08:26 Türkmeniñ maşgala gurmak däbi | |
TÜRKMENIŇ MAŞGALA GURMAK DÄBI
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Haýsy maşgala agzybir bolsa, şol maşgala döwletlidir. Mukaddes Ruhnamadan Bir milletiň we jemgyýetiň sagdynlygy we kämilligi maşgala bilen berk baglanyşyklydyr. Maşgala mukaddes ojakdyr. Maşgala mukaddesligini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirýär: «Millet jemgyýetden ybaratdyr, jemgyýetiň esasy birligi, jemgyýetiň esasy daýanjy bolsa maşgaladyr. Jemgyýetiň ahlak, ruhy we edep kämilligi-de maşgalanyň kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklajak bolsaň, maşgalany sagdyn we arassa saklamaly. Jemgyýetiň azmazlygyny isleseň, maşgalanyň azmazlygynyň aladasyny etmeli. Jemgyýetde durnuklylyk, abadançylyk we parahatlyk bolmagyny isleseň, maşgalanyň durnukly, abadan we parahat bolmagyny gazanmaly. Jemgyýetiň dynçlygy we oňşuklylygy maşgaladan başlanýar.» Başlangyjynda sagdyn esaslarda gurlan, maddy we ruhy sagadatda ýaşaýan maşgala millet üçin berk esasy we fazyletli şahslary ýetişdirýän mübärek mekdepdir. Öýlerini mekdep ýaly feýzli we bereketli, mekdeplerini hem öýleri ýaly mähirli, muhabbetli ýagdaýa getirip bilen millet geljek nesliň parahat we bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýär. Milleti we maşgalany şahslar düzýär. Maşgala kiçi, mil- let bolsa uly maşgaladyr. Şonuň üçin maşgalalar ýagşy bolsa, millet ýagşy, maşgalalar erbet bolsa, millet hem erbetdir. Gurhany kerimde maşgala gatnaşyklary ahlak, hukuk we jemgyýetçilik taýdan giňden düşündirilýär. Ynsan onda bellenen düzgünlere görä ýaşasa, parahat, bagtyýar ömür sürer. Pygamberimiz hem maşgala durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri sahabalaryna düşündiripdir we öz ýaşaýşy bilen nusga bolupdyr. Türkmençilikde-de maşgala ýaşaýşyna aýratyn üns berlipdir. Türkmeniň maşgala gurmak däp-dessury, adaty müň ýyllyklaryň dowamynda ösüp kemala gelendir. Bu däp-dessurlaryň esasynda gurlan maşgala agzybir, abadan, durnukly, parahat maşgala bolýar. ■ Öýlenmek Ynsan ýaradylanda ýanýoldaşy bilen ýaradylandyr. Ynsanyň özbaşyna ýaşaýan döwri ýok diýiljek derejede gaty azdyr. Ilkibaşda ýanýoldaşy bilen birlikde ýaradylmak, ynsan üçin öýlenmegiň tebigy zerurlykdygyny görkezýär. Ynsan tebigatynyň zerurlygy bolan öýlenmek – öý gurmak, maşgala gurmak bilen baglanyşykly bolup, şahsyýetiň duýgy we düşünjeleriniň, jynsy arzuw-islegleriniň tertipleşdirilmegidir. Öýlenmegiň asyl maksady Allany we Onuň Resulyny razy etjek nesilleri ýetişdirmekdir. Nesil ýetişdirmek maksady bolmazdan, öýlenmek güýmenje we şowhundan ybarat bolup, şol «öýlülikden» önen çagalar hem bir pursatlyk duýgynyň gurbany – betbagtlardyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Öýleniň, köpeliň! Çünki men kyýamat gününde ymmatymyň köplügi bilen buýsanaryn» (Ajluni «Keşful-Hafa»; Abdurrezzak «Musannef») diýipdir. Ýagny, sepil, keýpi-sapanyň guly, biedep, wyždany bozuk nesile Resuly Ekremiň buýsanmajagy aýandyr. Serwerimiziň köpelmegini arzuw eden nesli: dini, ahlagy arassa, milletine, maşgalasyna wepaly, Allahy we Onuň Resulyny razy etjek nesildir. Bu maksady özünde jemlemän gurlan maşgala niýetsiz amallar ýaly netijesiz we bereketsizdir. Şonuň üçin öýlenjekler birek-biregiň daş owadanlygyna, baýlygyna we jemgyýetdäki tutýan derejesine görä däl-de, ruhy gözelligine, namys we ahlak düşünjesine seredip maşgala gurmalydyr. Maşgala gurýanlar maşgalaly bolmagyň ullakan borçdugyny unutmaly däldir. Maşgalabaşy bolmaly ýigit geljekde maşgalasyny eklemäge, goramaga, çagalaryna terbiýe bermäge borçludyr. Gyz bolsa bir öýüň keşigini çekmäge, adamsyna söýget bolmaga, sagdyn nesil ýetişdirmäge taýyn bolmalydyr. Bularyň şu zatlary etmäge ýeterlik akyly, sowady, gaýraty bolmalydyr. Iň esasy zat hem boýnuna düşen boijy maşgalanyň, ene-atanyň, jemgyýetiň hatyrasyna, şeýle hem hut öz mertebäň üçin birkemsiz ödemelidir. Borjuny berjaý edip bilmeýän adamda mertebe bolmaz. Mertebesizlik binamyslyga elter. Ynsan nesli, ýene ynsan bilen dowam eder, kalp we ruhuň mertebesine ýetmedik bir ynsan bilen... Edep-terbiýe görmedik, ruhy duýgularyny ösdürip bilmedik, ýagny, kämil ynsan bolup ýetişmedik nesiller, Adam atanyň neslinden gelseler-de, ynsan görnüşindäki wagşylar bolup ulalan betbagtlardyr. Hawa, Haka sygynyp, mantyk we düşünjäni esas edinip, ilkinji kerpiji goýlan maşgala şeýle bir mübärek öýdür, ol ömürboýy mekdep ýaly işlär we ýetişdiren nesilleri bilen halkynyň edepliliginiň we dowamlylygynyň girewidir. Oýlanyp-ölçenilmän gurlan maşgala yzynda gözi ýaşly eneleri, maşgala mährinden mahrum ýalňyz köňülleri galdyrar. Öýlenmegiň şahsyýete peýdasy bir bolsa, millete has köpdür. Şeýle hem oýlanylman gurlan maşgala hem-de asla öýlenmezlik we durmuşa çykmazlyk, gyzlary sepil, ýaş ýigitleri ryswa eder. Netijede, halk geljegini ýitirer. ■ Türkmeniň gudaçylyk dessury we sawçy ibermek däbi Türkmende maşgala gurmak gudaçylykdan başlanýar. Gudaçylyk dessury Mukaddes Ruhnama kitabynda aýratyn hem-de giňişleýin şeýle düşündirilýär: «Gudaçylyk özboluşly dessurdyr. Ogul öýermek isleýän ata-ene ýakyn garyndaşlary bilen maslahatlaşyp, öz ýanlaryndan öz göwün diýjek gelinligini saýlap goýýarlar. Gelinlik saýlananda iki sany zatdan ugur alynýar. Bularyn birinjisi, guda bolunjak maşgalanyň asly, il içindäki at- abraýy, maddy ýagdaýy we olar bilen garyndaşlyk açmagyň mümkingadarlygydyr. Ikinji esasy zat bolsa,gelinligiň başarnygy, gork-görmegi we gylyk-häsiýetidir. Şu iki meselede ata-ene oňyn çözgüde gelenden soňky möhüm iş – pikirini bilmekdir. Oglan niýet edinilýän gelinlige öz makullugyny bildirenden soň, gudaçylyk işi çynlakaý häsiýete geçip Eger-de öz halaýan gyzy bar bolsa, ata-ene hem ýigidiň bu islegini makullasa, şondan soň gudaçylyga barylýar. Keseki maşgala gudaçylyga barmagyň öz şertleri we dessurlary bardyr. Gudaçylyk, garyndaşlyk açmak inçe işdir. Munda gönümel hereketler, aç-açanlyk känbir oýlanylmaýar. Bu işiň başyny başlaýja, gudaçylykda ýardam berijä türkmençilikde osmakçy diýilýär. Osmakçy, köplenç, garry aýallardan bolýar. Osmakçy aýal-gyzlaryň köpçülik bolup barýan ýerlerinde peýda bolýar, geljekki gelinligi oňat öwrenip, zerur maglumatlary assyrynlyk bilen toplaýar. Onuň esasy wezipeleriniň biri-de degişli gyz, onuň durmuşa çykmak islegi, ata-enesiniň bu meseledäki pikirini öwrenmekdir. Ol osmakladyp, gepiň arasynda gyzyň, ata-enesiniň degişli meselä garaýşyny-da ýüze çykarmaga synanyşmalydyr. Osmakçy öz işini bitirip, geljekki gudaçylyk işiniň başa barjagyna nähilidir bir umyt dörese, nobat – gezek sözaýdyja berilýär. Sözaýdyjy, adatça, hoşgüni gyzyň öýlerine barýar. Ol osmakçydan tapawutlylykda açyk hereket edýär. Gyzyň atasy öýüne baryp, Taňry myhmany bolup, gudaçylyk niýetini aýan edýär. Söz aýdyjy, köplenç, şahyrana we aýlawly gürleýär. Ol: «Sizde bir göwher gaşly ýüzük bar eken, şol ýüzügiňize pylanylar hyrydar» diýip, niýeti açyk mälim edýär. Ýanyna ak gant alyp gaýdan sözaýdyjy öz işiniň oňuna boljagyny umyt edýär. Gyz tarapynyň sözaýdyja kesgitli we gutarnykly jogap bermegi hökman däldir. Oňa, köplenç, ikuçly, gümürtik jogap beripdirler. Munuň özi gudaçylyk dessuryna indiki gatnaşyjylara – sawçylara ýol açypdyr. Sawçylar giden bir topardyr. Bu toparda il içinde sylanylýan ýaşuly-da, gepini-sözüni düşündirip biljek dilewar adam-da, gyz tarapynyň zenanlary bilen gürleşmeli baýry aýal-da,ýigidiň ýakyn hossary-da bolupdyr. Sawçylyk, köplenç, Gün ýaşyp, aýak ýygnanandan soň amala aşyrylýar. Çünki gudaçylykda esasy zat gyzyň we onuň maşgalasynyň at-abraýydyr. Şonuň üçinem, sawçylyk dessury assyryn, il gözünden ýaşyryn amala aşyrylmalydyr. Eger gudaçylyk başa barmasa, arada düwün, ýa ýakymsyz bir zat galmaz ýaly, gyzyň abraýyna-da, ýigit tarapynyň adyna-da zeper ýetmez ýaly edilmelidir. Gudaçylyga gelenleriň sözi alynmajak bolsa, myhmanlaryn öňüne saçak açylman goýlupdyr. Eger gyzyň ata-enesiniň garşylygy beýle kesgitli däl bolsa, bu meselede, garaz, bir umyt bar bolsa, onda saçak açylyp goýlupdyr. Sawçylyga baranlar saçakdaky öň döwlen çörekden datman, onuň içindäki bitin çöregiň gyrasyndan gädip, duz dadypdyrlar. Şondan soň olar öz matlabyny açyk aýdypdyrlar. Bu, köplenç, «Şu tarap arda biziň ýitigimiz bar, ony idäp geldik» diýen manyda aňladylypdyr. Gyz tarapy gelenleri göwnemakul görse, maslahatlaşmak üçin birnäçe gün puryja soraýarlar. Sawçylaryň getiren çörekli, nabat-nogully saçagy gyz tarapy anyk karara gelinçä, açylman goýulýar. Aýdylan möhlete çenli saçak ellenmän goýlan bolsa, sözüň gaýtaryldygy, eger indiki gelnende saçak orta goýulsa, sözüň alyndygy hasaplanylýar. Sözüň alynmagynyň esasy şertleriniň biri hut bu gudaçylyga razylyk bermegidir. Şeýlelikde, gudaçylyk türkmen ýaşaýşynyň möhüm dessurydyr. Munuň manysy durmuş toýunyň oran hem çynlakaý bir zatdygyna syrygýar. Gyzyň geljekki ykbaly oýlanylyp, ölçäp-dökülip çözülýär. Gudaçylyk işi başa baransoň, galyň kesilip, toý sähedi bellenilýär.» Iki tarap hem razyçylyk bildirenden soň, gyz bilen oglana guda bolunýar. Mundan soň başga biriniň sawçylyga baryp, ara düşmegi dürs däldir. Ýöne iki tarap razylaşmadyk ýagdaýynda, täze barjaklar öňkülerden rugsat soramalydyr. Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle buýrulýar: «Sizden hiç biri din doganynyň gudaçylyga barýan ýerine guda bolmak niýeti bilen barmasyn» (Müslim). Adaglanmak öýlenmegi mejbur edýän däldir. Ol islendik wagt bozulyp bilner. Adaglanmak taraplara bile ýaşamak hukugyny hem bermeýär. Adaglananlaryň ýaramaz niýeti bolmasa-da, nika gyýylýança olar biri-biri üçin ýatdyr, nämähremdir. Şonuň üçin türkmençilikde adaglananlaryň ikiçäk tirkeşip ýörmegi bolmaýar. Adaglanmagyň bozulmagy, köplenç, gyz tarapynyň abraýyna zeper ýetirýär. Şonuň üçin adaglanmak wagty uzaga çekmeli däldir. Eger adaglanmak erkek tarapyndan bozulsa, berlen sowgatlar yzyna alynmaýar. Eger gyz tarapyndan bozulsa, sowgatlar yzyna berilmelidir. ■ Nika düşmeýänler Durmuş gurjak gyz we oglan gudaçylyga barylmazdan öň nikalaşjak kişisiniň dini taýdan päsgel bolup bolmaýanlygyna hem üns bermeli. Bu türkmençilikde esasy möhüm zatdyr. Gurhany kerimde nika düşmeýänler şeýle görkezilýär: «Eý, mü’min erkekler, şular bilen nikalanmagyňyz haram kylnandyr: eneňiz, gyzyňyz, uýaňyz, bibiňiz, daýzaňyz, doganyňyzyň gyzy, uýaňyzyň gyzy, sizi emdiren enekäňiz, emşen doganyňyz, gaýyn eneňiz, ilkinji aýalyňyzdan soň öýlenýän ýanýoldaşyňyzyň ýany bilen gelen, ýanyňyzda ýaşaýan öweý gyzyňyz, emma bu ýanýoldaşyňyzy entek nikalamakaňyz onuň gyzyna öýlenmegiňiziň zeleli ýokdur. Şeýle hem ogluňyzyň aýalyna öýlenmegiňiz we iki gyz dogany bir nikada saklamagyňyz haramdyr» (Nisa, 23). Bu aýata görä, yslam alymlary öýlenmek haram edilenleri üç topara bölüpdirler. 1) Nesil. Bular: eje, ene, mama, gyzy, uýasy, erkek doganynyň we uýasynyň gyzy, bibisi we daýzasydyr. 2) Süýt emşenlik. Süýt emşen doganyňa öýlenmek haramdyr. Süýt emişmegiň kadasy şudur: a) Süýt emişmek iki ýarym ýaşa (otuz aý) çenli aralykda bolmalydyr. b) Bir gezek emişmek hem ýeterlikdir. ç) Süýt saglyp içirilse-de, emşen saýylýar. Emma saglan süýde başga zat garylyp içirilse, emişmek hasaplanmaýar. 3) Öýlenmek. Gaýyn enä, baldyza, öweý enä, öweý gyza, nikaly aýala da, aýalyň ölenden soň, onuň aýal doganyna öýlenmek bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |