r.a.) şeýle maslahat beripdir: «Oglum, öýüňe gireniňde salam ber. Şeýle etseň saňa we içeriňe bereket geler» (Tirmizi). Gurhany kerimde bolsa: «Öýe giren wagtyňyz biri-biriňize Alladan feýiz, bereket, ýagşylyk, gözellik, esenlik bolan salamy beriň» (Nur, 61). Mukaddes Ruhnama kitabynda bolsa bu barada şeýle aýdylýar: «Her bir jaýa gireniňizde – öý bolsun, edara bolsun – salam berip gir. Salam öýüň ilkinji hormatydyr.» ■ Salamda elleşmek Elleşip salamlaşmak musulmanlaryň arasynda mähir-muhabbeti görkezýän esaslardan biridir. Ymam Mäligiň «Muwatta» atly kitabyndaky «Elleşiň, kalbyňyzdaky kine aýrylsyn, sowgat beriň, biri-biriňize söýgi döresin, araňyzdaky duşmançylyk aýrylsyn» diýen hadysy muňa aýdyň mysaldyr. Pygamberimiziň: «Salamlaşmagyň soňy elleşip görüşmekdir» (Suýuti, «Jamy’us-sagir») diýmegi salamlaşmakdan soň, elleşmegiň gerekdigini görkezýär. Iki eliň bilen salamlaşmalydyr. Ýöne ýeke eliň bilen salamlaşylsa-da dürsdür. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalary bilen duşuşanda, juma we baýram namazlaryndan soň, şeýle hem bir mesele bilen baglanyşykly mübäreklände elleşip görşer eken (Buhary). Başga bir hadysda Pygamberimiz şeýle diýipdir: «Iki musulman duşuşan wagty elleşip, Aziz we Jelil bolan Alladan biri-birine afuw edilmegi dileseler, entek aýrylmanka, Allatagala olary bagyşlar» (Buhary, Ebu Dawud). Elleşmekçi bolnanda, ýaşuly adam ýaşkiçä elini uzatmalydyr. Eger ol elini uzatmasa, kiçiniň ula elini uzatmasy gelşikli däldir. Uly elini uzadanda, ýaşlaryň oňa hormat bilen iki elini bermegi edeplilik saýylýar. Öz deň-duşlaryň bilen görşeniňde-de salyhatlylygy saklamaly, güler ýüz bilen onuň ýüzüne göni seredip elleşmeli. Garşyňda duranyň elini silkelemek, oňa öz güýjüňi görkezmek üçin elini aşa gysmak kelpezlikden habar berse, eliňi göwünli- göwünsiz uzatmak ýa-da ýeke eliň, onda-da diňe 2-3 barmagyň bilen el ujy görüşmeklik ulumsylygyň alamaty saýylýar. Günde-günaşa görşüp, tirkeşip ýören dostuň bolanda-da, onuň bilen gürleşeniňde degişmäni soňa goýup, salyhatlylygy saklamak derwaýysdyr. «Ertiriňiz (agşamyňyz) haýyrly bolsun!» diýmeklik hem salamyň ýerini tutup bilýär, ýöne, has dogrusy, bu sözler salamyň yzyndan aýdylmalydyr. Bir adam size tanyş ýa garyndaşlaryňyzdan salam getiren bolsa, ýagny «Pylany saňa salam aýtdy» diýilse, ilki «We aleýküm salam» diýip, soňra «Salam iberenem, getirenem sag bolsun» diýip, alkyş aýtmaly. ■ Köpçülikde salamlaşmak edebi Köpüň ýygnanan ýerine barlanda salam berlişi ýaly, gideniňde-de salam berilmelidir. Pygamberimiz: «Sizden biriňiz köpüň ýygnanan ýerine gelende salam berşi ýaly, gidende-de salam bersin...» (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir. Köpçüligiň döwre gurap oturan ýerinde diňe salam berip, mynasyp bir ýere geçip oturmaly. Oturan märeke bilen ýeke- ýeke elleşip görüşmeklik edepsizlik hasaplanýar. Çünki ol oturanlaryň ünsüni sowup, rahatlygyny bozýar. Nahar iýip oturanlar bilen hem ýeke-ýeke elleşip görüşmeklik dogry däldir. Oturan ýa-da dik duran märeke bilen ýeke-ýekeden görşüp çykmakçy bolnanda, onda sagdan çepe aýlanyp, iki el bilen görüşmelidir. Märekede ýaşulular bar bolsa, onda ilki olar bilen görşüp, soňra ondan çepde duranlar (oturanlar) bilen elleşmeli. Uly märekede, wajyp bir meseläniň maslahaty gidip duran ýygnakda biri gürrüň edip duran wagty ünsi sowmazlyk üçin, gaty gygyryp salam bermek bolmaýar, diňe töweregiňdäkiler bilen baş atyşyp salamlaşmak bilen oňmaly. Metjitlerde diňe juma we baýram namazlaryndan soň, elleşmek sünnet hasaplanypdyr. Emma metjitde okalýan, beýleki adaty bäş wagt namazdan soň elleşmek dogry saýylmandyr. Çünki ilki duşuşyp salamlaşanyňdan soň elleşilýär. Häzirki döwürde hem metjitdäki ähli kişi bilen elleşmek mümkin hem däldir. Emma ýanyňdaky elini uzatsa, elleşmelidir. ■ Zenanlar bilen salamlaşmagyň we elleşmegiň edebi Zenanlara, çagalara hem salam bermek dürsdür. Hezreti Enes (r.a.) çagalara duş gelende salam berip: «Resulyllah (s.a.w.) hem şeýle edýärdi» diýer eken. Ýezidiň gyzy Esma şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe aýal bilen otyrdyk. Pygamberimiz deňimizden geçende, bize salam berdi» (Ebu Dawud). Bir kişä aýalynyň ýanyndaka salam bermek hem dürsdür. Çünki Pygamberimiz itikafdaka ýanyna gelen aýaly Safiýýäni öýüne äkidende, iki sany sahaba Pygamberimize salam beripdir («Tejridi Saryh»). Diýmek, zenan erkege salam berip bilýär we salamyny hem alyp bilýär. Ýöne salam berende we alanda zenanlar diňe garyndaşyna ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýda özgä-de salam bermelidir. Zenanyň ýolda ýöräp barşyna, her öňünden çykana salam bermegi dürs däldir. Bu pitne döredip biler. Şonuň üçin Hanefi alymlary «Zenan erkege, erkek zenana salam berip biler, ýöne erkegiň ýaş zenana, ýaş zenanyň erkege salam bermegi mekruhdyr» diýip belläpdir. Häzirki döwürde zenanlar salamlaşanlarynda diňe «salam» ýa-da, «salamälik» diýmeklik däbe öwrülendir. Mukaddes Ruhnama kitabynda zenanlar bilen salamlaşmak we elleşmek barada şeýle aýdylýar: «Öýe gireniňde, ilki sag aýagyňy ätläp gir. Erkek adam bilen elleşip görüş, aýal maşgala ýakynyň bolmasa, eliňi uzatma. Türkmençilikde erkek bilen salamlaşmagyň düzgüni aýallaryňkydan, ýaşuly bilen salamlaşmagyň şertleri ýaşkiçileriňkiden, tanyş bilen salamlaşmak nätanyşyňkydan tapawutlanýar. Şu tapawutlar hem türkmeniň salamlaşmak edebiniň gadymy hem inçe, kämil işlenip düzülendigini görkezýär.» Hawa, zenanlar bilen elleşmek ýalňyşdyr. Zenanlar, ylaýta-da, gelin-gyzlar elini uzatmasa, olar bilen elleşmek üçin ýigitleriň elini uzatmasy edepsizlik hasap edilýär. Gelin-gyzlaryň hem nätanyş we mährem erkeklere ellerini uzatmasy edepsizlikdir. Şeýle hem şerigatda aýal ýaş we şehwete sebäp boljak ýagdaýda bolsa, onuň bilen elleşmek haram saýylypdyr. Ýöne türkmen däbinde garry aýallar bilen elleşmek bolýar. Ol bolsa eşiginiň ýeňiniň üstünden elleşilýär. ■ Salam berilmedik mekanlar we kişiler Şerigatda aýdylyşyna görä, şu aşakda sanalan ýerlerde we şu kişilere salam berilmeýär: Hajathana we hammam ýaly hapa ýerdäkilere, günä iş bilen meşgullanýana, sözüni bölmezlik we ünsi çekmezlik üçin azan okaýana, namaz okaýana, Gurhan okaýana, ylym bilen meşgullanýana, söhbet edip oturanlara. Türkmenistanyň köp ýerlerinde merhumyň (onda-da ýaş ynsanyň) aýat-jynazasynda hem görşüp salamlaşylmaýar, diňe baş atyp ýa-da pessaý ses arkaly salam bermek bilen oňňut edilýär. Görşümiz ýaly, salamlaşmak özboluşly ajaýyp sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, biziň döwrümize ýetirilen mahsus ýörelgeleri, däp-dessurlary bar. Olary berjaý etmeýän, başdansowma seredýän her bir adamyň köpçülikde utanja galmagy mümkindir. ■ TÜRKMENDE ÝAŞULULARA SARPA Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Türkmen döwletiniň öňden gelýän ruhy ýörelgelerinde ýaşuly nesli akyl-paýhas meselelerinde öňe tutmak esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şu aýratynlygy täze guran döwletimiziň ýörelgeleriniň hirine öwürdik. Döwlet gurluşynda iň möhüm zat milli aýratynlyklary, halkyň taryhyny, dünýägaraýşyny we şuňa meňzeşlerini göz öňüne tutmakdyr. Şonuň üçin hem döwlet dolandyrylyşynda Ýaşulular maslahaty esasy merkezdir. Mundan beýläk hem döwlet dolandyrylyşynda Ýaşulular maslahaty esasy merkez bolmagynda galmalydyr. Şeýtsek, halkymyzyň taryhy döwlet tejribesiniň iş ýüzünde dowam etdirildigi bolar. Mukaddes Ruhnamadan ■ Ýaşululary sylamagyň edebi «Edebiň ýagşysy ulyny sylamak» diýen dana pähimi döreden türkmen ýaşy uly, ylmy artyk, wezipe taýdan ýokary, takwalyk we gudratynyň derejesi taýyndan öňde bolan adamlara «ýaşuly» diýýär. Bu sypatlary bar adamlara beýleki adamlaryň sarpa goýmaklary, mynasyp hormat etmekleri edeplilikdir. Türkmeniň ýaşululyk edebiniň ata-baba nesilden nesle dowam edip gelen asylly däp-dessurdygy Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle nygtalýar: «Oguz han Türkmen ýaşy ýekeje gün uly bolsa-da, ulyny sylamagy parz edipdir. «Ulug ýokmy – ulama bar» diýip, ýaşuly kethuda ýok ýerinde ylymlyny sylamagy parz edipdir.» Dinimiz hem musulmanlaryň ulularyna hormat etmeklerini, munuň ahlak taýyndan borç we edeplilikdigini nygtaýar. Her ynsan hökman çagalyk, ýaşlyk, ýaşululyk çagyny başyndan geçirer. Şu güniň ýaşululary düýnki ýaşlar we çagalardyr. Şonuň üçin garranynda özünden kiçilerden sylag-hormata garaşýan, ýaşlygynda ulularyna sarpa goýmalydyr. Pygamberimiz bu babatda şeýle aýdýar: «Bir ýaş ýigit ýaşuly adama ýaşy sebäpli hormat etse, Allatagala hem ol garranda oňa hyzmat etjek adamlary döreder» (Tirmizi). Ýaşululara sarpa goýmaklyk, Allatagala tagat kylmak bilen göni baglanyşyklydyr. Allany tanaýan we Oňa tagzym bilen boýun egenler özünden ululara hem hormat ederler. Şonuň üçin Pygamber Serwerimiz: «Ulyny sylamak, Alla tagzym etmegiň netijesidir» diýip belleýär. Günlerden bir gün, sahabalar (Alla olardan razy bolsun), Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellemiň) töwereginde oturyp, Ony diňleýärdiler. Bir aralyk Allanyň Resulyny görmäge we Onuň bilen söhbetdeş bolmaga bir ýaşuly gelýär. Sahabalar şol ýaşula ýer bermeklikde sähel gijikdiler. Olaryň bu hereketini halamansoň derhal olara şeýle duýduryş berdi: «Kiçisine rehim-şepagatly bolmadyk, ulusyny sylamadyk meniň ymmatymdan däldir» (Tirmizi). Ýaşululara sarpa goýmaklyk söz we hereket bilen berjaý ediler. Ýaşululara «Siz» diýip ýüzlenmeli, olaryň adyny gysgaltmaly däl, doly adyny tutmaly, adynyň yzyna-da «aga, daýy, baba» ýaly hormaty bildirýän sözleri goşup ýüzlenmeli. Tanyşlygyna, kesekiligine, milletine, aýal-erkekligine seretmezden, ýaşulular öňüňizden çykanda, olara edep bilen salam bermeli, ol görüşmek üçin elini uzadaýsa, iki eliň bilen görüşmeli. Eger ýaşulynyň özi elini uzatmasa, görüşmek üçin eliňi uzatmak bolmaýar. Köpçülikde, toýda, ýasda, bazarda, ýolagçylykda, öňümizden ýaşuly çyksa, bir tarapa çekilip, olara ýol bermek we salam bermek derwaýysdyr. Ýaşululara kömekleşmek, agyr ýüküni göterişmek, awtobusda, märekede turup, orun bermek edeplilikdir. Ýaşulularyň orny tördedir. Çaý-nahar çekilende-de, ilkinji nobat şolaryňkydyr. Nahar çekiljek bolanda: «Indi nahar getirsek nähili bolar?» diýip, olardan soramaly. Nahardan soň töwir etmek ýaşululara ynanylýandyr. Toýa, märekä gelen ýaşulularyň öňünden çykyp garşylamaly, elini ýuwmakçy bolsa kündügi iki el bilen tutup, suw akytmaly we derrew el süpürilýäni alyp bermeli. Ýaşuly gaýtmakçy bolsa, onuň elini ýuwduryp, öýden belli aralyga çenli ugradyp, hoşlaşyp goýbermeli. Märekelerde, ýaşulularyň gürrüňini edeplilik, salyhatlylyk bilen diňlemeli. Olaryň sözüni bölmeli däl, olaryň sözi ýaramasa-da, olaryň garşysyna gitmek, sözüni ýalana çykarmak biedeplikdir. Bir gün Pygamberimiz aleýhisselamyň huzuryna bir mesele hakynda maglumat bermek üçin gelen üç adamdan iň kiçileri – Abdurrahman bin Sehl söze başlanda, Allanyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem onuň sözüni kesdi-de, «Ulyňyz kim bolsa ilki şol gürlesin» diýdi. Diýmek, ýaşululara hemme ýagdaýda hormat goýmaly. Hawa, sylag-hormat, ýaş kiçiler bilen ulularyň köňülleri arasynda gurlan bir köprüdir. Geljekleri babatda oýlanan halklaryň bu köprini hökman gurmaklary zerurdyr. Sylag- hormatyň ýok ýerinde maşgala agzybirligi bozular, birek-birege söýgi azalar, geljekde gowulyga garaşmak kyn bolar. Bir gün şeýle bir waka bolýar: «Resulyllah aleýhisselam agtygy Hasany ogşady. Akra bin Habis: «Eý, Allanyň Resuly! Meniň on çagam bar, ýöne men olardan hiç birini ogşamaýaryn» diýende, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem): «Ynsanlara merhemet etmedige, Alla hem merhemet etmez» (Müslim) diýdi. Şonuň üçin ýaşulular hem özünden kiçilere mylakatly, sylaşykly, gülerýüzli, rehim-şepagatly bolmalydyr. Şonuň üçin türkmen «Kiçisini sylamadyk, ulusyny sylamaz» diýip jaýdar belleýär. Mukaddes Ruhnama kitabynda ýaşululara sarpa goýmagyň edebi şeýle düşündirilýär: «Edebiň başlangyjy ýaşkiçilik edebidir. Ýaşkiçilik edebi ulynyň uludygyny ykrar etmekden başlanýar. Muny ykrar etmek bolsa, ýaşulynyň öňünde borçludygyňa, oňa ahlak hem gaýry ýörelgelerde boýun bolmalydygyňa düşünmekdir. Ata-babalarymyz ýaşaýyş üçin ähli zatda ölçegliligiň, rejeliligiň we sazlaşygyň gerekdigini bilipdirler. Ýaşy ulyny sylamak adamlar arasyndaky gatnaşyklary ýaş nukdaýnazaryndan sazlaşdyrmak ýörelgesidir.» ■ ALYMLARA HORMAT Beýik Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Alym öz ylmy bilen jemgyýetiň maddy we ruhy kämilligine hyzmat etmelidir. Eger ol bu işden çetde galýan bolsa, onuň ylmy bimanylyk, boş hem howaýy akyl satmadan başga hiç zat däldir. Mukaddes Ruhnamadan Alymlaryň halk arasynda sarpasy hemişe uludyr. Ösen medeniýetleriň kemala gelmeginde döwrebap ylymly, hakykatyň hatyrasyna zähmet çekýän, jöwher paýhasly alymlaryň täsiri birinji orundadyr. Başgaça aýdylanda, ylym ösen medeniýetiň döremeginiň baş esasydyr. Yslam dininiň ylma uly ähmiýet berşi ýaly, türkmen halky-da Günbataryň orta asyrlarda yza galak döwürlerinde uly medeniýetleri we beýik alymlary ýetişdirendir. Ylym we medeniýet agajy Merkezi Aziýada türkmen milleti tarapyndan ösdürilipdir. Alym bilen nadan arasynda ýer bilen gök ýaly, görer göz bilen kör arasyndaky ýaly juda uly tapawut bardyr. Bu hakykata Gurhany kerimde şeýle üns çekilýär: «Hiý, bilenler bilen bilmedikler deň bolarmy?» (Zümer, 9). Pygamberimiz aleýhisselam bir hadysynda alymyň mertebesini şeýle suratlandyrýar: «Bir alymyň abyd (ylmy ýok, diňe ybadat bilen meşgullanýan) kişiden üstünligi, meniň siziň araňyzdaky iň pes adam bilen aramyzdaky tapawut ýalydyr» (Tirmizi). Alym diňe ylym eýesi, açyş eden, kitap ýazan adam däldir. Gurhany kerimde Allatagala hakyky alymyň baş sypatynyň Allany tanamak we Ondan gorkmakdygyny nygtaýar: «Alladan doly manyda diňe alymlar gorkar» (Fatyr, 28). Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy-da hakyky alymyň sypatlaryny Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle suratlandyrýar: «Hakyky alym şu sypatlara eýedir: Ylym bilen baýlyk ýygnamak pikiri bolmaz. Ylym hünäri däl, ykbaly bolar. Ýumşak, kiçigöwünli bolar. Özünde iň oňat ahlagy jemlär. Aýdýanyny hereketi bilen tassyklar.» Bu sypatlary özünde jemleýän alym ynsan imrinilmäge mynasyp bolşy ýaly, ahyrýetde-de uly mertebelere ýeterler. Bu babatda hadyslarda şeýle aýdylýar: «Kyýamat-magşar güni üç topar adam şefagat eder, olar: pygamberler, soňra alymlar, soňra bolsa şehitlerdir» (Ibni Maje). «Iki zada imriniler, olar: Allanyň özüne mal baýlygy berip, ol baýlygyny Allanyň razylygy üçin sarp eden adam bilen Allanyň özüne ylym we hikmet bagyş eden hem şol ylmy bilen amal eden adamdyr» (Buhary). Türkmenlerde «ylym atasy», «halypa» diýlen düşünje, alyma goýlan sarpanyň ýokarydygyny görkezýär. Hawa, bir milletiň bagtyýar ýaşamagynda uly goşandy bolan alymlary hormatlamak parzdyr we edeplilikdir. Çünki «Alymlar pygamberleriň mirasdüşeridir» (Buhary). Bir milletiň maddy we ruhy galkynyşyna uly goşant goşýan alymlary hemişe ýagşylykda ýatlap, olara ýagşy doga- dileg etmek gulluk borjumyzdyr. Medeniýetimizi esaslandyryjylaryň we medeni mirasymyzyň hakyky goraýjysy bolan alymlaryň sargytlaryna gulak asyp, olaryň nusga ýaşaýyşlaryny görelde edinmelidiris. Galamynyň syýasy şehitleriň ganyna deň bolan alymlary nesillerimize tanatmaly, olaryň mazaryna zyýarat etmeli. Eden ylmy açyşlaryndan, ýazan kitaplaryndan ynsanlar peýdalandygyça, dünýeden ötenden soň amal depderi ýapylmaýan alymlaryň ylmy işlerini galan ýerinden dowam etdirmek, has uly açyşlary etmek hem alymlaryň öňündäki borçlarymyzdandyr we bu hemişe ösüş gazanmagyň hem esasy şertidir. Bu hakykaty türkmen «Şägirt halypany ozmasa, kär (hünär) ýiter» diýen dana pähimi bilen jaýdar belleýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |