TÜRKMENIŇ MAŞGALA AGZALARYNYŇ ÖZARA GATNAŞYKLARYNDAKY EDEP
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Bu gün – Türkmeniň Altyn asyrynda milleti ýaňadan döretmegiň esasy ugry maşgala gatnaşyklaryny we maşgala gymmatlyklaryny dikeltmekdir. Bu gatnaşyklaryň içinde perzent borjy, perzent bergisi aýratyn orun tutýar.
Mukaddes Ruhnamadan
■ Äriň maşgaladaky wezipeleri
Türkmen erkek kişisi öz maşgalasyna uly sarpa goýmaly. Türkmen maşgala ojagynda aýalyň orny hemişe ýokarydyr.
Aýalyň äriniň öňünde borjunyň bolşy ýaly, äriň hem aýalyň öňünde berjaý etmeli hak-hukuklary bardyr. Aýal hem erkek ýaradylyş maksadyna düşünip, öz jogapkärçiligini ýerine ýetirse, elbetde, şol maşgala elmydama bagtyýar we abraýly ýaşar. Mukaddes Ruhnama kitabynda bu barada şeýle aýdylýar: «Türkmeniň erkek kişisi öz öý-ojagyna, öz maşgalasyna başarnykly ýolbaşçylyk etmelidir, olary ýagşylyga ugrukdyrmalydyr.»
Erkek kişisiniň baş jogapkärçiligi, içersini halal gazanç bilen eklemekdir. Türkmen halaly halaýar, haramy ýigrenýär, çünki türkmen, haram eklenç bilen ýetişdirilen çagalaryň jähennem zakguny ýaly, ynsana durmuşynda azap berjekdigine berk düşünýär. Eger iýenimiz, içenimiz, geýenimiz, güzeranymyz haram gazançdan bolsa, onda bu ýagdaý önýän çagalaryň betbagt bolmagyna elter. Çünki haram bilen ösdürilýän ynsanyň ruhy dünýäsi şeýtana meýillidir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Allanyň Käbesini togap edeniňde, egniňde haram gazançdan alnan eşik, içinde haram lukma bolan biri: «Lebbeýk Allahumme, lebbeýk» diýse-de, Alla onuň bu dogasyna jogap bermez (Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»). Ynha, şonuň üçin türkmen maşgalabaşysy, bir lukma-da bolsa, ony maşgalasyna iýdirmekden saklanýar, Alladan gorkýar.
Şeýle hem, erkek kişi aýalyň öz zadyny isleýşi ýaly sarp etmegine böwet bolmaly däl, aýalyň razylygy bolmazdan, oňa degişli zatlary sarp etmezlige üns bermeli. Ýagdaýyna görä, ony iň oňat şekilde geýdirmeli. Onuň bilmeýän zatlaryny sabyr bilen öwretmeli.
Maşgalany biri-birine birikdirýän iň esasy zat söýgüdir. Är-aýal biri-birini söýmegiň ýollaryny gözlemelidir. Bu meselede iň uly wezipe erkege düşýär. Şonuň üçin erkek adam içersine mylakatly bolmaly, öýüne gelende aýalyna salam bermeli, söz we hereketi bilen ony söýýändigini belli edip, ýagdaýyny soramaly. Agyran-ynjan bolsa, ýaramasa, gynanjyny paýlaşmaly, öýüň işlerinde, çagalarynyň terbiýesinde oňa kömek bermelidir. Maşgala agzybirligini, parahatlygyny saklamak üçin Gurhany kerimde: «Aýallaryňyza ýakymly boluň» (Nisa, 19) diýilýär. Pygamberimiz aleýhis-salam bolsa: «Siziň iň haýyrlyňyz, aýalyna iň haýyrly bolanyňyzdyr» (Ibni Maje) ýaly sargyt edýär. Hezreti Omar (Alla ondan razy bolsun) bolsa maşgalasyndan närazy ärlere: «Olaryň göwnünden turjak, olary razy etjek ýollary gözläň» diýen maslahat berýär.
Mukaddes Ruhnama kitabynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem bu barada şeýle sargyt edýär: «Ýigitler! Siz Günsüňiz, siz ýylgyryp öz maşgalaňyzyň göwnüni awlasaňyz, gelniňiz Aý bolup dünýäňizi nurdan doldurar!..»
Türkmen ýigidi zyna we aşa oňşuksyzlyga eltmese, aýalyna geçirimli bolmalydyr.
Bir günden artyk öýke saklamaly däl, aýalyňy hiç wagt urmaly däldir. Erkek adam başga aýallar bilen gatnaşykda şübhe döretjek ýagdaýlardan, aýalyny başga biri bilen deňeşdirmekden, başga aýallar bilen tirkeşmekden özüni saklamalydyr. Gurhany kerimde: «Aýallaryňyza ýakymly boluň. Eger olar göwnüňizden turmasa-da, Alla size şolaryň üsti bilen haýyr takdyr edendir» (Nisa, 19) diýüp buýrulýar. Ýagny, Alla olardan salyh bir perzent öndürip sizi begendirer. Şonuň üçin bagyşlanyp boljak aýyplara geçirimli boluň diýilýär.
Bu barada Mukaddes Ruhnama kitabynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem şeýle nygtaýar: «Ölüp-öçüp aýalyny söýüp barýan bolmasa-da, aýalyna hormat goýup, aýaly bilen dostana bolup, aýaly bilen sözsüz düşünişip bilýän adamlar zeminiň ýalkan adamlarydyr. Beýle maşgalada agzybirlik, bagt, jebislik, düşünişmek, duýgy höküm sürýändir. Beýle maşgala bagtyýar, ýagny öz-özinü bagtyýar edip bilýän maşgaladyr.»
Aýala äsgermezçilik etmeli däldir. Aýal bolsun, erkek bolsun, säwlik bilen ýalňyşany ýaňsa almaly däldir. Gurhany kerimde: «Eý, iman edenler, sizden hiç bir jemagat başga bir jemagaty ýaňsa alyp, üstünden gülmesin. Mümkin, ýaňsa alnanlar, ýaňsylanlardan has haýyrly bolup biler...» (Hujurat, 11) diýilýär.
■ Aýalyň maşgaladaky wezipeleri
Türkmeniň maşgala gurluşynda erkek maşgalabaşydyr. Aýal ärine boýun bolmalydyr. Maşgalanyň abadanlygy muňa baglydyr. Dinimiz-de aýala Alladan soň ärine hormat goýmagy ündeýär. Maşgalanyň bagty we sagadaty üçin Allanyň emrine we gadagan eden zatlaryna ters gelmeýän ýagdaýynda, aýal ärine gulak asmalydyr. Gurhany kerimde: «Ýagşy aýallar ytagatkär bolup, Alla jelle jelaluhu olaryň hak-hukuklaryny nähili goraýan bolsa, olar hem äri öýde ýok wagtynda hak- hukuklaryny goraýanlardyr» (Nisa, 34) diýilýär. Aýalyň äri öýde ýok wagty onuň hak-hukugyny goramagy iki görnüşde bolup biler. Biri zynadan saklanyp, äriniň abraýyny goramagy, ikinjisi bolsa, äriniň mal-mülküni aýamagydyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär: «Kişiniň elindäki hazynalarynyň iň gowusyny aýdaýynmy? Ol seredeniňde göwnüňi açýan, emr edeniňde boýun egýän, sen öýde ýok wagtyň malyňy we namysyňy goraýan salyha bir aýaldyr» (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel). Başga bir hadysda bolsa şeýle aýdýar: «Äri özünden hoşal bolan musulman bir aýal hökman jennete girer» (Tirmizi).
Şeýle aýat we hadyslaryň netijesinde türkmen maşgalasy üçin şu zatlar dessur bolup galypdyr: Aýal äriniň arzuw- islegini, buýrugyny ýerine ýetirmelidir. Äriniň malyna, janyna, ar-namysyna, at-abraýyna zyýan berjek her dürli hal- hereketden özüni saklamalydyr. Äriniň getirenini ýerlikli sarp etmeli, aza kanagat etmesini bilmeli, tygşytly ýaşamaly, açgöz bolmaly däl, isrip etmeli däl, äriniň malyny soramazdan, hiç kime bermeli däl, adamsynyň ojagyny bagtly ýaşatmak isleýändigini bilmeli.
Äriniň halamaýan adamlary we maşgalalary bilen gatnaşmaly däldir. Öýde äri ýa-da äriniň ynanýan adamsy bolmadyk wagtynda öýe keseki erkek kişini goýbermeli däl. Diňe özüne mährem bolan adamlary, ýagny, öz erkek dogany, daýysy, kakasy, atasy, gaýynatasy gaýynagalary gatnaşyk edip biler. Türkmen erkegi hem öýüň adamsy ýa-da zenanyň mähremi bolmasa, şol öýe girmegiň edepsizlikdigini bilmeli.
Aýal maşgalanyň syrlaryny paş etmeli däldir. Aýalyň maşgala ýa-da ärine degişli bir syry iň ýakyn garyndaşyna hem aýtmagy dürs däldir. Bu maşgalanyň agzybirligine zeper ýetirjek zadyň iň ilkinjisidir.
Aýal öýünde egin-başyna üns bermeli, äriniň göwnünden turjak şekilde bezenmegi we geýinmegi başarmaly. Öýünde hapa geýnip, özüne seretmän gezýän, daşaryk çykanda bezenýän aýal, näme üçin we kim için geýinýändigine, äriniň her hili düşünip biljekdigini unutmaly däl.
Gepiň gysgasy, bir ömri bile geçirmeklige söz we göwün beren adamlar bolup, är-aýal biri- birini gowy tanamalydyr. Biri-biriniň nämeden hoşal bolýandygyny, nämäni ýigrenýändigini öňünden syzyp, özlerini şoňa görä alyp barmalydyrlar.
Pedagogika we edep-terbiýe